Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 25.03.2016

Atmosfera howasyny goramak hakynda

Последний известный официальный текст до 2016-03-26

Обновлено на портале · 12.08.2026

Giriş maglumatlary

«Atmosfera howasyny goramak hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen № 366-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Atmosfera howasyny goramak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý.¸ № 4¸ 66- njy madda)

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

Şu Kanun atmosfera howasynyň arassalygyny we onuň rejeli peýdalanylyşyny üpjün etmek, atmosfera ýetirilýän zyýanly himiki, fiziki, biologik we beýleki täsirleriň öňüni almak, şeýle hem atmosfera howasyny goramak işindäki kanunylygy pugtalandyrmak gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DUZGÜNLER

1 madda. Atmosfera howasyny goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunlary

Atmosfera howasyny goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunlary şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki normatiw hukuk aktlaryndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda göz öňünde tutulan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň normalary ulanylýar.

2 madda. Atmosfera howasyny goramak babatyndaky döwlet işiniň esasy ugurlary

Atmosfera howasyny goramak babatyndaky döwlet işiniň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr, ýagny:

atmosfera howasyna zyýanly himiki, biologik, radiasion, fiziki we beýleki zyýanly täsir edilmeginiň öňüni almakdan, azaltmakdan we togtatmakdan, şeýle hem atmosfera howasyna parnik gazlarynyň täsiriniň öňüni almakdan;

önümçilik zerurlyklary üçin atmosfera howasyny rejeli peýdalanmakdan we onuň tebigy düzümini dikeltmek üçin çäreleri amala aşyrmakdan;

atmosfera howasyny goramak boýunça çäreler amala aşyrylanda topragyň, suwuň we beýleki tebigy obýektleriň, hapalanmagyna ýol bermezlikden;

howany goramagyň, jemgyýetiň ykdysady we sosial bähbitlerini utgaşdyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylmagyndan;

ykdysady bähbitleriň öňünde atmosfera howasyny goramagyň ileri tutulýan ugur hökmünde üpjün edilmeginden;

atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň, we hojalygy ýöredýän subýektleriň atmosfera howasyny peýdalanmaklarynyň daş-töwerekdäki sreda täsirine hemmetaraplaýyn baha bermekden;

atmosfera howasyny goramagy we rejeli peýdalanmagy höweslendirmekden ybaratdyr.

3 madda. Atmosfera howasyny goramak hakyndaky Kanunyň hereket çygry

Şu Kanunyň, güýji öz bitirýän işi atmosfera howasyna ýaramaz täsir etmek bilen baglanyşykly bolan ýuridik we fiziki taraplaryň ählisine degişlidir.

II BAP. ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK BABATYNDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

4 madda. Atmosfera howasyny goramak babatynda dolandyryş organlary

Atmosfera howasyny goramak babatynda dolandyryş organlary hökmünde Türkmenistanyň Ministrler kabineti, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlary, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şoňa ýörite ygtyýarly beýleki döwlet organlarydyr.

5 madda. Atmosfera howasyny goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler kabinetinin, ygtyýarlyklary

Atmosfera howasyny goramak babatda Türkmenistanyň Ministrĺer kabinetiniň garamagyna şular degişlidir, ýagny:

atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny ýöretmek;

atmosfera howasyny goramak hakynda normatiw aktlary işläp taýýarlamak we kabul etmek;

adatdan daşary ýagdaýlary goşmak bilen atmosfera howasyna zyýanly täsir edilmeginiň tĺrtibini tassyklamak we döwlet hasaba alnyşyny üpjün etmek;

atmosfera howasyna zyýanly täsir edilendigi üçin ýuridik taraplardan töleg almagyň tertibini bellemek;

atmosfera howasyny goramak boýunça bellenen normalary we düzgünleri bozan halatlarynda hojalygy ýöredýän subýektiň işini togtatmak hakynda ýa-da onuň önümçilik ugruny üýtgetmek hakynda karar kabul etmek;

atmosfera howasyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.

6 madda. Atmosfera howasyny goramak babatda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýarlyklary

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary şu aşakdakylary üpjün edýärler:

welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde atmosfera howasyny goramak babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi;

ýuridik taraplaryň atmosfera howasyny goramak babatdaky Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý edişlerine kontrollyk etmegi;

Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan onuň ygtyýarlaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.

7 madda. Atmosfera howasyny goramak babatda Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň, ygtyýarlyklary

Atmosfera howasyny goramak babatda Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň, garamagyna şu aşakdakylar degişlidir:

ýuridik we fiziki taraplaryň, atmosfera howasyny goramak babatdaky Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý edişlerine döwlet kontrollygyny guramak;

stasionar we göçme çeşmeleriň atmosfera howasyna hapalaýjy maddalary goýbermeginiň ýol berilýän çäkleriniň normatiwlerini işläp taýýarlamak, tassyk etmek we kontrollyk etmek;

tebigy sreda hapalaýjy maddalaryň goýberilýändigi üçin tölegiň ylmy taýdan esaslandyrylan normatiwleriniň taslamalaryny işläp taýýarlamak we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen olary bilelikde tassyk etmek;

tozan tutujy we gazdan arassalaýjy enjamlaryň ulanylyşyna kontrollyk etmek;

atmosfera howasyny goramak boýunça bellenen normalary we düzgünleri bozan halatlarynda hojalygy ýöredýän subýektiň işini, wagtlaýyn togtatmak hakynda kararlary kabul etmek;

atmosfera howasyny hapalandygy üçin bellenen normatiwleriň çeklerinde töleg almak;

atmosfera howasyna hapalaýjy maddalary bellenen normadan artyk goýberendigi üçin administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işe garamak we şolar üçin administratiw taýdan temmi bermek;

atmosfera howasyna zyýanly täsirleri azaltmak boýunça alyp barýan işi üçin ýuridik taraplary höwesĺendirmek;

Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan onuň ygtyýarlaryna degişli edilen beýleki meseĺeleri çözmek.

III BAP. ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK IŞINE JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ WE GRAŽDANLARYŇ GATNAŞMAGY

8 madda. Atmosfera howasyny goramak işinde jemgyýetçilik birleşikleriniň we graždanlaryň roly

Jemgyýetçilik birleşikleri we graždanlar atmosfera howasyny ;goramak baradaky çäreleri durmuşa geçirmekde döwlet organlaryna ýardam edýärler.

9 madda. Atmosfera howasyny goramak boýunça Türkmenistanyň graždanlarynyň hukuklary we borçlary

Türkmenistanyň graždanlarynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlaryndan, atmosfera howasyny goramak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet organlaryndan, ýuridik taraplardan atmosfera howasynyň hapalanyşynyň ýagdaýy hakynda we ony goramak hem sagdynlaşdyrmak boýunça olaryň görýän çäreleri hakynda anyk maglumat almaga;

awariýa sebäpli we atmosfera howasyna zompa çykan zyýanly maddalar netijesinde özleriniň saglygyna we şahsy hojalygyna ýetirilen zyýan üçin kanun tarapyndan bellenilen tertipde ýuridik taraplardan onuň öwezini almaga;

atmosfera howasyny hapalaýan çeşmä goşmaça döwlet ekologik ekspertizasyny geçirmegiň zerurlygy hakynda ygtyýarly organlaryň öňunde meseleleri goýmaga;

atmosfera howasyny goramak boýunça döwlet organlarynyň çärelerini amala aşyrmak üçin gatnaşmaga;

atmosfera howasyny goramak baradaky kanunçylygyň özlerine mälim bolan bozulmalary hakynda habar bermäge.

Türkmenistanyň graždanlary atmosfera howasyna ätiýaçly garamaga borçludyrlar, olar atmosfera howasynyň hapalanmagyna we zaýalanmagyna getirip biljek hereketleri etmeli däldirler.

IV BAP. ATMOSFERA HOWASYNA HAPALAÝJY MADDALARYŇ TOPLANMAGYNYŇ WE GOÝBERILMEGINIŇ ÝOL BERILÝÄN ÇÄKLERINIŇ WE OŇA ÝETÝÄN ZYÝANLY FIZIKI TÄSIRLERIŇ DEREJELERINIŇ ÝOL BERILÝÄŇ ÇÄKLERINIŇ NORMATIWLERI

10 madda. Atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň toplanmagynyň ýol berilýän çäkleriniň we oňa ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň derejeleri

Atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň toplanmagynyň ýol berilýän çäkleriniň, we oňa ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň derejesiniň ýol berilýän çäkleriniň normatiwleri Türkmenistanyň ähli territoriýasy üçin ýeke-täkdir. Zerur ýagdaýlarda aýry-aýry territoriýalar üçin atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň toplanmagynyň ýol berilýän çäkleriniň has aşaky normatiwleri bellenilýär.

Atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň, toplanmagynyň ýol berilýän çäkleriniň we oňa ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň derejesiniň ýol berilýän çäkleriniň normatiwlerini işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

11 madda. Stasionar çeşmelerden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň goýberilmeginiň ýol berilýän çäkleriniň normatiwleri

Stasionar çeşmelerden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň goýberilmeginiň ýol berilýän çäkleriniň normatiwleri ýuridik taraplaryň tabşyrmagy boýunça ýöriteleşdirilen kärhanalar (guramalar) tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

12 madda. Atmosfera howasyny goramak barada normatiw dokumentleri işläp taýýarlamak biĺen baglanyşykly bolan ýuridik we fiziki taraplaryň işine ygtyýarnama berilmegi

Atmosferanyň howasyna hapalaýjy maddalaryň goýberilmeginiň çäkleriniň normatiwlerini, atmosferanyň howasyna ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň ýol berilýän limitlerini, atmosferanyň howasyny goramak boýunça ekologik pasportlary işläp taýýarlamagy ýerine ýetirýän kärhanalar we hünärmenler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýokarda görkezilen işleri ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnama almaga borçludyrlar.

V BAP. HAPALAÝJY STASIONAR WE GÖÇME ÇEŞMELERIŇ ATMOSFERA HAPALAÝJY MADDALARY GOÝBERMEGINI WE OŇA ÝETÝÄN ZYÝANLY FIZIKI TÄSIRLERI DÜZGÜNLEŞDIRMEK

13 madda. Hapalaýjy stasionar we göçme çeşmeleriň atmosfera hapalaýjy maddalary goýbermegini we oňa ýetýän zyýanly fiziki täsirleri azaltmak boýunça ýuridik taraplaryň borçlary

Özleriniň işi atmosfera hapalaýjy maddalary goýbermek we atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsirleri ýetirmek bilen baglanyşykly bolan ýuridik taraplar şu aşakdakylary berjaý etmäge borçludyrlar:

atmosfera howasyny goramak boýunça geçirilmeli işleriň, taslamasynda göz öňünde tutulan çäreleri we daş-töweregi goramak boýunça döwlet inspektorlarynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge;

hapalaýjy maddalaryň howa goýberilmegini we atmosfera howasyna ýetirilýän zyýanly fiziki täsirleri azaltmak üçin arassalaýjy desgalaryň, enjamlaryň we apparaturanyň bökdençsiz netijeli işlemegini üpjün etmäge we olaryň işleýşine kontrollygy ýola goýmaga;

atmosfera goýberilýän hapalaýjy maddalaryň mukdarynyň we düzüminiň hasabyny ýöretmäge;

atmosfera goýberilýän hapalaýjy maddalar barada statistiki hasabatyň öz wagtynda berilmegini we onuň hakykata laýykdygyny üpjün etmäge;

kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygy planlaşdyrylan wagtynda we gurluşyk işleri alnyp barlan mahaly atmosfera howasyny goramak boýunça talaplary berjaý etmek babatynda wedomostwolaýyn kontrollygy amala aşyrmaga;

amatsyz meteorologik şertleriň döremegi zerarly atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň toplanyşynyň artmagynyň mümkindigi hakynda duýduryş alnandan soň, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň we onuň ýerlerdäki organlary bilen ylalaşyp, şeýle maddalaryň atmosfera goýberilmegini azaltmak barada ýörite işlenip taýýarlanylan çäreleri ýerine ýetirmäge;

güýçli täsir ediji awuly maddalary we howa çalt ýaýraýan birleşmeleri saklamak we ulanmak we şolardan boşan gaplary zyýansyzlandyrmak şertlerini berjaý etmäge;

atmosfera zompa çykýan we awariýa zerarly hapalaýjy maddalaryň goýberilişini ýok etmek barada bellenen tertipde çäreler görmäge;

atmosfera hapalaýjy maddalary goýbermegi bilen baglanyşykly bolan wedomstwonyň tabynlygyndaky kärhanalary Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň statistika organlarynda bellige almagy geçirmäge;

hapalaýjy maddalary goýberýän guramaçylyksyz çeşmeleri ýok etmek, şolary guramaçylykly çeşmeleriň hataryna geçirmek boýunça çäreler görmäge;

atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsir ýetirýän bellenen, çäkli rugsat edilýän normatiwleri berjaý etmäge;

atmosfera howasyna hapalaýjy maddalary goýberýän çeşmeleri tozan tutujy gural bilen we gazdan arassalaýjy apparatura bilen we atmosfera howasyna goýberilýän hapalaýjy maddalaryň mukdaryna we himiki düzümine kontrollyk ediji serişdeler bilen abzallaşdyrmaga;

tozan tutujy gurala we gazdan arassalaýjy apparatura, hapalaýjy maddalaryň atmosfera goýberilmegini azaltmak üçin gerek bolan beýleki serişdelere we enjamlara pasportlary işläp taýýarlamaga, olary yzygiderli dolduryp durmaga we bellenen tertipde bellige almak üçin Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligine gowşurmaga.

14 madda. Atmosfera howasyny hapalaýjy göçme çeşmeleri getirmek, öndürmek we ulanmak baradaky talaplar

Hapalaýjy maddalary bellenen normatiwlerden artyk goýberýän we howa ýetirilýän fiziki täsirleriň derejesiniň bellenen normatiwlerden ýokary geçýän ýagdaýynda transport serişdeleriniň hem beýleki göçme serişdeleriniň we desgalaryň getirilmegine, öndürilmegine we ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Transporty we beýleki göçme desgalary remont edýän we şolara tehniki taýdan hyzmat edýän kärhanalar we graždanlar işlenilen gazdan çykýan zyýanly maddalaryň bellenen normatiwlerinden artyk goýberilmegine we howa ýetirilýän fiziki täsiriň derejesiniň belĺenen normatiwlerden ýokary bolmagyna ýol bermeli däldirler.

VI BAP. ATMOSFERA HOWASYNYŇ ÝAGDAÝYNA TÄSIR EDÝÄN KÄRHANALARY, DESGALARY WE BEÝLEKI OBÝEKTLERI ÝERLEŞDIRMEK, PROÝEKTIRLEMEK, GURMAK HEM ULANMAGA BERMEK

15 madda. Atmosfera howasynyň ýagdaýyna täsir edýän kärhanalary, desgalary we beýleki obýektleri ýerleşdirmegiň proýektirlemegiň¸ guramagyň we ulanmaga bermegiň şertleri

Täze hem rekonstruksiýalaşdyrylýan kärhanalar, desgalar we beýĺeki obýektler ýerleşdirilen, proýektirlenen, gurlan we işe girizilen wagtda, işläp gelýän tehnologik enjam kämilleşdirilen we onuň täzesi ornaşdyrylan mahalynda «Döwlet ekologik ekspertizasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň tebigaty goramak baradaky beýleki normatiw aktlarynyň ýerine ýetirilmeginin, berjaý edilişini üpjün etmek zerurdyr.

16 madda. Atmosfera howasynyň ýagdaýyna täsir edýän kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurulmaly ýerleri, olary gurmagyň we rekonstruksiýalaşdyrmagyň proýektleri barada ylalaşmak

Atmosfera howasynyň ýagdaýyna täsir edýän kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurulmaly ýerlerini, olary gurmagyň we rekonstruksiýalaşdyrmagyň proýektlerini kesgitlemek işi Türkme¬nistanyň kanunlaryna laýyklykda atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan organlar bilen ylalaşylýar.

VII BAP. ŞÄHERLER WE BEÝLEKI ILATLY PUNKTLAR ÝERLEŞDIRILÝÄN HEM ÖSDÜRILÝÄN WAGTYNDA ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK BARADAKY TALAPLAR

17 madda. Şäherler we beýleki ilatly punktlar ýerleşdirilýän hem ösdürilýän wagtynda atmosfera howasyny goramak baradaky talaplar

Şäherleri we beýleki ilatly punktlary proýektirlemek, gurmak, rekonstruksiýalaşdyrmak işi atmosfera howasyny goramak baradaky sanitariýa-gigiýena normalaryna we kadalaryna hem-de beýlekilere laýyklykda geçirilýär. Şonda atmosfera howasynyň ýagdaýy, onuň üýtgemeginin, çaklamasy we atmosfera howasyny zyýanly täsirlerden goramagyň zerurlygy hasaba alynmalydyr.

18 madda. Atmosfera howasyny hapalaýjy kärhanalary, desgalary we beýleki obýektleri ýapmak ýa-da olaryň önumçilik ugruny üýtgetmek

Hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna goýberilişini we oňa ýetýän zyýanly fiziki täsiri bellenilen normatiwlere çenli azaltmak mümkin bolmadyk halatynda degişli kärhanalar, desgalar we beýleki obýektler ýapylýar ýa-da Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň karary boýunça olaryň önümçilik ugry üýtgedilmäge degişlidir.

VIII BAP. HIMIKI MADDALAR ÖNDÜRILENDE, SAKLANANDA, ULANYLANDA, DAŞALANDA WE ÝOK EDILEN WAGTYNDA ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK BARADAKY TALAP

19 madda. Himiki maddalaryň bellige alynmagy

Türkmenistanyň territoriýasynda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdelerinden we weterinariýa preparatlaryndan başga ähli himiki maddalar döwlet synaglary geçirilenden soňra döwlet belligine alynmagyna degişlidir.

Himiki maddalaryň bellige alynmagy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenen tertipde şu işlere ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlary tarapyndan amala aşyrylýar.

Himiki maddalary bellige almak üçin ýazyp bermek, döwlet synaglaryny geçirmek, bellige almak bilen baglanyşykly işleriň tölegi himiki maddalary öndüriji kärhanalar tarapyndan ýa-da daşary ýurtlardan himiki maddalary satyn alýan ýuridik taraplar tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwlet synaglaryny geçirmek üçin niýetlenilen himiki maddalar Türkmenistana atmosfera howasynyň hiline ýaramaz täsir edip bilmez ýaly möçberde getirilýär.

Bellige alynmadyk we peýdalanmaga rugsat berlen himiki maddalaryň sanawyna goşulmadyk himiki maddalary öndürmek¸ daşary ýurtlardan satyn almak, saklamak we ulanmak gadagan edilýär.

20 madda. Himiki maddalary oba hojalygynda ulanmagyň usullaryna bolan talaplar

Halk hojalygynda ulanmaga rugsat berilýän ösümlikleri goraýyş serişdeleriniň, olaryň ösüşini çaltlandyryjylaryň (stimulýatorlaryň), mineral dökünleriň we beýleki preparatlaryň sanawy, şonuň ýaly-da olary ulanmagyň usullary atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet kontrollygyny edýän ýörite ygtyýarly organlar bilen Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertipde ylalaşylmalydyr.

Oba hojalyk ekinlerini himiki usulda işläp bejermek Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylan himiki maddalary ulanmagyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilmelidir.

Himiki maddalary peýdalanmak arkaly işler alnyp barlanda şol maddalar bilen atmosfera howasynyň hapalanyş derejesine wedomstwolaýyn kontrollyk etmek hökmanydyr.

Himiki maddalaryň daşalyşy kanunçylyk tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.

Ösümlikleri himiki serişdeler arkaly goramak usuly ulanylanda köplenç ýerüsti usul peýdalanylýar, beýleki usullar diňe şu işlere ygtyýarly edilen döwlet organlary bilen ylalaşylyp ýerine ýetirilýär.

21 madda. Atmosfera howasyna täsir edýän täze preparatlar döredilende bildirilýän talaplar

Ösümlikleri goramak üçin ulanylýan täze preparatlar, olaryň ösüşini çaltlandyryjylar, mineral dökünler döredilende atmosfera howasynda şol preparatlaryň galyndylarynyň toplanylmagynyň ýol berilýän çäkleriniň normatiwleri we şolaryň mukdaryny kesgitlemegiň metodlary işlenip taýýarlanylmalydyr.

22 madda. Gadagan edilen we derde ýaramaz ýaly ýagdaýa düşen himiki maddalary ýok etmek baradaky talaplar

Gadagan edilen we derde ýaramaz ýaly ýagdaýa düşen himiki maddalary we olardan boşan gaplary ýok etmek ýa-da zyýansyzlandyrmak şol işlere ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlary bilen ylalaşylyp, ekologiýa taýdan howpsuz usullar arkaly amala aşyrylýar.

IX BAP. SENAGAT WE DURMUŞ GALYNDYLARY ÝERLEŞDIRILENDE, GAÝTADAN IŞLENENDE, GÖMÜLENDE WE ZYÝANSYZLANDYRYLANDA ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK BARADAKY TALAPLAR

23 madda. Senagat we durmuş galyndylaryny gaýtadan işlemek we gömmek baradaky talaplar

Gaty senagat galyndylary, atmosfera howasyny hapalaýjy çeşme bolup durýan önümçilik we durmuş zibilleri, ýanagan, porsaýan aňsat ot alýan, simap we lýuminessent çyralaryny goşmak bilen zyýanly gaz şekilli jisimli önümler, rezin önümleri, ýangyç we çalgy ýaglaryndan boşan gaplar, şeýle hem beýleki galyndylar gaýtadan işlenmäge ýa-da ýörite poligonlarda üýşürilip saklanylmaga degişlidir.

Diňe gaýtadan işlemek üçin kabul ederlikli, ekologiýa taýdan arassa tehniki çözgütleri tapylmadyk galyndylar gömülmäge degişlidir.

Atmosfera howasyny hapalaýan önümçilik we durmuş suwuk galyndylary gaýtadan işlenilmäge, arassalanmaga, ýakymsyz ysy aýrylmaga degişlidir.

Önümçilik we durmuş galyndylaryny zyýansyzlandyrmagyň tehnologiýasy döwlet ekologik ekspertizasyndan geçirilmelidir.

24 madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň senagat we durmuş galyndylary zyýansyzlandyrylanda atmosfera howasyny goramak boýunça wezipeleri

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary ilatly punktlaryň degerli sanitar ýagdaýyny üpjün etmäge, önümçilik we durmuş galyndylaryny öz wagtynda äkitmäge we zyýansyzlandyrmaga borçludyrlar, galyndylaryň aňsat ot almagyna ýol bermeli däldirler. Önümçilik we durmuş galyndylaryny ýygnamak üçin konteýnerler, baklar ýa-da başga gaplar bilen enjamlaşdyrylan ýörite meýdançalar bölünip berilmelidir.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi we beýleki ýörite şu işlere ygtyýarly edilen döwlet organlary bilen ylalaşyp, senagat we durmuş galyndylaryny gömmek, gaýtadan işlemek ýa-da üýşürip goýmak üçin ýörite poligonlary ýerleşdirmek üçin ýerleri kesgitleýärler.

X BAP. OZON GATLAGYNA WE KLIMATA ZYÝANLY TÄSIR EDILMEGINIŇ ÖŇÜNI ALMAK BARADAKY ÇÄRELER

25 madda. Ozon gatlagyna zyýanly täsir edilmeginiň öňüni almak baradaky çäreler

Sowadyjy tehnikany, kondisionerleri, ýangyn söndüriji serişdeleri, sanitariýa we şahsy gigiýenanyň we öz düzüminde ozony dargadyjy maddalary saklaýan beýleki önümleri öndürýän, ulanmagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki taraplar olaryň hasabyny ýöretmäge, atmosferanyň ozon gatlagyny abat saklamagy üpjün edýän tehniki we beýleki çözgütleri göz öňünde tutmaga borçludyrlar.

26 madda. Klimata zyýanly täsirleriň öňüni almak baradaky çäreler

Ýuridik taraplar klimata zyýanly täsir edýän parnik gazyny hasaba almaga borçludyrlar we ýylylyk hem-de elektrik energiýasynyň, ýangyç-energetika resurslarynyň, parnik gazlarynyň goýberilmegini peseltmäge gönükdirilen çäreleri görmelidirler, şeýle hem ýylylyk we elektrik energiýasyny almagyň täzeden dikeldilýän, ekologiýa taýdan arassa çeşmelerini peýdalanar ýaly çäreleri görmäge borçludyrlar.

Parnik gazlarynyň goýberilmeginiň we olary özüne siňdirijileriň döwlet hasaby Türkmenistanyň statistika organlary tarapyndan amala aşyrylýar.

27 madda. Atmosferanyň we atmosfera hadysalarynyň ýagdaýyny emeli usul bilen üýtgetmegiň tertibi we şertleri

Önümçilik maksatlary üçin atmosferanyň we atmosfera hadysalarynyň ýagdaýyny emeli usul bilen üýtgetmäge gönükdirilen hereketler muňa diňe ýörite ygtyýarly döwlet organlarynyň berýän rugsatlary esasynda hem-de bu işiň howa we klimata amatsyz täsir etmegine getirmedik wagtynda, diňe şeýle şertlerde ýuridik taraplar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

XI BAP. ATMOSFERA HOWASYNA DÖWLET KONTROLLYGY WE ONUŇ GORALMAGY

28 madda. Atmosfera howasynyň ýagdaýyny, ozon gatlagyndaky we klimatdaky bolup geçýän üýtgetmeleri öwrenmek

Atmosfera howasynyň ýagdaýyny öwrenmek (maglumatlary toplamak, saklamak, gözlemek we işläp taýýarlamak) bir bitewi sistema boýunça amala aşyrylýar.

Daş-töwerege monitoring gözegçiligini alyp barmagyň döwlet sistemasynyň çäklerinde atmosfera howasynyň hapalanyşyna, ozon gatlagynyň we klimatyň üýtgemegine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Seliteb territoriýasynda atmosfera howasyna fiziki taýdan täsir edilmegine gözegçilik Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we me¬disina senagaty ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Hojalyk işiniň we meteorologik şertleriň, täsiri astynda atmosferanyň hapalanyş derejeleri hakyndaky yzygiderli informasiýa we çaklamalar bilen gyzyklanýan döwlet hem jemgyýetçilik organlaryny we kärhanalary üpjün etmek işi tebigy sredanyň hapalanyş derejesine gözegçilik we kontrollyk edýän umumydöwlet gullugynyň üstüne ýüklenilýär.

29 madda. Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň adamlaryň ömrüne we saglygyna, ösümlik we haýwanat dünýäsine howp salýan ýagdaýyndaky çäreleriň durmuşa geçirilmegi

Meteorologik faktorlaryň, hapalaýjy maddalaryň atmosfera goýberilmeginiň we atmosfera howasyna ýetýän beýleki zyýanly täsirleriň amatsyz utgaşmagy netijesinde aýry-aýry ilatly punktlarda adamlaryň ömri we saglygy üçin howp dörese, tebigy sredanyň, hapalanyş derejesine gözegçilik we kontrollyk edýän umumydöwlet gullugynyň organlary bu barada haýal etmän Türkmenistanyň Ministrler kabinetine, degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlaryna, gyzyklanýan kärhanalara habar bermäge borçludyrlar.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary şeýle habarlary alanlaryndan soň, atmosfera goýberilýän zyýanly maddalaryň badyny peseltmek we atmosfera ýetýän beýleki zyýanly täsirleri ýok etmek maksady bilen kärhanalary, edaralary, guramalary we transport serişdelerini bellenen tertipde ýörite iş düzgünine geçirýärler ýa-da olaryň işini wagtlaýyn togtadýarlar, zerur bolan mahalynda ilaty wagtlaýyn göçürýärler hem-de beýleki gaýragoýulmasyz çäreleri görýärler.

30 madda. Atmosfera howasyna ýetýän zyýanly täsirleriň döwlet hasabynyň guralyşy

Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň goýberilmeginin, zyýanly fiziki täsirleriň we önümçilik-hojalyk zerurlyklary üçin atmosfera howasyny peýdalanmagyň döwlet hasaby ýuridik taraplaryň statistiki hasabatlary esasynda Türkmenistanyň statistika organlary tarapyndan amala aşyrylýar.

Klimatyň, şeýle hem ozon gatlagynyň üýtgemeginiň monitoringi we çaklamasy Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

31 madda. Atmosfera howasyna ýetýän zyýanly täsirleriň döwlet hasabyny ýöretmek barada ýuridik taraplaryň borçlary

Ýuridik taraplar Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we medisina senagaty ministrliginiň organlary bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň statistika organlaryna atmosfera goýberilýän zyýanly hapalaýjy maddalar, önümçilik-hojalyk hajatlary üçin at¬mosfera howasyny sarp etmek we atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsir edilmegi barasynda bellenen möhletlerde statistiki hasabatlary bermäge borçludyrlar.

Ýuridik taraplar Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň organlary bilen ylalaşylan maglumatlar esasynda kärhananyň ekologik pasportyny işläp taýýarlamaga we ony yzygiderli dolduryp durmaga borçludyrlar.

32 madda. Atmosfera howasyna zyýanly täsir edýän çeşmelere döwlet kontrollygy

Adamlaryň saglygyna zyýanly fiziki taýdan täsir edýän stasionar we göçme çeşmelere, atmosfera goýberilýän zyýanly maddalara we atmosfera howasynyň sarp edilmegine döwlet kontrollygy Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi we şoňa ýörite ygtyýarly döwlet organlary tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýokarda görkezilen döwlet organlary atmosfera howasyna zyýanly täsir ediji çeşmelere döwlet kontrollygyny amala aşyrmaga gatnaşmak üçin bellenen tertipde wedomstwolaýyn ekologik gulluklary çekip bilerler.

33 madda. Atmosfera howasyna we klimata zyýanly täsir ediji çeşmelere wedomstwolaýyn kontrollyk etmek

Atmosfera howasyna we klimata zyýanly täsir ediji çeşmelere wedomstwolaýyn kontrollyk etmek ministrlikleriň, we wedomstwolaryň ekologiki gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.

Atmosfera howasyna zyýanly täsir ediji çeşmelere önümçilik kontrollygy ýuridik taraplaryň ekologiki gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

34 madda. Atmosfera howasyna zyýanly täsir ediji çeşmelere jemgyýetçilik kontrollygy

Atmosfera howasyna zyýanly täsir ediji çeşmelere jemgyýetçilik kontrollygy ekologiki gulluklaryň spesialistlerini çekmek bilen jemgyýetçilik birleşmeleri, zähmet kollektiwleri, ştatda däl inspektorlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Jemgyýetçilik kontrollygy geçirilen wagtynda alnan netijeler maslahat beriji häsiýete eýedir.

XII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

35 madda. Atmosfera howasyna zyýanly täsir edilendigi üçin tölegler

Ýuridik taraplar atmosfera norma görä hapalaýjy maddalary goýberýändigi, atmosfera zyýanly fiziki taýdan täsir edýändigi we atmosfera howasyny sarp edýändigi üçin bellenen tertipde töleg tölemegi berjaý etmelidirler.

Atmosfera howasyny bellenen limitiň çäklerinde hapalaýandygy üçin tölenýän serişdeler önümiň özüne düşýän gymmatynyň üstüne goşulýar.

Atmosfera howasyna zyýanly maddalary goýberýändigi, oňa zyýanly fiziki täsir edýändigi we özüniň önümçilik-hojalyk hajatlary üçin atmosfera howasyny sarp edýändigi üçin tölenýän töleg ýuridik taraplary howany goraýjy çäreleri ýerine ýetirmekden we atmosfera awariýa sebäpli we atylyp çykýan maddalary goýbermegi sebäpli daş-töwerekdäki sreda we ilatyň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini tölemekden boşatmaýar.

Atmosfera howasynyň hapalanandygy üçin we atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsir edilendigi üçin tölenen serişdeler Türkmenistanyň Tebigaty goramak döwlet fonduna geçirilýär we şolar fond hakyndaky düzgünnama laýyklykda peýdalanylýar.

36 madda. Atmosfera howasyny goramak hakyndaky kanunlaryň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Şular atmosfera howasyny goramak babatdaky hukuk bozulmalary hasap edilýär:

atmosfera howasyna hapalaýjy maddalary goýbermegiň, ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň ýol berilýän çäkleriniň normatiwlerinden artyk geçmek;

ýörite ygtyýarly döwlet organlaryndan birugsat atmosfera hapalaýjy maddalary goýbermek;

atmosfera goýberilýän hapalaýjy maddalary arassalamak we oňa kontrollyk etmek üçin bellenilen desgalary, enjamlary, apparaturany ulanmagyň kadalaryny bozmak, şeýle hem olary peýdalanmazlyk;

atmosfera howasyny goramak baradaky talaplara laýyk gelmeýän täze we rekonstruksiýalaşdyrylan kärhanalary, desgalary we beýleki obýektleri ulanmaga bermek;

goýberilýän hapalaýjy maddalary bellenen normatiwlerden artyk bolan awtomobilleri, samolýotlary, gämileri we beýleki ýöreýän serişdeleri hem desgalary öndürmek we ulanmak;

atmosfera howasyny goramak barada Türkmenistanda bellenilen talaplary kanagatlandyrmaýan hem-de atmosfera hapalaýjy maddalaryň goýberilişine kontrollyk etmegiň, tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmedik açyşlar, oýlap tapyşlar, rasionalizatorçylyk teklipler, täze tehniki sistemalary, maddalary we materiallary önümçilige ornaşdyrmak¸ şeýle hem daşary ýurtlardan şonuň ýaly tehnologiýa enjamlary we beýleki obýektleri satyn almak;

senagat we durmuş galyndylaryny üýşürip goýmagyň, ösümlikleri goraýjy serişdeleri, olaryň ösüşini çaltlandyryjylary (stimulýatorlary), mineral dökünleri hem-de atmosfera howasyny hapalamagy mümkin bolan beýleki preparatlary daşamagyň, saklamagyň we ulanmagyň kadalarynyň bozulmagy;

atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet kontrollygyny amala aşyrýan organlaryň görkezmelerini ýerine ýetirmezlik;

Türkmenistanyň, hereket edýän kanunlaryna laýyklykda beýleki bozulmalar.

Atmosfera howasyny goramak hakyndaky kanunlary bozmakda gunäkär adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

37 madda. Atmosfera howasyny goramak hakyndaky kanunlaryň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek

Ýuridik we fiziki taraplar atmosfera howasyny goramak hakyndaky kanunlary bozmak bilen özleriniň ýetiren zyýanynyň öwezini Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen möçberde we tertipde tölemäge borçludyrlar.

Wezipeli adamlaryň we beýleki işgärleriň günäsi boýunça kärhanalaryň, ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek bilen baglanyşykly çeken harajatlary üçin şol adamlar bellenilen tertipde maddy jogapkärçilik çekýärler.

38 madda. Atmosfera howasyny goramak meseleleri baradaky jedelleri çözmegiň tertibi

Atmosfera howasyny goramak meseleleri baradaky jedeller Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilen tertipde çözülýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 20-nji dekabry

№ 182-1

Ссылается на