Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda
«Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda»
Türkmenistanyň kanuny 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen № 392-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 45- madda)
(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV we 26.11.2010 ý. № 150-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny abat saklamagy, toplamagy, hasaba almagy, peýdalanmagy guramagyň, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň hem-de raýatlaryň bähbitlerine arhiwleri dolandyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy şu Kanundan hem-de arhiw işiniň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:
arhiw işi - döwletiň, edara görnüşindäki we şahsy taraplaryň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny saklamak, toplamak, hasaba almak we peýdalanmak, şeýle hem arhiwleri dolandyrmak baradaky işi;
resminama - hakykat ýüzündäki zatlar hem-de adamyň pikirleniş işi hakynda hat, grafika, foto, wideo we fono ýazgysy ýa-da beýleki islendik usulda aňladylan maglumatlar şekillendirilen maddy obýekt;
arhiw resminamasy - özüniň ähmiýetliligi boýunça jemgyýet, döwlet, raýat üçin gymmatlylygynyň bolanlygy sebäpli saklanylýan ýa-da saklanylmaga degişli resminama;
audiowizual resminamalar - göterijileriň islendik görnüşinde döredilen ýa-da şekillendirilen kino, wideo, fono, foto resminamalary ýa-da olaryň toplumlary;
şahsy düzüm boýunça resminamalar - raýatlaryň hem-de edara görnüşindäki taraplaryň gulluk, zähmet ýa-da beýleki durmuş hukuk gatnaşyklarynyň resmileşdirilmeginiň dowamynda döredilýän resminamalar toplumy;
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamasy -gymmatlylygynyň seljermesi geçen, döwlet tarapyndan hasaba alnan we hemişelik saklanylmaga degişli arhiw resminamasy;
aýratyn gymmatly resminama - Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň müdimilik medeni-taryhy, ylmy gymmatlylygy babatyndaky resminama, şeýle hem jemgyýet we döwlet üçin aýratyn ähmiýeti bolan hem-de ýitirilen mahalynda hukuk we (ýa-da) döredijiniň golýazmasy taýdan öwezini dolup bolmajak resminama;
seýrek duş gelýän resminama - saklaýan maglumaty we (ýa-da) daşky alamatlary boýunça özüne taý gelmeýän aýratyn gymmatly resminama;
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy (TMAG) - türkmen halkynyň maddy we ruhy durmuşyny beýan edýän, taryhy, ylmy, durmuşy, ykdysady, syýasy, medeni ähmiýetli, onuň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we döwletiň maglumatlar gorunyň düzümi bolan, taryhy taýdan emele gelen, hemişe üsti doldurylyp durulýan we hemişelik saklamaga degişli arhiw resminamalarynyň jemi;
arhiw gaznasy - taryhy ýa-da mantyky (logiki) taýdan özara baglanyşygy bolan arhiw resminamalarynyň jemi;
döwlet arhiwleri - arhiw resminamalaryny kabul edip alýan, hemişelik saklaýan, hasaba alýan hem-de peýdalanýan döwlet arhiw edaralary;
pudaklaýyn arhiwler - döwlet häkimiýet we dolandyryş ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň işiniň netijesinde emele gelýän resminamalary toplamak, saklamak, hasaba almak we peýdalanmak üçin döredilýän arhiwler;
gizlin arhiw - açyk yglan edilmedik arhiw;
raýatlaryň şahsy arhiwleri - şahsyýetiň, maşgalanyň, neberäniň işi netijesinde emele gelen, toplanan ýa-da miras düşmek, satyn almak, pesgeş berilmek arkaly edinilen arhiwler;
arhiw resminamalaryny hemişelik saklamak - olary müdimilik, möhletsiz saklamak;
arhiw resminamalaryny wagtlaýyn saklamak - olary kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen möhletiň dowamynda saklamak;
arhiw resminamalaryny depozitar saklamak - olary resminamalaryň eýesi bilen arhiwiň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenilen möhletlerde hem-de şertlerde saklamak;
arhiw resminamalarynyň eýesi - arhiw resminamalaryna eýeçilik etmek, peýdalanmak, erk etmek hukuklaryny doly möçberinde amala aşyrýan döwlet, edara görnüşindäki ýa-da şahsy tarap;
arhiw resminamalaryna eýeçilik ediji - arhiw resminamalaryna eýeçilik edýän we peýdalanýan, Türkmenistanyň kanunçylyk we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da şertnamada bellenilen çäklerde olara erk etmäge ygtyýary bolan edara görnüşindäki ýa-da şahsy tarap;
peýdalanyjy - özüne zerur bolan maglumaty kanuny esaslarda almak hem-de peýdalanmak üçin arhiw resminamalaryna ýüz tutýan döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy, edara görnüşindäki ýa-da şahsy tarap.
II bap. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy
3-nji madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümi
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň (mundan beýläk Milli arhiw gaznasy) düzümine özleriniň haýsy çeşmeden emele gelendigine, haçan we nähili usulda döredilendigine, nämäniň ýüzünde saklanylýandygyna, nirede saklanylýandygyna (şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda saklanylýanlary) hem-de eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan arhiw gaznalary hem-de arhiw resminamalary girýärler.
Milli arhiw gaznasy döwletiň emlägi bolup, onuň hukuk ygtyýarlygynda durýar. Milli arhiw gaznasy iki bölekden ybaratdyr:
- döwlet arhiwleriniň hem-de beýleki döwlet aýawhanalarynyň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik, konsullyk, söwda-ykdysady we medeni wekilhanalarynyň, maýalyk gorynda döwlet eýeçiliginiň paýy agdyklyk edýän edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň, şonuň ýaly-da edara görnüşindäki we şahsy taraplardan kanuny esaslarda döwletiň eýeçiligine gelip gowşan resminamalar toplumynyň döwlete degişli böleginden;
- döwlete dahylsyz guramalaryň, kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda syýasy partiýalaryň we hereketleriň, dini guramalaryň, alyjylar jemgyýetiniň, şeýle hem raýatlaryň döreden ýa-da olaryň kanuny esasda edinilen resminamalaryny öz düzümine girizýän döwlete degişli bolmadyk böleginden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň resminamalary Milli arhiw gaznasynyň aýratyn gymmatly bölegi bolup durýar.
Milli arhiw gaznasyny guramak we dolandyrmak işi, oňa resminamalary toplamagyň, olary saklamagyň, hasaba almagyň we peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy hakyndaky Düzgünnama esasynda kesgitlenilýär.
4-nji madda. Resminamalary Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek
Resminamalary Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek, şeýle hem olary Milli arhiw gaznasynyň düzüminden çykarmak işi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi (mundan beýläk - Baş arhiw müdirligi, Baş arhiw) tarapyndan bellenilen tertipde düzgünlere we kadalara laýyklykda resminamalaryň gymmatlylygyny kesgitlemek üçin geçirilýän seljerme esasynda amala aşyrylýar.
Şu maksatlar üçin Baş arhiw müdirligi saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy resminamalaryň sanawyny işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralary birkysmy sanawlaryň esasynda öz ulgamlarynyň saklanylmaly möhletleri görkezilen resminamalarynyň görnüşleriniň sanawyny işläp taýýarlaýarlar hem-de olary Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşylandan soň tassyklaýarlar.
Resminamalaryň gymmatlylygynyň seljermesini geçirmek hem-de olary Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek, şeýle hem olary Milli arhiw gaznasynyň düzüminden çykarmak bilen baglanyşykly meseleler Baş arhiw müdirliginiň Merkezi seljeriş-barlag topary we döwlet arhiwleriniň seljeriş-barlag toparlary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çözülýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň işi netijesinde emele gelen resminamalaryň ähli toplumy gymmatlylyk seljermesiniň geçirilmegine degişlidir. Bellenilen tertipde resminamalaryň gymmatlylyk seljermesi geçirilýänçä we olary ýok etmek hakynda karar kabul edilýänçä olary ýok etmek gadagandyr.
Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşlerindäki guramalaryň resminamalaryny Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek arhiw resminamalarynyň eýesi (eýeçilik ediji) bilen Baş arhiw müdirliginiň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.
5-nji madda. Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryna eýeçilik hukugy
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary döwlet emlägi bolup durýar we olary hususylaşdyrmak, satmak-satyn almak hem-de arhiw resminamalaryna döwlet eýeçiliginiň hukugyny bozýan başga hili geleşikler baglaşylmagyna ýol berlip bilinmez.
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalary edara görnüşindäki we şahsy taraplaryň hususy emlägi hasaplanýar. Olara Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda bellenilen çäklerde arhiw resminamalaryna eýeçilik etmek, olardan peýdalanmak we erk etmek hukugy berilýär, emma Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli bolan resminamalary ýok etmek hukugy muňa girmeýär. Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalary satylan mahalynda, olary satyn almaga döwletiň artykmaç hukugy bardyr. Arhiw gaznasyna eýeçilik hukuklary ynanç hatlary esasynda Baş arhiw müdirligi we Türkmenistanyň döwlet arhiwleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
Döwlet kärhanalarynyň, guramalarynyň hususylaşdyrylan hem-de hususy eýeçilikdäki we eýeçiligiň beýleki görnüşlerindäki guramalaryň batyp galan ýagdaýynda olaryň hususylaşdyrylan pursadyna çenli emele gelen arhiw resminamalary, şol sanda şahsy düzüm boýunça resminamalar hem döwletiň eýeçiliginde galýar we olaryň saklanylýan ýerine garamazdan, bellenilen tertipde Milli arhiw gaznasynyň düzümine goşulýar.
Jemgyýetçilik birleşikleri, dini guramalar, beýleki edara görnüşindäki we şahsy taraplar öz resminamalaryny hemişelik saklamak üçin ýa-da belli bir möhlet (depozitar) usuly bilen saklamak üçin döwlet arhiwlerine berip bilerler. Resminamalaryň eýeleri resminamalaryny belli bir möhlet (depozitar) usuly bilen saklamak üçin döwlet arhiwlerine tabşyranlarynda, olar resminamalara eýeçilik etmek hukugyny özünde saklap, döwlet arhiwiniň resminamalaryny saklamak üçin edýän çykdajylaryny töleýärler. Resminamalary bermegiň, olardan peýdalanmagyň tertibi hem-de saklanylyp berilýändigi üçin tölegleriň möçberi döwlet arhiwi bilen resminamalaryň eýesiniň arasynda baglaşylýan şertnamada kesgitlenilýär.
Belli bir möhlet (depozitar) usuly bilen saklanylýan resminamalaryň eýeleri olary saklamak üçin şertnamalary uzaltmasalar we şertnamanyň möhleti tamamlanandan soňra olary talap edip almasalar şol resminamalar döwletiň eýeçiligine geçýär.
Bikanun eýeçilikdäki arhiw resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda kanuny eýelerine berilýär.
6-njy madda. Daşary ýurtlara äkidilen we häzir hem şol ýerlerde saklanylýan taryhy mirasyň resminamalarynyň gaýtarylyp getirilmegi
Türkmenistanyň daşary ýurtlara düşen arhiw resminamalaryna Türkmenistanda döredilen we geçmişde onuň çäklerinden daşary çykarylan, häzirki wagtda bolsa beýleki ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýa-da aýry-aýry raýatlarynyň eýeçiligine geçen arhiwleriň we şahsy adamlaryň resminamalary girýärler.
Döwlet ýurduň çäklerinden daşary çykarylan öz taryhy mirasynyň resminamalarynyň Türkmenistana gaýtarylyp getirilmegi barada alada edýär, türkmen halkynyň milli baýlygy hökmündäki şol gymmatlyklaryň ýurdumyza gaýtarylyp getirilmegini höweslendirýär, goldaýar hem maliýeleşdirýär.
Türkmenistanyň arhiw resminamalaryny gaýtaryp getirmek baradaky işleri guramagy, geçirmegi we utgaşdyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Baş arhiw müdirligi amala aşyrýar.
III bap. Türkmenistanyň arhiwleri
7-nji madda. Arhiwleri döretmek
Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplaryna jemgyýet üçin resminamalarynyň taryhy, ykdysady, medeni, ylmy we amaly ähmiýetliligi sebäpli saklanylýan, şeýle hem resminamalaryň eýesi üçin gymmaty bolan arhiw gaznalarynyň hem-de arhiw resminamalarynyň tutuş toplumy hökmündäki arhiwleri döretmek hukugy kepillendirilýär.
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalaryndan, şonuň ýaly-da edara görnüşindäki we şahsy taraplaryň hukuklaryna hem-de kanuny bähbitlerine täsir edip biljek ýa-da Türkmenistanyň howpsuzlygyna wehim salyp biljek resminamalardan düzülen gizlin arhiwleriň döredilmegine ýol berilmeýär.
8-nji madda. Arhiwleriň görnüşleri
Döwlet arhiwleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy, pudaklaýyn döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary, pudaklaýyn arhiwler, raýatlaryň şahsy arhiwleri Türkmenistanda arhiwleriň esasy görnüşleridir.
9-njy madda. Türkmenistanyň döwlet arhiwleri
Türkmenistanyň döwlet arhiwleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri esasynda döredilýär, üýtgedip guralýar we ýatyrylýar.
Türkmenistanyň merkezi, welaýat we şäher döwlet arhiwleri jemgyýetiň, döwletiň, raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny toplamagy, hemişelik saklamagy, hasaba almagy we peýdalanmagy amala aşyrýarlar, bellenilen tertipde Milli arhiw gaznasyny düzmegiň çeşmelerine degişli edilen edaralarda, guramalarda, kärhanalarda resminamalaryň toplanylyşyna, hasaba alnyşyna, tertibe salnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar.
Türkmenistanda şahsy düzüm boýunça döwlet arhiwleri raýatlaryň durmuş-hukuk goragyny üpjün etmek üçin arhiw resminamalaryny toplamak, saklamak, hasaba almak, peýdalanmak maksady bilen Baş arhiw müdirligi tarapyndan ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen bilelikde döredilýär.
10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy Baş arhiw müdirliginiň edaralarynyň ulgamyna girýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet, jemgyýetçilik-syýasy işiniň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän resminamalary, şeýle hem olaryň döredilen ýerine hem-de wagtyna garamazdan, aýratyn şahsy häsiýete eýe bolan maglumatlary toplamagy, hemişelik saklamagy, hasaba almagy hem-de peýdalanmagy üpjün edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň işi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylýan Düzgünnama boýunça kesgitlenilýär.
11-nji madda. Pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary
Amala aşyrýan işleriniň dowamynda özboluşly aýratynlyklary bar bolan resminamalar toplumyny döredýän hem-de şol resminamalary saklamagyň, hasaba almagyň we peýdalanmagyň aýratyn şertleri talap edilýän guramalarda (geologik, kartografiýa-geodeziýa, meteorologik, standartlar) pudaklaryň döwlet gaznalary döredilýär.
Döwlet aýawhanalary-mirashanalar (muzeýler), kitaphanalar, ylmy edaralar özlerinde taryhy taýdan emele gelen resminama toplumlarynyň abat saklanylmagyny we peýdalanylmagyny üpjün edýärler.
Pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny şu Kanuna we olar hakyndaky düzgünnamalara laýyklykda hemişelik saklamagy amala aşyrýarlar.
Pudaklaryň döwlet gaznalarynyň we döwlet aýawhanalarynyň sanawy Baş arhiw müdirliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
12-nji madda. Pudaklaýyn arhiwler
Döwlet häkimiýet we dolandyryş ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar, guramalar Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de şahsy düzümi boýunça resminamalary özleriniň döredýän pudaklaýyn arhiwlerinde wagtlaýyn saklamagy, hasaba almagy we peýdalanmagy amala aşyrýarlar hem-de Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen kadalara we ölçeglere laýyklykda, olary ýörite enjamlaşdyrylan jaýlar, gurallar we işgärler bilen üpjün edýärler.
Sanawy Baş arhiw müdirliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan aýry-aýry ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we guramalar Baş arhiw müdirligi bilen baglaşylan şertnama esasynda öz alyp barýan işleriniň netijesinde emele gelen Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan uzak möhletleýin saklanylmagyny amala aşyrýarlar.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralary öz garamagyndaky kärhanalarda, edaralarda, guramalarda Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň toplanylyşyna, abat saklanylmagynyň üpjün edilişine, hasaba alnyşyna, peýdalanylyşyna we döwletiň saklamagyna tabşyrylyşyna bellenilen tertibiniň berjaý edilmegine gözegçilik edýärler.
Eýeçiligiň görnüşine we edara tabynlygyna garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar pudaklaýyn arhiwleriň ýagdaýy hem-de olarda saklanylýan resminamalar hakynda maglumatlary her ýyl Baş arhiw müdirligine we döwlet arhiwlerine bermäge borçludyrlar.
13-nji madda. Raýatlaryň şahsy arhiwleri
Raýatlar şahsy arhiwleri döretmek hukugyna eýedirler. Döwlet raýatlaryň şahsy arhiwleriniň eldegrilmesizligini kepillendirýär. Eger Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan başga zat bellenilmedik bolsa, şahsy arhiwlerdäki resminamalar olaryň eýesi bilen ylalaşylmazdan gözden geçirilip ýa-da alnyp bilinmez.
Şahsy arhiwiň eýesi özüniň şahsy arhiwiniň eldegrilmesizligini goramagy kimiň haýsy edaranyň ýa-da guramanyň üstüne ýükleýändigini ýa-da oňa eýelik etmek hukugyny berýändigini wesýetnamasynda görkezmäge haklydyr.
Raýatyň eýeçiliginde bolan arhiw resminamalary onuň öz alyp baran işiniň netijesinde döremedik bolsa, ýöne welin olaryň aýratyn jemgyýetçilik ähmiýeti bar bolsa, onda ol şol resminamalaryň aýawly saklanylmagyny üpjün etmäge we olaryň ýerleşýän ýeri barada döwlet arhiwine habar bermäge borçludyr, şeýle borjuň ýerine ýetirilmezligi Baş arhiw müdirliginiň beren teklipnamasy esasynda şol arhiw resminamalarynyň bellenilen tertipde bahasy tölenilip, mejbury suratda döwlet saklawyna alynmagyna getirip biler.
Şahsy arhiwiň eýesiniň ony döwlet arhiw edarasyna hemişelik ýa-da belli bir möhlet (depozitar) usulynda saklamak üçin bermäge haky bardyr. Döwlet arhiwlerinde şahsy arhiwleri saklamagyň hem-de olardan peýdalanmagyň şertleri şahsy arhiw baradaky birkysmy düzgünnama we şahsy arhiwiň eýesi bilen arhiw edarasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyrylýar.
14-nji madda. Arhiw işini ösdürmäge jemgyýetçilik birleşikleriniň we dini guramalarynyň, döwlete dahylsyz guramalaryň we raýatlaryň gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar, beýleki döwlete dahylsyz guramalar hem-de şahsy arhiwleriň eýeleri (eýeçilik edijileri) arhiw işini ösdürmäge ýardam berýärler we özleriniň arhiw döretmek baradaky işlerini şu Kanuna we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.
Baş arhiw müdirligi we onuň edaralary şahsy arhiwleriň hem-de arhiw resminamalarynyň eýelerine, eýeçilik edijilere olary aýawly saklamakda we peýdalanmakda ýardam berýärler.
IV bap. Döwlet häkimiýet we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny döretmek
hem-de olaryň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek boýunça borçlary
15-nji madda. Iş dolandyryşyny alyp barmagyň tertibi
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edaralar, guramalar, kärhanalar Baş arhiw müdirliginiň gyzyklanýan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bellän iş dolandyryşyny guramagyň hem-de ýöretmegiň düzgünnamalaryny we kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
16-njy madda. Şahsy düzüm hoýunça resminamalar
Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar, şol sanda beýleki döwletleriň, olaryň edara görnüşindäki we şahsy taraplarynyň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde durýan, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň bilelikdäki eýeçiliginde durýan, öz işlerini Türkmenistanyň çäklerinde alyp barýan kärhanalar, edaralar, guramalar, Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy düzüm boýunça resminamalary ýöretmäge hem-de raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen şol resminamalaryň aýawly saklanylmagy, hasaba alynmagy hem-de peýdalanylmagy üçin çäreler görmäge borçludyrlar.
17-nji madda. Döwlet häkimiýet we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmek boýunça borçlary
Döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz- özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalar, edaralar, guramalar bellenilen möhletleriň dowamynda arhiw resminamalarynyň, şol sanda şahsy düzüm boýunça resminamalaryň hem abat saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.
Milli arhiw gaznasynyň seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly resminamalary saklamagyň, hasaba almagyň hem-de peýdalanmagyň aýratyn düzgünine degişlidirler. Bu resminamalaryň ätiýaçlyk nusgalary döredilýär. Arhiw resminamalaryny seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly resminamalara degişli etmegiň, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk nusgalaryny döretmegiň hem-de saklamagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilýär.
Döwlete dahylsyz kärhanalary, edaralary we guramalary öz hereket edip gelýän ähli döwrüniň dowamynda döredilen resminamalaryň Milli arhiw gaznasyna degişli edilmeginiň mümkindigi baradaky mesele çözülýänçä, olaryň abat saklanylmagyny üpjün edýärler.
V bap. Arhiw resminamalaryny toplamak, hasaba almak we saklamak
18-nji madda. Döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleri
Alyp barýan işleriniň dowamynda Milli arhiw gaznasynyň resminamalary emele gelýän döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, edara görnüşindäki we şahsy taraplar döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleri bolup durýarlar.
Döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we şahsy adamlaryň döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleriniň sanawlaryna girizilmegi şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.
Mirashanalarda (muzeýlerde), kitaphanalarda, ylmy edaralarda, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini guramalaryň arhiwlerinde hem-de şahsy arhiwlerde Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalarynyň asyl nusgalaryny toplamak gadagan edilýär.
19-njy madda. Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny pudaklaýyn arhiwlerinde saklamagyň tertibi hem-de möhletleri
Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagtlaýyn saklamagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilýär.
Döwlet arhiwlerine tabşyrylýança Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny pudaklaýyn arhiwlerde saklamagyň möhletleri aşakdaky ýaly bellenilýär:
ýokary döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary - Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasy, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Merkezi banky, merkeze tabynlykdaky döwlet birleşikleri, edaralary, guramalary we kärhanalary üçin -15 ýyl;
welaýatlaryň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, şeýle hem welaýat tabynlygyndaky kärhanalar, edaralar, guramalar üçin -10 ýyl;
döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şäherleriň, etraplaryň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň kärhanalary, edaralary we guramalary üçin - 5 ýyl;
Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň aýry-aýry görnüşleri üçin:
- raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary (RÝNÝ) üçin -109 ýyl;
- şahsy düzüm boýunça resminamalar, hojalyk kitaplary, notarial hereketleriň ýazgylary we kazyýet işleri üçin - 75 ýyl;
ylmy, tilsimatlyk (tehnologiýa), konstruktorçylyk, taslama, patent resminamalary üçin - 25 ýyl;
kino-, foto-, fono-, wideo- resminamalary, maşynlaryň kömegi arkaly okalýan resminamalar üçin - 3 ýyl;
Zerur bolan halatlarda görkezilen resminamalary pudaklaýyn arhiwlerde saklamagyň möhletleri Baş arhiw müdirligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralar bilen ylalaşylyp üýtgedilip bilner.
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli däl böleginiň resminamalaryny olaryň eýeleri (eýeçilik edijileri) şu Kanuna laýyklykda özbaşdak saklaýarlar.
20-nji madda. Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny döwletiň saklamagyna tabşyrmak
Döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, döwlet edaralarynda, guramalarynda, kärhanalarynda wagtlaýyn saklanylmaly möhletleri tamamlanandan soňra Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary hemişelik saklamaga döwlet arhiwlerine tabşyrylýar.
Öz alyp barýan işleriniň dowamynda audiowizual resminamalary döredýän döwlet edaralary audiowizual resminamalaryň hökmany nusgalygyny degişli döwlet arhiwlerine berýärler.
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli däl böleginiň resminamalary döwlet arhiwleri bilen resminamalaryň eýeleriniň (eýeçilik edijileriň) arasynda baglaşylýan şertnamalar esasynda döwlet arhiwlerine gelip gowuşýarlar.
Arhiw resminamalaryny hemişelik saklamak üçin tabşyrmaga taýýarlamak hem-de tabşyrmak bilen baglanyşykly ähli işler, şol sanda olary ulagly daşamak resminamalary tabşyrýan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýär.
Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar ýatyrylan ýa-da üýtgedilip guralan mahalynda, Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny mundan beýläk nähili saklamalydygy baradaky meseläni şolaryň özleri Baş arhiw müdirliginiň gatnaşmagynda çözýärler. Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli bolmadyk resminamalar hukuk oruntutaryna ýa-da ýokarda durýan gurama berilýär.
Döwlet hasabat we maglumatlar edaralary ýylda bir gezek bellenilen möhletlerde, dolandyryş çäk degişligini göz öňünde tutmak bilen, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edaralary, guramalary hem-de kärhanalary döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak baradaky maglumatlary Baş arhiw müdirligine berýärler.
Ýatyrylan kärhanalaryň hukuk oruntutarlary bolan kärhanalar, edaralar we guramalar özlerine berlen resminamalaryň abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny we peýdalanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar. Hukuk oruntutary ýa-da ýokarda durýan guramasy bolmadyk mahalynda ýatyrylan kärhanalaryň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli resminamalary tertipleşdirilen ýagdaýda döwlet arhiwine berilýär.
Beýleki döwletleriň, olaryň edara görnüşindäki we şahsy taraplarynyň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde durýan, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň bilelikdäki eýeçiliginde durýan kärhanalar we guramalar Türkmenistanyň çäklerinde öz işini tamamlan mahallarynda, Türkmenistanyň raýatlaryna doldurylan şahsy düzüm boýunça resminamalary, şonuň ýaly-da taslama-gurluşyk, konstruktorçylyk, tilsimatçylyk, önümçlik resminamalarynyň nusgalaryny döwlet arhiwlerine tabşyrýarlar.
Resminamalaryň gymmatlylygynyň seljermesini geçirmek, olary hemişelik saklamaga saýlap almak hem-de saklanylmaly möhletleri dolan resminamalary ýok etmäge bölüp aýyrmak üçin kärhanalarda, edaralarda we guramalarda döwlet arhiwleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilermenler iş topary döredilýär. Arhiw resminamalaryny hemişelik saklamaga saýlap almagyň we taryhy gymmatlylygy bolmadyk hem-de amaly ähmiýetini ýitiren resminamalaryň ýok etmäge degişlilerini bölüp aýyrmagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilýär.
21-nji madda. Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy
Milli arhiw gaznasynyň ähli resminamalary, olaryň nirede saklanylýandygyna we pudaklaýyn degişliligine garamazdan, merkezleşdirilen esasda döwlet hasabyna alynmaga degişlidir. Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny döwlet hasabyna almagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär.
Milli arhiw gaznasynyň seýrek duş gelýän resminamalary hem Medeniýetiň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet gorag sanawynda hasaba alynmaga degişlidir.
VI bap. Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň peýdalanylmagy
22-nji madda. Arhiw resminamalaryny peýdalanmagyň hem-de olar bilen tanyş bolmagyň tertibi
Arhiw resminamalaryndan peýdalanyjylara Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýa-da resminamalaryň dürli göterijilerdäki nusgalaryny, olar hakyndaky maglumat beriji-gözleg serişdelerini öwrenmäge hem-de maglumatlary almaga hukuk berilýär.
Döwlet arhiwlerinde saklanylýan resminamalardan peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Baş arhiw müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär.
Döwlet kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda pudaklaýyn tertipde saklanylýan resminamalardan peýdalanmagyň tertibi Baş arhiw müdirliginiň bellän kadalaryna laýyklykda, olaryň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenilýär.
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli däl böleginiň arhiw resminamalaryny peýdalanmaklyk eýesiniň ýa-da eýelik edijiniň razylygy bilen amala aşyrylýar.
Döwlet arhiwleri, pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň pudaklaýyn arhiwleri özlerinde degişli arhiw resminamalarynyň raýatlaryň durmuş goraglylygy bilen baglanyşykly arhiw güwänamalaryny ýa-da arhiw resminamalarynyň nusgalaryny bellenilen tertipde resmileşdirip, peýdalanyjylara mugt bermäge borçludyrlar.
Döwlet arhiwleri, mirashanalar (muzeýler), kitaphanalar, ylmy edaralar, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň arhiwleri döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralaryny olaryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaklary üçin zerur bolan arhiw maglumatlary, arhiw resminamalarynyň nusgalary bilen üpjün edýärler, arhiw resminamalaryny çap edýärler hem-de görkezişe goýýarlar, özlerinde saklanylýan resminamalaryň düzümi hem-de mazmuny barada maglumat-habar beriji neşirleri taýýarlaýarlar.
Döwlet arhiwlerinden, mirashanalaryndan (muzeýlerden), kitaphanalaryndan, ylmy edaralaryndan hukuk goraýjy hem-de beýleki döwlet edaralaryna arhiw resminamalaryny maddy subutnamalar hökmünde bermeklik bellenilen tertipde peýdalanylandan soňra, olary gaýtaryp bermeklik serişdelerinde amala aşyrylýar.
Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryndaky maglumatlardan öz düşünişlerine görä many çykaryp, onuň mazmunyny özleriçe beýan edýänlikleri üçin jogapkärçiligi arhiw resminamalaryndan peýdalanyjylar çekýärler.
Milli arhiw gaznasynyň resminamalary bilen tanyş bolmaklyga çäklendirmeler düzüminde döwlet, harby, gulluk, täjirçilik we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlary saklaýan arhiw resminamalaryna, şeýle hem seýrek duş gelýän hem-de aýratyn gymmatly resminamalaryň asyl nusgalaryna, durky kanagatlanarsyz ýagdaýdaky beýleki arhiw resminamalaryna degişlidir.
Özleriniň milli arhiwlerinden peýdalanmakda Türkmenistanyň raýatlary üçin çäklendirmeler goýan döwletleriň şahsy we edara görnüşindäki taraplary barada Baş arhiw müdirligi tarapyndan çäklendirmeler bellenilip bilner.
Raýatyň şahsy we maşgala syry baradaky maglumatlary özünde saklaýan arhiw resminamalaryndan peýdalanmakdaky çäklendirmeler onuň aradan çykan wagtyndan beýläk 75 ýyl möhlete bellenilýär. Ýokarda görkezilen möhletden ozal şeýle resminamalar bilen tanyş bolmaklyga rugsady diňe şol raýatyň özi berip biler, ol aradan çykanyndan soňra bolsa onun mirasdüşerleri tarapyndan berlip bilner.
Arhiw resminamalaryndan peýdalanyjylar arhiw resminamalaryndan peýdalanmak meseleleri dogrusynda arhiw edaralarynyň çykaran çözgütleri barada Baş arhiw müdirligine şikaýat edip bilerler, onuň çykaran çözgüdi bilen ylalaşmadyk halatynda bolsa kazyýete şikaýat edip bilerler.
VII bap. Türkmenistanda arhiw işiniň döwlet tarapyndan dolandyrylmagy
23-nji madda. Türkmenistanda arhiw işiniň döwlet tarapyndan dolandyrylmagy
Türkmenistanda arhiw işiniň döwlet tarapyndan dolandyrylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
arhiw işinde we iş dolandyryşynda bütewi döwlet syýasatyny kesgitleýär;
arhiw işini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we pudaklaýyn maksatnamalary kabul edýär;