Giriş maglumatlary
«Diplomatik ranglar hakynda»
Türkmenistanyň kanuny 2013-nji ýylyň 29-nji awgustynda kabul edilen № 427-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
DIPLOMATIK RANGLAR HAKYNDA
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1995 ý., № 3, 45- madda)
Şu Kanun halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryna laýyklykda Türkmenistanyň diplomatik işgärleri üçin diplomatik ranglary belleýär.
1-nji madda
Türkmenistanda aşakdaky diplomatik ranglar bellenilýär:
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi;
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil;
geňeşçi;
birinji sekretar;
ikinji sekretar;
üçünjçi sekretar;
attaşe.
2-nji madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň hem-de Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekiliň diplomatik ranglary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylýar.
Beýleki diplomatik ranglar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň attestasion komissiýasynyň maslahaty esasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan dakylýar.
3-nji madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekiliň diplomatik ranglary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we gaýry wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna we jogapkär işgärlerine dakylýar.
Aýratyn halatlarda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekiliň diplomatik ranglary Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlarynyň jogapkär işgärlerine dakylyp bilner.
4-nji madda
Atteşäniň diplomatik rangy diplomatik gullukda azyndan bir ýyl işläne dakylýar.
Nobatdaky diplomatik ranglar üçünji sekretaryň we ikinji sekretaryň diplomatik ranglary babatynda azyndan 2 ýyl, birinji sekretar we geňeşçi babatynda azyndan 3 ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginin apparatynda hem, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we gaýry weikilhanalarda hem hünärine we gullugy üstünlikli geçmegine baglylykda diplomatik işgärlere dakylýar.
Işde gazanan uly üstünlikleri üçin diplomatik işgärler görkezilen möhletden öň has ýokary diplomatik rangy dakmaklyga hödürlenip bilner.
5-nji madda
Diplomatik ranglar üçin wezipe aýlyklaryna goşmaça hak bellenilýär, onuň möçberi Türimenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.
6-njy madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň hem-de Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekiliň diplomatik ranglary ömürlik dakylýar.
Wezipeli adamlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sistemasyndan pensiýa gidenlerinde olaryň beýleki diplomatik ranglary özlerinde saklanyp galýar.
7-nji madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçini, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekili diplomatik ranglaryndan mahrum etmeklik Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýär.
Beýleki diplomatik ranglardan mahrum etmeklik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň attestasion komissiýasynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan geçirilär.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 24-nji noýabry
№ 92-1