Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 24.03.2011

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda

Последний известный официальный текст до 2011-03-25

Обновлено на портале · 12.08.2026

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda

«Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2011-nji ýylyň

25-nji martynda kabul edilen № 169-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

XXXII - 7

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 99- madda)

(Türkmenistanyň 24.11.1995 ý., № 85-1, 19.12.2000 ý., № 55-II, 14.06.2003 ý. № 182-II, 12.02.2007 ý. № 124-III we 10.05.2010 ý. № 110-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler

we goşmaçalar bilen)

I bölüm.

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary

Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan hem-de özüniň daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişliliginiň subutnamalary bar bolan adamlar Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary diýlip ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryna kanunda göz öňünde tutulan hukuklar we azatlyklar kepillendirilýär.

2-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky kanunlar

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky Türkmenistanyň kanunlary şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny kestitleýän Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryndan ybaratdyr.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda hem kesgitlenilip bilner.

3-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri

Eger Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryndan başga zat gelip çykmaýan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary bilen birmeňzeş hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de birmeňzeş borçlary çekýärler.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, haýsy jynsa we millete degişliligine, aýal-erkekligine, bilimine, diline, dine bolan garaýşyna, meşgullanýan işiniň kysmyna we häsiýetine hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, kanunyň öňünde deňdirler.

Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary we azatlyklary barada ýörite çäklendirmeler girizilen döwletleriň raýatlary barada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan jogap çäklendirmeleri bellenilip bilner.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň peýdalanylmagy jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine, Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna sarpa goýmak we Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý etmek borjy

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň berlen hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy olaryň Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen borçlary ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna sarpa goýmaga we Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý etmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryna hormat bilen garamaga borçludyrlar.

5-nji madda. Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan

daşary ýurt raýatlary

Eger daşary ýurt raýatlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan bellenilen tertipde berlen rugsatnamalar we ýaşamak üçin ygtyýarnamalar bar bolsa, olar Türkmenistanda ýaşap bilerler. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

Başga bir kanuny esasda Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan adamlar diýlip hasap edilýär. Olar öz daşary ýurt pasportlaryny ýa-da olaryň ornuny tutýan dokumentleri bellenilen tertipde hasaba goýmaga hem-de özleri üçin bellenilen boluş möhleti tamamlanandan soň, Türkmenistandan gitmäge borçludyrlar.

6-njy madda. Gaçybatalga bermek

Türkmenistan öz ýurtlarynda syýasy, milli ýa-da dini ygtykatlary üçin yzarlanylýan daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga hukugyny berýär.

Gaçybatalga bermek hakyndaky meseläni Türkmenistanyň Prezidenti çözýär.

II bölüm.

TÜRKMENISTANDAKY DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ ESASY HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY

7-nji madda. Zähmet işi

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenilen esaslarda we tertipde kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işçiler ýa-da gullukçylar hökmünde işläp ýa bolmasa başga bir zähmet işi bilen meşgullanyp bilýärler.

Eger Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlarynyň zähmet işi olaryň Türkmenistanda bolmagynyň maksatlaryna laýyk gelýän bolsa we olaryň zähmet işiniň görnüşi Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelmeýän bolsa, olar Türkmenistanda zähmet işi bilen meşgullanyp bilýärler.

Eger aýry-aýry wezipelere bellemek ýa-da belli bir zähmet işi bilen meşgullanmak Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna degişlilik bilen baglanyşykly bolsa, daşary ýurt raýatlary şol wezipelere bellenilip ýa-da şol zähmet işi bilen meşgullanyp bilmeýärler.

Daşary ýurt raýatlary zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň raýatlary bilen birmeňzeş hukuklardan peýdalanýarlar we birmeňzeş borçlary çekýärler.

8-nji madda. Dynç alyş

Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda dynç almak hukugy bardyr.

9-njy madda. Saglygy goramak

Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlarynyň saglygyny goramaga hukugy bardyr.

Daşary ýurt raýatlary saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň we lukmançylyk hyzmatyndan Türkmenistanyň, kanunlary tarapyndan bellenen esaslarda we tertipde peýdalanýarlar.

10-njy madda. Durmuş üpjünçiligi

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy hem-de döwletara ylalaşyklary arkaly bellenilen esaslarda we tertipde kömek pullaryny, pensiýalary hem-de durmuş üpjünçiliginiň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

11-nji madda. Ýaşaýyş jaý bermek

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr.

12-nji madda. Emläk hukuklary we emläk bilen baglanyşykly däl şahsy hukuklar

Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanda eýeçilik hukugy esasynda ýaşaýyş jaýy we başga emlägi bolup biler, olar emlägi miras alyp hem-de wesýet edip biler, olaryň ylym, edebiýat we sungat eserleri, açyşlar, oýlap tapyşlar, rasionalizatorçylyk teklipler, senagat nusgasy babatda awtorlyk hukuklary bolup biler, şeýle hem başga emläk hukuklary we emläk bilen baglanyşykly däl şahsy hukuklary bolup biler.

13-nji madda. Bilim almak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede bilim almaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň okuw jaýlaryna kabul edilen daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunlaryna, şeýle hem haýsy döwletiň raýatlary bolsalar, şol döwletler bilen bar bolan ylalaşyklara laýyklykda okuwçylaryň hem-de talyplaryň hukuklaryndan peýdalanýarlar we borçlaryny çekýärler.

14-nji madda. Medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary taryhy we medeni ýadygärliklere, beýleki medeni gymmatlyklara aýawly garamaga borçludyrlar.

15-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak

Eger jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalarynda bu göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerine girmek hukugy bardyr. Daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň agzasy bolmagy "Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny arkaly düzgünleşdirilýär.

16-njy madda. Dinleriň we dini ygtykatlaryň azatlygy

Turkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlaryna dinleriň we dini ygtykatlaryň azatlygy Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede kepillendirilýär.

Dini ynançlar bilen baglanyşyklylykda duşmançylygy we ýigrenç duýgusyny ojükdirmek gadagandyr.

17-nji madda. Nika we maşgala gatnaşyklary

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen we öz aralarynda nikalaşyp we nikasyny bozup bilýärler.

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary nika we maşgala gatnaşyklarynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary çekýärler.

18-nji madda. Şahsyýetiň we ýaşaýyş jaýynyň eldegirilmesizligi

Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanda şahsyýetiň we ýaşaýyş jaýynyň eldegirilmesizligi kepillendirilýär.

19-njy madda. Türkmenistanyň çägi boýunça hereket etmek we ýaşaýyş ýerini seçip almak

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň çägi boýunça hereket edip we ýaşaýyş ýerini seçip alyp bilýärler. Milli howpsuzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny we ahlagyny goramak, Türkmenistanyň raýatlarynyň we onuň çäginde ýaşaýan beýleki adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolan halatda hereket etmek we ýaşaýyş jaýyny seçip almak babatda çäklendirilmeleriň girizilmegine ýol berilýär.

20-nji madda. Salgytlar we ýygymlar

Eger Türkmenistanyň kanunlarynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda Türkmenistanda salgytlar salynýar we ýygymlar alynýar.

21 -nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň hukuklaryny goramak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň özlerine degişli şahsy, emläk, maşgala we beýleki hukuklaryň goralmagy üçin kazyýetlere we beýleki döwlet edaralaryna, şeýle hem öz ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga hukugy bardyr.

Daşary ýurt raýatlary kazyýetde Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede prosessual hukuklardan peýdalanýarlar.

22-nji madda. Saýlaw hukugyna degişlilik

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saýlawly döwlet edaralaryna saýlap we saýlanyp, şeýle hem ähli ses bermelerine (referendumlara) gatnaşyp bilmeýärler.

23-nji madda. Harby gulluga degişlilik

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Milli Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby gulluk geçmek borjuny çekmeýärler.

24-31-nji maddalar Türkmenistanyň 12.06.2007 ý. № 124-III kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

V bölüm.

JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

32-nji madda. Kanunyň raýatlygy ýok adamlar baradaky täsiri

Eger Türkmenistanyň kanunlarynda başga zat gelip çykmaýan bolsa, şu Kanunyň düzgünleri Türkmenistanda raýatlygy ýok adamlara degişlidir.

33-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň we işgärleriniň hem-de beýleki adamlaryň artykmaçlyklary we immunitetleri

Şu Kanun düzgünleri daşary ýurtlaryň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň baştutanlarynyň hem-de işgärleriniň , şeýle hem başga adamlaryň Türkmenistanyň kanunlary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen artykmaçlyklaryna we immunitetlerine degişli däldir.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýyl, 8-nji oktýabr

№ 901-XII

Ссылается на