Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 21.06.2013

Türkmenistanyň raýatlygy hakynda

Последний известный официальный текст до 2013-06-22

Обновлено на портале · 12.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň raýatlygy hakynda

«Türkmenistanyň raýatlygy hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edilen № 411-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň raýatlygy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý., № 9, 71- madda)

(Türkmenistanyň 14.06.2003 ý. № 182-II we 12.06.2007 ý. № 124-III Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

I-nji bap

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygy

Türkmenistanyň raýatlygy Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň möhüm alamaty bolup, ol adamyň döwlete degişlidigini hem-de döwlet bilen adamyň arasyndaky durnukly häsiýetdäki hukuk gatnaşygyny, olaryň özara hukuklary bilen borçlarynyň bütin jemini kesgitleýär.

2-nji madda. Raýat we döwlet

Türkmenistan özüniň edaralarynyň hem-de wezipeli adamdarynyň üsti bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň öňünde jogapkärdir, Türkmenistanyň raýaty bolsa döwletiň öňünde jogapkärdir. Türkmenistanyň raýaty Konstitusiýany we kanunlary berjaý etmäge, şolarda bellenen borçlary ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň bähbitlerini aramaga hem onuň çäginiň bitewiligini gorap saklamaga, türkmen halkynyň we Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ähli milletleriň wekilleriniň medeniýetine, däp-dessuryna hem diline sarpa goýmaga borçludyr.

3-nji madda. Türkmenistanyň raýatlary

Şu Kanuna laýyklykda raýatlygy edinen adamlar Türmenistanyň raýatlary hasaplanýar.

4-nji madda. Raýatlyk baradaky hukuk

Türkmenistanyň raýaty raýatlykdan mahrum edilip ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez.

5-nji madda. Raýatlygyň deňligi

Türkmenistanda raýatlygyň nähili esasda edilendigine garamazdan, ol Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin deňdir.

6-njy madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar

Türkmenistanyň raýaty däl hem-de özüniň başga döwletiň raýatlygyna degişliligi barada subutnamasy bar bolan adamlar Türkmenistanda daşary ýurt raýatlary diýlip ykrar edilýär.

Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň başga döwletiň raýatlygyna degişliligi barada subutnamasy bolmadyk adamlar raýatlygy bolmadyk adamlar diýlip ykrar edilýär.

Eger kanunlarda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň raýatlaryna berlen hukuklar we azatlyklar ýaly hukuklara we azatlyklara eýe bolýarlar.

Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlary öz ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryna hem-de konsullyk edaralaryna ýüz tutup bilmek hukugy bilen kepillendirilýär.

7-nji madda. Türkmenistanyň raýatynyň kowulmagyna, başga döwlete berilmegine ýa-da onuň watana dolanyp gelmek hukugynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýändigi

Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň çäklerinden daşary kowlup ýa-da onuň watana dolanyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez.

Türkmenistanyň öz gatnaşýan döwletara şertnamalarynda ýa-da halkara hukuk namalarynda (ylalaşyklarynda, konwensiýalarynda) Türkmenistanyň raýatyny başga döwlete bermegiň göz öňünde tutulýan halatlaryndan başga halatlarda ol başga döwlete berlip bilinmez.

8-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň döwlet tarapyndan goralmagy

Türkmenistan öz çäginde-de, onuň çäklerinden daşarda-da öz raýatlarynyň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goraýar.

Türkmenistan, onuň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary şu aşakdaky ugurda çäre görmäge, ýagny Türkmenistanyň raýatlarynyň öz bolýan ýurtlarynyň kanunlary arkaly, Türkmenistanyň hem-de şol bolunýan döwletiň gatnaşýan halkara şertnamalary arkaly özlerine berlen ähli hukuklardan doly derejede peýdalanmaga mümkinçilikleri bolar ýaly çäre görmäge borçludyrlar.

Eger Türkmenistanyň raýatlarynyň bolýan ýurdunda diplomatik wekilhanalar we konsullyk edaralar ýok bolsa, onda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goramak işini Türkmenistanyň döwletara şertnamalaryna laýyklykda beýleki döwletleriň degişli edaralary amala aşyryp bilerler.

9-njy madda Türkmenistanyň 12.06.2007 ý. № 124-III Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

10-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminama

Türkmenistanyň raýatynyň pasporty Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminama hasaplanýar.

Pasportyň nusgasyny, ony bermegiň tertibini we şertlerini Ministrler kabineti kesgitleýär.

16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň raýatlygy olaryň dogluş şahadatnamalary bilen ýa-da Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ene-atasynyň biriniň pasporty bilen tassyklanýar.

2-nji bap

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNY EDINMEK WE SAKLAMAK

11-nji madda. Raýatlygy edinmek üçin esaslar

Türkmenistanyň raýatlygy:

1) adamyň eneden dogan pursatyndan başlap;

2) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi netijesinde edinilýär;

3) Şu Kanunda göz öňünde tutulan başga esaslar boýunça.

12-nji madda. Ene-atalary Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çagalaryň raýatlygy

Çaganyň dogan pursatyna çenli ene-atasynyň ikisi hem Türkmenistanyň raýatlygynda durýan bolsalar, onda şol çaga hem Türkmenistanyň çäginde dogan bolsa-da, onuň çäklerinden daşarda dogan bolsa-da, Türkmenistanyň raýaty hasanlanýar.

13-nji madda. Ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çagalaryň raýatlygy

Çaganyň dogan pursatyna çenli çaganyň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygynda duran bolsa, onda şol çaga aşakdaky halatlarda Türkmenistanyň raýaty diýlip hasap edilýär:

1) eger çaga Türkmenistanyň çäginde doglan bolsa;

2)eger ol Türkmenistanyň çäklerinden daşarda doglan bolsa, emma ene-atasynyň ýa-da olaryň biriniň şol wagt Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bolan bolsa.

Ene-atasy dürli raýatlykda bolup, olardan biri çaganyň doglan pursatyna çenli Türkmenistanyň raýatlygynda duran bolsa hemem şol wagt çaganyň ene-atasynyň ikisiniň hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan ýeri bolan bolsa, onda çaganyň raýatlygy onuň ene-atasynyň ýazmaça görnüşde beýan eden ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär.

Çaganyň dogan pursatyna çenli onuň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygynda duran bolsa, beýlekisi bolsa raýatlygy bolmadyk adam bolan bolsa ýa-da ene-atasy näbelli bolsa, onda şeýle çaga nirede dogan hem bolsa Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar.

Çaganyň atalygy (kakasy) bellenen mahalynda çaganyň ejesi raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, Türkmenistanyň raýaty hem şonuň kakasy diýlip ykrar edilýän bolsa, onda 14 ýaşyna ýetmedik çaga haýsy ýerde doganam bolsa, Türkmenistanyň raýaty bolup galýar. Şol çaga Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan mahalynda, onuň raýatlygy ene-atasynyň ýazmaça beren arzasy boýunça kesgitlenilýär.

14-nji madda. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalarynyň Türkmenistanyň raýatlygyny edinmegi

Raýatlygy bolmadyk, ýöne Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýeri bolan adamlaryň Türkmenistanyň çäginde dogan çagasy Türkmenistanyň raýaty diýlip hasaplanýar.

15-nji madda. Ene-atasy näbelli çagalaryň raýatlygy

Ene-atasynyň ikisi hem näbelli bolup, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaga Türkmenistanda doglan we onuň raýaty diýlip hasaplanýar. Bu çaganyň ene-atasyndan biri, hossary ýa-da howandary ýüze çykan mahalynda onuň raýatlygy şu Kanuna laýyklykda üýtgäp biler.

16-njy madda. Nika baglaşylanda we nika bozulanda Türkmenistanyň raýatlygynyň edinilmegi we saklanylmagy

Türkmenistanyň raýatynyň beýleki bir döwletiň raýatlygynda durýan adam bilen ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bilen nika baglaşmagy, şeýle hem şeýle nikanyň bozulmagy är-aýalyň raýatlygynyň üýtgemegine getirmeýär.

Är-aýalyň biriniň raýatlygynyň üýtgemegi beýlekisiniň raýatlygynyň üýtgemegine getirmeýär.

Türkmenistanyň raýaty bilen nika baglaşan adam özüniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegini sorap arza ýazsa hem-de şu Kanunyň 18-nji maddasynda göz öňünde tutulan şertleri berjaý etse, ol Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýär.

17-nji madda. Beýleki döwletde ýaşaýan adamlarda Türkmenistanyň raýatlygynyň saklanmagy

Türkmenistanyň raýatlygynyň beýleki bir döwletiň çäginde ýaşamagy Türkmenistanyň raýatlygynyň ýatyrylmagyna eltmeýär.

18-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň şertleri

Adam şu aşakdaky halatlarda öz haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner. Eger ol:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmegi hem hormatlamagy özüne borç edinse;

2) Türkmenistanyň döwlet dilini gep alyşmagyň çäklerinde bilýän bolsa;

3) soňky 7 ýylyň içinde Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bar bolsa;

4) Türkmenistanyň çäginde gün-güzeran görmeginiň kanuny çeşmesi bar bolsa.

Aýratyn halatlarda, towakgaçynyň diňe şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji punktuny berjaý etmelidigi şerti bilen Prezidentiň ony Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmäge haky bardyr.

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegini sorap ýüz tutan adamyň haýyşy şu aşakdaky halatlarda kanagatlandyrylmaýar:

1) halkara hukugynda göz öňünde tutulan hyýanatçylykly hereketi - ynsançylyga garşy gönükdirilen jenaýaty eden bolsa ýa-da genosidi (bütin ilaty gyryp ýok etmegi) amala aşyran bolsa;

2) Türkmenistanyň garaşsyzlygyna garşy bilkastlaýyn çykyş edýän bolsa;

3) umumy jenaýatlara degişli agyr jenaýaty bilkastlaýyn edenligi üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza berlen bolsa.

Şu maddanyň üçünji böleginiň düzgüni şu Kanunyň 19, 20-nji maddalarynda we 49-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen adamlara hem degişli edilýär.

19-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygyny aňsat edinmek hukugy

Ozalky SSSR-iň döwletlerinden başga döwletlerde ýaşaýan we dünýä inen türkmenleriň Türkmenistanyň raýatlygyny aňsatlyk bilen edinmäge hukugy bardyr. Şeýle hukuk Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşap gelen, ýöne bu çäkden mejbur edilip göçürilen ýa-da syýasy ýa dini pähimlere görä yzarlanandyklary üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden adamlara, şeýle hem olaryň nesillerine hem berilýär.

Raýatlyk şeýle adamlara olaryň islegine görä hem-de şu Kanunyň 18-nji maddasynyň birinji böleginiň 1, 2, 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan şertler berjaý edilende berilýär.

20-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyny dikeltmek

Şu Kanunyň 21-nji maddasynda, 23-nji maddasynyň 1-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslara hem-de beýleki esaslara görä Türkmenistanyň raýatlygy ýatyrylan adamyň raýatlygy onuň haýyşy boýunça dikeldilip bilner, ýagny ol raýatlygynyň berilmegini haýyş edýän döwründe Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan bolsa ýa-da bu ýere göçüp gelmek niýeti bar bolsa, şeýle hem şu Kanunyň 18-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde kesgitlenen şertleri berjaý edýän bolsa dikeldilip bilner.

3-nji bap

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNY ÝATYRMAK. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNY DIKELTMEK

21-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyny ýatyrmak üçin esaslar

Türkmenistanyň raýatlygy aşakdaky ýagdaýlarda ýatyrylýar:

1) Türkmenistanyň raýatlygyndan çykylmagy sebäpli;

2) Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi sebäpli;

3) şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki esaslara görä.

22-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak

Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak işi şu Kanunda bellenen tertipde adamyň eden haýyşy boýunça amala aşyrylýar.

Eger raýatlykdan çykmak haýyşy bilen ýüzlenýän adam günäkärlenýän hökmünde jenaýat jogapkärçiligine çäkilen bolsa ýa-da şol adam barada kazyýetiň güýje giren we ýerine ýetirilmäge degişli hökümi bar bolsa, ýa-da döwlete, Türkmenistanyň raýatlaryna¸ Türkmenistanyň çäginde ýerleşen kärhanalara, guramalara we edaralara salgyt boýunça bergisi ýa-da başga üzülişmedik bergisi hem borçlary bar bolsa, onda onuň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagyna ýol berilmeýär.

23-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyny ýitirmek

Türkmenistanyň raýatlygy aşakdaky halatlarda ýitirilýär:

1) adamyň başga döwletde harby gulluga, howpsuzlyk gullugyna, polisiýa, adalat edaralaryna ýa-da beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna ýerleşmegi netijesinde, ýöne Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;

2) eger Türkmenistanyň raýatlygy göz-görtele ýalan maglumalaryň ýa-da galp resminamalaryň görkezilmegi netijesinde edinilen bolsa;

3) Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan esaslara görä.

Türkmenistanyň raýatlygynyň 1-nji bendi esasynda ýitirilmegi şu Kanunyň 34-nji maddasynda görkezilen ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan şol wakanyň bellige alnan (registrirlenen) wagtyndan başlanýar.

4-nji bap

ÇAGALARYŇ ENE-ATASYNYŇ RAÝATLYGY ÜÝTGÄN

WAGTYNDA WE ÇAGALAR PERZENTLIGE ALNAN

WAGTYNDA OLARYŇ RAÝATLYGY

24-nji madda. Çagalaryň ene-atasynyň raýatlygy üýtgän mahalynda çagalaryň raýatlygynyň üýtgemegi

Çagalaryň ene-atasynyň raýatlygynyň üýtgemegi netijesinde olaryň ikisi hem Türkmenistanyň raýatlary bolup galýan bolsalar ýa-da olaryň ikisi hem Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýan bolsalar, onda şoňa laýyklykda olaryň 14 ýaşa ýetmedik çagalarynyň hem raýatlygy üýtgeýär.

Eger çaganyň ene-atasynyň diňe haýsy hem bolsa biri mälim bolsa, onda şonuň raýatlygy üýtgän wagtynda degişli suratda 14 ýaşa ýetmedik çaganyň raýatlygy hem üýtgeyär.

Çaganyň ene-atasy ýa-da olardan biri (eger beýlekisi nämälim bolsa) Türkmenistanyň raýatlygyny üýtgeden wagtynda, şolaryň islegine görä, 16 ýaşa ýetmedik çagasy Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galyp biler.

Ene-atalyk hukuklaryndan mahrum edilen ene-atanyň raýatlygy üýtgän mahalynda çagalaryň raýatlygy üýtgemeýär.

25-nji madda. Çaganyň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygyny edinen wagtynda olaryň 14 ýaşa ýetmedik çagalarynyň hem Türkmenistanyň raýatlygyny edinmegi

Eger çaganyň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygyny edinýän bolsa, beýlekisi bolsa başga döwletiň raýaty bolmagynda galýan bolsa, onda şol çaganyň ene-atasynyň bilelikdäki haýyşy boýunça çaga Türkmenistanyň raýatlygyny edinip biler.

Eger çaganyň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygyny edinýän bolsa, beýlekisi bolsa raýatlygy bolmadyk adam bolup galýan bolsa, onda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaga Türkmenistanyň raýaty bolup galýar.

26-njy madda. Çagalaryň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygyndan çykan ýa-da ony ýitiren mahalynda 14 ýaşa ýetmedik çagalarynyň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmagy

Eger çaganyň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýan ýa-da raýatlygyny ýitirýän bolsa, beýlekisi hem Türkmenistanyň raýaty bolmagynda galýan bolsa, onda çaga Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar. Ene-atasynyň ikisiniň haýyşy boýunça şeýle çaga Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmaga rugsat berlip bilner.

27-nji madda. 14 ýaşa ýetmedik çaga perzentlige alnan wagtynda onuň Türkmenistanyň raýatlygyny edinmegi

Beýleki döwletiň raýaty bolup durýan ýa-da raýatlygy bolmadyk çaga Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan perzentlige alnanda ol Türkmenistanyň raýaty bolup galýar.

Başga döwletiň raýaty bolup durýan çagany perzentlige alýan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa, beýlekisi bolsa raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, onda şol çaga Türkmenistanyň raýaty bolup galýar.

Raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan çagany perzentlige alýan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa, onda şol çaga Türkmenistanyň raýaty bolup galýar.

Başga döwletiň raýaty bolup durýan çagany perzentlige alýan är-aýalyň biri Türkmenitanyň raýaty, beýlekisi bolsa başga döwletiň raýaty bolup durýan bolsa, onda şeýle çaga perzentlige alyjylaryň ýazmaça görnüşde beýan eden razylygy boýunça Türkmenistanyň raýaty bolup galýar.

28-nji madda. Özüne hossarlyk bellenen çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmagy

Eger Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan 14 ýaşa ýetmedik çaganyň ene-atasynyň ikisi-de ýa-da olaryň biri Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýan bolsa ýa raýatlygyny ýitirýän bolsa, üstesine-de ene-atalyk hukugyndan mahrum edilen bolsa, onda hossarlyk edýäniň haýyşyna görä, şol çaga Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar.

29-njy madda. 14 ýaşa ýetmedik çaga perzentlige alnanda onuň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmagy

Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çagany perzentlige alýan adamlar başga döwletiň raýatlary bolup durýan bolsalar, eger çaga Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan bolsa, Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar.

Perzentlige alýan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi bolsa başga döwletiň raýaty bolup durýan bolsa, şeýle halatda çaga Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar.

Şu maddanyň birinji we ikinji böleginde agzalyp geçilen halatlarda, perzentlige alyjylaryň haýyşyna görä şeýle çaga Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmaga rugsat berlip bilner.

Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çagany raýatlygy bolmadyk adam perzentlige alan bolsa ýa-da perzentlige alan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi bolsa raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, onda şeýle çaga Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar.

30-njy madda. Çagalaryň raýatlygy üýtgedilende olaryň razylygynyň zerurlygy

14 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalaryň, ene-atasynyň raýatlygy üýtgän wagtynda, şeýle hem olar perzentlige alnan wagtynda şol çagalaryň raýatlygy diňe olaryň ýazmaça görnüşdäki razylygy bilen üýtgedilip bilner.

5-nji bap

RAÝATLYK MESELELERI BARADA KARAR KABUL EDÝÄN EDARALAR WE OLARYŇ YGTYÝARLARY

31-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti

Türkmenistanyň raýatlygy baradaky meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidenti çözgüt kabul edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti raýatlyk meseleleri boýunça aşakdaky çözgütleri kabul edýär:

1) beýleki döwletleriň Türkmenistanyň çäginde hem-de onuň çäklerinden daşarda ýaşaýan raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda;

2) Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek hakynda;

3) Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarmak hakynda;

4) raýatlyga kabul etmek we dikeltmek hakyndaky haýyşlary kanagatlandyrmazlyk hakynda;

5) şu Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji we 3-nji bentleri esasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilýändigi hakynda.

32-nji madda. Raýatlyk hakyndaky resminamalary taýýarlaýan we resmileşdirýän edaralar

Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky resminamalary taýýarlamak we resmileşdirmek işini:

1) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan adamlar barasynda – Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy;

2) daşary ýurtlarda hemişelik ýaşaýan adamlar barasynda –Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi amala aşyrýarlar.

33-nji madda. Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň edaralarynyň ygtyýarlary

Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy we onuň ýerlerdäki edaralary:

1) Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlardan raýatlyk meseleleri baradaky arzalary kabul edýärler hem-de olary zerur resminamalar bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine iberýärler;

2) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyny ýitirendigini bellige alýarlar;

3) Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini kesgitleýärler.

34-nji madda. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarlary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, ygtyýarly wekilhanalary:

1) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan adamlardan Türkmenistanyň raýatlygy dogrusyndaky meseleler baradaky arzalary kabul edýärler hem-de olary zerur resminamaler bilen bilelikde Prezidentiň seretmegine iberýärler;

2) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyny ýitirendigini bellige alýarlar (registrirleýärler).

3) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistan raýatlarynyň hasabyny ýöredýärler;

4) daşary ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini kesgitleýärler.

Ýurtlaryň haýsydyr birinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary ýok bolsa, onda şol edaralaryň wezipelerini beýleki döwletleriň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary degişli şertnamalar esasynda ýerine ýetirýärler.

6-njy bap

RAÝATLYK MESELELERI BARADAKY IŞLERI ÝÖRETMEK

35-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygy baradaky meseleler boýunça berilýän arzalaryň görnüşleri we olary bermegiň tertibi

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, raýatlykdan çykmak ýa-da ony dikeltmek meselelerine munuň aladasyna çykýan adamyň ýazmaça arzasy bolanda garalýar.

Raýatlyk meseleleri boýunça arzalar şol arza berýänleriň hemişelik ýaşaýan ýerindäki Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň edaralarynyň üsti bilen, daşary ýurtlarda hemişelik ýaşaýan adamlar bolsa Türkmenistanyň degişli diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna berilýär.

Şu Kanunyň 4-nji babynda göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle hem kanunda bellenen tertipde hak-hukuklylyk ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlar babatynda Türkmenistanyň raýatlygy dogrusyndaky meseleler baradaky arzalary olaryň ene-atalary ýa-da beýleki kanuny wekilleri berýärler. Şol resminamalaryň aşagyna çekilen gol notarial tertipde tassyklanylýar. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan raýatlarynyň gollary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan tassykladylyp bilner.

36-njy madda. Raýatlyk meseleleri baradaky arzalar boýunça netije çykarmak hem-de raýatlyk meseleleri baradaky resminamalary bermegiň tertibi

Raýatlyk meseleleri boýunça arzalary resmileşdirýän Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň edaralary ýa-da Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary ýa-da ygtyýarly wekilhanalary şol arzalar boýunça özleriniň delillendirilen netijenamalaryny çykarýarlar.

Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy, Daşary işler ministrligi we Milli howpsuzlyk ministrligi arzalar boýunça öz netijenamalaryny ýa-da raýatlyk meseleleri boýunça teklipnamalaryny we beýleki zerur maglumatlary seretmek we çözgüt kabul etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberýärler.

Prezidentiň ýanyndaky raýatlyk meseleleri baradaky topar Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan her bir adamy, ýagny arza berijini Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň, raýatlykdan çykarmagyň ýa-da onuň raýatlygyny dikeltmegiň maksada laýykdygy-däldigi hakynda, şol sanda hem ony Türkmenistanda iş bilen, ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmegiň ýa-da oňa başga hili şert döretmegiň mümkinçiligi hakynda Prezidente delillendirilen netije ýazyp berýär.

Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak hakyndaky arzalar barada çykarylan netijede şu Kanunyň 21-nji maddasynda görkezilen meselelere degişli takyk maglumatlar beýan edilýär.

37-nji madda. Raýatlyk meseleleri baradaky resminamalara seretmegiň tertibi

Prezident raýatlyk meselelerine deslap seretmek üçin Raýatlyk meseleleri baradaky topary döredýär. Raýatlyk meseleleri barada Prezidentiň adyna gelýän resminamalara şol Topar seredýär.

Raýatlyk meseleleri baradaky arzalara we teklipnamalara seredende, Topar arza berijiniň getirýän delillerine, döwlet edaralarynyň teklipnamalarynyň, çykaran netijeleriniň mazmunyna, beýleki resminamalara hem-de degişli suratda resmileşdirilen şaýatlyk görkezmelerine hemmetaraplaýyn baha berýär.

Toparyň özüniň seretmeginde durýan iş boýunça resminamalary we materiallary degişli döwlet edaralaryndan hem-de jemgyýetçilik guramalaryndan talap edip almaga haky bardyr, olar bolsa zerur maglumaty Toparyň bellän möhletinde berýärler.

Topar her bir arza ýa-da teklipnama baradaky teklipleri Prezidentiň seretmegine hödürleýär.

Toparyň mejlisine onuň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, onda ol doly hukukly hasap edilýär. Toparyň çözgüdi sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Toparyň çözgüdi teswirnama bilen resmileşdirilýär, oňa bolsa Toparyň mejlise gatnaşan ähli agzalary gol çekýär.

38-nji madda. Raýatlyk meseleleri boýunça namalar

Türkmenistanyň Prezidenti raýatlyga kabul etmek, raýatlygy dikeltmek we ondan çykmak meseleleri barada perman çykarýar, haýyşnama kanagatlandyrylmadyk wagtynda hem-de şu Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji we 3-nji bentleri esasynda raýatlyk ýitirilen mahalynda bolsa karar çykarýar.

39-njy madda. Raýatlyk meseleleri baradaky arzalara seretmegiň möhleti

Raýatlyk meseleleri baradaky arzalara seretmegiň möhleti alty aýdan aňry geçmeli däldir.

40-njy madda. Raýatlyk meseleleri baradaky haýyşnamalara gaýtadan seretmek

Raýatlyga kabul etmek, raýatlygy dikeltmek we ondan çykmak meseleleri barada gaýtadan berlen arzalara şol raýatlyk meselesi boýunça ozalky çözgüdiň kabul edilen wagtyndan bir ýyl geçenden soň seredilýär. Eger bu işde arza berijä mälim bolmadyk, mälim bolup-da bilmejek täze bir düýpli ýagdaý ýüze çykaýsa, gaýtadan berlen haýyşnama şondan ir hem seredilip bilner.

41-nji madda. Raýatlygy edinmegiň, ýitirmegiň we raýatlykdan çykmagyň möhletini hasaplamak

Türkmenistanyň raýatlygy:

1) Prezidentiň raýatlyga kabul etmek hakyndaky Permanynyň çykan güni;

2) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň eneden dogan ýa-da perzentlige alnan güni;

3) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ene-atasyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Prezidentiň Permanynyň çykan güni edinilýär.

Şu Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji we 3-nji bentleri esasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi şu mesele boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň kabul edilen gününden hasaplanýar.

Raýatlygyň dikeldilmegi şu mesele boýunça Prezidentiň Permanynyň kabul edilen gününden hasaplanýar.

42-nji madda. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýyş möhletini hasaplamak

Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşalmagyň möhletine, ýagny şu Kanunyň 18-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen möhlete aşakdakylar girýär:

1) goşunda gulluk edilen wagt - eger şol gulluk eden adam gulluk etmezden ozal Türkmenistanda ýaşan bolsa hemem goşundan boşan güni bilen Türkmenistana hemişelik ýaşamak üçin gelen gününiň aralygyndaky arakesme alty aýdan aňry geçmeýän bolsa;

2) Türkmenistanyň çäklerinden daşarky ýerlerde okalan wagt – eger okuwyň gutarylan ýa-da okuwdan çykarylan wagt bilen Türkmenistana gelnen günüň aralygyndaky arakesme alty aýdan aňry geçmeýän bolsa;

3) Türkmenistanyň çäklerinden daşarky ýerlere iş saparyna gidilen wagt – eger iş saparynyň tamamlanan wagty bilen Türkmenistana gelnen günüň aralygyndaky arakesme alty aýdan aňry geçmeýän bolsa.

Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen alty aýlyk möhletiň hasaplanylyşy adam näsaglan halatynda, tebigy betbagtçylyga uçralan wagtynda ýa-da beýleki ýerlikli sebäplere görä wagtlaýyn togtadylýar.

Beýleki döwletleriň kazyýet edaralary tarapyndan bellenen jenaýat temmi çäreleriniň çekilen wagty, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde iş saparynda, kesel bejeriş edarasynda bolunmagy hem-de wagtlaýyn ýaşamagyň beýleki halatlary Türkmenistanyň çäginde ýaşamagyň möhletine girizilmeýär.

Prezident Türkmenistanyň çäginde adamyň başga hili ýagdaýlara görä-de bolup bilmedik wagtyny ykrar edip, ony Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşamagyň möhletine girizmäge haklydyr.

Adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna degişliliginiň ýatyrylmagyndan ozalky döwür Türkmenistanyň çäginde ýaşamagyň möhletine girizilmeýär.

7-nji bap

RAÝATLYK MESELELERI BARADAKY ÇÖZGÜTLERI ÝERINE ÝETIRMEK

43-nji madda. Raýatlyk meseleleri boýunça çözgütleri ýerine ýetirýän edaralar

Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlar barada raýatlyk meseleleri boýunça çözgütleri ýerine ýetirmek işi Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugyna we onuň ýerlerdäki edaralaryna ýüklenilýär, başga döwletde ýaşaýan adamlar barasynda bolsa – Türkmenistanyň Daşary işler minisrtligine, degişli diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna hem-de ygtyýarly edaralaryna ýüklenilýär.

Türkmenistanyň raýatlygyny edinen adamlara degişli etrabyň ýa şäheriň häkimi ýa-da diplomatik wekilhanalar ýa konsullyk edaralary Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny gowşurýarlar. 16 ýaşa ýetmedik çagalaryň resminamalarynda olaryň Türkmenistanyň raýatlygyna degişliligi hakynda ýazgy ýazylýar.

Türkmenistanyň raýatlygy ýatyrylan adamlar Türkmenistanda ýaşamagyny dowam etdirseler, olara Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň edaralary ýaşamak üçin ygtyýarnama berýärler.

44-nji madda. Raýatlyk meseleleri baradaky çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek

Raýatlyk meseleleri baradaky çözgütleriň ýerine ýetirilişine Prezidentiň ýanyndaky Raýatlyk meseleleri baradaky topar gözegçilik edýär.

45-nji madda. Raýatlyk meseleleri baradaky haýyşnamalara seretmegiň tertibi

Türkmenistanyň raýatlygyna degişli meseleler baradaky haýyşnamalara seretmegiň hem-de kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmegiň tertibini Prezident kesgitleýär.

8-nji bap

RAÝATLYK MESELELERINE DEGIŞLI ÇÖZGÜTLER BARASYNDA ŞIKAÝAT ETMEK

46-njy madda. Raýatlyk meselelerine degişli çözgütler barasynda şikaýat etmek

Raýatlyk meseleleri baradaky çözgütlere Prezident tarapyndan täzeden seredilip bilner.

Raýatlyk meselelerine degişli çözgütler barasyndaky şikaýatlar Prezidentiň adyna berilýär.

47-nji madda. Raýatlyk meseleleri barada wezipeli adamlaryň edýän bikanun hereketleri hakynda şikaýat etmek

Raýatlyk meseleleri barada berilýän arzalary kabul etmekden esassyz ýüz dönderilmegi, arzalara seretmek möhletleriniň bozulmagy, şeýle hem wezipeli adamlaryň raýatlyk hakyndaky işlere seretmegiň tertibini hem-de raýatlyk meseleleri baradaky çözgütleri ýerine ýetirmegiň tertibini bozýan beýleki bikanun hereketleri hakynda tabynlylyk basgançagy boýunça ýokarda durýan wezipeli adama ýa-da kazyýete kanunda bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

9-njy bap

DÖWLETARA WE HALKARA ŞERTNAMALARY

48-nji madda. Döwletara we halkara şertmamalarynyň ulanylyşy

Eger Türkmenistanyň döwletara ýa-da halkara şsrtnamasynda şu Kanunda görkezilen kadalardan başga hili kadalar bellenen bolsa, onda döwletara ýa-da halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

10-njy bap

GEÇIŞ DÜZGÜNLER

49-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygyny ykrar etmek

Şu Kanunyň güýje girizilýän wagtyna çenli Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ozalky SSSR raýatlarynyň hemmesi, eger Türkmenistanyň raýatlygy bolmakdan ýazmaça görnüşde ýüz döndermeseler, Türkmenistanyň raýatlary diýlip ykrar edilýär.

Şu Kanunyň güýje girizilmezinden ozal Türkmenistanyň çäginde dogan we ozalky SSSR-iň beýleki döwletlerine hemişelik ýaşamak üçin giden ozalky SSSR raýatlary eger şu Kanunyň güýje girizilen gününden beýläk bir ýylyň dowamynda özleriniň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmak isleýändiklerini ýazmaça tassyk etseler, olar Türkmenistanyň raýatlary diýlip ykrar edilýär. Şu düzgün ýokarda görkezilen adamlaryň häzirki önüp ösüp ýören nesillerine hem degişlidir.

50-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarky ýerlere wagtlaýyn gidenleriň hukuklary

Türkmenistanyň çäklerinden daşarky ýerlere:

möhletli hakyky harby gulluga çagyrylmagy netijesinde;

ätiýaçdaky ofiserleriň hakyky harby gulluga çagyrylmagy netijesinde;

zähmet, gulluk gatnaşyklary sebäpli ýa-da okuwa, keselini bejertmäge, daşary ýurda işlemäge iberilmegi (nirede jaýa ýazylandygyna garamazdan) sebäpli;

terbiýelemek üçin döwletiň çagalar edaralaryna ýerleşdirmek, dogan-garyndaşlaryna, hossarlaryna ýa-da howandaryna bermek, ýa-da hossarlyk ýa howandarlyk wezipesini ýerine ýetirmek maksady bilen wagtlaýyn giden adamlar şu Kanunyň 49-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýanlar diýlip ykrar edilýär.

51-iji madda. SSSR Raýatynyň pasportyny ulanmak

Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny alýançalar SSSR raýatynyň pasportyny ulanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW

Aşgabat şäheri

1992-nji ýyl, 30-njy sentýabr

№ 740 - XII

Ссылается на