Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 25.03.2016

Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda

Последний известный официальный текст до 2016-03-26

Обновлено на портале · 12.08.2026

Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda

«Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen № 365-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 37-nji madda)

(Türkmenistanyň 16.03.2004 ý. № 217-II, 18.04.2009 ý. № 32-IV, 02.07.2009 ý. № 44-IV, 03.05.2014 ý. № 79-V, 16.08. 2014 ý. № 112-V we 23.05.2015 ý. № 228-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Türkmenistan,

her bir adamyň dine uýmak erkinligine bolan hukugy, şeýle hem dine we ygtykada bolan garaýşyna garamazdan, kanunyň öňünde deňdigini tassyklap,

Türkmenistanyň köp asyrlyk taryhynda, onuň ruhyýetini we medeniýetini kemala getirmekde hem ösdürmekde musulmançylygyň aýratyn ornuny ykrar edip, Türkmenistanyň dünýewi döwlet hasaplanylýandygyna esaslanyp,

beýleki dinleri hormatlap,

dine uýmak erkinligi meselelerinde özara düşünişmegi, sabyrlylyk ýagdaýyny we hormat goýmagy gazanmaklyga ýardam etmegi möhüm hasaplap,

şu Kanuny kabul edýär.

I bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunyň düzgünleşdirýän närsesi

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda adamyň we raýatyň dine uýmak erkinligi babatyndaky hukuk gatnaşyklaryny, şeýle hem dini toparlaryň we dini guramalaryň (mundan beýläk – dini gurama) hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýär.

2-nji madda. Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylyk

Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, ol şu Kanundan we beýleki kanunçylyk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda bar bolan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.

3-nji madda. Dine uýmak erkinligine bolan hukuk

Dine uýmak erkinligi - munuň özi raýatlaryň islendik dine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan gatnaşyk bilen baglanyşykly garaýşy beýan etmäge we ýaýratmaga, dini ybadatlary, däp-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga bolan kepillendirilen konstitusion hukugydyr.

Raýatyň dine uýmaga ýa-da uýmazlyga, ybadat etmäge gatnaşmaga ýa-da gatnaşmazlyga, dini däp-dessurlara we dabaralara gatnaşmaga ýa-da gatnaşmazlyga, dini bilim almaga bolan garaýyşyny kesgitlän mahaly haýsydyr bir mejbur etmeklige ýol berilmeýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleri dini guramalara kabul etmäge, şeýle hem olaryň erk-isleginiň, ata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň erk-isleginiň garşysyna olary dini tarapdan okatmaga ýol berilmeýär.

Dine uýmak erkinligine bolan hukugyň amala aşyrylmagy jemgyýetçilik hukuk tertibine garşy gelip bilmez, ol milli howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kadaly durmuş ýagdaýyny, saglygy, ahlagy, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak zerurlygy ýüze çykan mahaly wagtlaýyn çäklendirilip bilner.

Daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy ýok adamlar, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan adamlar Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda dine uýmak erkinligine bolan hukukdan peýdalanýarlar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

4-nji madda. Raýatlaryň dine bolan garaýşyna garamazdan deň hukuklylygy

Türkmenistanyň raýatlary dini ynam-ygtykatlaryna garamazdan, raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş barada we medeni durmuşyň ähli ugurlarynda kanunyň öňünde deňdirler. Resminamalarda raýatyň dine bolan garaýşy barada görkezilmegine ýol berilmeýär.

Raýatlaryň dini ynam-ygtykatlaryna we ateistik garaýyşlaryna baglylykda olaryň hukuklarynyň haýsy hem bolsa bir hili göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirilmegi we olara haýsydyr bir artykmaçlyklaryň bellenilmegi, şonuň ýaly-da şonuň bilen baglanşyklylykda duşmançylygyň ýa-da ýigrenjiň döremegi ýa bolmasa raýatlaryň duýgularynyň kemsidilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

Hiç kim öz dini ynam-ygtykat äheňleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp bilmez. Dini ynam-ygtykat äheňleri boýunça bir borçlary ýerine ýetirmegiň başga borçlary ýerine ýetirmek bilen çalşylmagyna diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýol berilýär.

5-nji madda. Döwlet we dini guramalar

Türkmenistan dünýewi döwlet hasaplanylýar. Dini guramalar Türkmenistanda döwletden bölünip aýrylandyr.

Beýleki dinlerine garanyňda belli bir din üçin ýa-da beýleki bir dinlere uýmaklyga garanyňda belli bir dine uýmaklyk üçin haýsydyr bir artykmaçlygyň ýa-da oňa çäklendirmäniň bellenilmegine ýol berilmeýär.

Döwlet dine uýýan we uýmaýan raýatlaryň we guramalaryň arasynda, dinlere uýýan dini guramalaryň we olaryň dürli dine uýýan agzalarynyň arasynda özara sabyrlylyk ýagdaýyny hemem sarpa goýmagy ýola goýmaga ýardam edýär, dürli dini guramalaryň arasynda gapma-garşy durmaga, gatnaşyklary ýitileşdirmäge, duşmançylygy öjükdirmäge gönükdirilen dini ýa-da gaýry köre-körlügiň we aşa birtaraplylygyň ýüze çykmagyna ýol bermeýär.

Türkmenistan dini guramalaryň üstüne haýsydyr bir döwlet wezipelerini ýüklemeýär, dini birleşikleriň işine, eger munuň özi kanunçylyga garşy gelmeýän bolsa gatyşmaýar. Döwlet dini birleşikleriň işini we ateizmi wagyz etmek baradaky işi maliýeleşdirmeýär.

Türkmenistanda dini alamaty boýunça syýasy partiýalary we jemgyýetçilik hereketlerini, şeýle hem döwlete dahylsyz döredilýän dini partiýalaryň şahamçalaryny we bölümlerini döretmäge hemem olaryň işlemegine ýol berilmeýär.

Dini guramalaryň işi syýasy wagyz işini alyp barmak bilen bir ýere sygyşmaýar.

Dini guramalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar. Dini döwlete, Konstitusiýa garşy gelýän ýagdaýda wagyz etmek, duşmançylygy, ýigrenji, milletara gapma-garşylygy oýarmak, jemgyýetde ahlak esaslaryny we raýat ylalaşygyny bozmak, ýagdaýy durnuksyzlaşdyrýan töhmetçilikli toslamalary ýaýratmak, ilat arasynda howsala döretmek hem-de adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrmak, şeýle hem döwlete, jemgyýete, şahsyýete garşy gönükdirilen beýleki hereketleri amala aşyrmak maksady bilen peýdalanmak ýolberilmesizdir. Ýykgynçylyga, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna we beýleki jenaýatlaryň edilmegine ýardam edýän, şeýle hem şolary wagyz edýän, mundan başga-da gizlinlikde dini işi alyp barýan, şol sanda bu işi öý şertlerinde geçirilýän dini guramalaryň, akymlaryň, toparlanşyklaryň we başga guramalaryň işi gadagan edilýär.

Döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara zor salmaga bolan her hili synanyşyk, şeýle hem gizlinlikde dini işi alyp barmak, şol sanda ony öý şertlerinde geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan yzarlanylýar.

6-njy madda. Bilim ulgamy we din

Türkmenistanda bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň raýatlaryna dünýewi bilim almaga bolan hukuk olaryň dine bolan garaýşyna garamazdan üpjün edilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz islegine görä özbaşdak ýagdaýda hem, başgalar bilen bilelikde hem dini taglymaty öwrenmäge, dini bilim almaga hukuky bardyr.

Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça toparyň rugsady esasynda ata-eneleriň, ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, şeýle hem çagalaryň özleriniň razylygy bilen umumybilim berýän mekdeplerdäki okuwdan boş wagtlary metjitlerde çagalara dini taglymat boýunça hepdede dört sagatdan köp bolmadyk okuwlar geçirilip bilner.

Ýörite ýokary dini okuw mekdeplerini gutaran we Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça toparyň rugsady bolan adamlar dini taglymaty okadyp bilerler.

Dini taglymaty hususy tertipde okatmaga ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

7-nji madda. Döwlet edaralary we dini guramalar

Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça topar (mundan beýläk - Topar) dini guramalaryň işini utgaşdyrmak bilen bagly wezipeleri ýerine ýetirýär we öz işini bellenilen tertipde tassyklanylan Düzgünnama laýyklykda guraýar.

Topar şu ygtyýarlyklary amala aşyrýar:

- dini gatnaşyklar babatynda konstitusion hukuklaryň we kepillikleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýär;

- Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramalaryň ýolbaşçylary wezipä bellenilende razylyk berýär;

-dinşynaslyk seljermesini geçirmek üçin dinşynaslaryň, dini guramalaryň wekilleriniň hem-de adam we raýat hukuklarynyň meseleleri boýunça bilermenler geňeşini döretmek hem-de zerur halatlarda degişli döwlet edaralarynyň we kazyýetleriň talapnamasy boýunça resmi bilermenler netijenamasynyň berilmegi bilen bagly işleri guraýar;

- dini guramalary bellige almak üçin Türkmenistanyň Adalat ministrligine teklip berýär;

- Türkmenistanda dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylygyň ýerine ýetiirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;

- Türkmenistanyň çäginde ýerleşen we hereket edýän dini guramalaryň bähbitlerine döwlet edaralarynda wekilçilik edýär;

- dini guramalaryň işi bilen baglanyşykly raýatlaryň ýüztutmalaryna garaýar, ýüze çykarylan kemçilikleri we düzgün bozulmalaryny aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýär, şeýle hem şu Kanunyň ulanylyş meseleleri boýunça düşündirişler berýär;

- Türkmenistanda dini guramalar hakynda maglumatlar goruny döredýär we ýöredýär;

- Türkmenistanyň içinde, şonuň ýaly-da onuň çäklerinden daşarda dürli dinlere uýýan dini guramalaryň arasynda özara düşünişmegi we sabyrlylyk ýagdaýyny berkitmäge ýardam edýär;

- daşary ýurtlardaky dini edaralar we Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklary we utgaşdyryş gatnaşyklaryny amala aşyrýar;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

II bap. Türkmenistanda dini guramalar

8-nji madda. Dini gurama

Ynanjy bilelikde berjaý etmek we ýaýratmak maksady bilen döredilen hemem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde edara görnüşli tarap hökmünde hasaba alnan Türkmenistanyň raýatlarynyň meýletin birleşigi dini gurama diýlip ykrar edilýär.

Dini gurama Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten we Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan raýatlarynyň azyndan bäşisiniň başlangyjy boýunça döredilýär.

Dini toparda Türkmenistanyň raýatlarynyň sany elliden köp bolmaly däldir, dini guramada bolsa – elliden gowragy bolmalydyr.

Degişli dini bilimi alan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanda bellige alnan, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramanyň ýolbaşçysy bolup biler.

Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramanyň ýolbaşçysy Topar bilen ylalaşylyp bellenilýär.

Daşary ýurtlarda ruhy merkezi bolan dini guramalar dini dessurlary berjaý etmek, şeýle hem ruhanylary we zerur bolan din hadymlaryny taýýarlamak işini, eger şunda Türkmenistanyň kanunçylygy bozulmaýan bolsa, şol merkezler tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Dini guramalar özleriniň tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Toparyň razylygy bilen zyýarat etmek we beýleki dini çärelere gatnaşmak maksady bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga we saklamaga haklydyr.

9-njy madda. Ylahy bilim mekdepleri

Topar Türkmenistanyň Miniştrler Kabinetine ruhanylary we dini guramalara zerur bolan din hadymlaryny taýýarlamak üçin ylahy bilim mekdeplerini döretmegi teklip etmäge haklydyr.

Ylahy bilim mekdepleri iş alyp barmaga Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige alnandan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilim işlerine we işgärleriň hünär taýýarlygyna kanunçylykda bellenen tertipde ygtyýarnama alanlaryndan soň hukuk gazanýarlar.

Raýatlar ýokary ylahy bilim mekdebine Türkmenistanyň "Bilim hakyndaky" kanunyna laýyklykda hökmany umumy orta bilim alanyndan soňra kabul edilýär.

Türkmenistanyň raýatlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylahyýet bölüminde dini bilimi alyp bilerler.

Türkmenistanyň ýokary ylahy bilim mekdebinde okaýan raýatlary döwlet okuw mekdepleriniň okuwçylary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde harby gullugy geçmegi gaýra goýmak, okalan döwrüni işlenilen ýyllara goşmak boýunça bellenen hukuklardan hemem ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

10-njy madda. Dini guramalaryň tertipnamasy

Dini gurama özüni döredijiler tarapyndan tassyklanylýan tertipnama esasynda hereket edýär.

Dini guramanyň tertipnamasynda şu maglumatlar bolmalydyr:

dini guramanyň ady, görnüşi, salgysy, tutýan dini;

onuň maksady, wezipeleri we işiniň esasy görnüşleri;

ony gaýtadan guramagyň hem ýatyrmagyň şertleri we emlägi paýlamagyň tertibi;

düzümi we dolandyryş edaralary, olary emele getirmegiň tertibi we ygtyýarlylyklary;

guramanyň serişdelerini we gaýry emlägini emele getirýän çeşmeler;

tertipnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;

dini gurama girmegiň we ondan çykmagyň tertibi;

dini guramanyň işine degişli beýleki maglumatlar.

Merkezi dolandyryş edaralary bolan dini guramalaryň tertipnamalary şol dolandyryş edaralary bilen ylalaşylmalydyr.

11-nji madda. Dini guramalary bellige almak

Dini guramalar Toparyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynýar. Dini guramalar bellige alnan we Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna goşulan pursatyndan başlap, edara görnüşli tarap hökmünde hukuk gazanýar.

Bellige alynmadyk dini guramanyň işi gadagan edilýär. Bellige alynmadyk dini guramanyň adyndan işi amala aşyrýan adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

Dini guramalaryň bellige alynmagy üçin şu resminamalar berilýär:

ýaşaýan ýerini, familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we doglan senesini görkezmek bilen dini guramanyň döredijileriniň we agzalarynyň gol çekilen arzasy;

dini guramanyň tertipnamasy;

dörediliş ýygnagynyň teswirnamasy;

döredilýän dini guramanyň ýerleşýän ýerini tassyklaýan resminama;

bellige alyş ýygymynyň tölenilendigi baradaky resminama.

Dini guramanyň bellige alynmagy baradaky arza berlen gününden başlap bir aý möhletde garalýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň goşmaça maglumatlary soramaga we degişli edaralaryň seljeriş netijenamasyny almaga haky bardyr. Çözgüt şu halatda bellige alynmak baradaky arza berlen gününden başlap üç aý möhletde kabul edilýär.

Dini guramanyň tertipnamasyna girizilýän goşmaçalar we üýtgetmeler hem dini guramanyň bellige alnyşy ýaly tertipde we möhletlerde bellige alynmaga degişlidir.

12-nji madda. Dini guramany bellige almakdan boýun gaçyrmak

Dini guramany bellige almakdan şu esaslar boýunça boýun gaçyrylyp bilner:

eger döredilýän gurama dini gurama diýlip ykrar edilmedik bolsa;

eger tertipnamanyň düzgünleri we beýleki resminamalar şu Kanunyň hemem Türkmenistanyň beýleki kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa;

eger olardaky maglumatlar görnetin ýalan bolsa;

eger döredijiler hukuk ygtyýarly bolmasa.

Dini guramany bellige almakdan boýun gaçyrmak hakyndaky çözgüt boýun gaçyrmagyň esaslaryny görkezmek bilen arza berijilere ýazmaça görnüşde iberilýär.

Dini guramanyň bellige alynmagyndan boýun gaçyrylmagy şoňa esas bolup hyzmat eden sebäpler düzedilen şertlerinde guramanyň bellige alynmagy baradaky resminamalaryň gaýtadan berilmegine päsgel bolup bilmez.

Gaýtadan ýüz tutulmagyna seretmek we şol sebäpli çözgüt çykarmak şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

13-nji madda. Dini guramany bellige almakdan boýun gaçyrylmagy barada şikaýat

Dini guramany bellige almakdan boýun gaçyrylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

14-nji madda. Dini guramalaryň ýatyrylmagy

Dini guramalar şu halatlarda ýatyrylyp bilner:

dini guramany döredijileriň ýa-da onuň tertipnamasynda ygtyýarly edilen guramanyň çözgüdi boýunça:

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alnanlygy ýatyrylan halatynda;

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we gaýry kanunlaryň düzgünleri birnäçe gezek ýa-da gödek bozulan halatynda kazyýetiň çözgüdi boýunça;

dini gurama tarapyndan ony döretmegiň maksatlaryna (tertipnama maksatnamalaryna) garşy gelýän işiň yzygiderli amala aşyrylan halatynda.

Dini guramanyň kazyýet tertibinde ýatyrylmagy üçin şular esas hökmünde hasaplanylýar:

jemgyýetçilik howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagy, döwlet howpsuzlygyna zyýan ýetirmek;

Türkmen döwletiniň konstitusion gurluşynyň esaslarynyň zorlukly üýtgedilmegine we onuň bitewiligini bozmaga gönükdirilen hereketler;

ýaragly düzümleriň döredilmegi;

urşuň wagyz edilmegi, jemgyýetçilik, jynsy, milli ýa-da dini aýrybaşgalygy öjükdirmek;

maşgalanyň bozulmagyna getirip biljek maşgala gatnaşyklaryna gatyşmak;

şahsyýete, raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hyýanatçylyk;

ahlaklylyga, raýatlaryň saglygyna kanuny tertipde takyklanan zyýan ýetirmek, şol sanda olaryň dini işi bilen baglanyşykda neşe serişdeleriniň we beýnä täsir ediji serişdeleriň, gözbagçylygyň ulanylmagy we hukuga ters gelýän hereketleriň amala aşyrylmagy;

hökmany bilim almaga päsgel berilmegi;

dini guramanyň agzalarynyň, beýleki adamlaryň dini guramanyň peýdasyna olaryň özlerine degişli emläginden aýrylmagyna mejbur etmek;

raýatlaryň kanun tarapyndan bellenilen borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmagyna we hukuga garşy gelýän beýleki hereketlere mejbur etmek;

Dini guramanyň işini bes etmek hakyndaky karar Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Topar bilen ylalaşylyp kabul edilýär.

Prokuratura edaralary, dini guramalary bellige almagy amala aşyrýan Türkmenistanyň Adalat ministrligi, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary dini guramanyň ýatyrylmagy hakynda ýa-da dini guramanyň işini gadagan etmek hakynda kazyýete teklipnama bermäge haklydyrlar.

Ýatyrylýan dini guramanyň edara görnüşli tarap hökmünde hukuklylygy togtadylýar, şu dini guramanyň emlägi onuň tertipnamasyna hemem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda paýlanylýar.

III bap. Dini guramalaryň emläk ýagdaýy

15-nji madda. Dini guramalaryň eýeçiligi

Binalar, desgalar, dini dessurlara degişli zatlar, önümçilik, durmuş we haýyr-sahawat işlerine niýetlenen desgalar, pul serişdeleri we olaryň işini üpjün etmek üçin zerur bolan, şeýle hem raýatlar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan peşgeş berlen (miras berlen) ýa-da döwlet tarapyndan berlen, öz serişdeleriniň hasabyna satyn alnan ýa-da özi tarapyndan döredilen, şonuň ýaly-da daşary ýurtlarda bolan we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça satyn alnan beýleki emläk dini guramalaryň eýeçiliginde bolup biler.

Dini guramalar, şeýle hem olaryň agzalary we gatnaşyjylar daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini Türkmenistanyň Adalat minisrtrliginde bellige aldyrmaga, şonuň ýaly-da şol taslamalaryň we maksatnalaryň durmuşa geçirilişi hem-de höweslendirmeleriň peýdalanylyşy barada tapgyrlaýyn we gutarnykly hasabatlary bermäge borçludyrlar.

Türkmenistanyň döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dini guramalara dini binalary we döwletiň eýeçiliginde bolan beýleki emlägi onuň eýeçiligine ýa-da mugt peýdalanmagyna berip bilerler.

Dini guramalar Türkmenistanyň çäginde ýere eýeçiligi we ondan peýdalanmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýarlar.

16-njy madda. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýa-da raýatlaryň eýeçiligi bolup durýan emläkden peýdalanmak

Dini guramalar şertnamalaýyn başlangyçlarda döwlet, jemgyýetçilik guramalary ýa-da raýatlar tarapyndan özlerine berlen binalary we emlägi öz hajatlary üçin peýdalanmaga haklydyrlar.

Dini binalaryň olara ýanaşyk ýerler bilen bilelikde özleriniň peýdalanmagyna berilmeginde dini guramalaryň artykmaçlyk hukugy bardyr.

Dini binalaryň we emlägiň dini guramalara berilmegi hakyndaky mesele boýunça çözgüt bu barada şol birwagtyň özünde arza berijilere ýazmaça görnüşde habar bermek bilen, towakganamanyň alnan pursatyndan başlap bir aý möhletden gijä galynman kabul edilmelidir.

Taryhy we medeni ýadygärlikler bolup durýan desgalaryň we zatlaryň dini guramalara berilmegi hemem olaryň şolardan peýdalanmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

17-nji madda. Önümçilik-hojalyk işi

Dini guramalaryň merkezi dolandyryş edaralary tertipnamalaýyn maksatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda önümçilik, dikeldiş-gurluşyk, oba hojalyk hemem beýleki kärhanalary döretmäge haklydyrlar.

18-nji madda. Öz işini bes eden dini guramalaryň emlägine ygtyýar etmek

Döwlet, jemgyýetçilik guramalary ýa-da raýatlar tarapyndan dini guramalara peýdalanmaga berlen emläk şol guramalar öz işini bes edenden soň şol emlägiň öňki eýesine ýa-da hukuk oruntutaryna gaýtarylyp berilýär.

Dini gurama öz işini bes eden mahaly onuň eýeçiliginde bolan emläge ygtyýar etmek onuň tertipnamasyna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Karzdarlaryň nägilelikleri boýunça tutup almak çäresi bellenilip bilinmejek dini maksatly emlägiň sanawy Toparyň hödürlemegi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Hukuk oruntutary bolmadyk mahaly emläk döwlet eýeçiligine geçýär.

IV bap. Dini guramalaryň we raýatlaryň dine uýmak erkinligi

bilen baglanyşykly hukuklary

19-njy madda. Dini däp-dessurlar we dabaralar

Dini guramalaryň ybadat etmek ýa-da dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin amatly ýerleri erkin esaslandyrmaga we saklamaga, şeýle hem zyýarat edilýän ýerleri saklamaga hukugy bardyr.

Ybadat etmek, dini däp-dessurlary we dabaralary berjaý etmek dini guramalaryň ýerleşýän ýerinde dini hemem namaz okalýan binalarda we olara degişli ýerlerde, zyýarat edilýän ýerlerde, gonamçylyklarda, däp-dessur zerurlygy ýüze çykan halatynda bolsa raýatlaryň islegi boýunça olaryň öýlerinde geçirilýär.

Harby bölümleriň serkerdeleri harby gullukçylaryň boş wagtlary ybadat etmegine we dini däp-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaklaryna päsgel bermeýärler.

Hassahanalarda, gospitallarda, gartaşan adamlar we maýyplar üçin niýetlenilen öýlerde, deslapdan tussag astyna alnan we tussaglaryň jezasyny çekýän ýerlerinde ybadat etmek we dini däp-dessurlar şolarda bolýan raýatlaryň haýyşy boýunça geçirilýär. Şol edaralaryň ýolbaşçylary molla-ruhanylary çagyrmaga ýardam edýärler, ybadat etmegiň, dini däp-dessurlary ýa-da dabaralary geçirmegiň ýerini, wagtyny kesgitlemäge gatnaşmaga we şol çäreleri geçirmäge beýleki şertleri üpjün etmäge gatnaşýarlar.

Dini we doga okalýan jaýlardan daşarda jemagat öňünde ybadat etmek, dini däp-dessurlar we dabaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

Dini guramalaryň molla-ruhanylaryndan başga Türkmenistanyň raýatlarynyň dini lybasda jemgyýetçilik ýerlerinde peýda bolmagyna ýol berilmeýär.

Dini guramalaryň dine uýýanlardan mejbury pul ýygnamaga we olara salgyt salmaga, şeýle hem olaryň şahsyýetiň at-abraýyna we mertebesine zeper ýetirýän çäreleri ulanmaga haky ýokdur.

20-nji madda. Dini edebiýat we dini maksatly zatlar

Türkmenistanyň raýatlary we dini guramalary öz seçip alan islendik dilindäki dini edebiýaty, şeýle hem dini maksatly zatlary we serişdeleri satyn almaga hemem peýdalanmaga haklydyr.

Dini, milli we milletara, jyns taýdan gapma-garşylygy tutaşdyrmaga ýardam edýän edebiýaty taýýarlamaga, getirmäge, alyp gitmäge, ýaýratmaga ýol berilmeýär. Şeýle hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Daşary ýurt döwletlerde neşir edilen edebiýaty getirmek we ýerlemek şolaryň mazmunyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Topar tarapyndan seljerme geçirileninden soň amala aşyrylýar.

Dini aşa birtaraplaýynlygyň, aýrybaşgalaşmagyň we özünden başgany ykrar etmezlik taglymyndan ybarat bolan metbugat önümleriniň, kino, foto, ses ýazgyly we şekil ýazgyly önümleriň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

21-nji madda. Dini guramalaryň haýyr-sahawat we medeni aň-bilim işi

Dini guramalar özbaşdak ýagdaýda hem, jemgyýetçilik gaznalaryň üsti bilen hem hemaýatkärçilik, haýyr-sahawatçylyk we beýleki medeni aň-bilim işini amala aşyrmaga haklydyr.

V bap. Dini guramalarynda zähmet gatnaşyklary we salgyt salynmagy

22-nji madda. Dini guramalarda zähmet hukuk gatnaşyklary

Dini guramalarda, şeýle hem olaryň kärhanalarynda zähmet şertnamalary (ylalaşyklary) boýunça işleýän raýatlara Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygy degişli edilýär. Şol raýatlar kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary bolup bilerler.

23-nji madda. Dini guramalarynda salgyt salynmagy

Dini guramalarynda we olaryň kärhanalarynda salgyt salynmagy Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ссылается на