Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 30.03.2012

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakynda

Последний известный официальный текст до 2012-03-31

Обновлено на портале · 16.08.2026

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakynda

+99362189555

«Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen № 286-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý.¸ № 5¸ 41- madda)

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky şu Kanun deňiz we materik ekologiýa sistemalarynyň, tebigy baýlyklaryň, ylmy ýa-da gözellik (estetiki) jähetden aýratyn gymmatly bolan territoriýalaryň, tebigat ýadygärlikleriniň, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek duş gelýän hem-de ýok bolup gitmek howpy astynda durýan görnüşleriniň goralyp saklanmagyny üpjün etmek üçin niýetlenendir. Şu Kanun ekologiýa, ylmy, medeni-öwreniş, dikeldiş-sagaldyş ýa-da gözellik jähetden aýratyn gymmatly bolan tebigy kompleksleri we aýry-aýry obýektleri abat saklamagyň zerur hukuk esaslaryny beýan edýär.

I bölüm

UMUMY DUZGÜNLER

1-nji madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky kanunlaryň wezipesi we maksady

Ekologiýa, ylmy, medeni-öwreniş, dikeldiş-sagaldyş ýa-da gözellik (estetiki) taýdan aýratyn gymmatly bolan, tebigy resurslaryň, aýratyn gymmatly ýa-da seýrek duş gelýän aýry-aýry tebigy kompleksleriň we obýektleriň deňeçerligini, baýlygyny, köpgörnüşliligini¸ tebigy sredanyň ýokary hildäki ýagdaýyny hem-de peýdaly sypatlaryny abat saklamak we dikeltmek maksady bilen, döwletiň aýratyn goragy astyna alnan tebigy sredanyň (ýerleriň, tokaýlaryň, suwlaryň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň) uçastoklary, tebigy kompleksler we aýry-aýry obýektler aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary diýlip hasap edilýär.

2-nji madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky kanunlar

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky kanunlar şol territoriýalary saýlap almak, aýratyn belläp goýmak (yglan etmek), goramak, peýdalanmak we dikeltmek barasyndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky kanunlara şu Kanun hem-de şu Kanuna ters gelmeýän we şoňa laýyklykda ýerleri, suwlary, ýerasty baýlyklary, atmosfera howasyny, tokaýlary, haýwanat we ösumlik dünýäsini goramak hem-de peýdalanmak hakynda çykarylýan ýörite kanunçylyk aktlary we töwerekdäki sredany goramak hem-de tebigy resurslardan peýdalanmak baradaky beýleki kanunlar degişlidir.

3-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň hem-de ýerli häkimiýet we dolandyryş organlarynyň aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary guramak, goramak we peýdalanmak baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekdäki ygtyýarlary (kompetensiýasy)

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň hem-de ýerli häkimiýet we dolandyryş organlarynyň aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny guramak, goramak we peýdalanmak baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekdäki ygtyýarlary «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.

4-nji madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň kategoriýalary we statusy

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary - munuň özi ýerleriň, suwlaryň (akwatoriýalaryň) uçastoklarydyr, ýagny tebigy kompleksleri ýa-da aýry-aýry tebigat obýektlerini öz içine alýan hemem özleri üçin aýratyn goramak we peýdalanmak düzgüni bellenýän uçastoklardyr.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryna azaly dörän ýa-da emeli usul bilen döredilen hem-de ekologiýa, tebigaty goraýyş, ylmy, geologiýa, taryhy-medeni, gözellik, sagaldyş babatda aýratyn ähmiýeti bolan tebigy kompleksler we tebigat obýektleri degişli edilip bilner.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary halkara, döwlet we ýerli ähmiýete eýe bolup biler. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny halkara, döwlet we ýerli ähmiýetli obýektlere degişli etmek işi Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryna döwlet gorughanalary (şol sanda hem biosfera gorughanalary), döwlet zakaznikleri, döwlet tebigy ýadygärlikleri, sagaldyş maksady üçin niýetlenen döwlet tebigy territoriýalary diýen status berilýär.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň tebigaty goraýyş duzgüniniň degerli derejede bolmagyny üpjün etmek üçin, olaryň gorag zonalary bellenip bilner. Gorag zonalaryny bellemek, olaryň möçberi we düzgüni (režimi) hakyndaky meseleler aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň döredilmegi bilen bir wagtda çözülýär.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň biologik taýdan köpgörnüşliligini, ekologik taýdan deňeçerligini saklamak we biosferanyň monitoringini amala aşyrmak üçin niýetlenen ýerleri Türkmenistanda aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň fonduny emele getirýär.

5-nji madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny guramak, goramak we peýdalanmak barasyndaky döwlet dolandyryşy hem-de döwlet kontrollygy

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny guramak, goramak we peýdalanmak barasyndaky döwlet dolandyryşyny we kontrollygyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti, ýerli häkimiýet organlary, şeýle hem muňa ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlary Türkmenistanyň kanunlarynda bellenýän tertipde amala aşyrýarlar.

6-njy madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň döwlet kadastry

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň döwlet kadastry tebigy kompleksiň statusy, ýerleşişi, hil sypatlary, territoriýalaryň ekologiýa, ylmy, geologiýa, aň-bilim, ykdysady, taryhy, medeni gymmatlylygy we gaýry gymmatlylygy hakyndaky zerur maglumatlar sistemasyny öz içine alýar.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň döwlet kadastry Türkmenistandaky aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň fondunyň ýagdaýyna baha bermek, şeýle territoriýalaryň, toparyny ösdürmegiň perspektiwalaryny kesgitlemek, olaryň goralmagyny, paýhasly peýdalanmagyny guramak hem-de ylmy barlaglary planlaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem regiony sosial-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de öndüriji güýçleri ýerleşdirmek wezipeleri çözülende şol meseleleri nazarda tutmak üçin ýerli häkimiýet we dolandyryş organlaryny hem-de gyzyklanýan kärhanalary, guramalary we edaralary kadastrdaky maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen ýöredilýär.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň döwlet kadastry döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýöredilýär.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

7-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny guramaga, goramaga we peýdalanmaga gatnaşmagy

Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň ustawlaryna we düzgünnamalaryna laýyklykda, şeýle hem graždanlar aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny guramak, goramak, peýdalanmak baradaky döwlet organlarynyň bellän çärelerini durmuşa geçirmäge gatnaşyp bilerler.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny guramak, goramak we peýdalanmak baradaky döwlet dolandyryş we kontrollyk organlary çäreler durmuşa geçirilende jemgyýetçilik guramalarynyň we graždanlaryň şol territoriýalary goramak hem-de maksada laýyk peýdalanmak baradaky tekliplerini ähli çäreler bilen goldamaga borçludyrlar.

II bölüm

DÖWLET GORUGHANALARY (ZAPOWEDNIKLERI)

8-nji madda. Döwlet gorughanalarynyň maksatlary we wezipeleri

Döwlet gorughanalary haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetiki fonduny, tipiki we seýrek duş gelýän ekologik hem geologik sistemalary we landşftlary abat saklamak hem-de öwrenmek, tebigy hadysalaryň özakymyna dowam etmegini üpjün etmek üçin şert döretmek, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilýär hem-de olar tebigaty goraýyş we ylmy-barlag edaralary hasaplanýar.

Döwlet gorughanalaryna şu aşakdaky esasy wezipeler ýüklenýär:

gorughanalaryň bütin tebigy kompleksini tebigy ýagdaýda saklamak;

haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini aman saklamak hem-de olary ekologiýa taýdan durnukly derejä çenli dikeltmek (köpeltmek), tebigatyň biologik köpgörnüşliligini-köpdürlüliligini saklamak;

biosfera barada ylmy barlaglary we onuň monitoringini geçirmek, tebigy resurslaryň goralmagyny we peýdalanylmagyny kämilleşdirmek baradaky ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary taýýarlamak;

tebigaty goramak we gorughana (zapowednik) işi babatynda ylmy kadrlaryň hem-de spesialistleriň taýýarlanmagyna ýardam etmek;

ekologiýa baradaky bilimleri ýaýratmak.

9-njy madda. Döwlet gorughanalaryny döretmegiň tertibi we statusy

Döwlet gorughanalary Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde döredilýär.

Döwlet gorughanasy ýuridik tarap hasaplanýar we ol döwlet gorughanasy hakyndaky düzgünnama esasynda işleýär hem-de býužetde durýar.

10-njy madda. Döwlet gorughanalarynyň duzgüni (režimi)

Döwlet gorughanalarynyň territoriýasynda gorughanalaryň wezipelerine ters gelýän, tebigy hadysalaryň özakymly ösmegini bozýan ýa-da tebigy komplekslere we obýektlere zyýanly täsir etmek howpuny döredýän hojalyk işi hem-de başga işler gadagan edilýär, hususan-da şu aşakdakylara ýol berilmeýär:

gorughanalaryň gidrologik düzgünini (režimini) üýtgedýän hereketlere;

gorughanalaryň alyp barýan işi bilen baglanyşykly bolmadyk jaýlaryň, desgalaryň, ýollaryň, truboprowodlaryň, elektrik toguny geçiriji liniýalaryň hem-de beýleki kommunikasiýalaryň we obýektleriň gurulmagyna;

geologiýa-gözleg işlerine hem-de peýdaly magdanlaryň gazylyp alynmagyna;

toprak örtüginiň bozulmagyna, minerallaryň çykýan ýerleriniň weýran edilmegine hem-de dag-magdan jisimleriniň ýalaňaçlanmagyna;

tokaýdan peýdalanmagyň ähli görnüşlerine, ot-iýmlik otlaryň, dermanlyk we gaýry ösümlikleriň, gülleriň, tohumlaryň taýýarlanmagyna, mal bakylmagyna hem-de ösumlik dünýäsiniň ösümlik örtüginiň bozulmagyna getirýän başga hili peýdalanylmagyna;

aw awlanmagyna, balyk tutulmagyna, haýwanlaryň tutulmagyna we ýok edilmegine, haýwanlaryň, mekan tutuş sredasynyň bozulmagyna;

haýwanlaryň we ösumlikleriň täze görnüşleriniň şol ýere getirilip ýerleşdirilmegine (utgunlaşdyrylmagyna) hem-de haýwanlaryň aýry-aýry görnüşleriniň sanyny şol ýeriň tebigy göwrümine görä ýol berilýän çäkden köp artdyrmak baradaky çäreleriň geçirilmegine;

kolleksiýa üçin materiallaryň toplanmagyna, ýöne gorughananyň özünde ylmy barlaglary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan materiallar muňa girmeýär;

dökün hökmünde hem-de ösumliklere we haýwanlara zyýan beriji mör-möjeklere, ösümlikleriň we haýwanlaryň kesellemegine garşy göreşmek uçin, şeýle hem haýwanlaryň sanyny duzgunleşdirmek üçin himiki jisimleriň hem-de preparatlaryň ulanylmagyna;

umumy peýdalanylýan gury we suw ýollaryndan başga ýerlerden öý haýwanlarynyň sürlüp geçirilmegine, mehanizirlenen transport serişdeleriniň ýöremegine;

emeli usul bilen edilýän gykylyk-sesleriň we akustik täsirleriň bellenen normadan artyk bolmagyna.

Döwlet gorughanalarynda şu aşakdakylaryň edilmegine ýol berilýär:

adam ýaşaýşy jähtinden ýaramaz täsirlere sezewar bolan kompleksleri we aýry-aýry tebigy obýektleri dikeltmek hem-de olaryň üýtgemeginiň öňüni almak baradaky çäreleriň durmuşa geçirilmegine;

ýangyna garşy çäreleriň we sanitariýa çäreleriniň geçirilmegine, şeýle hem ylmy-barlag işlerini we gorughananyň beýleki wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan işleriň alnyp barylmagyna;

gorughananyň administrasiýasynyň razylygy bilen onuň territoriýasynda graždanlaryň bolmagyna.

11-nji madda. Döwlet gorughanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işi

Döwlet gorughanalarynda ylmy-barlag işi bolup geçýän ekologik ýagdaýa baha bermek we ony çaklamak, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, biosferanyň biologik köp görnüşliligini saklamak, tebigy baýlyklary köpeltmek we paýhasly peýdalanmak maksady bilen tebigy kompleksleri, aýry-aýry tebigy obýektleri öwrenmek barada ýylboýy alnyp barylýan stasionar gözegçilikleri we tejribe barlag işlerini guramak arkaly geçirilýär.

III bölüm

DÖWLET ZAKAZNIKLERI

12-nji madda. Döwlet zakazniklerini döretmegiň maksady we tertibi

Döwlet zakaznikleri tebigy komplekse girýän aýry-aýry duzüm böleklerini zakaznigiň öňünde goýlan tebigaty goraýyş wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan döwrüň dowamynda abat saklamak, köpeltmek, dikeltmek maksady bilen döredilýär.

Döwlet zakaznikleri Türkmenistanyň kanularynda bellenen tertipde döredilýär. Territoriýanyň (akwatoriýanyň) döwlet zakaznigi diýip yglan edilmegi degişli ýer uçastogynyň (suw obýektiniň) olara eýelik edýäniň we olardan peýdalanýanyň elinden alynmagyna getirmeýär.

13-nji madda. Döwlet- zakaznikleriniň düzgüni (režimi)

Döwlet zakaznikleriniň territoriýasynda zakaznikleriň maksadyna garşy gelýän işiň görnüşleri çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.

Döwlet zakaznikleriniň düzgüniniň maksady, wezipeleri we aýratynlyklary döwlet zakaznikleri hakyndaky düzgünnama esasynda kesgitlenilýär.

Döwlet zakaznigini döretmek we onuň işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly çykdajylar býužet serişdeleriniň we beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

IV bölüm

DÖWLET TEBIGAT ÝADYGÄRLIKLERI

14-nji madda. Umumy düzgünler

Seýrek duş gelýän, ekologik, ylmy, geologik, taryhy-medeni we gözellik (estetiki) jähetden gymmatly bolan tebigy obýektler döwlet tebigat ýadygärlikleri diýlip yglan edilýär.

Tebigy obýektleri döwlet tebigat ýadygärlikleri diýip yglan etmek işi Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

Tebigy obýektleriň döwlet tebigat ýadygärlikleri diýlip yglan edilmegi degişli ýer uçastoklarynyň (suw obýektleriniň) olara eýelik edýänleriň we olardan peýdalanýanlaryň elinden alynmagyna getirmeýär.

15-nji madda. Döwlel tebigat ýadygärlikleriniň düzgüni (režimi)

Tebigy obýekti döwlet tebigat ýadygärligi diýip yglan etmek hakynda karar kabul edýän döwlet organlary şol tebigy ýadygärligi goramagyň düzgunini belleýärler, gorag şahadýatnamasyny resmileşdirýärler hem-de tebigat ýadygärliginiň goralmagyny üpjün etmek barada jogapkär bolan guramany kesgitleýärler.

Özleriniň territoriýasynda (akwatoriýasynda) döwlet tebigat ýadygärlikleri bolan ýa-da alyp barýan işleri şol ýadygärlikleriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljek kärhanalar, edaralar we guramalar şol ýadygärlikleri goramagyň bellenen düzgünini berjaý etmäge borçludyrlar.

Döwlet tebigat ýadygärlikleriniň ýerleşýän territoriýasynda we onuň töweregindäki zonalarda tebigat ýadygärlikleriniň abat durmagyna howp salýan işleriň geçirilmegi çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.

Döwlet tebigat ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmek üçin çykarylýan çykdajylar býužet serişdeleriniň we beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

V bölüm

SAGALDYŞ MAKSATLARY ÜÇIN NIÝETLENEN

TEBIGY TERRITORIÝALAR

16-njy madda. Umumy düzgünler

Ilatyň keselini bejermegi hem-de kesellemeginiň öňüni almagy guramak üçin ýaramly tebigy şypalary (mineral, termal¸ kesel bejeriş suwlary we laýlary, tebigatyň landşaft-howar hem-de beýleki peýdaly resurslary we häsiýetleri bolan territoriýalar (akwatoriýalar) sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen tebigy territoriýalara deňişli edilip hem-de şol territoriýalary goramagyň degişli düzgüni (režimi) bellenip bilner.

Territoriýalary (akwatoriýalary) sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen tebigy territoriýalara degişli etmek işini Türkmenistan Hökümeti geçirýär.

Sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen tebigyterritoriýalar olaryň kesel bejeriş häsiýetli tebigy baýlyklarynyň we sagaldyş häsiýetleriniň paýhasly peýdalanylmagyny hem-de abat saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen bölünip berilýär.

17-nji madda. Sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen tebigy territoriýalaryň düzgüni (režimi)

Sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen tebigy territoriýalaryň çäklerinde kesel bejeriş häsiýetleri bolan tebigy baýlyklaryň hiliniň ýaramazlaşmagyna we paýawlamagyna getirip biljek işleriň geçirilmegi gadagan edilýär (çäklendirilýär).

Ilatyň keselini bejermegi we kesellemeginiň öňüni almagy guramak üçin ýakymly tebigy şertleri saklamak maksady bilen, sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen territoriýada sanitariýa gorag okruglary döredilýär.

VI bölüm

AÝRATYN GORALÝAN DÖWLET TEBIGY TERRITORIÝALARYNYŇ GORALMAGYNY GURAMAK

18-nji madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territorwýalary goramak

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary tebigaty goraýjy ýörite gulluklar Türkmenistanyň kanunlarynda bellenýän tertipde goraýarlar.

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň tebigaty goraýjy gulluklarynyň işgärleri gulluk wezipelerini ýerine ýetirenlerinde olara töwerekdäki tebigy sredanyň goralyşyna we tebigy resurslaryň peýdalanyşyna döwlet kontrollygyny edýän organlaryň wezipeli adamlarynyň hukuklary ýaly hukuk berilýär.

VII bölum

AÝRATYN GORALÝAN DÖWLET TEBIGY TERRITORIÝALARYNYŇ DÜZGÜNINIŇ (REŽIMINIŇ) BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK WE ÝETIRILEN ZYÝANYŇ

ÖWEZINI TÖLEMEK

19-njy madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň düzgüniniň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalarynyň düzgünini bozmakda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda administratiw, graždan ýa-da jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.

20-nji madda. Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky kanunlaryň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek

Ýuridik taraplar, şeýle hem graždanlar aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalaryny goramagyň we peýdalanmagyň düzgünini bozmak arkaly ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunlarynda bellenýän meçberde we tertipde tölenmäge borçludyrlar.

VIII bölüm

HALKARA ŞERTNAMALARY

21-nji madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakyndaky Türkmenistan kanunlarynda görkezilen kadalardan başga hili kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar, ýöne Türkmenistanda has berk talaplaryň ýöreýän halatlary muňa girmeýär.

Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW

Aşgabat şäheri

1992-nji ýyl, 19-njy maý

№ 702 - XII

На этот материал ссылаются