Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.11.2014

Weterinariýa işi hakynda

Последний известный официальный текст до 2014-11-08

Обновлено на портале · 12.08.2026

Giriş maglumatlary



«Weterinariýe işi hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen № 143-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Weterinariýa işi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý. № 1-2, 8 - nji madda)

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Tükmenistanda weterinariýa işiniň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kesgitleýär, umumy weterinariýa-sanitariýa talaplary belleýär we haýwanlaryň saglygyny gorap saklamaga, adam we haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden adamlary goramaga gönükdirilendir.

I bölüm UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Weterinariýa işi diýen düşünje

Weterinariýa işi diýlende haýwanlaryň keselleriniň öňüni almaga we olary bejermäge, oňat hilli hem-de weternariýa babatda howpsuz maldarçylyk önümlerini öndürmäge we adam hem-de haýwan üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramaga gönükdirilen ýuridik we fiziki taraplaryň işiniň ugruny düşünilýär.

2-nji madda. Türkmenistanyň weterinariýa işi hakyndaky kanunçylygy

Türkmenistanyň weterinariýa işi hakyndaky kanunçylygy şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki normatiw hukuk aktlaryndan durýar.

3-nji madda. Weterinariýa işini dolandyrmak

Türkmenistanyň weterinariýa işine ýolbaşçylyk etmek weterinariýa işini dolandyryjy merkezi organ, onuň welaýatlardaky, etraplardaky, şäherlerdäki, döwlet serhedindäki we transportdaky gurluş podrazdeleniýeleri, şeýle hem wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.

4-nji madda. Weterinariýa işine bolan hukuk

Weterinariýa işi munuň özi weterinariýa ugrundan ýokary ýa-da ýörite orta bilimi bolan spesialistleriň (weterinariýa spesialistleriniň) hereket edýän kanunçylyga laýyklykda amala aşyrýan professional işidir.

Weterinariýa işi bilen telekeçilik hökmünde meşgullanmaga diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan we işiň şu görnüşi bilen meşgullanmaga hukuk berýän ygtyýarnamany alan weterinariýa hünärmenleri haklydyr.

4-nji maddanyň üçünji bölegi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

II bölüm TÜRKMENISTANDA WETERINARIÝA GULLUGY

5-nji madda. Weterinariýa gullugynyň esasy wezipeleri

Weterinariýa gullugynyň esasy wezipeleri:

- haýwanlaryň ýokanç keselleriniň we ýokanç däl köpçülikleýin keselleriniň öňüni almakdan hem-de olary ýok etmekden;

- maldarçylyk önümleriniň weterinariýa-sanitariýa babatda howpsuzlygyny üpjün etmekden;

-adam we haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramakdan;

-keselli haýwanlary bejermekden;

-haýwanlaryň ýokanç keselleriniň daşary döwletlerden getirilmeginden Türkmenistanyň territoriýasyny goramakdan;

-ýuridik we fiziki taraplaryn weterinariýa-sanitariýa kadalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmekden;

-weterinariýa ylmyny ösdürmekden we weterinariýa kadrlaryny taýýarlamakdan ybaratdyr.

6-njy madda. Weterinariýa gullugynyň esasy funksiýalary

Weterinariýa gullugynyň esasy funksiýalary:

- haýwanlaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni almak boýunça weterinariýa-sanitariýa, öňüni alyş çärelerini amala aşyrmakdan;

- adam we haýwanlar üçin umumy bolan keselleriň profilaktikasy we olary ýok etmek boýunça çäreleri saglygy goraýyş organlary bilen bilelikde amala aşyrmakdan;

-haýwanlaryň keselleriniň diagnozyny anyklamak, şeýle hem maldarçylykda ulanylýan ot-iýmleriň, ot-iým garyndylarynyň we suwuň hiline baha bermek maksady bilen barlaglary guramakdan;

-öndürilýän, gaýtadan işlenilýän we saklanylýan maldarçylyk önümlerine, şol sanda bazarda ýerlenilýän önümlere weterinariýa-sanitariýa taýdan baha bermekden;

-mallaryň, aýratyn howply kesellerinden mallary goramagyň döwlet programmalarynyň çaklanylmagyna, işlenip taýarlanylmagyna we ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gatnaşmakdan ybaratdyr.

Döwlet weterinariýa gullugynyň funksiýalaryna şu maddanyň birinji böleginde görkezilen funksiýalar bilen birlikde aşakdakylar degişlidir:

-weterinariýa işini guramak;

-döwlet weterinariýa gözegçiligini guramak we amala aşyrmak;

-döwlet weterinariýa gullugyny dolandyrmak;

-kärhanalaryň, edaralaryň, we guramalaryň wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklarynyň, şeýle hem weterinariýa spesialistleriniň-telekeçileriň işine metodik ýolbaşçylygy we kontrollygy amala aşyrmak;

-epizootik ýagdaýa baha bermek hem-de haýwanlary ýetişdirýän ýuridik we fiziki taraplara ýokanç keselleriň profilaktikasyny amala aşyrmaga we ýok etmäge degişli, ýerine ýetirmek üçin hökmany bolan görkezmeleri bermek;

-karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmeler girizilýän ýokanç keselleriň sanawyny bellemek şeýle halatlarda öldürilmäge ýa-da ýok edilmäge degişli haýwanlar haýwanlaryň ýa-da maldarçylyk önümleriniň aýrylmagyna ýol berilýär;

- mallaryň, maldarçylyk önümleriniň daşalmagyny (sürülmegini) gadagan etmek;

-beýleki döwletleriň territoriýasyndan haýwanlaryň ýokanç keselleriniň getirilmeginden Türkmenistanyň territoriýasyny goramak boýunça çäreleri amala aşyrmak;

-maldarçylyk önümleriniň Türkmenistanyň territooiýasyna daşamalara (sürülmelere), eksportyna we importyna, şeýle hem weterinariýa gullugynyň kontrollygy astynda durýan ot-iýmlere we beýleki ýüklere weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmak.

7-nji madda. Weterinariýa gullugynyň düzümi

Türkmenistanda weterinariýa gullugy Döwlet we wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklaryndan, şeýle hem kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň weterinariýa gulluklaryndan durýar.

8-nji madda. Döwlet weterinariýa gullugy

Döwlet weterinariýa gullugy weterinariýa işini dolandyrýan merkezi organdan, onuň welaýatlardaky, etraplardaky, şäherlerdäki, şeýle hem döwlet serhedindäki we transportdaky düzümleýin gurluş podrazdeleniýelerinden durýar.

Döwlet weterinariýa gullugyny maliýeleşdirmek we material-tehniki taýdan üpjün etmek işi döwlet býujetiniň serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýän maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrýar.

Haýwanlaryň karantin we aýratyn howply keselleriniň öňüni almaga we ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri maliýeleşdirmeklik Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Döwlet weterinariýa gullugynyň gurluşy we ol baradaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

9-njy madda Wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklary hem-de kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň weterinariýa gulluklary

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti hem-de beýleki ministrlikler we wedomstwolar wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklaryny döredýärler, olaryň gurluşyny we maliýeleşdirmegiň tertibini bellenilen tertipde şol ministrlikler we wedomstwolar kesgitleýärler.

Kärhanalar, edaralar we guramalar, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, öz serişdeleriniň hasabyna weterinariýa gulluklaryny döredip bilerler.

III bölüm DÖWLET WE WEDOMSTWOLAÝYN WETERINARIÝA GÖZEGÇILIGI

10-njy madda. Döwlet weterinariýa gözegçiligi

Döwlet weterinariýa gözegçiligi, munuň özi döwlet weterinariýa gullugynyň dolandyryş organlarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň Türkmenistanyň weterinariýa kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, soňuna çykmak arkaly haýwanlaryň keselleriniň profilaktikasyna hem-de maldarçylyk önümleriniň weterinariýa babatda howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işdir.

Döwlet weterinariýa gözegçiligini guramak we geçirmek işi Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa inspektorynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet weterinariýa inspektorlarynyň, şeýle hem döwlet serhedindäki we transportdaky baş döwlet weterinariýa inspektorlarynyň üstüne ýüklenilýär.

11-nji madda. Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa inspektorynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet weterinariýa inspektorlarynyň esasy hukuklary

Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa inspektorynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet weterinariýa inspektorlarynyň:

-wedomstwo tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalara, edaralara hem-de guramalara weterinariýa kanunçylygyny ýerine ýetirişlerini barlamak maksady bilen bökdençsiz barlamaga we olary derňemäge;

-epizootiýa garşy hem-de beýleki weterinariýa çärelerini geçirmegi kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň wezipeli adamlaryndan we graždanlardan talap etmäge, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilişine kontrollygy amala aşyrmaga;

-epizootiýa görkezijileri boýunça haýwanlaryň diagnostiki barlaglaryny geçirmek we olary sançmak hakyndaky kararlary kabul etmäge;

-mallaryň ölmegi hakyndaky aktlaryň dogry düzülişine kontrollygy yzygiderli amala aşyrmaga hukugy bardyr.

Türkmenistaynyň Baş döwlet weterinar inspektory, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň baş döwlet weterinar inspektorlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet dolandyryş organlaryna we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlaryna:

-Türkmenistanyň, aýry-aýry regionlarynda haýwanlaryň ýokanç we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almaga hem-de ojaklaryny ýok etmäge gönükdirilen karantin we beýleki çäklendirmeleri girizmek hakyndaky;

-kärhanalar, edaralar, guramalar we graždanlar Türkmenistanyň, weterinariýa kanunçylygyny bozan halatlarynda olaryň şol hojalyk işini togtatmak hakyndaky;

-haýwanlaryň aýratyn howply keselleriniň ojaklary ýok edilen mahaly haýwanlary beýlekilerden başga ýerde saklamak ýa-da maldarçylyk önümlerini ýok etmek baradaky teklipleri hödürleýärler.

12-nji madda. Wedomstwolaýyn weterinariýa gözegçiligi

Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk komitetiniň we Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň, we wedomstwolarynyň obýektlerinde wedomstwolaýyn weterinariýa gözegçiligini wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklary amala aşyrýarlar, olaryň iş tertibi Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa inspektory bilen ylalaşyp, degişli ministrlikler we wedomstwolar tarapyndan tassyklanylýan normatiw aktlar arkaly kesgitlenilýär.

13-nji madda. Wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklarynyň we guramalaryň, edaralaryň hem-de kärhanalaryň weterinariýa gulluklarynyň, weterinariýa spesialistleriniň esasy hukuklary

Wedomstwolaýyn weterinariýa gullugynyň, guramalaryň, edaralaryň we kärhanalaryň weterinariýa gullugynyň weterinariýa spesialistleriniň, öz ygtyýarlarynyň çäklerinde:

-hojalyklaryň ýolbaşçylaryna, mallaryň eýelerine mallary saklamaga we olara ideg etmäge, maldarçylyk önümlerini ýerlemek boýunça görkezmeler bermäge, şeýle hem weterinariýa kadalarynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny ýok etmek hakyndaky teklipleri ýerine ýetirmäge;

-ýokanç kesel bilen kesellän mallaryň hojalyga getirilmegini (girizilmegini), hojalykdan çykarylmagyny (äkidilmegini) we hojalykda ondan-oňa geçirilmegini gadagan etmäge;

- haýwanlaryň kesellemeginiň we ölmeginiň sebäpleri hakynda netije bermäge;

-haýwanlara we maldarçylyk önümlerine ýanyna goşulýan weterinariýa dokumentlerini bellenilen tertipde bermäge hukugy bardyr.

14-nji madda. Döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlaryň esasy kepillendirmeleri

Döwlet weterinariýa gezegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar öz işinde garaşsyzdyrlar we Türkmenistanyň weterinariýa kanunçylygyny goldanýarlar.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary baş döwlet weterinariýa inspektorlaryna öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda olara iş ýüzünde kömek berýärler.

IV bölüm HAÝWANLARYŇ KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE ÝOK ETMEK BOÝUNÇA UMUMY TALAPLAR

15-nji madda. Maldarçylyk önümlerini öndürmek we saklamak baradaky obýektleriň, proýektlerini taýýarlamak hem-de şol obýektleri gurmak

Maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak boýunça ähli eýeçilik formalaryndaky obýektleriň proýektleri taýýarlananda we gurlanda haýwanlary saklamak hem-de maldarçylyk önümlerini öndürmek, daş-töwerekdäki tebigy sredanyň önümçilik galyndylary we haýwanlaryň ýokanç kesellerini ýaýradyjylar bilen hapalanmagynyň önüni almak üçin has amatly şertleriň döredilmegi nazarda tutulmalydyr.

Maldarçylyk önümlerini öndürmek we saklamak baradaky kärhanalary gurmak üçin ýer uçastoklaryny bermäge, olary gurmak, olaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak hem-de ulanmaga bermek üçin proýekt dokumentlerini taýýarlamaga döwlet weterinariýa gözegçiligi organlarynyň proýekt dokumentleriniň ulanylýan, weterinariýa normalaryna we kadalaryna laýyk gelýändigi hakynda gelen netijesi bar mahaly ýol berilýär:

16-njy madda. Haýwanlaryň eýeleriniň hukuklary we borçlary

Haýwanlaryň eýeleriniň:

-weterinariýa hyzmaty üçin döwlet, wedomstwolaýyn we hususy weterinariýa gulluklary bilen şertnamalar baglaşmaga;

-haýwanlaryň, keselliliginiň ýagdaýy, epizootiýa ýagdaýy hem-de haýwanlara we maldarçylyk önümlerine geçirilen ýörite barlaglaryň netijeleri hakynda weterinariýa gullugynyň, habaryny almaga;

-döwlet, wedomstwolaýyn weterinariýa gulluklarynyň we hususy weterinariýa praktikasy bilen meşgullanýan spesialistleriň hukuga ters gelýän hereketlerine we görkezmelerine şikaýat etmäge hukugy bardyr.

Haýwanlaryň eýeleri:

-haýwanlaryň keselleriniň we ölmeginiň öňüni almagy, şeýle oňat hilli maldarçylyk önümlerini öndürmegi üpjün edýän hojalyk hem-de weterinariýa çärelerini guramaga we amala aşyrmaga;

-haýwanlaryň duýdansyz gyrylmagynyň ýa-da özlerini adatdakydan üýtgeşik alyp barmagynyň halatlary hakynda weterinariýa gullugyna haýal etmän habar bermäge;

-degişli karantin we beýleki weterinariýa çärelerini geçirmek boýunça weterinariýa gullugynyň ähli görkezmelerini ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

17-nji madda. Daşary ýurt döwletlerinden haýwanlaryň, ýokanç keselleriniň getirilmeginden Türkmenistanyň territoriýasyny goramak

Türkmenistana sagdyn haýwanlaryň, şeýle hem haýwanlaryň, ýokanç keselleri babatda amatly bolan daşary ýurt döwletlerinden, sagdyn haýwanlardan alnan maldarçylyk önümleriniň, Türkmenistanyň weterinariýa kanunçylygynyň talaplarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan şertleriň berjaý edilmegi bilen getirilmegine ýol berilýär.

Döwlet organlary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar, guramalar we graždanlar haýwanlary, maldarçylyk önümlerini we iými Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa inspektorynyň ygtyýar bermegi bilen daşary ýurtlardan satyn alýarlar hem-de Türkmenistana getirýärler.

Daşary ýurt döwletlerinden haýwanlaryň, ýokanç keselleriniň getirilmeginiň we öňüni almak baradaky çäreleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Döwlet serhedinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (halkara gatnawlary üçin açyk bolan demir we awtomobil wokzallarynda, stansiýalarynda, deňiz hem-de derýa portlarynda, aeroportlarda, aerodromlarda, serhet kontrollygy, zerurlyk ýüze çykan mahaly bolsa, kontrollygyň beýleki görnüşleri we adamlary, transport serişdelerini, maldarçylyk önümlerini hem-de haýwanlary Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirmek amala aşyrylýan, ýörite enjamlaşdyrylan beýleki ýerlerde) we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi (harby-deňiz bazalarynda, harby aerodromlarda, harby transport serişdeleri geçirilýän beýleki ýerlerde) serhet weterinariýa punktlaryny guraýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen haýwanlary, maldarçylyk önümlerini we iýmleri daşamaga, harby transport serişdelerini geçirmäge diňe serhet weterinariýa kontrollyk punktlary guralýan ýerlerde ýol berilýär.

18-nji madda. Iýmlere bolan talap

Iýmleri, iým garyndylaryny diňe degişli ylmy-barlag institut netije geleninden soň we Baş döwlet weterinariýa inspeksiýasy tarapyndan berlen rugsat bar mahaly öndürmäge we ulanmaga ýol berilýär.

Mallaryň ösüşini çaltlandyrmak we önümçiligini artdyrmak (laktasiýa etmek) maksady bilen biologik gurplandyryjylary hem-de gormonlary ulanmak gadagandyr.

19-njy madda. Haýwanlary goramagyň weterinariýa preparatlary we gaýry serişdeleri

Haýwanlary goramagyň weterinariýa preparatlary, şol sanda adaty bolmadyk, bejermegiň halk usullaryny hem-de haýwanlary goramagyň beýleki serişdelerini degişli ylmy-barlag institut netijä geleninden soň we Baş döwlet weterinariýa inspeksiýasy tarapyndan berlen rugsat bar mahaly öndürmäge, ornaşdyrmaga, ulanmaga we saklamaga ýol berilýär.

20-nji madda. Epizootiýa garşy adatdan daşary komissiýa

Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we graždanlaryň mallaryň ýokanç we ýokanç däl köpçülikleýin keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak we olaryň ojaklaryny ýok etmek baradaky işe operatiw ýolbaşçylyk etmek hem-de şol işi utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler kabineti, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary tarapyndan epizootiýa garşy adatdan daşary komissiýalar bellenilen tertipde döredilýär, olar özleri hakyndaky tassyklanylan düzgünnamalara laýyklykda işleýärler.

V bölüm JEMLEÝJI DÜZGÜN

21-nji madda. Türkmenistanyň weterinariýa kanunlarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Haýwanlaryň karantin kadalaryny, beýleki weterinariýa-sanitariýa talaplaryny bozmakda günäkär graždanlar we wezipeli adamlär, şeýle hem weterinariýa - derman taýýarlamak işi bilen bikanun meşgullanýan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

22-nji madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamasy arkaly şu Kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 18-nji iýuny

№ 127-1

Ссылается на