Türkmenistanda kazyýet gurluşy we kazylaryň statusy hakynda
+99362189555
«Türkmenistanda kazyýet gurluşy we kazylaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen № 49-II Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
XXIX-2-A
Türkmenistanda kazyýet gurluşy we kazylaryň statusy hakynda
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary 1991 ý., № 9-10, 95- madda)
(Türkmenistanyň 12.11.1991 ý., № 596-XII, 30.09.1992 ý. № 756-XII, 12.04.1993 ý. № 836-XII, 12.06.1997 ý., № 225-1, 02.02.1998 ý., № 272-1, 14.02.2000 ý., № 17-II, № 23.03.2000 ý., № 19-II, 19.12.2000 ý., № 55-II, 30.12.2002 ý. № 171-II, 26.01.2007 ý. № 77-III we 12.06.2007 ý. № 122-III Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
I bölüm
UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Adyl sudlugyň diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýanlygy
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanda adyl sudluk diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.
2-nji madda. Türkmenistanda kazyýet gurluşy we kazylaryň statusy hakyndaky kanunlar
Türkmenistanda kazyýet gurluşy we kazylaryň statusy Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen kesgitlenilýär.
3-nji madda. Kazyýetiň wezipeleri
Türkmenistanda kazyýet adyl sudlugy amala aşyrmaga çalşyp, respublikada bellenilen konstitusion gurluşy, graždanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, dolandyryş organlarynyň kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň kanuny bähbitlerini hem-de hukuklaryny goraýar.
Kazyýetiň alyp barýan bütin işi kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, sosial adalatlylygy berkarar etmäge, graždanlaryň hukuklaryny, namysyny we mertebesini goramaga, hukuk tertibiniň bozulmagyna ýol açan sebäpleri we şertleri ýok etmäge gönükdirilendir.
4-nji madda. Raýat, araçy we jenaýat işlerine kazyýetiň garamagy arkaly adyl sudlugyň amala aşyrylmagy
Türkmenistanda adyl sudluk:
graždanlaryň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly graždan işlerine kazyýet mejlislerinde seretmek hem-de olary çözmek arkaly;
kazyýet mejlislerinde jenaýat işlerine seretmek, sud edilýäniň günäkärligi hakyndaky meseleleri çözmek, jenaýat etmekde günäkär adamlar barada bellenen jeza çärelerini ulanmak ýa-da bigünäleri aklamak arkaly amala aşyrylýar;
şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly araçy işlerine sud mejlislerinde garamak we olary çözmek;
5-nji madda. Kazyýetlerde administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky işlere seredilmegi
Etrap, şäher kazyýetleri (kazylary), şol kazyýetleriň ýanyndaky administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary Türkmenistanyň kanunlary arkaly öz ygtyýaryna degişli edilen işlere, ýagny administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky işlere garaýarlar.
6-njy madda. Graždanlaryň kanun öňünde we kazyýet öňünde deňligi
Türkmenistanda adyl sudluk graždanlaryň gelip çykyşyna, sosial, wezipe we emläk ýagdaýyna, jynsyna we milletine, aýal-erkekligine, bilimine, diline we syýasy garaýyşlaryna, dine garaýşyna, käriniň nähilidigine we häsiýetine, ýaşaýan ýerine hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, olaryň kanun öňünde we kazyýet öňünde deňligi esasynda amala aşyrylýar.
Araçy kazyýet önümçiligi taraplaryň ýerleşýän ýerine we eýeçiliginiň görnüşine, hususy telekiçileriň bolsa haýsy millete degişlidigine, diline, işiniň görnüşine hem-de häsiýetine we beýleki ýagdaýlara garamazdan, olaryň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi esasynda amala aşyrylýar.
7-nji madda. Graždanlaryň kazyýet üsti bilen goralmak hukugy
Türkmenistanyň graždanlarynyň, şeýle hem beýleki soýuz respublikalaryň graždanlarynyň döwlet dolandyryş organlarynyň we wezipeli adamlaryň kada-kanuna laýyk gelmeýän hereketlerinden, şeýle hem özleriniň namysyna we mertebesine, janyna we saglygyna, şahsy azatlygyna we emlägine, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklaryna we azatlyklaryna her dürli hyýanat edilmeginden kazyýet üsti bilen goralmaga hukugy bardyr. Graždanlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň başga hili goralyş tertibi diňe Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenip bilner.
Daşary ýurt graždanlary we graždanlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň territoriýasynda Türkmenistanyň graždanlary bilen deň derejede kazyýet üsti bilen goralmak hukugyna eýedirler.
8-nji madda. Adyl sudlugyň kanuna takyk laýyklykda amala aşyrylmagy
Türkmenistanda adyl sudluk Türkmenistanyň kanunlaryna takyk laýyklykda amala aşyrylýar. Kanun boýunça bellenilen halatlarda Türkmenistanyň kazyýetleri beýleki soýuz respublikalaryň kanunlaryny hem ulanýarlar.
9-njy madda. Kazylaryň garaşsyzlygy we olaryň diňe kanuna tabynlygy
Kazylar we halk oturdaşlary garaşsyzdyrlar we olar diňe kanuna tabyndyrlar.
10-njy madda. Işlere kollegial seredilmegi
Ähli kazyýetler kanunda göz önünde tutulan halatlardan başga halatda graždan we jenaýat işlerine kollegial seredýärler.
11-nji madda. Graždan, araçy we jenaýat işlerine seredilende kazyýetiň sostawy
Birinji instansiýaly kazyýetde graždan we jenaýat işlerine kazydan we iki sany halk oturdaşyndan ybarat sostawda seredilýär. Kazy araçy işlerine birinji derejedäki kazyýetde ýekelikde garaýar. Eminligiň başlygynyň karary boýunça islendik işe bilelikde seredilip bilner.
Welaýat, Aşgabat şäher kazyýetleriniň kazyýet kollegiýalarynda işlere kassasion tertipde, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynda bolsa işlere kassasion tertipde we gözegçilik tertibinde üç kazydan ybarat sostawda seredilýär.
Welaýat, Aşgabat şäher kazyýetleriniň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň prezidiumlary işlere prezidiumyň çlenleriniň köpüsi bolanda seredýärler. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çykaran hökümleri, kararlary we kesgitlemeleri baradaky kassasion şikaýatlara hem-de protestlere Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň üç sany çleninden (olary Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Başlygy belleýär) ybarat sostawda seredilýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy işlere onuň sostawynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşan mahalynda seredýär.
12-nji madda. Işlere ýekebara seredilmegi
Kanunda bellenen halatlarda kazyýetlerdäki işlere kazynyň bir özi seredýär.
13-nji madda. Kazyýet işiniň ýöredilýän dili
Türkmenistanda kazyýet işi Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da şol bir ýeriň ilatynyň köplüginiň dilinde ýöredilýär. Işe gatnaşýan adamlar kazyýet işiniň ýöredilýän dilini bilmeýän bolsalar, olara terjimeçi arkaly işiň ähli materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak hukugy hem-de kazyýetde öz ene dilinde çykyp geplemek hukugy berilýär.
14-nji madda. Ähli kazyýetlerde işleriň açyk seljerilmegi
Ähli kazyýetlerde işler açyk seljerilýär.
Işleriň kazyýetiň ýapyk mejlislerinde diňlenilmegine diňe kanunda bellenen halatlarda ýol berilýär. Kazyýetleriň kararlary we hökümleri ähli ýagdaýlarda aç-açan jar edilýär.
15-nji madda. Günäsizlik prezumpsiýasy
Graždanyň günäsi kanunda göz öňünde tutulan tertipde subut edilýänçä ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen belli edilýänçä ol günäsiz hasaplanýar.
16-njy madda. Kazyýetde özüňi aklamak-goramak hukugyny üpjün etmek
Jenaýat edendir öýdülýäne, aýyplanýana, kazyýet edilýäne, iş kesilene we aklanana özüni goramak-aklamak hukugy berilýär.
Raýat, araçy we jenaýat işleri we edara ediş hukuk bozulmalary baradaky işler boýunça kazyýet önümçiliginde raýatlara we guramalara aklawjylar we başga adamlar hukuk kömegini berýärler.
Ýuridik kömek bermegiň tertibi, kazyýet işiniň ýöredilmegine gatnaşýan aklawçylaryň hukuklary we borçlary kanun boýunça kesgitlenilýär.
17-nji madda. Kazyýetlerde işlere seredilen mahalynda prokuroryň gatnaşmagy
Türkmenistanyň Prokurory we aşakda durýan prokurorlar kazyýetlerde işlere seredilende Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen esasda we tertipde gatnaşýarlar.
18-nji madda. Kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher kazyýetleriniň işini Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri guramaçylyk taýdan üpjün edýärler.
19-njy madda - Türkmenistanyň 30.12.2002 ý. № 171-II Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.
II bölüm. KAZYÝET SISTEMASY
Birinji bap
TÜRKMENISTANYŇ KAZYÝETLERI
20-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleri
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Araçy kazyýeti, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri, etrap, şäher kazyýetleri, Türkmenistanyň kazyýetleri bolup durýar.
21-nji madda. Kazyýetleriň döredilmegi we ýapylmagy
Türkmenistanyň kazyýetleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär we ýapylýar, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti muňa girmeýär, ony döretmek we ýapmak hakyndaky meseläni bolsa Türkmenistanyň Mejlisi çözýär.
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň kazylarynyň etrap, şäher kazyýetleriniň, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň kazylarynyň hem-de halk oturdaşlarynyň sanyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň we halk oturdaşlarynyň sanyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.
Ikinji bap
ETRAP, ŞÄHER KAZYÝETLERI
22-nji madda. Etrap, şäher kazyýetini döretmek
Etrap, şäher kazyýeti etrapda, şäherde (etrap tabynlygyndaky şäherlerden başga), şäherdäki etrapda döredilýär, şeýle hem etrap we şäher (şäherler) üçin bir sany etrap, şäher kazyýeti hem-de etrabara kazyýeti döredilip bilner.
23-nji madda. Etrap, şäher kazyýetiniň sostawy
Etrap, şäher kazyýetleri kazyýetiň başlygyndan, kazylardan we halk oturdaşlaryndan ybaratdyr.
Etrap, şäher kazyýetleriniň sostawynda şol kazyýetleriň başlygynyň orunbasary wezipesi girizilip bilner.
24-nji madda. Etrap, şäher kazyýetiniň ygtyýarlary
Etrap, şäher kazyýeti birinji instansiýaly kazyýet hasaplanýar. Etrap, şäher kazyýeti kanun arkaly beýleki kazyýetleriň ygtyýaryna degişli edilen işlerden başga ähli graždan, jenaýat işlerine seredýär.
Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlarda etrap, şäher kazyýeti ýa-da kazy, şeýle hem administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky işlere seredýärler.
Etrap, şäher kazyýeti kazyýet praktikasyny öwrenýär we umumylaşdyrýar, şeýle hem kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
25-nji madda. Etrap, şäher kazyýetiniň başlygy
Etrap, şäher kazyýetiniň başlygy:
kazyýet mejlislerinde başlyklyk edýär, kazyýet mejlislerinde başlyklyk edijiler hökmündäki kazylary belleýär, kazylaryň arasynda beýleki wezipeleri paýlaýar;
halk oturdaşlary bilen iş alyp barmagy guraýar;
graždanlary hut özi kabul edýär, kazyýetiň graždanlary kabul etmek hem-de tekliplere, arzalara we şikaýatlara garamak baradaky işini guraýar;
kazyýet praktikasynyň öwrenilmegine we umumylaşdyrylmagyna hem-de kazyýet statistikasynyň ýöredilmegine ýolbaşçylyk edýär;
döwlet organlaryna, jemgyýetçilik guramalaryna we wezipeli adamlara kanunyň bozulmagyny düzetmek, hukuk tertibiniň bozulmagyna ýol açýan sebäpleri we şertleri ýok etmek hakynda teklipnamalar girizýär;
administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň işini guraýar;
kazyýet ýerine ýetirijilerini bellemek üçin hödürleýär we olaryň işini guraýar;
kazyýetiň apparatynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
kazyýetiň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak baradaky, şeýle hem halk oturdaşlarynyň hukuk bilimlerini artdyrmak baradaky işi guraýar;
kanunlary propagandirlemek we düşündirmek baradaky işi guraýar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
Eger etrap, şäher kazyýetine bir kazy bellenen bolsa, onda ol etrap, şäher kazyýetiniň başlygynyň ygtyýarlaryny amala aşyrýar.
26-njy madda. Etrap, şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary
Etrap, şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary:
kazyýet mejlislerinde başlyklyk edýär;
halk oturdaşlary bilen iş alyp barmagy guraýar;
graždanlary hut özi kabul edýär;
administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
wezipeleriň paýlanylyşyna laýyklykda, kazyýetiň apparatynyň struktura bölümleriniň işine ýolbaşçylyk edýär;
kanunlary propagandirlemek we düşündirmek baradaky işi guraýar.
Etrap, şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary kazyýetiň başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry funksiýalaryny ýerine ýetirýär we başlyk bolmadyk mahalynda ýa-da öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda onuň ýerine galýar.
27-nji madda. Etrap, şäher kazyýetiniň wagtlaýyn bolmadyk başlygynyň ýa-da kazysynyň wezipesini ýerine ýetirmek
Etrap, şäher kazyýetiniň başlygy we onuň orunbasary wagtlaýyn bolmadyk mahalynda (kesel bolmagy, rugsada gitmegi we ş. m.) başlygyň wezipesini ýerine ýetirmek borjy şol kazyýetiň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.
Etrap, şäher kazyýetiniň kazysy wagtlaýyn bolmadyk mahalynda onuň wezipesini ýerine ýetirmek borjy şol kazyýetiň administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň (ýaşy 25-e ýeten) biriniň ýa-da şol kazyýetiň ýokary ýuridik bilimi bolan halk oturdaşlarynyň biriniň ýa başga etrap, şäher kazyýetiniň kazysynyň üstüne ýüklenip bilner.
Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher kazyýetiniň başlygynyň ýa-da kazysynyň borçlaryny ýerine ýetirmek buýruk bilen degişlilikde welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň üstüne ýüklenilýär.
28-nji madda. Halk oturdaşlarynyň soweti
Etrap, şäher kazyýetiniň ýanynda halk oturdaşlarynyň soweti döredilýär.
Halk oturdaşlarynyň sowetiniň işini guramak, onuň wezipeleri we iş tertibi halk oturdaşlarynyň soweti hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenýär.
Üçünji bap
WELAÝAT WE AŞGABAT ŞÄHER KAZYÝETLERI
29-njy madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň sostawy
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri kazyýetiň başlygyndan, başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan we halk oturdaşlaryndan ybarat sostawda döredilýär hem-de olar:
kazyýetiň prezidiumyndan;
graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasyndan;
jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasyndan ybarat sostawda hereket edýärler.
30-njy madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň ygtyýarlary
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri:
özleriniň ygtyýarlarynyň çäklerinde işlere birinji instansiýaly kazyýet hökmünde, kassasion tertipde, gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça seredýärler;
Etrap, şäher kazyýetleriniň kazyýet işine gözegçilik edýärler, kazyýet praktikasyny öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny analizleýärler;
kazylyga kandidatlary seçip almaga we taýýarlamaga, etrap we şäher kazyýetleriniň kadrlarynyň hünärini ýokarlandyrmaga gatnaşýarlar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýarlar.
31-nji madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumy
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumy başlykdan başlygyň orunbasarlaryndan we kazylardan ybarat sostawda döredilýär, bularyň sanyny Türkmenistanyň Prezidenti kesgitleýär.
Prezidiumyň sostawyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýar.
32-nji madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumynyň ygtyýarlary
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumy:
öz ygtyýarlarynyň çäginde işlere gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça seredýär;
kazyýetiň başlygynyň ýazyp bermegi boýunça kazylaryň arasynda graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasynyň we jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasynyň sostawyny tassyklaýar;
kazyýet praktikasyny öwrenmek we umumylaşdyrmak hem-de kazyýet statistikasyny analizlemek baradaky materiallara garaýar;
kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň şol kollegiýalaryň işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär; kazyýetiň apparatynyň işine degişli meselelere garaýar;
kanunlary dogry ulanmakda etrap, şäher kazyýetlerine kömek berýär, şunda ol alyp barýar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
33-nji madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumynyň iş tertibi
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumynyň mejlisleri aýda azyndan bir gezek geçirilýär.
Prezidiumyň kararlary açyk ses bermek arkaly prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan çlenleriniň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär we olara başlyk gol çekýär.
Kazyýet işlerine seredilende welaýatyň prokurorynyň, Aşgabat şäheriniň prokurorynyň ýa-da olaryň orunbasarlarynyň prezidiumyň mejlislerine gatnaşmagy hökmandyr.
34-nji madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň kazyýet kollegiýalary
Welaýat hem-de Aşgabat şäher kazyýetleriniň graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasy we jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy degişli kazyýetiň kazylarynyň arasyndan welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň prezidiumy tarapyndan tassyklanýar. Kazyýet kollegiýalaryna kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary baştutanlyk edýärler.
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň başlygy zerur bolan mahalynda özüniň çykaran buýrugy arkaly bir kollegiýanyň kazylaryny işlere seretmek üçin beýleki kollegiýanyň sostawyna çekmäge haklydyr.
35-nji madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlary
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasy we jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy öz ygtyýarlarynyň çäklerinde işlere birinji instansiýaly kazyýet hökmünde, kassasion tertipde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça seredýärler.
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan we dolandyryş babatdaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça işlere hem birinji instansiýadaky kazyýet hökmünde garaýar.
Kazyýet kollegiýalary kazyýet praktikasyny öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny analizleýärler hem-de kanun boýunça özlerine berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýarlar.
36-njy madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň başlygy
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň başlygy:
kollegiýalaryň kazyýet mejlislerinde başlyklyk edip biler;
Etrap, şäher kazyýetleriniň kazylarynyň bir özüniň (ýekeleýin) karar kabul eden işlerine bir özi (ýekeleýin) garaýar;
kanunda bellenen çäklerde we tertipde kazyýet işleri boýunça çykarylýan çözgütler, hökümler, kesgitlemeler we kararlar barada protestler girizýär;
kanunda bellenen halatlarda we tertipde graždan işleri boýunça çykarylan çözgütleriň we kesgitlemeleriň ýerine ýetirilmegini togtadýar;
kazyýet kollegiýalarynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär, kazyýet apparatynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
kazyýetiň prezidiumyny çagyrýar we prezidiumyň mejlislerinde başlyklyk edýär;
kazyýetiň başlygynyň orunbasarlarynyň arasynda wezipeleri paýlaýar;
kazylaryň we kazyýetiň apparatynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak baradaky işi guraýar;
kazyýet praktikasyny öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny analizlemek baradaky işi guraýar;
kanunyň bozulmagyny düzetmek, hukuk tertibiniň bozulmagyna ýol açýan sebäpleri we şertleri ýok etmek hakynda döwlet organlaryna, jemgyýetçilik guramalaryna we wezipeli adamlara teklipnamalar iberýär;
graždanlary hut özi kabul edýär, kazyýetiň graždanlary kabul etmek we tekliplere, arzalara hem-de şikaýatlara garamak baradaky işini guraýar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
37-nji madda. Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň başlygynyň orunbasarlary - kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary
Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň başlygynyň orunbasarlary bir wagtyň özünde kazyýetiň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary bolmak bilen:
Etrap, şäher kazyýetleriniň kazylarynyň bir özüniň karar kabul eden işlerine bir özi garaýarlar;
kollegiýalaryň kazyýet mejlislerinde işlere garamak üçin kazyýetiň sostawyny döredýärler;
özleriniň ýolbaşçylyk edýän kollegiýalarynyň kazyýet mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da munuň üçin kazylary belleýärler;
degişli kollegiýalaryň işine ýolbaşçylyk edýärler;
wezipeleriň paýlanylyşyna laýyklykda kazyýetiň apparatynyň işine ýolbaşçylyk edýärler;
kollegiýalaryň işi hakyndaky hasabatlary kazyýetiň prezidiumyna ýazyp berýärler;
graždanlary hut özleri kabul edýärler;
kazyýet praktikasyny öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin etrap, şäher kazyýetleriniň kazyýet işlerini talap edip almaga haklydyrlar;
kanun boýunça özlerine berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýarlar.
Kazyýetiň başlygy bolmadyk mahalynda onuň hukuklaryny we borçlaryny onuň tabşyrmagy boýunça kazyýetiň başlygynyň orunbasarlaryndan biri ýerine ýetirýär.
3¹- bap. Türkmenistanyň Araçy kazyýeti
37¹- nji madda. Türkmenistanyň Araçy kazyýeti
Türkmenistanyň Araçy kazyýeti birinji derejedäki kazyýet hökmünde ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan ýa bolmasa dolandyryş babatdaky hukuk gatnaşyklaryndan we kanun arkaly öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki işlerden gelip çykýan jedelleri çözmek baradaky kazyýet edarasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Araçy kazyýeti kazyýet tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, şeýle hem özüne kanun arkaly berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
37²-nji madda. Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň düzümi
Türkmenistanyň Araçy kazyýeti başlykdan we kazylardan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň başlygy wagtlaýyn bolmadyk halatda onuň borçlaryny ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň buýrugy bilen şol kazyýetiň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.
37³-nji madda. Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň başlygy :
işlere garaýar, işlere garamak üçin kazylary belleýär we kazylaryň arasynda beýleki borçlary paýlaýar;
raýatlary hut özi kabul edýär, kazyýetiň raýatlary kabul etmek hem-de tekliplere, arzalara we şikaýatlara garamak baradaky işini guraýar;
kazyýet tejribesiniň öwrenilmegine we umumylaşdyrylmagyna hem-de kazyýet statistikasynyň ýöredelmegine ýolbaşçylyk edýär;
kärhanalara, edaralara, guramalara we wezipeli adamlara kanunyň bozulmalaryny düzetmek hakyndaky teklipnamalary girizýär;
kazyýetiň edarasynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
kazylaryň we kazyýetiň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak baradaky işi guraýar;
kanunlary wagyz etmek we düşündirmek baradaky işi guraýar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
Dördünji bap
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETI
38-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Türkmenistanyň ýokary kazyýet organydyr
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Türkmenistanyň ýokary kazyýet organydyr.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilýän tertipde Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazyýet işine gözegçilik edýär.
39-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň düzümi
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti başlykdan, başlygyň birinji orunbasaryndan we orunbasarlaryndan, kazylardan, halk oturdaşlaryndan ybarat bolup, ol:
Ýokary Kazyýetiň Plenumyndan;
Ýokary Kazyýetiň Prezidiumyndan;
Graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasyndan;
Jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasyndan ybarat düzümde hereket edýär.
Araçy işleri baradaky kazyýet kollegiýasyndan.
40-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ygtyýarlary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti:
özüniň ygtyýarlarynyň çäklerinde işlere birinji instansiýaly kazyýet hökmünde, kassasion tertipde, gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça seredýär;
kazyýet praktikasyny öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet hasabytyny alyp barmak we kazyýetleriň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça kazyýetleriň işini guraýar, hasabat maglumatlaryny seljerýär hem-de umumylaşdyrýar kazyýet işlerine seredilende Türkmenistanyň kanunlaryny ulanmak barada ýüze çykýan meseleler boýunça kazyýetlere ýol görkeziji düşündirişleri berýär. Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň ýol görkeziji düşündirişleri şol düşündiriş berlen kanuny ulanýan kazyýetler, beýleki organlar hem-de wezipeli adamlar üçin hökmanydyr;
kazyýetleri guramagyň meseleleri boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar, olar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentine girizilýär;
kazylyga kandidatlaryň seçilip alynmagyny we taýýarlanylmagyny, kazyýetleriň kadrlarynyň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny amala aşyrýar;
kazyýetleri material-tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň işi üçin degişli şertleri döretmek boýunça işi guraýar;
graždanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garamak we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işe kontrollyk edýär;
kazylaryň garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlaýar we amala aşyrýar.
SSSR Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň we Türkmenistan SSR Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň ýol görkeziji düşündirişlerini respublikanyň kazyýetleriniň ýerine ýetirişlerine kontrollyk edýär;
özüniň ygtyýarlarynyň çäklerinde SSSR-iň we Türkmenistan SSR-niň halkara
amala aşyrýar.
41-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Plenumy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, onuň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryndan ybarat sostawda hereket edýär.
Giňişleýin geňeşiň mejlislerine Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýa-da onuň orunbasarynyň gatnaşmagy hökmandyr.
Plenumyň kazyýet işlerine seretmek bilen baglanyşygy bolmadyk mejlislerine Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Başlygynyň çagyrmagy boýunça kazylar, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky ylmy-konsultatiw sowetiň çlenleri, ministrlikleriň, döwlet komitetleriniň, wedomstwolaryň, ylmy edaralaryň hem-de beýleki döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşyp bilerler.
42-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ygtyýarlary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy:
özüniň ygtyýarlarynyň çäklerinde işlere gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykýan ýagdaýlar boýunça seredýär şol sanda Ýokary kazyýetiň Plenumynyň kararlaryna seredýär;
kazyýet praktikasyny we kazyýet statistikasyny umumylaşdyrmak baradaky materiallara, şeýle hem Türkmenistanyň Prokurorynyň haýyşnamasyna, kazylaryň konferensiýasynyň tekliplerine garaýar we respublikan kanunlary ulanmak meseleleri barada kazyýetlere ýol görkeziji düşündirişleri berýär, welaýat, Aşgabat şäher kazyýetleriniň, etrap we şäher kazyýetleriniň kanunlary ulanmak baradaky kazyýet praktikasy hakyndaky habarlaryny diňleýär Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň başlygynyň;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň arasyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň sostawyny we Plenumynyň sekretaryny tassyklaýar;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky ylmy-konsultatiw soweti tassyklaýar;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyny, onuň başlygyny we başlygynyň orunbasaryny saýlaýar;
Türkmenistanyň Ýokary Sowetine haýyşnamalar girizmek hakyndaky, Türkmenistanyň kanunlary barada düşündiriş bermek hakyndaky meselelere garaýar we olary çözýär.
Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Prezidiumynyň işi hakyndaky habarlary diňleýär;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň kollegiýalaryň işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ýol görkeziji düşündirişleriniň SSR Soýuzynyň we Türkmenistanyň kanunlaryna ýa-da SSSR Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň kararlaryna laýyk gelmeýändigi hakynda SSSR Ýokary Kazyýetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň beren teklipnamalaryna garaýar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
43-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň kazyýet işlerini çözmek bilen baglanyşykly bolmadyk meselelere garamagy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Prokurory tarapyndan Plenumyň garamagyna şu Kanuna laýyklykda girizilen meseleler, ýagny kazyýet işlerini çözmek bilen baglanyşykly bolmadyk meseleler degişli suratda olaryň dokladlary boýunça ýa-da olaryň ygtyýarly eden adamlarynyň dokladlary boýunça diňlenilýär.
Şunda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Plenumyň garamagyna girizilen meseleler boýunça Türkmenistanyň Prokurory netije (zaklýuçeniýe) çykarýar. Şol meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň mejlisine çagyrylan adamlar hem gatnaşyp bilerler.
Ýol görkeziji düşündirişleri bolan kararyň proýektini taýýarlamak üçin, Plenum zerur bolan mahalynda Plenumyň çlenleriniň arasyndan we çagyrylan adamlaryň arasyndan redaksion komissiýany döredýär.
44-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň işleýiş tertibi
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy zerur bolşuna görä, ýöne azyndan dört aýdan bir gezek çagyrylýar. Plenumyň çagyryljak wagty hem-de onuň garamagyna girizilen meseleler hakynda Plenumyň çlenlerine, Türkmenistanyň Prokuroryna mejlisiň geçirilmegine azyndan on bäş gün galanda mälim edilýär.
Plenumyň kararlarynyň proýektleri, kazyýet işleri baradaky protestleriň ýa netijeleriň (zaklýuçeniýeleriň) kopiýalary Plenumyň çlenlerine, Türkmenistanyň Prokuroryna we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrine mejlisiň geçirilmegine azyndan on gün galanda berilýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň kararlary açyk ses bermek arkaly Plenumyň ses bermäge gatnaşýan çlenleriniň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
Plenumyň kararlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Plenumyň sekretary gol çekýärler.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň sekretary Plenumyň mejlislerini taýýarlamak baradaky guramaçylyk işini amala aşyrýar, protokolyň ýöredilmegini üpjün edýär, Plenumyň kabul eden kararlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hereketleri berjaý edýär.
45-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy Başlykdan, onuň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryndan ybarat edilip Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýän sanda döredilýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň sostawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
Kazyýet işlerine garalanda Türkmenistanyň Prokurorynyň ýa-da onuň orunbasarynyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerine gatnaşmagy hökmandyr.
Prezidiumyň kararlary onuň ses bermäge gatnaşýan çlenleriniň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär we olara başlyklyk ediji gol çekýär.
46-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň ygtyýarlary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy:
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kollegiýalarynyň hökümleri, kararlary we kesgitlemeleri baradaky kassasion şikaýatlara we protestlere seredýär;
özüniň ygtyýarlarynyň çäklerinde işlere gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça seredýär;
kazyýet praktikasyny öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny analizlemek baradaky materiallara garaýar;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň we apparatynyň işini guramak baradaky meselelere garaýar;
kanunlary dogry ulanmakda aşakda durýan kazyýetlere kömek berýär;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
47-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasy, Araçy işleri baradaky kazyýet kollegiýasy we Jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň arasyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy tarapyndan tassyklanýar. Kazyýet kollegiýalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň birinji orunbasary we orunbasary baştutanlyk edýärler.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary özleriniň ygtyýarlarynyň çäklerinde işlere birinji instansiýaly kazyýet hökmünde, kassasion tertipde, gözegçilik tertibinde hem-de täze ýüze çykýan ýagdaýlar boýunça garaýarlar.
Kazyýet kollegiýalary kazyýet praktikasyny öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny analizleýärler hem-de kanun boýunça özlerine berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň zerur bolan halatlarynda bir kollegiýasynyň kazylaryny işlere garamak üçin beýleki kollegiýanyň düzümine çekmäge haky bardyr.
48-nji madda. Ýokary kazyýetiň kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlary
Ýokary kazyýetiň Graždan işleri baradaky kazyýet kollegiýasy, Araçy işleri baradaky kazyýet kollegiýasy we Jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy:
birinji instansiýaly kazyýet hökmünde graždan, araçy hem-de jenaýat işlerine seredýärler;
kassasion, hususy şikaýatlar hem-de protestler boýunça graždan, araçy we jenaýat işlerine kassasion tertipde seredýärler;
protestler boýunça graždan, araçy we jenaýat işlerine gözegçilik tertibinde seredýärler;
täze ýüze çykan ýagdaýlara görä birinji instansiýa boýunça öz çykaran çözgütlerine, şeýle hem welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň kassasion ýa-da gözegçilik instansiýalarynyň birinji instansiýaly kazyýetiň çözgüdini üýtgeden ýa-da täze çözgüt çykaran graždan işleri baradaky kesgitnamalaryna täzeden seretmek baradaky işlere gatnaşan adamlaryň arzalaryna seredýärler;
täze ýüze çykan ýagdaýlar hakynda (welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň jenaýat işleri baradaky çykaran çözgütleri, hökümleri ýa-da kesgitnamalary boýunça) prokuroryň çykaran netijeleri barada jenaýat işlerine seredýärler;
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletleriň sudlarynyň aýry-aýry prosessual hereketleri amala aşyrmak hakyndaky tabşyryklary ýerine ýetirilende kazyýetleriň beýleki prosessual kanunlaryny ulanmagynyň mümkinligi hakyndaky meseläni çözýärler;
Kanun boýunça öz ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.
49-njy madda. Turkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy:
özüniň ygtyýarlarynyň çäklerinde we kanunda bellenilen tertipde kazyýet işleri boýunça çykarylan çözgütler, hökümler, kesgitlemeler we kararlar barada protestler girizýär;
prosessual kanunlarda bellenen çäklerde we tertipde işlere bir özi garaýar;
kanunda bellenen halatlarda we tertipde, kazyýet işleri boýunça çykarylan çözgütleriň, hökümleriň, kesgitlemeleriň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr;
kazyýetleri guramagyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentine teklipler girizýär;
kazyýet praktikasyny öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny analizlemek baradaky işi guraýar;
kanunyň bozulmagyny düzetmek, hukuk tertibiniň bozulmagyna ýol açan sebäpleri we şertleri ýok etmek hakynda döwlet organlaryna, jemgyýetçilik guramalaryna hem-de wezipeli adamlara teklipnamalar girizýär, şeýle hem SSSR Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ýol görkeziji düşündirişleriniň ýerine ýetirilişine kontrollyk etmek baradaky işi guraýar hem-de materiallary Plenumyň garamagyna girizýär;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyny çagyrýar we onuň mejlislerinde başlyklyk edýär;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyny çagyrýar we Prezidiumyň çözmegini talap edýän meseleleri onuň garamagyna girizýär, Prezidiumyň mejlislerinde başlyklyk edýär;
islendik işe garalanda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kollegiýalarynyň kazyýet mejlislerinde başlyklyk edip biler;
Türkmenistanyň kanunlary barada düşündiriş berilmegini talap edýän meseleler boýunça Türkmenistanyň Ýokary Sowetine haýyşnama girizýär;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ýol görkeziji düşündirişleriniň SSSR Soýuzynyň we Türkmenistanyň kanunlaryna ýa-da SSSR Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň kararlaryna laýyk gelmeýändigi hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyna haýyşnama girizýär. Şol haýyşnama Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy tarapyndan ret edilen mahalynda bolsa SSSR Ýokary Kazyýetiniň Başlygyna haýyşnama girizýär (eger Plenumyň ýol görkeziji düşündirişi SSSR Soýuzynyň kanunlaryna ýa-da SSSR Ýokary Kazyýetiniň Plenumynyň kararlaryna laýyk gelmeýän bolsa) ýa-da Türkmenistanyň Ýokary Sowetine haýyşnama girizýär. (eger Plenumyň ýol görkeziji düşündirişi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyk gelmeýän bolsa);
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň birinji orunbasary bilen orunbasarlarynyň arasynda borçlary-wezipeleri paýlaýar;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň işiniň guralyşyna we Ýokary kazyýetiň apparatynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
graždanlary hut özi kabul edýär hem-de kazyýetiň grýaždanlary kabul etmek we tekliplere, arzalara hem-de şikaýatlara garamak baradaky işini guraýar;
kanun boýunça özüne berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.
50-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň birinji orunbasary we orunbasarlary - kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň birinji orunbasary we orunbasarlary:
özleriniň ýolbaşçylyk edýän kollegiýalarynyň kazyýet mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da munuň üçin Ýokary kazyýetiň kazylaryny belleýärler;
aşakda durýan kazyýetleriň kazylarynyň bir özleriniň ýekelikde karar kabul eden işlerine bir özi garaýar;
kollegiýalaryň kazyýet mejlislerinde işlere garamak üçin kazyýetiň sostawyny döredýärler;
özleriniň ygtyýarlarynyň çäklerinde we kanunda bellenen tertipde kazyýet işleri boýunça çykarylan çözgütler, hökümler, kesgitlemeler hem-de kararlar barada protestler girizýärler;
kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çykarylan çözgütleriň, hökümleriň, kesgitlemeleriň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyrlar;
degişli kollegiýalaryň işine ýolbaşçylyk edýärler;
kollegiýalaryň işi hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyna hasabatlar berýärler;
kazyýet praktikasyny öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap edip almaga haklydyrlar;
wezipeleriň paýlanylyşyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň apparatynyň struktura bölümleriniň işine ýolbaşçylyk edýärler;
degişli kazyýet kollegiýasynyň kazylarynyň hünärini ýokarlandyrmak işini guraýarlar;
graždanlary hut özleri kabul edýärler:
kanun boýunça özlerine berlen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy bolmadyk mahalynda Başlygyň hukuklaryny we borçlaryny onuň tabşyrmagy boýunça Başlygyň birinji orunbasary ýa-da orunbaslary amala aşyrýar.
51-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň döwürleýin neşiri
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti döwürme-döwür - ýylda azyndan alty nomer ýuridik žurnal neşir edýär, onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we hukuk goraýjy beýleki organlaryň resmi materiallary, şeýle hem ylmy, çekişme häsiýetdäki, populýar makalalar we beýleki makalalar çap edilýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň žurnaly hakyndaky Düzgünnamany Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýar.
III bölüm. KAZYLARYŇ WE HALK OTURDAŞLARYNYŇ STATUSY
Biriniji bap.
UMUMY DÜZGÜNLER
52-nji madda. Kazylar we halk oturdaşlary
Türkmenistanyň kanunda bellenen tertipde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, Türkmenistanyň Araçy kazyýetine, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetlerine, etrap, şäher kazyýetlerine bellenen we saýlanan graždanlary Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylary we halk oturdaşlary hasaplanýar.
Halk oturdaşlary adyl kazyýeti amala aşyranlarynda kazylara berlen ähli hukuklara eýedirler.
Ikinji bap
KAZYLARYŇ WE HALK OTURDAŞLARYNYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ESASY KEPILLENDIRMELERI
53-nji madda. Kazylaryň we halk oturdaşlarynyň garaşsyzlygyny üpjün etmek
Kazylaryň we halk oturdaşlarynyň garaşsyzlygy kazylary bellemegiň, halk oturdaşlaryny saýlamagyň we bellemegiň olary boşatmagyň kanunda bellenen tertibi arkaly, kazylaryň we halk oturdaşlarynyň eldegirilmesizligi, adyl sudlugy amala aşyrmagyň pugta ýuridik prosedurasy, kazyýetiň kararlary çykarylanda kazylaryň maslahatynyň gizlinligi hem-de şony jar etmegi talap etmegiň gadaganlygy, kazyýete hormat goýmazlyk ýa-da anyk işleriň çözülmegine gatyşylmagy üçin jogapkärçilik arkaly, kazyýetleriň işlemegi üçin zerur guramaçylyk-tehniki şertleriň döredilmegi, şeýle hem kazylaryň maddy we sosial taýdan üpjün edilmegi arkaly gazanylýar.
54-nji madda. Kazyýete hormat goýulmazlygy üçin jogapkärçilik
Işe gatnaşýan adamlar ýa-da kazyýet mejlisine gatnaşýan graždanlar tarapyndan kazyýete hormat goýulmazlygy, şeýle hem kim-de bolsa biriniň kazyýete göz-görtele äsgermezçilikli garaýandygyna şaýatlyk edýän hereketleri etmegi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
55-nji madda. Kazyýet işleriniň çözülmegine gatyşmaga ýol berilmeýänligi
Döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, wezipeli adamlar we graždanlar tarapyndan kazylaryň hem-de halk oturdaşlarynyň işine gatyşylmagy gadagan edilýär.
Anyk bir işiň hemme taraplaýyn, doly we obýektiw garalmagyna päsgel bermek ýa-da bikanun kazyýet çözgüdiniň çykarylmagyny gazanmak maksady bilen, haýsydyr bir formada kazylara ýa halk oturdaşlaryna täsir edilmegi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
56-njy madda. Kazylaryň we halk oturdaşlarynyň eldegrilmesizligi
Kazy barada jenaýat işi gozgalyp bilinmez, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmasa tussag edilip bilinmez. Halk oturdaşlary barada bu kepilleriň olar kazyýetde özleriniň oturdaşlyk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda güýji bardyr.
Kazynyň, şeýle hem kazyýetde özüniň oturdaşlyk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda halk oturdaşynyň tutulyp saklanmagyna, ýany saklawly getirilmegine ýa-da olar barasynda kazyýet tertibinde berilýän administratiw temmi çäreleriniň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
Kazy ýa-da halk oturdaşy barasynda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Prokurory tarapyndan gozgalyp bilner. Şunuň bilen bir wagtyň özünde kazynyň ygtyýarlaryny togtatmak hakyndaky mesele hem çözülýär. Işiň derňelişine Türkmenistanyň Prokurory gözegçilik edýär.
Kazylar we halk oturdaşlary barasyndaky jenaýat işleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň seljermegine degişlidir.
57-nji madda. Halk oturdaşlarynyň zähmet hukuklarynyň kepillendirilmegi
Halk oturdaşlarynyň ygtyýarlylyk döwründe olaryň administrasiýanyň inisiatiwasy boýunça işden çykarylmagyna ýa-da düzgün-nyzam temmisi tertibinde pes hak tölenýän işe geçirilmegine umumy tertibiň berjaý edilmeginden başga-da diňe halk oturdaşyny saýlan degişli zähmetkeşler kollektiwiniň ýa-da halk oturdaşyny bellän organyň razylygy bilen ýol berilýär.
Üçünji bap
KAZYLARY BELLEMEK, HALK OTURDAŞLARYNY
SAÝLAMAK WE BELLEMEK
58-nji madda. Kazylyga we halk oturdaşlygyna kandidatlar barada bildirilýän talaplar
Etrap, şäher kazyýetiniň kazylygyna 25 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimli, ýuridik hünäri boýunça azyndan iki ýyl iş stažy bolan hem-de kwalifikasion ekzameni tabşyran graždan bellenip bilner.
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň we ýokarda durýan kazyýetleriň kazylygyna ýokary ýuridik bilimi hem-de ýuridik - hünäri boýunça azyndan bäş ýyl iş stažy, şol sanda hem, kada bolşy ýaly, kazy hökmünde azyndan iki ýyl iş stažy bolan graždanlar bellenip bilner.
Halk oturdaşlygyna 25 ýaşa ýeten graždan saýlanyp ýa-da bellenip bilner.
59-njy madda. Kazylyga kandidatlar
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher kazyýetleriniň kazylygyna kandidatlary seçip almak hödürlenýän kandidatlaryň işleýän zähmetkeşler kollektiwleriniň hödürnamalarynyň we pikirini nazara almagyň hem kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijesi esasynda welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylygyna kandidatlary kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çykaran netijesi esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti seçip alýar.
Kazylyga kandidatlyga ilkinji gezek hödürlenýän adamlar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan kesgitlenýän halatlarda we tertipde professional taýýarlyk geçýärler.
60-njy madda. Kazylary bellemegiň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlylyk möhletleri
Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň kazyýetleri, etraplaryň we şäherleriň kazyýetleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň başlygyny we kazylaryny, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryny, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň birinji orunbasaryny we orunbasarlaryny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti wezipä belleýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyny Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň razylyk bermegi bilen Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.
Kazylar bäş ýyl möhlete bellenilýär. Eger kazynyň ygtyýarlylyk möhleti onuň kazyýet işine seredýän döwründe gutarýan bolsa, onuň ygtyýarlary şol iş seljerilip gutarylýança saklanýar.
Kazylaryň ygtyýarlylyk möhleti gutarandan soň, olar şu Kanunyň 66-njy maddasynda görkezilen ýagdaýlar bolmadyk mahalynda hem-de kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň geçirýän attestasiýasynyň netijelerine laýyklykda ýene-de kazylyga saýlanmak üçin hödürlenýär.
61-nji madda. Halk oturdaşlaryny saýlamagyň we bellemegiň tertibi. Halk oturdaşlarynyň ygtyýarlarynyň möhleti
Etrap, şäher kazyýetleriniň halk oturdaşlary graždanlaryň öz işleýän ýa-da ýaşaýan ýerinde geçirýän ýygnaklarynda açyk ses bermek arkaly saýlanylýar. Etrap, şäher kazyýetleriniň halk oturdaşlarynyň saýlawlaryny etraplaryň we şäherleriň ýerine ýetiriji organlary guraýar.
Ýygnaga graždanlaryň işleýän we ýaşaýan ýerinde olaryň köpüsi gatnaşan bolsa, ýygnak doly hukukly hasap edilýär.
Ýygnaga gatnaşan graždanlaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alan adamlar etrap, şäher kazyýetleriniň halk oturdaşlygyna saýlanan hasap edilýär.
Ýygnakda prezidium saýlanýar we protokol ýöredilýär, oňa bolsa prezidiumyň düzümine girýänleriň hemmesi gol çekýär. Ýygnagyň protokoly degişli etrabyň, şäheriň ýerine ýetiriji organyna iberilýär.
Etraplaryň we şäherleriň häkimleri ýygnaklaryň protokollary esasynda halk oturdaşlarynyň saýlawlarynyň netijesini takyklaýar hem-de etrap, şäher kazyýetiniň halk oturdaşlaryny belleýär.
Welaýat, Aşgabat şäher kazyýetleriniň halk oturdaşlaryny welaýatlaryň häkimleri, Aşgabat şäheriniň häkimi belleýär. Ýokary kazyýetiň halk oturdaşlaryny Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.
Welaýat, Aşgabat şäher kazyýetleriniň hem Ýokary kazyýetiň halk oturdaşlygyna kandidatlary zähmetkeşler kollektiwleri ýa-da graždanlaryň öz ýaşaýan ýerinde geçirýän ýygnaklary görkezýärler.
Halk oturdaşlaryny görkezmek baradaky guramaçylyk çärelerini degişli suratda ýerli ýerine ýetiriji organlar Ýokary kazyýet bilen bilelikde geçirýärler.
Halk oturdaşlarynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyl. Eger bu möhlet kazyýet işine garalýan döwürde tamamlanýan bolsa, olaryň ygtyýarlary şol iş seljerilip gutarylýança saklanyp galýar.
Halk oturdaşlary kazyýetde borçlaryny ýerine ýetirmäge nobatlylyk tertibinde ýylda iki hepdeden köp bolmadyk wagt bilen çagyrylýar, ýöne bu möhletiň olaryň gatnaşmagy bilen başlanan kazyýet işine garamagy tamamlamak zerurlygy bilen uzadylmaly bolýan halatlary muňa girmeýär.
Dördünji bap
KAZYLARYŇ WE HALK OTURDAŞLARYŇ HUKUKLARY
HEM-DE BORÇLARY
62-nji madda. Kazylaryň we halk oturdaşlarynyň hukuklary
Kazylar we halk oturdaşlary adyl sudlugy amala aşyrmak üçin zerur bolan häkimlik ygtyýarlaryna eýedirler. Bu ygtyýarlar Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenilýär.
Kazynyň şu aşakdakylara hem haky bardyr:
kanun boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary amala aşyrmak bilen baglanyşykly öz çykaran buýruklarynyň ýerine ýetirilmegini wezipeli adamlardan hem-de graždanlardan talap etmäge;
kanunyň bozulmagyny düzetmek ýa-da hukuk tertibiniň bozulmagyna ýol açýan sebäpleri we şertleri ýok etmek hakynda döwlet organlaryna, jemgyýetçilik guramalaryna we wezipeli adamlara teklipnamalar girizmäge;
döwlet we jemgyýetçilik organlaryndan maglumat sorap almaga.
Döwlet organlary, jemgyýetçilik guramalary hem-de wezipeli adamlar kazyýet işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly kazylaryň bildirýän talaplaryny we berýän buýruklaryny ýerine ýetirmäge, kazylaryň talapnamalaryna we sowallaryna öz wagtynda jogap bermäge borçludyrlar.
Kazy kanunlary ulanmak meseleleri baradaky ýol görkeziji düşündirişleriň berilmegi hakyndaky teklipleri kazylaryň konferensiýasynyň ara alyp maslahatlaşmagyna, şeýle hem gös-göni Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine girizip biler.
63-nji madda. Kazylaryň we halk oturdaşlarynyň borçlary
Kazylar we halk oturdaşlary graždan, araçy, jenaýat işlerine hem-de administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky işlere garalanda kanunlaryň talabyny takyk ýerine ýetirmäge, graždanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň namysynyň we mertebesiniň, jemgyýetiň bähbitleriniň goralmagyny, kazyýet işiniň ýokary medeniýetli bolmagyny hem-de terbiýeçilik täsirini üpjün etmäge, adalatly we adamkärçilikli bolmaga borçludyr.
Kazylar özleriniň professional bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmaga, kazyýet praktikasyny öwrenmäge we umumylaşdyrmaga, graždanlara hukuk terbiýesini bermek işine gatnaşmaga borçludyrlar.
Kazylar garamaga degişli işler bilen, häzirki ulanylyp gelinýän kanunlar we olary ulanmagyň praktikasy bilen halk oturdaşlaryny öňünden tanyşdyrmaga, olaryň öz ygtyýarlaryny amala aşyrmagyna başga hili kömek bermäge borçludyrlar.
Kazylaryň we halk oturdaşlarynyň kazylaryň maslahatynyň syryny hem-de ýapyk kazyýet mejlisleri geçirilende alnan maglumatlary jar etmäge haky ýokdur.
Halk oturdaşlary adyl sudlugy amala aşyrmak wezipelerini ýerine ýetirmek üçin kazyýete öz wagtynda gelmäge borçludyrlar. Halk oturdaşynyň kazyýete çagyrylmagy onuň işleýän we okaýan kärhanasynyň, edarasynyň, guramasynyň administrasiýasy üçin hökmanydyr.
Bäşinji bap
KAZYLARYŇ KONFERENSIÝASY, KAZYLARYŇ KWALIFIKASION KOLLEGIÝALARY
64-nji madda. Kazylaryň konferensiýalary
Araçy kazyýetiniň, welaýat, Aşgabat şäher, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary her ýyl konferensiýalara çagyrylýarlar.
Kazylaryň konferensiýalary kanunlary ulanmak barada kazyýet praktikasynda ýüze çykan meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar, ýol görkeziji düşündirişleriň berilmegi hakyndaky ýa-da kanun proýektlerini teklip etmek hukugy tertibinde teklipnamalar girizmek hakyndaky ýa-da kanunlary düşündirmek hakyndaky teklipler bilen Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetine ýüzlenýärler, kazylaryň kwalifikasion kollegiýalaryny saýlaýarlar.
Konferensiýalary çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň konferensiýalaryny çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.
65-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary
Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary kazyýet işine mynasyp kandidatlaryň çekilmegini üpjün etmek hem-de kazylaryň garaşsyzlygynyň kepillendirilmegini güýçlendirmek maksady bilen döredilýär.
Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary:
kandidatlardan ekzamen alýarlar we etrap, şäher kazyýetiniň kazylygyna ýa-da ýokarda durýan kazyýetiň kazylygyna kandidaty görkezmegiň mümkinligi hakynda netije ýazyp berýärler;
kazylaryň attestasiýasyny geçirýärler;
kazyny ygtyýarlaryndan mahrum etmek hakyndaky mesele boýunça netije ýazyp berýärler;
kazylaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselä garaýarlar.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy mundan başga-da, kazylary ygtyýarlaryndan mahrum etmek we olaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meseleler boýunça aşakda durýan kwalifikasion kollegiýalaryň çykaran kararlary baradaky şikaýatlara garaýar.
Kazylaryň, kwalifikasion kollegiýalaryny saýlamagyň we olaryň işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalary hakynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.
Altynjy bap
KAZYLARY WE HALK OTURDAŞLARYNY YGTYÝARLARYNDAN MAHRUM ETMEK HEM-DE MÖHLETINDEN ÖŇ BOŞATMAK. KAZYLARYŇ DÜZGÜN-NYZAM JOGAPKÄRÇILIGI
66-njy madda. Kazylary we halk oturdaşlaryny ygtyýarlaryndan
mahrum etmek hem-de möhletinden öň boşatmak
Kazylar we halk oturdaşlary sosialistik kanunçylygy bozanlygy ýa-da olaryň öz belent ady bilen bir ýere sygyşmaýan biabraýçylykly etmiş edenligi üçin, şeýle hem olar barada kazyýetiň kanuny güýje giren aýyplaýyş hökümi amala aşyrylan wagtynda özleriniň ygtyýarlaryndan möhletinden öň mahrum edilip bilner.
Kazylar we halk oturdaşlary öz işini dowam etdirmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy sebäpli, başga işe geçmegi ýa-da özleriniň islegine görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden möhletinden öň boşadylyp bilner.
Kazylary ygtyýarlaryndan kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň çykaran netijelerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti mahrum edýär. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy öz ygtyýarlaryndan diňe Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň deslap razylyk bermegi esasynda mahrum edilip bilner.
Türkmenistanyň ähli kazylaryny möhletinden öň boşatmak meselesini Türkmenistanyň Prezidenti çözýär.
Etrap, şäher kazyýetleriniň, harby kazyýetleriň halk oturdaşlaryny ygtyýarlaryndan mahrum etmek we möhletinden öň boşatmak meselesini halk oturdaşynyň saýlanan ýerinde graždanlaryň geçirýän ýygnaklary, ýokarda durýan kazyýetleriň halk oturdaşlary baradaky şol meseläni bolsa halk deputatlary Sowetleriniň şolary bellän prezidiumlary çözýär.
67-nji madda. Kazylary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek üçin esaslar
Kazy şu aşakdaky ýagdaýlarda düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilip bilner:
Kazyýet işlerine seredende kanunçylygy bozanlygy üçin;
beýleki gulluk etmişini edenligi üçin;
biabraýçylyga eltýän etmiş edenligi üçin.
Eger kazyýet çözgüdi çykarylanda kazy kanuny bilgeşleýin bozmadyk bolsa ýa-da ak ýüreksizlik hereketlerini etmedik bolsa, kazyýet çözgüdiniň ýatyrylmagynyň ýa-da üýtgedilmeginiň özi şol kazyýet çözgüdini çykarmaga gatnaşan kazyny jogapkärçilige eltmeýär.
68-nji madda. Kazylaryň düzgün-nyzam etmişleri hakyndaky işler baradaky kararlar
Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy kazynyň düzgün-nyzam etmişi hakyndaky işe seredende şu aşakdaky kararlaryň birini çykaryp biler:
düzgün-nyzam temmisini bermek hakynda;
düzgün-nyzam temmisini bermek baradaky işi ýatyrmak hakynda;
düzgün-nyzam temmisini bermek baradaky işiň materiallaryny kazyny ygtyýarlaryndan mahrum etmek ýa-da ol barada jenaýat işini gozgamak hakyndaky meselä garamak üçin ibermek hakynda.
681-nji madda. Kazylary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň, kazylary we halk oturdaşlaryny ygtyýarlaryndan mahrum etmegiň hem-de möhletinden öň boşatmagyň tertibi
Kazylary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň, kazylary we halk oturdaşlaryny ygtyýarlaryndan mahrum etmegiň hem-de möhletinden öň boşatmagyň tertibi Türkmenistanyň kazylarynyň düzgün-nyzam jogäpkärçiligi, kazylary we halk oturdaşlaryny ygtyýarlaryndan mahrum etmek hem-de möhletinden öň boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
Ýedinji bap
KAZYLARYŇ WE HALK OTURDAŞLARYNYŇ STATUSY BARADAKY BEÝLEKI MESELELER
69-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion attestasiýasy
Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýän tertipde attestasiýadan geçýärler, şonuň netijesine görä hem olara hünärini we iş tejribesini nazara almak esasynda kwalifikasion klaslar berilýär (dakylýar).
Kazylara kwalifikasion klaslary Türkmenistanyň Prezidenti dakýar.
70-nji madda. Kazylaryň maddy we sosial üpjünçiligi
Kazylara kwalifikasion attestasiýanyň nazara alynmagy esasynda iş haky bellenilýär. Kazylara kwalifikasiýa üçin wezipe aýlyklaryna goşmaça hak bellemegiň tertibi we onuň möçberi, şeýle hem olary pensiýa bilen, üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilýär.
Halk deputatlarynyň ýerli Sowetleri kazy saýlanandan alty aýdan gijä goýman, ony aýratyn kwartira ýa-da aýratyn öý görnüşinde abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
71-nji madda. Kazylaryň öz esasy işiniň daşyndan başga işde işlemekleri
Pedagogik we ylmy-barlag işinden başga halatlarda kazylaryň öz esasy işiniň daşyndan başga işde işlemeklerine ýol berilmeýär.
72-nji madda. Halk oturdaşlary kazyýetde borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynyň dowamynda olaryň iş hakynyň saklanyp galmagy
Halk oturdaşlary kazyýetde öz borçlaryny ýerine ýetiren wagtynyň dowamynda olaryň öz hemişelik işleýän ýerinde alýan ortaça iş haky olarda saklanyp galýar.
Tölenýän beýleki haklar we ýeňillikler barasynda halk oturdaşlarynyň öz borçlaryny kazyýetde ýerine ýetiren wagty olaryň öz esasy işini ýerine ýetiren wagty bilen deňleşdirilýär.
IV bölüm
ADMINISTRATIW WE ÝERINE ÝETIRIJILIK IŞ
ÝÖREDIŞ KAZYLARY
73-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary etrap, şäher kazyýetleriniň ýanynda döredilýär.
74-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy barada bildirilýän talaplar
Türkmenistanyň 22 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimi bolan we kwalifikasion ekzameni tabşyran graždany administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylygyna bellenip bilner.
75-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş
ýörediş kazylygyna kandidatlar
Administratiw we ýerine ýetiriliş önümçiligi boýunça kazylyga kandidatlary seçip almagy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň kazyýetleriniň gatnaşmagynda teklip edilýän kandidatlaryň işleýän ýa-da okaýan zähmet we okuw kollektiwleriniň maslahatlarynyň we pikirleriniň hem-de kazyýetleriň kwalifikasion kollegiýalarynyň gelen netijeleriniň esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýar.
76-njy madda. Administratiw we ýerine ýetiriliş önümçiligi boýunça kazyýetleri bellemek
Etrap, şäher kazyýetleriniň administratiw we ýerine ýetiriliş boýunça kazylary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bäş ýyl möhlete bellenilýär.
77-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň ygtyýarlary
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky işlere garaýarlar, kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine gözegçilik edýär, kazyýetleriň we beýleki organlaryň çykaran kararlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaýarlar.
78-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň hukuklary
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy öz ygtyýarlaryny ýerine ýetirende etrap, şäher kazyýetiniň kazysyna berlen hukuklardan peýdalanýar.
Döwlet organlary, jemgyýetçilik guramalary we wezipeli adamlar administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň talaplaryny we buýruklaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary kazylaryň konferensiýalarynyň işine gatnaşmaga haklydyr.
79-njy madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň borçlary
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary kanunlaryň talabyny takyk ýerine ýetirmäge, graždanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň namysynyň we mertebesiniň, jemgyýetiň bähbitleriniň goralmagyny, öz işiniň ýokary medeniýetini hem-de terbiýeçilik täsirini-üpjün etmäge, adalatly we adamkärçilikli bolmaga; professional bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmaga borçludyr.
80-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň eldegrilmesizligi
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmasa jenaýat jogapkärligine çekilip, tussag edilip ýa-da kazyýetiň berýän administratiw temmi çärelerine sezewar edilip bilinmez.
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy barasynda jenaýat işini diňe Türkmenistanyň Prokurory gozgap biler.
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary barasyndaky jenaýat işleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň seljermegine degişlidir.
81-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylaryny ygtyýarlaryndan mahrum etmek hem-de möhletinden öň boşatmak
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary sosialistik kanunçylygy bozanlygy ýa-da olaryň wezipe ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan biabraýçykly hereket edenligi üçin, şeýle hem olar barada kazyýetiň kanuny güýje giren aýyplaýyş hökümi amala aşyrylan wagtynda özleriniň ygtyýarlaryndan möhletinden öň mahrum edilip bilner.
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylary işini dowam etdirmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy zerarly, başga işe geçmegi sebäpli ýa-da öz islegine görä, özleriniň borçlaryny ýerine ýetirmekden möhletinden öň boşadylyp bilner.
82-nji madda. Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazylarynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi
Administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy şu aşakdaky ýagdaýlarda düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilip bilner:
administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky işlere garalanda kanunçylygy bozanlygy üçin;
beýleki gulluk etmişini edenligi üçin;
biabraýçylyga eltýän etmiş edenligi üçin.
V bölüm
KAZYLARYŇ IŞINI GURAMAGYŇ BEÝLEKI MESELELERI
83-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileri
Raýat we araçy işleri baradaky çözgütleri, kesgitnamalary we kararlary ýerine ýetirmek, jenaýat işleri baradaky hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň emläkden töleg tutup almak baradaky bölegini, şeýle hem beýleki çözgütleri we kararlary ýerine ýetirmek işini kanunda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet ýerine ýetirijileri alyp barýarlar.
Kazyýet ýerine ýetirijileri kazyýetleriň ýanynda bolýar we wezipelere:
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;
Türkmenistanyň Araçy kazyýetinde - Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;
welaýatlaryň, Aşgabat şäher, etraplaryň, şäherleriň kazyýetlerinde -degişli welaýatlaryň we Aşgabat şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan bellenilýär.
84-nji madda. Kazyýet mejlisiniň sekretary
Birinji instansiýaly kazyýetde graždan we jenaýat işlerine kazyýet mejlisiniň sekretarynyň gatnaşmagynda garalýar.
Kazyýet mejlisiniň sekretarynyň hukuklary we borçlary, onuň graždan hem-de jenaýat işlerine garamaga gatnaşmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenilýär.
85-nji madda. Kazyýetiň apparaty
Kazyýetiň apparaty adyl sudlugy amala aşyrmak, şeýle hem kazyýetiň beýleky wezipelerini ýerine ýetrimek barada kazyýetiň alyp barýan işini üpjün edýär.
Welaýatlardaky, etraplaryň, şäherleriň kazyýetleriniň apparatlarynyň düzüm we ştat sany welaýat kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan, Aşgabat şäherinde bolsa etrap kazyýetleriniň başlyklary Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
Türkmenistanyň Araçy kazyýetiniň, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň edaralarynyň gurluşyny we wezipe sanyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy tassyklaýar.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň apparatynyň sostawynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işi bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan bölümler we beýleki struktura podrazdeleniýeleri döredilýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň apparatynyň strukturasyny we ştatdaky işgär sanyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýar.
VI bölüm
JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
86-nji madda. Kazynyň we halk oturdaşynyň kasamy
Ilkinji gezek bellenen kazylar, şeýle hem halk oturdaşlary kasam edýärler.
Kazynyň we halk oturdaşynyň kasamynyň teksti, şeýle hem kasam etmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
87-nji madda. Kazyýet häkiminiň simwoly
Türkmenistanyň kazyýetlerinde kazyýet häkiminiň simwollary ulanylýar. Kazyýet häkiminiň simwollarynyň ýazgysy we olary ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
88-nji madda. Kazynyň we halk oturdaşynyň şahadatnamalary
Kazylara we halk oturdaşlaryna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenen nusgadaky şahadatnamalar berilýär.
89-njy madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň möhri
Türkmenistanyň kazyýetleriniň Türkmenistanyň Döwlet gerbi şekillendirilen hem-de Türkmenistanyň döwlet dilinde we SSSR-iň resmi dilinde öz ady ýazylan möhri bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1991-nji ýyl, 29-njy maý
№ 496- XII.