Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 24.03.2011

Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda

Последний известный официальный текст до 2011-03-25

Обновлено на портале · 12.08.2026

Giriş maglumatlary

«Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen № 167-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

VI – 6 – Б

Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10¸ 86-njy madda)

(Türkmenistanyň 23.09.1994 ý. № 968-XII , 18.04.2009 ý. № 32-IV we 02.07.2009 ý.

№ 44-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

I bölüm. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ MAKSATLARY WE WEZIPELERI Şu Kanun milli bank hökmünde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini, onuň beýleki banklar bilen gatnaşygyny düzgünleşdirýär, bergidarlaryň we goýumçylaryň bähbitlerini goramagy kepillendirýär.

1-nji madda. Kesgitlemeler

Şu kanunda ulanylýan adalgalaryň (terminleriň) şu aşakdaky ýaly manylary bardyr:

«Bank» - ýuridiki we fiziki taraplardan we öz adyndan pul serişdelerini kabul edip almak, şol serişdeleri yzyna gaýtaryp almak, töleglilik we möhletlilik şertleri bilen ýerleşdirmek, şeýle hem gaýry bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hukugy berlen ýuridiki tarapdyr;

- «bank hasabynyň eýesi» diýmek Türkmenistanyň Merkezi bankynda hasaby bolan islendik banky aňladýar;

- «nesýe borçnamasy» - bergidarlyk dolanyşyk dokumentini ýa-da şol bergidarlyk borçnamasy bilen güýji deň bolan sertifikat ýa-da buhgalterçilik geçirmesi görnüşindäki islendik gaýry serişdäni aňladýar.

-«manat» - Türkmenistanyň pul birligidir.

- «ätiýaçlyk üçin saklanýan borçnama» - Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenýän borçnamadyr.

2-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky

Türkmenistanyň Merkezi banky ýuridiki tarap bolup durýar we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda hukuklardan doly peýdalanýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň apparaty Aşgabat şaherinde ýerleşýär. Türkmenistanyň Merkezi banky filiallary we wekillikleri, başga edaralar bilen aragatnaşyk býurosyny döredip hem-de saklap bilýär, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen wezipeleri hem-de borçlary bolan agentleri we habarçy banklary belleýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýüzüne Türkmenistanyň döwlet gerbiniň şekili çekilen hem-de «Türkmenistanyň Merkezi banky» diýlip, türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazylan möhüri bardyr.

Türkmenistanyň Merkezi banky eýeçiligiň we hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşlerindäki kärhanalary hem-de guramalary bellige alýan Ýeke-täk döwlet organynyň düzümine girýär.

3-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň hukuk esasy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Merkezi banky beýleki häkimiýet we dolandyryş organlaryna garaşly däldir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlary we esasy wezipeleri

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksatlary:

-durnukly pul birligini üpjün etmekden;

-nyrhlaryň durnuklylygyny gazanmakdan we goldamakdan;

-durnukly bank sistemasynyň işlemegini üpjün etmekden;

-Türkmenistanyň Ministrler kabinetini maliýe tarapdan goldamakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňünde:

-karz - pul syýasatyny döretmek we ony amala aşyrmak;

-walýuta syýasatyny döretmäge, kabul etmäge we amala aşyrmaga gatnaşmak;

-ygtyýarnamalary bermek we banklara hem-de bank sistemasyna gözegçiligi amala aşyrmak;

-döwletiň halkara ätiýaçlyklaryny saklamak we olara ygtyýarlyk etmek;

- hasaplaşyk sistemalarynyň netijeli işlemegine ýardam etmek ýaly maksatlar durýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ygtyýarlandyrylan banklarda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy gözegçiligi berjaý etmek.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň bankiri, geňeşçisi we fiskal agenti bolup durýar.

5-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Merkezi banky:

-pul syýasatynyň meseleleri boýunça ähli hökümetara maslahatlarynda, ähli geňeşlerde we guramalarda Türkmenistan döwletine wekilçilik edýär;

-daşary ýurt banklaryna ygtyýarnamalary berýär we şolaryň peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar hem-de özygtyýarlylygyndaky beýleki meseleleri çözýär;

-daşary ýurtlaryň hökümetlerine, daşary ýurtlaryň merkezi banklaryna we maliýe organlaryna, şonuň ýaly-da Türkmenistan döwletiniň ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agzalykda durýan halkara guramalaryna bank hyzmatlaryny edýär;

-halkara guramalarynyň işine we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gatnaşýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistan döwletiniň wekili hökmünde Türkmenistanyň halkara guramalaryna gatnaşmagy bilen baglanyşykly borçnamalary öz üstüne alýar we degişli amallary amala aşyrýar.

II bölüm. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ DÜZÜMI WE DOLANDYRYLYŞY

6-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzümi

Türkmenistanyň Merkezi banky Prawleniýäni, onuň başlygyndan we orunbasarlaryndan ybarat bolan bank ýolbaşçylaryny, şonuň ýaly-da gullukçylar personalyny özüne birleşdirýär.

7-nji madda. Prawleniýäniň wezipeleri

Prawleniýe:

-Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň umumy ýolbaşçylygyny, barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýar;

- karz-pul, walýuta we ykdysady ýagdaýlaryna wagtal-wagtal baha berip durýar. Türkmenistanyň Merkezi banky öz işiniň barşy, onuň karz-pul we durnuklaşdyrmak (şol sanda bahalary durnuklaşdyrmagy goldamak) syýasatyny alyp barşy, Türkmenistanyň maliýe we bank sistemalarynyň pugtalygy, pul we walýuta bazarlarynyň we maýa bazarynyň ýagdaýy, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işine saldamly täsir edýän ähli maglumatlar barada aýda bir gezek Prawleniýäni habarly edýär.

8-nji madda. Prawleniýäniň ygtyýarlyklary

Prawleniýe şu ygtyýarlyklara eýedir, ýagny:

Türkmenistanyň karz-pul syýasatyny, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň açyk bazardaky amallarynyň çäklerini, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň prosent stawkalaryny we nesýelerini, banklaryň Türkmenistanyň Merkezi bankynda saklaýan hökmany ätiýaçlyklaryny we olaryň möçberini kesgitlemek;

-Merkezi bankyň girdejileriniň we çykdajylarynyň smetasyny, ýyllyk dokladlaryny we maliýe hasabatlaryny, banknotlaryň alyş-çalyş kursuny we nominal gymmatyny kesgitlemegiň tertibini, pullary dolanyşykdan aýyrmagyň şertlerini, 35-nji madda laýyklykda alnan gününden başlap üç aýdan soň üzlüşilmäge degişli bolan bergidarlyk borçnamalaryny tassyklamak, Türkmenistanyň Ministrler kabinetine, banka berilýän karzlaryň her birini tassyklamak ýa-da 54-nji madda laýyklykda haýsy hem bolsa bir bankyň haýryna şertleýin borçnamalary tassyklamak;

- Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramaçylyk taýdan düzümini we ştat raspisaniýesini bellemek, içki tertip-düzgüniniň kadalaryny we gullukçylaryň iş şertlerini tassyklamak, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasarlaryny degişli wezipelere bellemek barada teklipleri hödürlemek;

-buýruklary, görkezmeleri we umumy peýdalanmak uçin gözükmeleri, Türkmenistanyň Prezidentine hödürlenýän Merkezi bankyň dokladlaryny we maslahatlaryny tassyklamak, özüniň filiallaryny hem wekilliklerini döretmek we ýatyrmak;

-Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ustaw maýasyny (kapitalyny) artdyrmagy teklip etmek, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buhgalterçilik kitaplarynda ýörite maksatlara gönükdirilen ätiýaçlyklary bellemek, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň arassa girdejisini we şol girdejiniň näçe mukdarynyň ol ýa-da beýleki ätiýaçlyk fonduna geçirilmelidigini çözmek.

9-njy madda. Prawleniýäniň düzümi

Prawleniýe Prawleniýäniň başlygy, onuň orunbasarlary (şol sanda başlygyň birinji orunbasary), onuň beýleki garaşsyz agzalary ýaly wezipeli düzümden ybaratdyr. Olar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýedi ýyl möhlete bellenilýär. Aýry-aýry agzalaryň işlemeli möhleti mümkingadar boldugyça endigan paýlanylmalydyr. Prawleniýäniň agzalarynyň gaýtadan bellenilmäge hukugy bardyr.

10-njy madda. Prawleniýäniň agzalaryna hak tölenilişi

Prawleniýäniň başlygynyň, onuň orunbasarlarynyň we Prawleniýäniň gaýry agzalarynyň zähmet haky Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýär.

11-nji madda. Prawleniýäniň agzalygyna bellenilmäge hukugy bolmadyk adamlar

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň düzümine girýän we Halk maslahatyna saýlanan adamlar Prawleniýäniň agzalygyna bellenip bilinmez.

12-nji madda. Adamyň Prawleniýäniň agzasy wezipesine mynasyp däl hasap edilmegi

Prawleniýäniň islendik agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda wezipesinden boşadylýar, ýagny:

-eger ol 11-nji maddada görkezilen organlara bellenen ýa-da saýlanan bolsa;

-jenaýat jogapkärçiligine çekilen bolsa;

-işinde harsallyk goýberenligi sebäpli hünärinden ygtyýarly häkimiýetler tarapyndan öz hünäri boýunça işlemekden çetleşdirilen bolsa;

-saglyk ýagdaýy zerarly öz wezipesini ýerine ýetirmäge ukypsyz bolsa;

-öz işleýän ýerinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bähbitlerine garşy gelýän hereketleri edip, oňa düýpli zyýan ýetirse.

Prawleniýäniň hiç bir agzasy şu kanunda göz öňünde tutulmadyk esaslar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilinmeýär.

13-nji madda. Prawleniýäniň agzalarynyň işden çykmagy

Prawleniýäniň başlygy, onuň orunbasarlary, Prawleniýäniň islendik agzasy 1 aý öňünden Türkmenistanyň Prezidentine ýazmaça görnüşde arza bermek bilen işden çykyp bilýärler.

14-nji madda. Prawleniýedäki boş wezipeler

Prawleniýedäki islendik boş wezipe Prawleniýeden çykan agzanyň iş möhletiniň galan wagtynda işlemek üçin 9-njy madda laýyklykda Prawleniýäniň täze agzalaryny bellemek arkaly doldurylmalydyr.

15-nji madda. Prawleniýäniň ýygnaklary

Prawleniýäniň ýygnaklary adatça onuň başlygy tarapynlan, ol ýok bolsa, 1-nji orunbasary tarapyndan çagyrylýar. Prawleniýe özüniň islendik 3 sany agzasynyň, adatdan daşary ýagdaýlarda Prawleniýäniň islendik iki agzasynyň ýazmaça talaby boýunça çagyrylýar. Prawleniýäniň ýygnaklaryna onuň başlygy ýa-da ol ýok bolsa, ýa ses bermeklige gatnaşmagy mümkin bolmadyk ýagdaýynda, birinji orunbasar ýolbaşçylyk edýär.

Prawleniýe Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi boýunça karar kabul etmek üçin zerur bolan döwürde, ýöne kwartalda 3 gezekden az bolmadyk ýagdaýda ýygnanyşmalydyr.

Prawleniýäniň kararlary onuň agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi esasynda kabul edilýär. Prawleniýäniň her bir agzasynyň bir sesi bardyr. Ýygnakda kworum Prawleniýäniň agzalarynyň ýarysyndan köpräginiň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär, şonda şol agzalaryň biri prawleniýäniň başlygy ýa-da onuň birinji orunbasary bolmalydyr.

Prawleniýäniň diňe ýygnaga gatnaşýan agzalary ses bermäge hukuklydyrlar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň içki tertip-düzgünini Prawleniýäniň ýygnaklary ýa-da telekonferensiýalaryň üsti bilen ses bermeklik ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda teletaýp boýunça tassyklanan maglumatlar ýa-da elektron aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly gaýry tassyklanan maglumatlary çözüp bilýär. Deň ses berlen ýagdaýynda Prawleniýäniň başlygynyň ýa-da ol ýok bolsa, başlygyň birinji orunbasarynyň çözüji ses hukugy bolmalydyr.

Şu madda laýyklykda Prawleňiýäniň hiç bir akty ýa-da hereketi diňe Prawleniýede boş wezipäniň barlygy esasynda kanuny güýjüni ýitirmeli däldir.

Prawleniýäniň başlygy¸ onuň orunbasary ýa-da Prawleniýäniň başga agzalary degişli wezipelere bellenilende goýberilen nätakyklyklara ýa-da olaryň işe ýaramlydygy ýa-da oňa laýyk gelmeýändigi seljerilende goýberilen nätakyklyklara seretmezden, olaryň ähli kararlary kanuny hasaplanýar.

16-njy madda. Prawleniýäniň ýygnaklarynyň we kararlarynyň protokollary

Prawleniýe kabul edilen karary tutuşlygyna ýa-da bölekleýin yglan edip bilýär. Prawleniýäniň ýygnaklarynyň protokollary gizlin bolmalydyr we Prawleniýäniň her ýygnagynyň protokolyna ýygnaga başlyklyk edýän, Prawleniýäniň ýygnaga gatnaşýan agzalary we Prawleniýäniň sekretary gol çekýärler.

Prawleniýäniň başlygy tarapyndan Prawleniýäniň sekretary wezipesine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň spesialistleriniň arasyndan biri bellenilýär; ol Prawleniýäniň agzasy bolmaly däldir.

17-nji madda. Prawleniýäniň agzalary tarapyndan maglumat berilişi

Prawleniýäniň agzalary Prawleniýäniň agzalygyna bellenenden soň we degişli wezipede işlemek möhleti tamamlanýança her ýyl özleriniň ýa-da öz maşgala agzalarynyň gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda kommersiýa düzümleriniň işine gatnaşanlygy barada Prawleniýä doly maglumat bermelidirler.

Ýokarda agzalan gatnaşyga dahylly mesele Prawleniýäniň maslahatyna goýlanda, Prawleniýäniň şu meselä dahylly agzasy özüniň gatnaşan bölegi barada maslahatyň başynda habar bermelidir, şol mesele ara alnyp maslahatlaşylanda we çözülende oňa gatnaşmaly däldir. Kworum kesgitlenende onuň gatnaşýanlygy hasaba alynmaly däldir.

18-nji madda. Soňraky işler

Türkmenistanyň Merkezi bankynda başlyk ýa-da orunbasar bolup işlän adamlar ol ýerden gidenlerinden soňky iki ýylyň içinde başga bankda ýolbaşçy işlerde işlemeli däldirler.

19-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylarynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy, eger-de başlyk ýok bolsa ýa-da başga bir sebäplere görä öz gulluk borjuny berjaý edip bilmese, onuň birinji orunbasary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bolup durýar we bankyň Prawleniýesiniň öňünde onuň işi üçin jogap berýär.

Başlyk bankyň kadaly işlemegi üçin şu aşakdaky zerur çäreleri görýär, ýagny:

-onuň adyndan çäklendirilmedik şertnamalaýyn borçnamalara girýär;

-gullukçylary belleýär;

-agentlerini we habarçy banklaryny belleýär;

-sud prosesinde wekilçilik edýär.

Prawleniýe razy bolsa, başlyk öz ygtyýarlyklarynyň bir bölegini Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başga gulluklaryna berip bilýär.

20-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň auditor gullugynyň naçalnigi

Auditor gullugynyň naçalnigi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Prawleniýesi tarapyndan sesleriň ýönekeý köplügi esasynda 7 ýyllyk möhlet bilen saýlanylýar. Ol işden çykmak hakynda azyndan 2 aý öňünden arza berip, diňe Prawleniýäniň karary esasynda işden boşadylyp bilinýär. Auditor gullugynyň naçalnigi Türkmenistanyň graždany bolmalydyr. Ol gaýtadan saýlanmaga hukuklydyr. Onuň aýlyk haky we sylaglanmagyň özge görnüşleri Prawleniýe tarapyndan tassyklanýar.

Auditor gullugynyň naçalnigi we agzalary buhgalterçilik sçýotynyň (hasaba alnyşynyň) we maliýe hasabatlarynyň içerki gözegçiligini amala aşyrmaga¸ kanunlaryň we düzgünleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişini üpjün etmek tertibinde barlaglary geçirmäge, sçýotlar, hasabat dokumentleri, býujet we buhgalter işleri we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gözegçiliginiň netijeleri boýunça hasabatlary we teklipleri Prawleniýe üçin hödürlemäge borçludyrlar.

Kommersiýa banklaryndaky auditor barlaglar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň auditor gullugy ýa-da kommersiýa bankynyň razylygy boýunça garaşsyz auditor guramalary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

21-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleri

Prawleniýe Türkmenistanyň Merkezi bankynyň iş şertlerini kesgitleýän düzümini we ştat raspisaniýesini tassyklaýar.

Işgärleri işe kabul etmek ýa-da işden boşatmak Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň buýrugy bilen amala aşyrylýar.

22-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentleri we habarçy banklary

Başlyk Prawleniýe tarapyndan bellenen umumy ylalaşyklaryň we iş şertleriniň çäklerinde we şolara laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentlerini we habarçy banklaryny kesgitleýär.

23-nji madda. Bähbitleriň gapma-garşylygy

Prawleniýäniň Başlygynyň, onuň birinji orunbasarynyň we Prawleniýäniň ähli agzalarynyň, şonuň ýaly-da auditor gullugynyň naçalniginiň we spesialistleriniň öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde hak tölenýän ýa-da tölenmeýän başga wezipeleri eýelemäge, başga işi alyp barmaga hukugy ýokdur.

Prawleniýäniň agzalarynyň ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ştat işgärleriniň hiç birisi özi üçin ýa-da maşgala, işewür we maliýe gatnaşyklary bolan başga kişiniň haýryna, eger-de olaryň alynmagy şol işgäriň Türkmenistanyň Merkezi banklarynda ýerine ýetirýän gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegine täsiri bar bolsa, sowgat ýa-da nesýe alyp bilmeýär.

24-nji madda. Gizlin syry ýaşyrmak (maglumatlary ýaýratmazlyk)

Prawleniýäniň agzasy, ştatdaky işgärleri¸ Türkmenistanyň Merkezi bankynyň auditor wekili hökmünde ýa-da habarçysy hökmünde işleýänleriň, şol wezipeleri öň ýerine ýetirenleriň hiç birisiniň wajyp maglumatlaryň saklanylýan ýerine keseki adamlary goýbermäge, Türkmenistanyň Merkezi bankynda işlän döwründe özüne aýan bolan şol maglumatlary äşgär etmäge we ýaýratmaga, şol maglumatlary öz şahsy bähbitlerinde ulanmaga ýa-da başga birine ulandyrmaga hukugy ýokdur.

Ýokarda görkezilen adamlar öz bilýän maglumatlaryny jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna we Türkmenistanyň salgyt gulluklaryna bermelidirler. Şu hili maglumat Türkmenistanyň Merkezi bankyndan başga ýerde diňe onuň üstüniň açylmagyny ýazmaça görnüşde talap edýän adam tarapyndan edilen hukuk hereketiniň ýa-da şol hukuk hereketi bilen baglanyşykly ýagdaýyň subutnamasy bolup çykyş edýän bolsa, aýan edilip bilner.

III bölüm. MALIÝE DÜZGÜNLERI

25-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzgünnama maýasy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzgünnama maýasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär we tassyklanylýar hem-de şol düzgünnama maýasy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan teklip edilen möçberde köpeldilip bilner. Düzgünnama maýasy bergidarlar tarapyndan hiç hili temmi görülmegine degişli däldir.

26-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul ýetmezçiliginiň üstüniň ýetirilmegi

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň balansynda hökümetiň çykdajylaryny nesýeleşdirmek bilen baglanyşykly ýetmezçilik ýüze çyksa, Türkmenistanyň Ministrler kabineti Türkmenistanyň Merkezi bankyna balansyň ýetmeziniň üstüni doldurmak üçin zerur bolan möçberde bergidarlyk borçnamalaryny berýär. Şol bergidarlyk borçnamalary Türkmenistan döwleti tarapyndan görkezijiniň adyna goýberilýär we olar bazar stawkalary boýunça prosent getirmelidir. Gymmat bahaly kagyzlaryň ýokardaky ýaly paýlanylyşy hökümetiň býujetinde beýan edilmelidir.

27-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, arassa girdejisiniň hasaplap çykarylyşy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň arassa girdejisi girdejilerden bir ýyllyk gündelik çykdajylar aýrylandan soň we şu aşakdaky çykdajylar bölünip berlenden soň¸ her maliýe ýyly üçin hasaplap çykarylýar:

umytsyz we gümürtik bergiler, aktiwleriň we esasy fondlaryň bahasynyň aşaklamagyna we sosial ösüş fonduna goýberilýän çykdajylar;

Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň zerur diýip hasaplanýan islendik maksatlaryna goýberýän serişdeler.

28-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň arassa girdejisiniň paýlanylyşy

Türkmenistanyň Merkezi banky umumy ätiýaçlyk fonduny döredýär we oňa her maliýe ýylynyň ahyrynda dowam edýän ýylyň arassa girdejisiniň 50 prosentine deň bolan möçberde pul goýberilýär hem-de bu ýagdaý umumy ätiýaçlyk fondundaky puluň möçberi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tölenen maýasynyň möçberi bilen deňleşýänçä dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bilen haýsy hem bolsa bir ýyl üçin umumy ätiýaçlyk fonduna geçirilýän puluň möçberi şol prosenti artdyrmak üçin köpeldilip bilner ýa-da umumy summa Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tölenen maýasynyň çäklerinden artyk köpeldilip bilner. Umumy ätiýaçlyk fondy diňe Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýitgileriniň öwezini dolmak üçin ulanylýar. Şu maddanyň esasynda ýitgiler operasion çykdajylaryň operasion girdejilerden artyk bolmagyny, şonuň ýaly-da bahalandyrylýan ätiýaçlyk hasabyň nuldan aşak düşýän islendik galyndylaryny aňladar.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bilen aýratyn maksatlara gönükdirilen ýörite ätiýaçlyklary döredip biler we olara 1-nji bölege laýyklykda paýlanyşdan soň galan serişdeler geçirilýär.

Maliýe ýylynyň arassa girdejisiniň galan bölegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan, 26-njy madda laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky üçin çykarýan we umumy ätiýaçlyga ýa-da ýörite maksatlara niýetlenen islendik ätiýaçlyga geçirilýänçä Türkmenistanyň Merkezi bankynda saklanýan gymmatly kagyzlaryny üzmek üçin ulanylýar.

29-njy madda. Arassa girdejiniň tabşyrylyşy

Şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda ýerine ýetirilen geçirmelerden we üzlüşiklerden soň¸ maliýe ýylynyň arassa girdejisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maliýe ýyly tamamlanandan soň, üç aýyň dowamynda döwlete tölenmelidir.

30-njy madda. Arassa girdejiniň paýlanylyşyna goýulýan çäklendirmeler

Eger üzlüşikler ýa-da tölegler netijesinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aktiwleri onuň borçnamalarynyň we tölenen maýalarynyň jeminden pes bolan bolsa¸ 28-nji madda laýyklykda hiç-hili geçirmeler¸ üzlüşikler ýa-da tölegler amala aşyrylmaly däldir.

IV bölüm. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ PUL-KREDIT WEZIPELERI WE OPERASIÝALARY

31-nji madda. Pul-kredit syýasaty

Türkmenistanyň Merkezi banky Prezident tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň pul syýasatynyň dörelilmegi, kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi üçin aýratyn jogapkärçilik çekýär.

32-nji madda. Açyk bazardaky operasiýalar

Türkmenistanyň Merkezi banky pul syýasatyny geçirende Türkmenistan döwleti tarapyndan goýberilen gymmatly bergidarlyk kagyzlaryny we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan goýberilen bergidarlyk borçnamalaryny gönüden-göni (nagt hasaplaşyk bilen ýa-da möhletleýin) ýa-da gaýtadan satyn almak baradaky ylalaşygyň üsti bilen satyn almak ýa satmak maksatlarynda açyk bazara çykarýar; başga hiç hili gymmatly kagyzlar şu maksatlar üçin ulanylyp bilinmez.

33-nji madda. Banklaryň hökmany ätiýaçlyklary

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul syýasatyny geçirende degişli karary çykarmak arkaly Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky hasaplardaky goýumlary ähli banklar üçin deň bolan belli bir minimal derejede saklamaklygy banklardan talap etmäge hukugy bardyr. Şu ýagdaýda goýumlaryň, karz serişdeleriniň we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan hökmany ätiýaçlyk hökmünde bellenen gaýry serişdeleriň möçberi olaryň goýumlarynyň töleniş möhletine bagly bolar.

Hökmany ätiýaçlyklar kassa nagt puly ýa-da Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan normatiw arkaly wagtal-wagtal bellenilýän Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky hasaplardaky pul depozitleri görnüşinde saklanyp bilner. Türkmenistanyň Merkezi banky şu hökmany ätiýaçlyklar boýunça prosent tölemek barada karar kabul edýär. Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky normatiwden daşary saklanýan ätiýaçlyklar boýunça prosenti tölenmeýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasaplarynda saklanýan hökmany bank ätiýaçlyklarynyň jemi bankyň ähli borçnamalarynyň jeminiň 20 prosentinden ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň normatiw dokumentleri tarapyndan kesgitlenýän aýratyn ýagdaýlarda zerur bolan has ýokary möçberden agdyk bolmaly däldir.

Hökmany ätiýaçlyklary ýa-da hökmany ätiýaçlyklaryň derejesini belleýän ýa üýtgedýän gözükdirijiler banklaryň täze ätiýaçlyklar ýa-da olaryň saklanyş derejesi baradaky talaplary ýerine ýetirmeli möhletini görkezmelidir.

34-nji madda. Ätiýaçlyklaryň zerur bolan derejesine bildirilýän talaplaryň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçilik

Türkmenistanyň Merkezi banky hökmany ätiýaçlyklary 33-nji maddada göz öňünde tutulan zerur bolan minimal derejede saklamaklyga ukyby bolmadyk islendik banka degişli fondlaryň ýetmeziniň üsti doldurylýança jerime salyp we ony alyp biler. Şol jerime Türkmenistanyň Merkezi bankynyň nesýe prosentiniň iň ýokary stawkasynyň möçberiniň iki essesine barabardyr.

35-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasaba alyş operasiýalary

Türkmenistanyň Merkezi banky diňe sçýotlaryň eýeleri tarapyndan görkezilýän şu serişdeleri hasaba alýar:

Türkmenistanda tölenmäge degişli bolan we töleýiş ukyby bolan taraplaryň azyndan üçüsiniň goly goýlan (olaryň biri bank bolmaly) hem-de Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan alnan gününden başlap üç aýa çenli üzlüşik möhleti bolan görkezijä degişli manat weksellerini we bergidarlyk borçnamalaryny; Türkmenistanyň Merkezi banky aýratyn ýagdaýlarda şol serişdeleri olarda iki sany töleýiş ukyply tarapyň (biri bank bolmaly) goly bolan ýagdaýynda we üzlüşik möhleti Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan alynan gününden başlap üç aýdan dolýan bolsa, ýöne 6 aýdan köp bolmazlyk şerti bilen, hasaba alyp bilýär;

Türkmenistanyň Ministrler kabineti ýa-da Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan ýa-da kepillendirilen, Türkmenistanyň territoriýasynda manat görnüşinde tölenmäge degişli bolan gymmatly kagyzlaryň goýberilişiniň bir görnüşi bolup, fiziki we ýuridiki taraplara satmaga niýetlenen hem-de Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan alynan gününden başlap üç aýa çenli üzlüşik möhleti bolan manatda tölenýän bergidarlyk borçnamalaryny.

Hasaba alyş operasiýalary hasaba alyş stawkalaryny öz içine almak bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen ähli şertlere we düzgünlere laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýokarda sanalyp geçilen serişdeleriň islendiginiň sebäbini görkezmek bilen hasaba almakdan ýüz öwrüp biler.

36-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan beýleki banklara karz berlişi

Türkmenistanyň Merkezi banky bellenen şertlere we düzgünlere laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynda hasaplary bolan banklara (bank hasaplarynyň eýelerine) şu üpjünçilik serişdeleri bolan karzlary berip bilýär:

42-nji maddanyň 2-nji abzasynda bellenen halkara ätiýaçlyk serişdeleri;

Türkmenistanyň territoriýasynda goýberilen we kepillendirilen hem-de tölenmäge degişli bolan manatlarda tölenýän beýleki bergidarlyk borçnamalary¸ şol sanda fiziki hem-de ýuridiki taraplara satmaklyga niýetlenen gymmatly kagyzlaryň döwlet tarapyndan goýberilişiniň bir bölegini düzýän bergidarlyk borçnamalary;

Haryt nakladnoýlary we ýitgilerden¸ zyýan çekmelerden ýa-da zeperden göwnejaý goraglanan harytlara eýeçilik etmäge hukuk berýän dokumentler;

Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky ýa-da islendik depozitaridäki Türkmenistanyň Merkezi banky üçin kabul ederlikli depozitler¸ Türkmenistanyň Merkezi bankyna satmaga ýa-da satyn almaga rugsat berlen ýa-da şu Kanuna laýyklykda onuň ygtyýaryndaky islendik serişdeler¸ şol sanda hiç bir çäklendirilme goýulmazdan altyn we gaýry gymmatbaha metallar.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bank hasaplarynyň eýelerine berilýän karzlar diňe olaryň Türkmenistandaky baş banklaryna goýberilýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasaba alyş we karz amallary boýunça stawkalar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň normatiw aktlarynda bellenýär we çap edilýär.

37-nji madda. Karz we prosent stawkalaryna gözegçilik

Türkmenistanyň Merkezi banky normatiw aktlary arkaly bank edaralary tarapyndan berilýän islendik görnüşdäki karzyň esasy möçberini ýa-da degişli prosent stawkalaryna degişlilikde ýa-da berlen karzyň islendik görnüşi boýunça ýa-da pul syýasatynyň maksatlaryny başga serişdeler arkaly amala aşyryp bolmaýan möçberde bank edaralaryndan alnan islendik goýumlar boýunça wagtlaýyn şertleri ýa-da çäklendiriş çärelerini belläp biler.

36-njy maddanyň üçünji bölegine laýyklykda berlen gözükdirijiler olary diňe çap edilenden soň baglaşylan amallara degişlilikde ulanyp bolýanlygyny anyklamalydyrlar.

V bölüm. ALYS-ÇALYŞ KURSUNY BELLEMEGIŇ SYÝASATY,HALKARA ÄTIÝAÇLYKLAR, BAHALANDYRYLÝAN ÄTIÝAÇLYK SÇÝOTY WE ALYŞ-ÇALYŞA GÖZEGÇILIK

38-nji madda. Türkmenistanyň pul birligi

Pul birliginiň dolanyşygynyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň «Türkmenistanyň pul birligi baradaky» Kanuny tarapyndan düzgünleşdirilýär.

39-njy madda. Alyş-çalyş kursunyň syýasaty

Türkmenistanyň alyş-çalyş kursy boýunça alyp barýan syýasaty Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky walýuta gözegçiligini amala aşyrýar. Şu Kanunyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan ähli hasabatlar we maglumatlar Türkmenistanyň Merkezi bankyndan geçirilýär.

40-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçlary

Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekýär:

daşary ýurt walýutasyna degişli düzgünleriň we kadalaryň işlenip düzülişi;

ygtyýarnamalaryň berlişi we ýatyrylyşy¸ Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen alyş-çalyş düzgünlerine laýyklykda daşary ýurt walýutalarynyň dilerleriniň¸ şol sanda banklaryň işine gözegçilik we onuň düzgünleşdirilişi;

dilerleriň, şol sanda banklaryň walýuta pozisiýalarynyň çäklerini kesgitlemek;

Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny saklamak we olara ygtyýarlylyk etmek boýunça.

41-nji madda. Hasaplaşyk we töleg ylalaşyklary

Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurtlardaky döwlet hem-de hususy merkezi kliring guramalary bilen öz adyndan ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça kliring we hasaplaşyk ylalaşyklaryny ýa-da şol maksatlarda islendik özge şertnamalary baglaşyp bilýär.

42-nji madda. Halkara ätiýaçlyklar

Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdaky sanalyp geçilen serişdeleriň ählisini ýa-da diňe birini öz içine alýan halkara ätiýaçlyklary (likwid däl aktiwler we bergidarlyk borçnamasy bolup hyzmat edýän aktiwler ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankyna gysga wagtyň dowamynda ýerleşdirilmegi mümkin bolmadyk aktiwler muňa girmeýär) saklaýar we olara ygtyýarlyk edýär;

- altyn, banknot ýa-da köpük görnüşindäki daşary ýurt walýutasy ýa-da daşary ýurtdaky bank hasaplaryndaky daşary ýurt walýutasy görnüşindäki galyndylar;

-islendik özge umumy kabul edilen halkara ätiýaçlyk serişdeleri, şol sanda:

- Halkara walýuta fondundan onuň ätiýaçlyklarynyň bir bölegini almak hukugy ;

-Halkara walýuta fondunyň ýörite karz alyş hukuklary;

-geçirme wekselleri we daşary ýurt walýutalarynda tölenýän wekseller;

-daşary döwletler ýa-da merkezi banklary ýa halkara maliýe guramalary tarapyndan goýberilen ýa-da kepillendirlen bergidarlyk borçnamalary, gymmat bahaly kagyzlary geljekde satyn almak we täzeden satyn almak baradaky forward satyn alyşy ýa-da erkin çalşylýan daşary ýurt walýutasynda töläp yzyna satyn almak baradaky ylalaşyklar.

Türkmenistanyň Merkezi banky halkara ätiýaçlyklaryny pul syýasatyny we alyş-çalyş syýasatyny geçirmekde Türkmenistana ýardam bermek üçin hem-de ýurduň halkara operasiýalary boýunça wagtynda hasaplaşmagy üçin zerur bolan derejede saklanylyşyny amala aşyrýar.

Halkara ätiýaçlyklaryň derjesi pese düşen ýagdaýynda ýa-da onuň derejesiniň Türkmenistanyň öz pul syýasatyny we alyş-çalyş kursunyň syýasatyny durmuşa geçirmekligine we döwletiň halkara operasiýalary boýunça öz wagtynda hasaplaşyk geçirmekligine howp salýan çäge çenli pese düşen halatynda¸ Türkmenistanyň Merkezi banky halkara ätiýaçlyklaryň ýagdaýy we olaryň derejesiniň peselmegine getiren ýa-da getirmegi mümkin bolan sebäpler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hasabat berýär hemem ýüze çykan ýagdaýy düzetmek boýunça zerur bolan teklipleri hödürleýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýagdaý düzelýänçä ol barada maglumat bermegini dowam etdirýär we degişli teklipleri girizýär.

43-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt walýutalary bilen geçirýän operasiýalary boýunça girdejileri we çykdajylary

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň balansynda altyn kursunyň¸ ýörite karz hukuklaryny we daşary ýurt walýutasynyň manada gatnaşygy boýunça islendik üýtgewiniň netijesinde ýörite karz hukuklarynyň ýa-da daşary ýurt walýutasy görnüşinde saklanýan aktiwleriň we passiwleriň bahasynyň üýtgemeginiň netijesinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dowam edýän maliýe ýylynda hasaba alynýan girdejiler we çykdajylar şu görnüşlerde resmileşdirilýär:

şeýle girdejileriň we çykdajylaryň daşary ýurt walýutasyndaky ahyrky arassa jemine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň balans wedomostyndaky “Bahalandyrylan ätiýaçlyk hasaby” diýlip atlandyrylýan hasapdaky degişli summanyň goşulmagy bilen¸ onuň üsti ýetiriler;

eger-de bahalandyrylýan walýuta sçýotyndaky summa daşary ýurt walýutasyndaky arassa çykdajylara deň bolsa¸ onda ol Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky üçin çykarylýan we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan balanslaýyn bahalandyrylýan ätiýaçlyk hasabyna girizilýän we olar boýunça bazar prosent stawkasy tölenýän bergidarlyk borçnamalarynyň hasabyna doldurylýar. Maliýe ýyly gutarandan soňky dört aýyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň balansyna alnan şol bergidarlyk borçnamalarynyň nominal bahasynyň jemi şu summanyň we arassa daşary ýurt walýutasyndaky çykdajylar hökmünde maliýe ýylynyň ahyrynda bahalandyrylýan ätiýaçlyk hasabyna girizilen summanyň arasyndaky deňagramlylygy saklamak zerurlygy ýüze çykanda köpeldilýär ýa-da azaldylýar;

- Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk arassa girdejileri hasaplananda şu maddada agzalan arassa girdeji we arassa çykdajy hasaba alynmaýar.

44-nji madda. Daşary ýurt walýutalary bilen geçirilýän amallary düzgünleşdirýän kadalar

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň territoriýasynda alyş-çalyş kursunyň syýasatyny amala aşyrmak üçin zerur bolan daşary ýurt walýutalary baradaky kadalaryň¸ düzgünleriň¸ görkezmeleriň we hasabatlylygyň işlenip düzülişine jogap berýär.

VI bölüm. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY BILEN DÖWLETIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR

45-nji madda. Bankir, geňeşçi we fiskal agent

Türkmenistanyň Merkezi banky¸ Türkmenistanyň bankiri¸ geňeşçisi we fiskal agenti hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Döwlet býujetini düzmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligine maglumat berýär.

46-njy madda. Döwlet sektorynyň karzlary boýunça maslahatlar we hasabatlylyk

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan hasabatlylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karzlar boýunça amallarynyň ählisi barada Türkmenistanyň Merkezi bankyny habarly edýär.

47-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň depozitariý hökmünde ähmiýeti

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler kabinetinden depozitleri kabul edip biler. Türkmenistanyň Merkezi banky depozitariý hökmünde pul serişdelerini kabul edip alýar we berýär¸ olaryň hasabyny ýöredýär¸ şonuň bilen baglanyşykly gaýry maliýe hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Merkezi banky töleg dokumentleri boýunça şol hasaplarda deponirlenen summalaryň çäklerinde töleg töleýär. Türkmenistanyň Merkezi banky şol goýumlary boýunça prosent tölemek barada karar kabul edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky özüniň göz öňünde tutýan şertlerine laýyklykda beýleki maliýe edaralaryna şunuň ýaly depozitleri kabul edip almaga rugsat edip bilýär.

48-nji madda. Fiskal agentiniň wezipeleri

Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylan şertlere we düzgünlere laýyklykda¸ Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdaky meseleler boýunça Türkmenistanyň fiskal agenti hökmünde çykyş edýär:

Ministrler kabineti tarapyndan goýberilen bergidarlyk borçanalaryny satmak ýa-da transfert agenti hökmünde çykyş etmek¸ şunuň bilen baglanyşykly özge wezipeleri ýerine ýetirmek;

şu maddanyň ikinji abzasynda görkezilen esasy summany¸ prosentleri we gymmatly kagyzlar boýunça tölenmäge degişli bolan başga summalary tölemek;

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky hasaplary boýunça töleg amallaryny ýerine ýetirmek.

49-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Ministrler kabinetine berýän karzlaryi

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler kabinetine eger kanunçylyk aktlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu maddada göz öňünde tutulan umumy çäklendirmelere laýyklykda üzlüşik möhleti 6 aýdan köp bolmadyk nesýeleri berip biler.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler kabinetine halkara guramalaryna Türkmenistan döwletiniň agzalygy bilen baglanyşykly ýa-da şolara dahylly bolan agzalyk töleglerine we başga töleglere degişlilikde has dowamly üzlüşik möhletli nesýeleri berip biler.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler kabinetine diňe manat görnüşinde berilýän¸ tölenýän hem-de manat nominaly bolan nesýeleri berýär. Bazar stawkalary boýunça prosent getirýän şu hili nesýelerin, ählisi görkezijiniň adyna beriýän bergidarlyk borçnamalary bilen üpjün edilýär, ol borçnamalar hem bazar stawkalary boýunça prosent getirýärler. Bergidarlyk borçnamalary görnüşindäki şeýle üpjün edilmeleriň uzlüşik möhleti Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan goýberilýän we Türkmenistanyň Merkezi bankyna berilýän hem-de şol bergidarlyk borçnamalary tarapyndan üpjün edilýän nesýeleriň üzlüşik möhletine deňdir. Her bir nesýe Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ýazmaça görnüşde resmileşdirilýär. Şertnamada nesýe maýasynyň möçberi, ylalaşyk möhleti, degişli prosent we başga çykdajylar kesgitlenýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň hökümetine yzyna gaýtarylmaga degişli edilip hödürlenen karz maýasynyň jemi summasy ozalky üç maliýe ýylyndaky döwlet býujetiniň hasaplarynda bar bolan ortaça adaty ýyllyk girdejisiniň sekiz prosentinden ýokary bolmaly däldir; şu madda babatda karz pullar; mugtuna berlen kömek we maliýe kömekleriniň gaýry görnüşleri «girdeji» diýilýän düşünjä degişli däldir.

Türkmenistanyň Merkezi banky diňe aýry-aýry ýagdaýlarda şu maddanyň 4-nji bölegindäki görkezilen çäklendirmäni öz karary bilen ýatyryp biler. Emma diňe bir halatda, ýagny şeýle ýatyrma bank tarapyndan geçirilýän pul syýasatynyň wezipelerine bap gelýän bolsa we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler kabinetine yzyna gaýtarylmaga degişli edilip hödürlenen ähli karzlar boýunça karz maýasynyň möçberi döwletiň, gös-göni öňki üç maliýe ýylyndaky hasaplarynda bar bolan ortaça adaty ýyllyk girdejisiniň on prosentinden artyk bolmadyk ýagdaýynda amala aşyrylyp bilner.

Şu maddanyň 5-nji bölegindäki bellenilen çäkden ýokary geçmek howpy dörän mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler kabineti üçin berlen nesýeleriň tölenilmäge degişli (zaýomlaryň) jemlerini görkezýän doklady hödürleýär. Şol dokladda emele gelen çäkden çykmanyň sebäbi ýazylyp, şeýle ýagdaýyň öňüni almaga we düzedilmäge teklipler berilýär. Eger-de şu maddanyň 4-nji bölegindäki bellenilen çäk şu maddanyň 5-nji bölegine laýyklykda ýokarlandyrylan bolsa, onda Türkmenistanyň Merkezi banky şeýle ýagdaýyň düzedilmegi we onuň geljekki maliýe ýylynda gaýtalanmazlygy üçin goşmaça hasabatlary we teklipleri taýýarlaýar.

50-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan hökümetiň gymmatly kagyzlarynyň alnyşy

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan öz hasabyna alynýan Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan goýberilen gymmatly bergidarlyk kagyzlary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler kabinetine karza geçme (kreditleme) görnüşinde kwalifisirlenýär. 49-njy maddada görkezilen umumy çäklendirmeler gaýtadan guralýan bazardan Merkezi bank tarapyndan hökümetiň gymmatly kagyzlaryny almak babatyna degişlidir. Emma şol çäklendirme Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul syýasatyna degişli çärelerine laýyk gelýän bolsa, onda ol hadysa kadadan çykma häsiýetine eýedir.

VII bölüm. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ BEÝLEKI BANKLAR BILEN GATNAŞYKLARY

51-nji madda. Başga banklara ygtyýarnamalaryň berlişi we bank gözegçiligi

Beýleki banklara ygtyýarnamalary bermekde we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamalaryny alan banklaryň iş ugurlarynyň barlagynyň netijeleri babatda Türkmenistanyň Merkezi bankyna aýratyn jogapkärçilik ýüklenýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankyna aşakdaky ygtyýarlyklar berilýär:

- kanunçylyk aktlaryna laýyklykda maliýe sistemasynyň kadaly işlemegi üçin degişli düzgünnamalary, gollanmalary, instruksiýalary, ýa-da beýleki normatiw aktlary degişli ygtyýarmamalar bermek bilen neşir etmäge we norma görkezijilerini girizmäge, gözegçilik işlerini geçirmäge;

-islendik bank edaralaryna barmaga we buhgalter hasabatyny kitaplary, dokumentleri, banklaryň gaýry maglumatlaryny barlamaga, özüniň bank gözegçiligi wezipesini dogry ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan maglumatlary almaga;

-banklaryň we beýleki karz edaralarynyň işini ygtyýarlylandyrmagy we düzgünleşdirmegi amala aşyrmak maksady bilen, offşor zolagynyň subýektleriniň, döwletleriniň we çäkleriniň sanawyny kesgitlemäge hem-de olar bilen geleşikleri we amallary amala aşyrmagyň şertlerini kesgitlemäge we çäklendirmeleri girizmäge.

52-nji madda. Daşary ýurt bank gözegçiligi bilen hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt bank gözegçiligi edaralary bilen özara jebisleşikde hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Merkezi banky bilen özüniň tabynlygyndaky çäklerde islendik bank edarasyny barlamak hukugyny, emma alan maglumatlarynyň gizlinligini berjaý edip hereket edýän, şonuň ýaly daşary ýurt bank barlag organy bilen özara maglumat alyşmak işlerini öz içine alýar.

53-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasaplarynyň buhgalterçilik resmileşdirilmesi

Türkmenistanyň Merkezi banky öz balansynda beýleki banklaryň habarçy hasaplaryny saklamaga, kabul edilen düzgünleri we şertlere laýyklykda olardan depozitleri almaga hukuklydyr.

54-nji madda. Soňky instansiýadaky kreditor

Türkmenistanyň Merkezi banky özüniň bellän düzgünlerine we şertlerine laýyklykda bank hasaplarynyň eýeleriniň öňünde soňky instansiýadaky bergidaryň wezipesini ýerine ýetirmek bilen, olara ýa-da olaryň haýryna şu Kanunyň 36-njy maddasy boýunça rugsat edilen karzlardan başga karzlary geçirip hem-de üç aýdan ýokary bolmadyk möhlet üçin şertli borçnamalary berip biler; eger Türkmenistanyň Merkezi banky karzlaryň ýa-da borçnamalaryň aýratyn halatlarda kepillendirilendigi babatda karar kabul etmedik ýagdaýynda şol karzlaryň ýa-da borçnamalaryň her birisi şu Kanunyň 36-njy maddasynda görkezilen aktiwler bilen kepillendirilmelidir; muňa garamazdan, Türkmenistanyň Merkezi banky şunuň ýaly üpjün edilmedik karzy ýa-da şertli borçnamany diňe şu aşakdaky ýagdaýlarda berýär:

- şol karzlary ýa-da borçnamalary bermek bank hasabynyň eýesiniň likwidligine degişli düzgünleriň talaplaryna we jemgyýetçilik bähbitlerine laýyk gelmegi bilen dörän aýratyn ýagdaýlarda;

- şeýle karzy ýa-da borçnamany bermäge Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan edilen teklibe 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe ministriniň garşylygy bolmadyk ýagdaýynda.

Türkmenistanyň Merkezi banky likwidlik hakynda bellenen düzgünleriň talaplaryna laýyk gelýän özüniň kabul ederlikli maksatnamasyna, ýagny likwidlik babatynda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan öňe sürlen talaplaryny kanagatlandyrmak boýunça degişli banklar tarapyndan çäreleriň görülmegini göz öňünde tutýan maksatnamasyna esaslanyp, şeýle karzlary ýa-da borçnamalary bermegiň möhletlerini uzaldyp biler.

55-nji madda. Kliring we hasaplaşyk hyzmatlary

Türkmenistanyň Merkezi banky kliring we bankara hasaplaşyk-töleg hyzmatlaryny döretmäge beýleki banklara kömek berip, çek boýunça tölegleri ýa-da beýleki töleg serişdeleri bilen bilelikde şol operasiýalary geçirmegiň tertibini we düzgünini belläp hem bilýär.

56-njy madda. Bank maglumat sistemasy

Türkmenistanyň Merkezi banky bank maglumat sistemasyny döredip we işe girizip bilýär.

VIII bölüm. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ SÇÝOTLARY, MALIÝE HASABATLARY, DERŇEWI WE HASABATLYLYGY

57-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maliýe ýyly

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maliýe ýyly 1-nji ýanwarda başlanyp, 31-nji dekabrda tamamlanýar (kalendar ýyly).

58-nji madda. Buhgalterçilik uçýoty

Türkmenistanyň Merkezi banky buhgalterçilik uçýotlary hakyndaky kabul edilen umumy düzgünlere laýyklykda amallaryň we maliýe düzgünleriniň ygtybarly beýan edilmegi üçin hemişe hasap hem-de gaýry dokumentleri alyp barýar.

59-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maliýe hasabaty

Türkmenistanyň Merkezi banky her maliýe ýyly üçin aýratyn maliýe hasabatyny taýýarlaýar. Şol hasabata balans, girdejiler we çykdajylar hakyndaky, şeýle hem gaýry degişli hasabatlar girýär. Şonda häzirki we öňki hasabatlaryň deňeşdirme analizi geçirilýär.

60-njy madda. Türkmenitanyň Merkezi bankynyň sçýotlarynyň derňewi

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenip, işe çekilen daşky auditor Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sçýotlaryny we dokumentlerini derňew edýär.

61-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň balans hasabatynyň we dokumentleriniň ýaýradylyşy we çap edilişi

Türkmenistanyň Merkezi banky tamamlanan her maliýe ýylyndan üç aý geçenden soň Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Mejlisine şu dokumentleri tabşyrýar:

derňewçiler tarapyndan tassyk edilen maliýe hasabatynyň göçürmesini;

ýylyň dowamyndaky işiň gidişi we amallar baradaky hasabaty;

ykdysady ýagdaý hakyndaky hasabaty;

Türkmenistanyň Merkezi banky olary tabşyrandan soň şu maddanyň 2 we 3 abzaslaryndaky ýatlanylan maliýe hasabatlaryny we dokumentlerini çap edýär.

62-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul syýasaty boýunça hasabatlylygy

Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanun güýje gireninden soň alty aýyň dowamynda¸ ondan soň bolsa her ýylda bir sapar Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan pul syýasatynyň geçirilişi we walýuta syýasatynyň düzgünleşdirilişi hakyndaky hasabaty Türkmenistanyň Prezidentine tabşyrýar. Şol hasabata şu aşakdakylar goşulmalydyr:

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan öňde duran 12 aýyň dowamynda geçirilýän belli bir pul syýasatynyň esasly sebäbi we beýany;

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şu syýasaty kabul etmegi we geçirmegi öňde duran iki ýylyň dowamynda amala aşyrmagy ýa-da ony has uzak wagtyň dowamynda geçirmegi zerur hasaplamagy babatyndaky ýörelgeleriniň beýany;

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kabul edilen we girişilen şol syýasatyň soňky ýyllyk hasabata düşýändigi baradaky analiz we berilýän baha.

63-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankyna rugsat berilmeýän hereket

Türkmenistanyň Merkezi bankyna¸ şu Kanundaky aýratyn bellenen ýagdaýlardan başga¸ şu aşakdakylar gadagan edilýär:

gös-göni karz görnüşinde maliýe kömegini¸ yzyna gaýtarylmaýan karzy ýa-da şertli borçnamany karzyna almak¸ bölekleýin karzlary ýa-da beýleki bergidarlyk borçnamalaryny bergi ýa-da şertli borçnama kabul etmek arkaly we beýleki islendik görnüşde maliýe kömegini bermek;

kommersiýa işleri bilen meşgullanmak¸ haýsydyr bir korporasiýanyň ýa-da kompaniýanyň şeýle hem gaýry maliýe edaralarynyň aksiýalaryny satyn almak¸ islendik maliýe¸ kommersiýa¸ oba hojalyk¸ senagat ýa-da gaýry düzümlere öz paýy boýunça gatnaşmak;

gozganmaýan emlägi ýa-da onuň belli bir bölegini satyn almak¸ kärendesine almak ýa-da gaýry ýollar bilen şol emlägi bolan hakyky hukuklara eýe bolmak; emma bu administratiw işi üpjün etmek üçin jaý bermek zerurlygy ýüze çykan halatynda¸ işgärleri ýerleşdirmek ýa-da şu kanunda bellenilen öz wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly bolan ýagdaýynda kadadan çykmak görnüşinde rugsat edilýär.

64-nji madda. Statistika maglumatlarynyň ýygnalyşy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň berjaý edilmegi üçin Türkmenistanyň ministrlikleri¸ wedomstwolary¸ kommersiýa banklary¸ kärhanalar oňa zerur gerek bolan statistiki hasabat-buhgalterçilik maglumatlary we beýleki materiallary mugt berýärler.

Hasabatlylygyň formasy we zerur maglumatlary bermegiň möhletleri hereket edýän kanunlara laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky öz ygtyýarynyň çäklerinde statistika maglumatlaryny ýygnamagy¸ düzmegi we ýaýratmagy kadalaşdyrýan düzgünleri tertibe salmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky haýsy statistika maglumatlaryň zerurdygyny kesgitleýär.

65-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň döwlet paçlaryndan we ýygymlaryndan boşadylmagy

Türkmenistanyň Merkezi banky döwlet paçlaryny we ýygymlaryny tölemekden boşadylýar (“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen ýerli ýygymlardan başga).

66-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň amallarynyň düzgünleri

Türkmenistanyň Merkezi banky öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde özbaşdak (awtonom) normatiw häkimiýetden peýdalanýar. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan birden agdyk edaralara degişli iberilen düzgünler¸ görkezmeler we instruksiýalar resmi metbugatda çap edilýär we çap bolan gününden ýa-da şol düzgünlerde¸ görkezmelerde¸ gözükdirijilerde bellenen has giçki möhletlerde güýje girýär. Türkmenistanyň Merkezi banky jemgyýetçilige elýeterli düzgünleriň¸ görkezmeleriň we gözükdirijileriň žurnalyny ýöredýär.

IX bölüm. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

67-nji madda. Şu Kanuny güýje girizmek hakynda

Şu Kanun çap edilen gününden başlap güýje girýär.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1992-nji ýylyň 19-njy maýynda kabul edilen (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 1992-nji ýyl¸ № 5¸ 34-nji maddany) «Türkmenistanyň Döwlet (Merkezi) banky hakyndaky» Türkmenistan Kanunynyň güýjüni ýitiren diýip hasaplamaly.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýyl, 8-nji oktýabr

№ 889-ХП

Ссылается на