Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 21.12.2012

Strahowaniýe hakynda

Последний известный официальный текст до 2012-12-22

Обновлено на портале · 12.08.2026

Strahowaniýe hakynda



«Strahowaniýe hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen № 356-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

STRAHOWANIÝE HAKYNDA

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1995 ý., № 3, 42- madda)

(Türkmenistanyň 02.07.2009 ý. № 44-IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

Şu Kanun strahowaniýe guramalarynyň we ýuridik hem fiziki taraplaryň, şol sanda daşary ýurt strahowaniýe guramalarynyň öz arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýar, şeýle hem eýeçiligiň haýsy görnüşine degişliligine garamazdan, strahowaniýe guramalarynyň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgelerini belleýär.

I bölüm

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Srahowaniýe hakynda düşünje

Strahowaniýe munuň özi belli bir hadysa (strahowaniýe halaty) ýüze çykanda emlägini we beýleki bähbitlerini goramak boýunça özlerine strahowaniýe summalarynyň we strahowaniýe öweziniň tölenilmegine niýetläp, fiziki we ýuridik taraplaryň özi tarapyndan strahowaniýe guramalaryna tölenýän, strahowaniýe tölegleriniň hasabyna emele gelýän pul hem beýleki fondlary goramagyň gatnaşyklar sistemasydyr.

2-nji madda. Türkmenistanyň strahowaniýe hakyndaky kanunçylygy

Türkmenistanyň strahowaniýe hakyndaky kanunçylygy şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryndan ybaratdyr.

Şu Kanunyň güýji döwlet sosial strahowaniýesine degişli däldir.

3-nji madda. Strahowaniýäniň obýekti we görnüşleri

Strahowaniýe şertnamasyny baglaşan pursatynda ýuridik we fiziki taraplaryň bähbitleri strahowäniýäniň obýekti bolup durýar.

Strahowaniýe bähbidi (ýagny emläk, şahsy, jogapkärçilik bähbidi) strahowaniýede maddy taýdan höweslendirmegin çäresidir.

Emläk bähbidi strahowaniýe etdirýäniň eýelik edýän, peýdalanýan ýa-da ygtyýar edýän emläginiň strahowaniýe edilen bahasyndan öwezi dolunýan pulunyň alynmagyny aňladýar (emläk strahowaniýesi).

Şahsy bähbit strahowaniýe şertnamasynda göz önünde tutulan wakalar ýüze çykan halatynda strahowaniýe puluny almakdan ybaratdyr we strahowaniýe etdirýäniň ýa-da strahowaniýe edilen adamynyň ömri, saglygy, işe ukyplylygy, pensiýa üpjünçiligi, sosial taýdan goraglylygy bilen baglanyşyklydyr (şahsy strahowaniýe).

Bähbitler şahsyýete ýa-da fiziki tarapyň emlägine, şeýle hem ýuridik tarapa strahowaniýe etdirýän tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy bilen baglanyşykly bolup biler (jogapkärçilik strahowaniýesi).

Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän ýuridik taraplaryň strahowaniýe obýektleri diňe Türkmenistanyň territoriýasynda strahowaniýe işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bar bolan strahowaniýe guramalary tarapyndan strahowaniýe edilmäge degişlidir.

Strahowaniýe hökmany we meýletin görnüşlerde amala aşyrylýar. Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary mynasybetli amala aşyrylýan strahowaniýe hökmany strahowaniýedir. Hökmany strahowaniýäniň görnüşleri, şertleri we tertibi Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary we kararlary bilen kesgitlenýär.

Meýletin strahowaniýesi strahowaniýe guramalary bilen strahowaniýe etdirýänleriň arasynda şertnama baglaşmak esasynda amala aşyrylýar. Meýletin strähowaniýäniň kadalary, şertleri we ony geçirmegiň tertibi şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda, strahowaniýe guramalary tarapyndan bellenýär. Strahowaniýäniň anyk şertleri strahowaniýe şertnamasy baglaşylan wagtynda kesgitlenýär.

Meýletin strahowaniýäniň görnüşleri esaslandyryş dokumentlerine laýyklykda strahowaniýe guramalary tarapyndan kesgitlenýär we olara ygtyýarnama berilýär.

4-nji madda. Strahowaniýe guramalary (strahowaniýe edijiler, täzeden strahowaniýe edijiler) we olaryň iş şertleri

Türkmenistanda strahowaniýe işini şu maksat bilen ýörite döredilen guramalar amala aşyrýarlar, olar üçin işiň şu görnüşi esasydyr.

Strahowaniýe guramalary öz ustawlaryna laýyklykda iş alyp barýar we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Strahowaniýe guramalary strahowaniýe bilen bir hatarda işiň strahowaniýe bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan başga görnüşleri bilenem meşgullanmaga haklydyr; hususan-da, strahowatellere we strahowaniýe edilen adamlara strahowaniýe obýektleriniň aýratynlyklary bilen baglanyşyklylykda, şeýle hem strahowaniýe rezerwleriniň wagtlaýyn boş maýalaryny hem peýdalanmak bilen goşmaça hyzmatlary (önüm öndürmek, iş) amala aşyrmaga olaryň haky bardyr.

Strahowaniýe guramasynyň öz zerur bolan maýasynyň (ustawlaýyn fondunyň, aktiwleriniň we beýleki rezerwleriniň) möçberi onuň guramaçylyk-hukuk görnüşine we onuň strahowaniýe we täzeden strahowaniýe etmek boýunça borçnamasynyň möçberine laýyk gelmelidir. Şonuň ýaly-da, strahowaniýe guramalarynyň geçirýän guramaçylyk-tehniki çäreleri strahowatelleriň öňündäki borçnamalary üpjün etmegiň kepili bolup hyzmat edip biler. Strahowaniýe guramasynyň öz serişdeleriniň, guramaçylyk-tehniki we beýleki çäreleriniň möçberiniň onuň strahowaniýe borçnamalarynyň möçberine laýyk gelşi strahowaniýe işine döwlet gözegçiligini amala aşyrýan gurama tarapyndan barlanylýar.

Täze döredilen strahowaniýe guramasy tarapyndan strahowaniýe işini amala aşyrmaga ygtyýarnama almak üçin dokumentleriň tabşyrylan pursatynda, pul serişdeleriniň hasabyna döredilen ustaw fondunyň minimal möçberi minimal iş hakynyň 5000 essesi möçberine laýyk gelmelidir, ýöriteleşdirilen täzeden strahowaniýe edýän guramanyňky bolsa minimal iş hakynyň 50000 essesi möçberine laýyk gelmelidir.

Strahowaniýe guramalary döwletiň borçnamalary üçin jogap bermeýärler, döwlet bolsa strahowaniýe guramalarynyň borçnamalary üçin jogap bermeýär, geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet strahowaniýe guramasynyň üstüne ýüklenen strahowaniýäniň döwlet hökmany görnüşleri boýunça borçnamalary muňa girmeýär.

5-nji madda. Strahowaniýe etdirýänler

Strahowaniýe şertnamasyny baglaşyp ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryna laýyklykda strahowaniýe etdirip, strahowaniýe töleglerin (strahowaniýe baýraklaryny) töleýän ýuridik taraplar we hukuk ukyply fiziki taraplar, şol sanda daşary ýurtlylar strahowaniýe etdirýänlerdir.

Strahowaniýe etdirýänler üçünji bir tarapyň peýdasyna (strahowaniýe edilen adamlaryň bähbitlerine) meýletin şahsy strahowaniýe şertnamasyny baglaşmaga haklydyr.

Strahowaniýe etdirýänler strahowaniýe şertnamasyny baglaşanda strahowaniýe şertnamalary boýunça strahowaniýe töleglerini almak üçin üçünji taraplary (bähbit görüjileri) bellemäge haklydyr, şeýle hem strahowaniýe şertnamasy hereket edýän döwründe, öz garamagyna görä, olary çalşyrmaga hem haky bardyr.

6-njy madda. Strahowaniýe dellallary

Strahowaniýe şertnamasynyň baglaşylmagy we onuň berjaý edilmegi strahowaniýe araçylarynyň (strahowaniýe agentleriniň we strahowaniýe dellallarynyň-brokerleriniň) üsti bilen amala aşyrylyp bilner, şolar hökmünde bolsa ýuridik we fiziki taraplar çykyş edip biler.

Strahowaniýe agenti öz işini strahowaniýe guramasynyň adyndan we onuň tabşyrmagy boýunça amala aşyrýar, onuň bilen şertnama esasynda işläp, ondän hak-heşdegini alýar.

Strahowaniýe guramasynyň adyndan alan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde agentiň öz üstüne kabul edip alan borçnamalary, strahowaniýe edýän gurama tarapyndan şol borçnamalar özbaşdak kabul edilip alnan hökmünde ýerine ýetirilýär.

Strahowaniýe dellaly strahowaniýe etdirýänler we strahowaniýe guramalary bilen şertnama esasynda öz işini amala aşyrýan garaşsyz araçydyr.

Eger halkara şertnamalary boýunça başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa¸Türkmenistanyň territoriýasynda daşary ýurt strahowaniýe guramalarynyň adyndan strahowaniýe şertnamalaryny baglaşmak barada, graždan jogapkärçilik strahowaniýesinden başga, strahowaniýe boýunça araçylyk işine ýol berilmeýär.

7-nji madda. Strahowaniýe halaty

Strahowaniýe halaty munuň özi onuň başlamagy bilen kanun ýa-da strahowaniýe şertnamasy esasynda strahowaniýe summasyny (strahowaniýe tölegini) strahowaniýe guramasynyň tölemelidigini baglanyşdyrýan wakadyr. Strahowaniýe halaty onuň başlanýan ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolmalydyr.

Hökmany strahowaniýe boýunça strahowaniýe halatlarynyň sanawy hökmany strahowaniýe hakyndaky kanunçylyk aktlary bilen bellenýär, meýletin strahowaniýe baradaky sanawlar bolsa strahowaniýe şertnamasynyň şertleri boýunça bellenýär.

Strahowaniýe halatynyň başlanmagy bilen strahowaniýe etdirýände degişli strahowaniýe summasyny (strahowaniýe tölegini) tölemek we Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan beýleki borçnamalary berjaý etmek boýunça strahowaniýe guramasyna talap bildirimek hukugy döreýär, strahowaniýe guramasynda bolsa bu barada degişli borçnama döreýär.

8-nji madda. Strahowaniýe borçnamasy

Strahowaniýe guramasynyň we strahowaniýe etdirýäniň borçlary şu Kanundan ýa-da strahowaniýe borçnamalaryndan gelip çykýar.

Strahowaniýe guramasy göz öňünde tutulan strahowaniýe halaty başlanda, strahowaniýe borçnamasy boýunça strahowaniýe etdirýäne ýa-da bähbit görüjä şol waka netijesinde ýetirilen zyýany, beýleki çykdajylary töleýär ýa-da strahowaniýe guramasyna deslapdan tölenen strahowaniýe töleginiň (strahowaniýe baýragynyň) summasynyň çäklerinde beýleki maddy kömegi berýär.

9-njy madda. Strahowaniýe summasy we strahowaniýe tölegi

Strahowaniýe summasy diýlip strahowaniýe şertnamasy tarapyndan kesgitlenen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryna laýyklykda bellenen puluň summasyna aýdylýar. Şondan ugur alnyp, strahowaniýe tölegleriniň we strahowaniýe serişdeleriniň möçberleri bellenilýär.

Emläk strahowaniýe edilende strahowaniýe etdirýäniň strahowaniýe guramasy bilen ylalaşyp, şonuň ýaly emlägiň bazar nyrhyndan ýa-da ekspert bahasyndan ugur alyp kesgitleýän strahowaniýe summasy onuň şertnama baglaşylan pursatyndaky nyrhyndan ýokary bolup bilmez.

Taraplar emlägiň strahowaniýe şertnamasynda bellenilen bahasy babatda jedelleşip bilmezler, ýöne strahowaniýe guramasynyň strahowatel tarapyndan bilkastlaýyn aldawa salnandygyny subut edýän halatlary muňa girmeýär.

Eger strahowaniýe şertnamasynda kesgitlenilen strahowaniýe summasy emlägiň strahowaniýe bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň strahowaniýe summasynyň emlägiň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.

Eger strahowaniýe şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, strahowaniýe halaty başlanýan ýagdaýynda emläk strahowaniýesi boýunça tölenilmeli strahowaniýe tölegleri, strahowaniýe summasyndan ýokary bolup bilmez.

Eger strahowaniýe şertnamasynyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, strahowaniýe summasy emlägiň strahowaniýe bahasyndan pes bolan halatynda, strahowaniýe tölegleriniň möçberi, strahowaniýe summasynyň emlägiň strahowaniýe bahasyna bolan gatnaşygyna proporsional ýagdaýda kemelýär.

Eger emläk strahowaniýe guramalarynyň ençemesinde, umumylykda alnanda emlägiň strahowaniýe bahasyndan (goşa strahowaniýe) geçýän summada edilen bolsa, onda şol strahowaniýe boýunça ähli strahowaniýe guramalaryndan alynýan strahowaniýe tölegi emlägiň strahowaniýe bahasyndan ýokary geçmeli däldir. Şonda strahowaniýe guramalarynyň her biri öz baglaşan şertnamasy boýunça strahowaniýe summasynyň möçberine deňeçer tölegi töleýär.

Strahowaniýe şertnamasynyň şertlerinde strahowaniýe töleglerini tölemegiň summasynyň çäklerinde ýetirilen zyýanyň öwezini natural görnuşde dolmak bilen hem çalşyrmak göz önünde tutulyp bilner.

Ömür, saglyk we işe ýarawlylyk, pensiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly bolan strahowaniýe şertnamalarynda strahowaniýe summasy strahowaniýe guramasy bilen ylalaşylyp, strahowaniýe etdirýän tarapyndan bellenilýär. Döwlet sosial strahowaniýesi, sosial üpjünçilik boýunça alyja berilmeli summalara we ýeten zyýanyn öwezini dolmak tertibinde oňa berilmeli summalara garamazdan, görkezilen şertnamalar boýunça tölegleri tölemeklik geçirilýär.

Eger strahowaniýe halatynyň başlanýan häsiýetinden ugur alnanda strahowaniýe edýän guramanyň strahowaniýe summasyny we strahowaniýe öwezini doldurmak borjy şübhe döretmeýän bolsa, ýöne zerur bolan guramaçylyk-tehniki işler üç aýyň içinde tamamlanmadyk bolsa, onda şeýle summany almaga hukugy bolan adam ony işiň ýagdaýy boýunça tölenmäge gürrüňsiz degişli möçberde awans tölemegi talap edip biler.

Şahsy strahowaniýäniň hökmany görnüşi boýunça strahowaniýe summasy minimal iş hakynyň 100 essesi möçberinden ýokary geçmeli däldir.

Strahowaniýe tölegi hakyndaky kararyň kabul edilmegi üçin strahowaniýe etdirýäniň arzasy we strahowaniýe ýagdaýy hakyndaky akt esas bolup hyzmat edýär.

Meýletin şahsy strahowaniýäniň şertleri boýunça strahowaniýe guramasynyň geçirýän tölegleri strahowaniýe summasyndan ýokary bolup bilmez.

Strahowaniýe summasy ýa-da strahowaniýe tölegi tölenilen mahaly strahowaniýe summasyny azaltmagy üpjün etmek üçin kabul edilen hökmünde girewine alnan emlägi suda ýüz tutmazdan strahowaniýe guramasynyň satmaga haky bardyr.

Strahowaniýe guramalary tarapyndan tölenýän strahowaniýe summalary we strahowaniýe tölegleri salgyt, ýygym salynmaga degişli däldir, şol summalardan döwlet pajy alynmaýar.

Eger strahowaniýe edilen adamyň özi bähbit görüji bolmasa, onda bähbit görüjä tölenmäge degişli summalar strahowaniýe etdirýäniň ýa-da strahowaniýe edileniň borçlary boýunça töletdirilip bilinmez. Strahowateliň ýa-da strahowaniýe edilen adamyň ölen halatynda, şahsy strahowaniýäniň şertnamasy boýunça bähbit görüjä tölenýän strahowaniýe summasy miras emläginiň düzümine girmeýär.

Meýletin strahowaniýäniň şertnamalary boýunça iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna döredilen strahowaniýe tölegleriniň we srahowaniýe öwezini doluş tölegleri, şeýle hem fiziki taraplaryň şahsy strahowaniýesi üçin tölenýän çykdajylar olaryň jemi girdejisine salynýan salgyda goşulmaýar.

Strahowaniýe summalaryny (strahowaniýe töleglerini) tölemeklik medisina, derňew, sud we beýleki edaralaryň hökmany suratda berýän dokumentleriniň hem çykaran netijeleriniň esasynda amala aşyrylýar.

10-njy madda. Strahowaniýe tölegleri ( strahowaniýe baýraklary)

Strahowaniýe tölegleri (strahowaniýe baýraklary) strahowateliň ýa-da onuň adyndan hereket edýän başga bir adamyň strahowaniýe şertnamasyna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryna laýyklykda strahowaniýe üçiň strahowaniýe guramasyna tölemäge borçly bolan tölegidir.

Strahowaniýe tölegleriniň hasabyny çykarmagyň we olary tölemegiň tertibi strahowaniýe guramalary tarapyndan bellenilýär.

Strahowaniýe töleglerini tölemeklik nagt däl hasaplaşyk we nagt pul arkaly geçirilýär.

Ýuridik taraplar öz işgärleriniň iş haklarynyň (girdejileriniň) summasyndan strahowaniýe töleglerini (strahowaniýe baýraklaryny) tutup galmak we olary strahowaniýe guramasynyň sçetuna geçirmek hakynda ýazmaça beren tabşyryklary ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

Strahowaniýäniň meýletin görnüşleri boýunça strahowaniýe tölegleriniň möçberleri taraplaryň ylalaşmagy netijesinde kesgitlenilýär, strahowaniýäniň hökmany görnüşleri boýunça bolsa, Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary esasynda kesgitlenilýär. Strahowaniýäniň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, strahowaniýe tölegi strahowaniýe summasynyň bellenen walýutasynda tölenilýär.

Hökmany görnüşli strahowaniýe boýunça strahowaniýe tölegleri önümiň (işiň, hyzmatyň) düşýän gymmatyna strahowaniýe etdirýän tarapyndan goşulýar. Hökmany görnüşli strahowaniýe boýunça strahowaniýe tölegleri (strahowaniýe baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda, olary töletdirmek işi býujete salgytlary we salgyt däl tölegleri töletmek üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Strahowaniýe edilen obýekt boýunça strahowaniýe töwekgelçiligi artan mahalynda, strahowaniýe töleginiň möçberini strahowatel bilen ylalaşyp, ýokarlandyrmaga strahowaniýe guramasy haklydyr.

Strahowaniýe töwekgelçiligini azaltmagy üpjün etmek hökmünde girew almaga we şoňa laýyklykda strahowaniýe tölegleriniň möçberini azaltmaga strahowaniýe guramasy haklydyr.

Strahowaniýe guramasynyň alan strahowaniýe tölegleri onuň eýeçiligidir. Şol serişdeler diňe şol strahowaniýe borçnamasy esaslaýyn we kanun tarapyndan göz öňünde tutulan tertipde hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda gozgamasyz edilip bilner we olary töletdirmek (ýa-da strahowaniýe etdirýäniň öňünde borçnamanyň şertleri esasynda bolmadyk başgaça almaklyk) amala aşyrylyp bilner.

Strahowaniýe şertnamasynyň hereket edýän döwründe girizilen strahowaniýe töleglerine temmi ulanylyp bilinmez, suduň kanuny güýjüne giren hökümi boýunça pul serişdeleriniň konfiskasiýa halaty muňa girmeýär.

Strahowaniýe guramasynyň we strahowaniýe etdirýäniň ylalaşygy boýunça strahowaniýe töleginiň düzüminde onuň gaýtaryp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol strahowaniýe halaty başlanmadyk strahowaniýe şertnamasynyň güýjüniň gutarmagy bilen strahowaniýe etdirýäne tölenilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan goralýan obýektlere garşy hyýanatçylykly hereketleri amala aşyrmagyň netijesinde edinilen gozgalýan we gozgalmaýan emläkler ýa-da terrorçylyk hereketleriniň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen maddy-tehniki we beýleki serişdeler barasynda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň hakyky däl diýlip bilinmegi netijesinde şol şertnamalary baglaşmak üçin tölenen ätiýaçlandyryş tölegleri (ätiýaçlandyryş baýraklary) yzyna gaýtarylyp berilmeýär.

11-nji madda. Strahowaniýe tarifi

Strahowaniýe tarifi strahowaniýe summasynyň birliginden ýa-da strahowaniýe obýektinden bellenilýän möçberdäki strahowaniýe töleg hakydyr, ol strahowaniýe guramalarynda strahowaniýe summalarynyň (strahowaniýe öwezini dolmalarynyň) töleglerini geçirmek, strahowaniýe ätiýaçlyk fondlaryny, duýduryş çäreler fonduny we beýleki fondlary döretmek üçin¸ şeýle hem strahowaniýe guramalarynyň işlerini alyp barmak we ösdürmek boýunça çykdajylary üzmek maksady bilen ýeterlik maliýe serişdelerini üpjün etmek üçin bellenilýär.

Hökmany strahowaniýe boýunça strahowaniýe tarifi hökmany strahowaniýe hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary, meýletin strahowaniýe boýunça bolsa strahowaniýe guramasy tarapyndan özbaşdak bellenilýär.

Önümçilikde betbagtçylykly ýagdaýlardan we professional kesellerden hökmany şahsy strahowaniýe boýunça strahowaniýe tarifi strahowaniýe summasynyň 2 prosentinden ýokary geçmeli däldir.

Üýtgäp durýan şertleri, ýaşaýyş nyrhynyň indeksini, strahowaniýe tarifleriniň möçberleriniň üýtgändigini nazara almak bilen, strahowaniýe etdirýänleriň maliýe borçnamalaryny strahowaniýe guramalarynyň borçnamalaryna laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykanda, Türkmenistanyň döwlet strahowaniýe gözegçiliginiň gullugy bilen ylalaşylmaga degişlidir.

12-nji madda. Bilelikdäki strahowaniýe

Strahowaniýäniň obýekti strahowaniýe guramasynyň biriniň ýa-da birnäçesiniň şertnamasy boýunça şol bir wagtyň özünde strahowaniýe edilip bilner. Bilelikdäki strahowaniýede strahowatel babatda strahowaniýe guramalarynyň arasynda hukuklar we borçlar ylalaşylan ülüşlerde paýlaşylýar¸ bu barada bilelikde ýa-da aýry-aýrylykda dokumentler berilýär.

Bilelikdäki strahowaniýe boýunça strahowaniýe guramalarynyň arasynda degişli ylalaşyk bolan mahalynda, strahowaniýe etdirýän bilen özara gatnaşyklarynda olaryň biri ähli strahowaniýe guramalaryna wekilçilik edip biler, şonda ol strahowaniýe etdirýäniň öňünde diňe öz ülüş paýynda jogapkär bolup galýar.

13-nji madda. Gaýtadan strahowaniýe etmek

Gaýtadan strahowaniýe etmek bu strahowaniýe guramasynyň öz üstüne alan töwekgelçilik strahowaniýesidir.

Strahowaniýe guramasy gaýtadan strahowaniýe etmek arkaly beýleki strahowaniýe guramasyndaky strahowaniýe boýunça öz borçnamalarynyň bir bölegini üzmegi üpjün etmäge haklydyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän (sedent) strahowaniýe guramasy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan strahowaniýe edijiniň (gaýtadan strahowaniýe edijiniň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan edilýän strahowaniýe şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şonda strahowateliň öňünde sedentiň borçnamasy doly möçberinde galýar.

Kabul edilen strahowaniýe borçnamalaryny öz serişdeleriniň hasabyna üzüp bilmeýän strahowaniýe edljiler üçin gaýtadan strahowaniýe etmek hökmanydyr.

Töwekgelçilikleri gaýtadan strahowaniýe etmek Türkmenistanyň gaýtadan strahowaniýe edýän ýa-da strahowaniýe edýän organlarynda geçirilýär, daşary ýurtly strahowaniýe ýa-da gaýtadan strahowaniýe ediji kompaniýalaryň üsti dolunmadyk töwekgelçiligi bolsa Türkmenistanyň Ministrler kabineti bilen ylalaşylyp, döwlet strahowaniýe gözegçiligi organlary tarapyndan bellenilýän tertipde gaýtadan strahowaniýe edilýär.

Türkmenistanda hereket edýän strahowaniýe edijileriň öz ygtyýarnama alan strahowaniýe görnüşleri boýunça gaýtadan strahowaniýe etmäge töwekgelçilikleri kabul etmäge hukugy bardyr.

14-nji madda. Strahowaniýe (puli) ylalaşygy

Strahowaniýe (puli) ylalaşygy strahowaniýe tölegleri boýunça raýdaşlyk jogapkärçiligi barada strahowaniýe guramalarynyň özara ylalaşyklary esasyndaky birleşigidir. Strahowaniýe (puli) ylalaşygy uly strahowaniýe töwekgelçiligi bilelikde we täzeden strahowaniýe edilende, strahowaniýe etdirýänleriň bähbitlerini goramak maksady bilen¸ şeýle hem strahowaniýe guramalarynyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin ulanylýar.

15-nji madda. Strahowaniýe guramalarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň kepilleri

Döwlet strahowaniýe guramalarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär.

Eger strahowaniýe guramalarynyň işine şu Kanun tarapyndan we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary tarapyndan göz öňünde tutulan gözegçiligiň amala aşyrylmagy boýunça döwlet organlarynyň hukuklaryna degmeýän bolsa, onuň işine döwlet, jemgyýetçilik we beýleki guramalarynyň goşulmagyna ýol berilmeýär.

Strahowaniýe guramalarynyň işine döwlet organlarynyň ýa-da beýleki organlaryň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň esassyz gatyşmagy netijesinde, strahowaniýe guramalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky jedeller sud tertibinde çözülýär.

Döwlet organlary we wezipeli adamlar strahowaniýe guramalaryna diňe Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda görkezme berip bilerler. Döwlet ýa-da beýleki organlar öz yggyýarlygyna ýa-da kanunçylygyň talaplaryna laýyk gelmeýän aktlary çykaran ýagdaýynda¸ şeýle aktyň hakyky däldigini ykrar etmek hakynda arzasy bilen suda ýüz tutmaga strahowaniýe guramasynyň haky bardyr.

II. bölüm

STRAHOWANIÝE ŞERTNAMASY

16-njy madda. Strahowaniýe şertnamasy

Strahowaniýe şertnamasy strahowaniýe guramasy bilen strahowaniýe etdirýäniň arasyndaky ylalaşykdyr, şoňa laýyklykda strahowaniýe guramasy şertnamada göz öňünde tutulan halaty gelen mahalynda strahowaniýe etdirýäne ýa-da şol borçnama başga bir adamyň bähbidine berjaý edilmäge degişli bolup, strahowaniýe summasyny ýa-da strahowaniýe tölegini tölemegi, şertleşilen şertnamanyň çäklerindäki beýleki maddy kömegi bermegi, strahowaniýe etdirýän bolsa bellenen möhletde strahowaniýe töleglerini (strahowaniýe baýraklaryny) tölemegi we şertnamanyň beýleki şertlerini ýerine ýetirmegi borç edinýär.

17-nji madda. Strahowaniýe şertnamasyny baglaşmagyň tertibi

Strahowaniýe etdirýän strahowaniýäniň şertnamasyny baglaşmak üçin strahowaniýe guramasyna ýazmaça arza berýär ýa-da başga usul bilen strahowaniýe şertnamasyny baglaşmak isleýändigi hakynda öz islegini mälim edýär.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we strahowaniýäniň düzgünlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, strahowaniýe şertnamasy strahowaniýe guramasy tarapyndan bellenilen ýa-da taraplaryň ylalaşmagy esasynda belli bir döwür üçin baglaşylýar we strahowaniýe tölegi tölenen pursatyndan başlap, strahowaniýe şertnamasy baglaşylan hasap edilýär.

Strahowaniýe tölegi tölenilende strahowaniýe guramasy strahowaniýe etdirýäne şertnamanyň bir nusgasyny ýa-da şertnama baglaşylandygyny tassyklaýan strahowaniýe şahadatnamasyny (polisi) ýa-da dokumenti berýär.

Strahowaniýe guramasynyň adyndan şertnama baglaşmaga ygtyýar edilen adam gol çekýär, eger oňa degişli hukuk berlen bolmasa, strahowaniýäniň şertlerini üýtgetmäge onuň haky ýokdur.

Eger strahowaniýeniň şertleri (düzgünleri) ýa-da taraplaryň ylalaşygy bilen oňa üýtgetmeler girizmek göz öňünde tutulan bolsa, onda strahowaniýe şertnamasynyň dowam edýän döwründe strahowaniýe etdirýänleriň oňa üýtgetmeleri girizmäge haky bardyr.

Strahowaniýe şertnamasy baglaşylanda strahowaniýe etdirýäniň strahowaniýe şertnamasy boýunça strahowaniýe töleglerini alar ýaly bähbit görüjileri bellemäge haky bardyr, şeýle hem strahowaniýe halaty gelip ýetmänkä, olary öz meýline görä çalşyrmaga haky bardyr.

18-nji madda. Strahowaniýe şertnamasynyň (starhowaniýe şahadatnamasynyň – polisiň) mazmuny

Strahowaniýe şertanamasy ýazmaça dokument düzmek arkaly ýa-da strahowaniýe guramasynyň strahowaniýe etdirýäne strahowaniýe şahadatnamasyny - polisi gowşurmagy bilen baglaşylýar.

Strahowaniýe şertnamasynda ýa-da strahowaniýe şahadatnamasynda (polisde) şular görkezilmelidir:

dokumentiň ady;

strahowaniýe guramasynyň ady¸ ýuridik adresi we bank rekwizitleri;

strahowaniýe etdirýäniň - fiziki tarapyň familiýasy, ady, atasynyň ady we adresi ýa-da strahowaniýe etdirýäniň - ýuridik tarapyň ady, ýuridik adresi we bank rekwizitleri;

strahowaniýe edilen adamyň familiýasy, ady¸ atasynyň ady we adresi;

bähbit görüjiniň - fiziki tarapyň familýasy, ady¸ atasynyň ady we adresi ýa-da bähbit görüjiniň - ýuridik tarapyň ady¸ ýuridik adresi we bank rekwizitleri;

-strahowaniýe edileniň bähbidiniň (strahowaniýe obýektiniň)we strahowaniýe töwekgelçiliginiň görkezilmegi;

-strahowaniýe summasynyň möçberi;

-strahowaniýe töleginiň (strahowaniýe baýragynyň) möçberi¸ ony tölemegiň tertibi we möhleti;

-strahowaniýe şertnamasynyň hereket möhleti (başlanýan we gutarýan senesi);

-strahowaniýe summasyny (strahowaniýe tölegini) tölemegiň möhleti we bu möhletiň berjaý edilmezligi üçin strahowaniýe guramasynyň jogapkärçiligi;

-strahowaniýe etdirýän tarapyndan strahowaniýäniň görkezilen görnüşiniň kadalaryny bilýändigi hakyndaky maglumatlar;

-taraplaryň goly.

Strahowaniýäniň aýry-aýry görnüşleri boýunça beýleki hökmany şertler bellenilip bilner, olar strahowaniýe şertnamasynda ýa-da strahowaniýe şahadatnamasynda (polisinde) görkezilip bilner.

Strahowaniýe şertnamasynyň hereket döwründe, eger munuň özi strahowaniýe guramasy ýa-da taraplaryň gatnaşyklary arkaly bellenen strahowaniýäniň şu görnüşiniň şertleri bilen göz öňünde tutulsa, strahowaniýe etdiriji onuň hereket möhleti, strahowaniýe summasynyň möçberi, ony almak üçin bellenen adam babatynda oňa üýtgetmeler girizmek hakynda mälim etmäge haklydyr.

19-njy madda. Strahowaniýe şertnamasynda strahowaniýe etdirýäniň çalşyrylmagy

Emläk strahowaniýesiniň ýa-da üçünji bir tarapyň bähbidine şahsy strahowaniýe şertnamasyny baglaşyp¸ strahowaniýe etdiren ölen halatynda, strahowaniýe etdireniň hukuklary we borçlary şu aşakdakylara geçip biler, ýagny:

şol emlägi miras tertibinde kabul edip alan adama;

üçünji bir adama;

strahowaniýe edilenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak baradaky borçlary ýerine ýetirýän adamlara.

Strahowaniýe edilen emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen halatynda, bu barada strahowaniýe guramasyna habar berilýär, strahowaniýe etdirýäniň hukuklary we borçlary strahowaniýe şertnamasy esasynda şol emlägi alan adama geçip biler.

Strahowaniýe şertnamasynyň hereket döwründe strahowaniýe etdirýän ýuridik tarapyň hukugyny ýitiren bolsa, strahowaniýe şertnamasy boýunça onuň hukuklary we borçlary miras hakly adama geçýär.

Eger strahowaniýe şertnamasynyň hereket döwründe strahowaniýe etdirýän sud tarapyndan hukuk taýdan kämil däl diýlip ýa-da hukuk kämilligi çäkli diýlip ykrar edilen bolsa, onda onuň hukuklary we borçlary strahowaniýe etdireniň bähbitleri üçin aladalanýan hossaryna ýa-da howandarlyk edýäne geçýär.

20-nji madda. Strahowaniýe guramasynyň borçlary

Strahowaniýe guramasy şu aşakdakylara borçludyr, ýagny:

strahowaniýe etdirýäni strahowaniýäniň düzgünleri ýa-da şertleri bilen tanyş etmäge;

strahowaniýe edilen emlägiň bahasy ýokarlanan nahaly strahowaniýe etdirýäniň arzasy boýunça ýa-da strahowaniýe etdirýän tarapyndan görlen çäreler netijesinde strahowaniýe halatynyň gelmek howpunyň azalmagy ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli strahowaniýe şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

şertnamada ýa-da kanunçylyk aktlarynda bellenen strahowaniýe ýagdaýy gelen mahalynda strahowaniýe etdirene strahowaniýe summasyny(strahowaniýe tölegini) bellenen tertipde tölemäge;

muňa şu Kanunyň 25-nji maddasy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

Strahowaniýe etdirýäniň strahowaniýe prosesinde özüne mälim bolan gizlin maglumatlary aýan etmezlige; Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Strahowaniýe guramasy strahowaniýe summasyny (strahowaniýe tölegini) öz wagtynda tölemänligi üçin,şeýle hem strahowaniýe guramasynyň işgärleriniň günäsi bilen strahowaniýe şertnamasynyň möhletinden öň bes edilenligi üçin strahowaniýe etdirýäne jerime tölemek arkaly emläk jogapkärçiligini çekýär, onuň möçberi strahowaniýe guramasy tarapyndan strahowaniýäniň bellenen şertleri esasynda ýa-da tarapalaryň ylalaşygy bilen kesgitlenýär.

Strahowaniýe şertnamasynda strahowaniýe guramasynyň başga borçnamalary hem göz öňünde tutulyp bilner.

21-nji maada. Strahowaniýä degişli emlägiň aýalyp saklanmagyna gözegçillk

Strahowaniýe guramalary strahowaniýä degişli emlägiň aýalyp saklanmagyna gözegçiligi amala aşyrmaga haklydyr.

Strahowaniýe guramasy eýeçiliksizlik faktlary anyklanylan halatynda ýa-da emlägiň degişli däl derejede aýalyp saklanylýan halatynda, strahowaniýe etdirýänlere ýüze çykarylan kemçilikleriň düzedilmegi hakyndaky hökmany ýerine ýetirilmeli görkezmäni berýär. Görkezme ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda strahowaniýe guramasynyň strahowaniýe jogapkärçiliginiň möçberini azaltmaga haky bardyr.

22-nji madda. Strahowaniýe etdirýäniň borçlary

Strahowaniýe etdirýän şu aşakdakylara borçludyr, ýagny:

strahowaniýe şertnamasy baglaşylanda strahowaniýe edilen obýektiň borçlaryna baha kesmek üçin özüne mälim bolan düýpli ähmiýetli ýagdaýlaryň hemmesi hakynda, şeýle hem strahowaniýe edilen emläkdäki islendik düýpli özgeriş, şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy hakynda strahowaniýe guramasyna habar berilmelidir.

Soňky halatda strahowaniýe guramasynyň strahowaniýe töleginiň (strahowaniýe baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde strahowaniýe şertnamyny togtatmaga haky bardyr;

-strahowaniýe tölegini (strahowaniýe baýragyny) bellenen tertipde tölemäge;

-strahowaniýe halatynyň gelendigi barada kanunda ýa-da strahowaniýäniň şertnamasynda görkezilen möhletde habar bermäge;

-strahowaniýe ýagdaýynyň başlanmagynyň öňüni almaga we eger şeýle ýagdaý başlansa, şonuň netijesinde ýüze çykýan çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge;

Strahowaniýäniň şertnamasynda strahowaniýe etdirýäniň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

23-nji madda. Ýetirilen zyýan üçin jogapkär adam babatda strahowaniýe etdirýäniň hukuklarynyň strahowaniýe guramasyna geçmegi

Strahowaniýe halaty başlanan ýagdaýynda ýetirilen zyýan üçin strahowaniýe etdirýäniň ýa-da üçünji adamyň öňünde jogapkär adamdan talap etmek hukugy şol summanyň çäklerinde strahowaniýe şertnamasy boýunça strahowaniýe tölegini tölän strahowaniýe guramasyna geçýär.

Eger strahowaniýe etdirýän görkezilen şol adama talap bildirmekden ýa-da şol talaplary ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda strahowaniýe guramasy strahowaniýe tölegleriniň üçünji bir adamdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

24 nji madda. Strahowaniýe şertnamasynyň bes edilmegi

Strahowaniýe şertnamasy şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:

hereket möhleti gutaranda;

strahowaniýe guramasy şertnamadaky borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirende;

strahowaniýe etdirýän strahowaniýe töleglerini şertnama tarapyndan bellenen möçberlerde we möhletlerde tölemedik ýagdaýynda;

ýuridik tarap ýatyrylanda; şu Kanunyň 19-njy maddasynyň üçünji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;

strahowaniýe etdiren aradan çykanda şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar oňa girmeýär;

şu Kanunyň 22-nji maddasynyň birinji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan şertleri strahowaniýe etdirýän tarapyndan berjaý edilmedik ýagdaýynda.

Eger şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, strahowaniýe şertnamasy strahowaniýe etdirýäniň ýa-da strahowaniýe guramasynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.

Strahowaniýe guramasy strahowaniýe halatynyň başlanmak töwek-|gelçiligi artan mahalynda strahowaniýäni togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haklydyr.

Şertnama baglaşylandan soň, şol borçnamalar taraplaryň deslapdan görüp we öňüni alyp bilmedik ýagdaýynda dörän adatdan daşary häsiýetli wakalar netijesinde ýerine ýetirilmedik bolsa, şertnama togtadylyp bilner, strahowaniýe guramasy bolsa şol borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmänligi üçin jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

Strahowaniýäniň şertnamasy möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda strahowaniýe guramasy strahowaniýe etdirýäniň talaby boýunça şetnamanyň gutarmadyk möhleti üçin strahowaniýe wznosyny edilen çykdajylary aýryp, oňa gaýtaryp berýär.Eger strahowaniýe etdirýäniň talaby, strahowaniýe guramasy tarapyndan strahowaniýe düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlenen bolsa, onda ol strahowatele onuň tölän strahowaniýe wznosyny dolulygyna gaýtaryp berýär.

Strahowaniýe guramasynyň talaby boýunça strahowaniýe möhletinden öň bes edilende, ol strahowateliň tölän strahowaniýe wznosyny oňa dolulygyna gaýtaryp berýär. Eger strahowateliň talaby strahowaniýe guramasynyň strahowaniýäniň düzgünlerini bozanlygy bilen şertlenen bolsa, onda ol strahowatele şertnamanyň gutarmadyk möhleti üçin strahowaniýe wznosyny edilen çykdajylary aýryp, gaýtäryp berýär.

25-nji madda. Strahowaniýe şertnamasynyň hakyky däldigi

Strahowaniýe şertnamasy şu aşakdaky ýagdaýlarda baglaşylan bolsa, hakyky däl diýlip hasap edilýär:

şu Kanuna çapraz gelýän şertler bilen baglaşylan bolsa;

graždan kämillik hukugy bolmadyklar ýa-da bellenen tertipdäki kämillik hukugy çäklendirilenler bilen baglaşylan bolsa;

şertnama baglaşylan pursatynda akyly çaşan ýa-da öz hereketleri üçin hasap bermäge ukypsyz ýagdaýdaky adamlar bilen baglaşylan bolsa;

strahowaniýe guramasynyň adyndan şertnama baglaşmaga haky bolmadyk adamlar bilen;

jenaýatçylyk ýoly bilen gazanylan, ýazgy geçirmäge, gozgamazlyga sezewar edilen ýa-da suduň höküminiň ýa-da emläk konfiskasiýasy hakyndaky kanuna laýyklykda çykarylan käraryň kanuny güýjüne girenligi esasynda konfiskasiýa edilmeli emläk babatda;

strahowaniýe summasyny /strahowaniýe tölegini/ tölemegi göz öňünde tutýan strahowaniýe şertnamasynyň halaty gelenden soň;

şertnamanyň ýazuw görnüşiniň berjaý edilmezligi bilen;

döwlet belliginden geçmedik we ygtyýarnama almadyk strahowaniýe guramalary bilen;

döwletiň bähbitleriniň garşysyna görnetin gönükdirilen maksatlar bilen; şonda tölenilen strahowaniýe tölegi yzyna gaýtarylyp berilmeýär;

Türkmenistanyň jenaýat kanuny tarapyndan goralýan obýektlere garşy hyýanatçylykly hereketleri amala aşyrmagyň netijesinde edinilen gozgalýan we gozgalmaýan emläkler barasynda baglaşylan bolsa;

terrorçylyk hereketleriniň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen maddy-tehniki we beýleki serişdeler barasynda baglaşylan bolsa.

26-njy madda. Strahowaniýe summasyny (strahowaniýe tölegini) tölemekden ýüz döndermek

Strahowaniýe etdirýän strahowaniýe wakasynyň bolup geçendigi hakda öz wagtynda habar bermedik ýagdaýynda, strahowaniýe guramasy oňa strahowaniýe summasyny /strahowaniýe tölegini/ doly ýa-da kem-käsleýin tölemekden ýüz döndermäge haklydyr. Şonuň ýaly-da, strahowaniýe halaty bolup geçen hem bolsa, agzalan tölegleri doly ýa-da kem-käsleýin tölemekden şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüz döndermäge haklydyr, ýagny:

strahowaniýe halaty strahowaniýe etdirýäniň ýa-da strahowaniýe wakasynyň gelmek töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen strahowaniýe şertnamasyny öz peýdasyna baglaşan adamyň bilkastlaýyn hereketleri netijesinde bolup geçen bolsa. Görkezilen norma graždanlyk borjuny ýerine ýetirmek ýa-da ömri, saglygy, namysy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatynda ulanylmaýar;

strahowaniýe etdirýän ýa-da strahowaniýe edilen adamlar tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilen bolsa, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilip we sud edilen bolsa;

strahowaniýe etdirýän ýa-da strahowaniýe edilen adamyň alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenmelerden serhoş bolan ýagdaýynda amala aşyran hereketleri netijesinde bolup geçen bolsa;

strahowaniýe ýagdaýlary hakynda görnetin ýalan maglumatlary strahowaniýe guramasyna beren bolsa, şol ýagdaýyň gizlenenligi strahowaniýe halatynyň gelmegi bilen baglanyşygyň sebäbinde bolýan bolsa. Kem-käsleýin ýüz döndermegiň möçberi strahowaniýe guramasy tarapyndan kesgitlenýär we strahowaniýäniň şertlerinde takyklanyp bilner.

III. bölüm

STRAHOWANIÝE GURAMALARYNYŇ MALIÝE

YKDYSADY IŞI

27-nji madda. Strahowaniýe guramalarynyň maliýe ykdysady işiniň esaslary

Strahowaniýe guramalarynyň maliýe-ykdysady işi strahowaniýe etdirýänleriň öňünde borçnamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilendir, ol doly hojalyk özbaşdaklygynyň şertlerinde amala aşyrylýar.

Strahowaniýe guramasynyň maliýe-hojalyk işiniň netijeleriniň esasy umumy görkezijileri alnan peýdadyr, ol girdejiler (strahowaniýe tölegleri) bilen strahowaniýe öwezini dolmak, strahowaniýe ýa-da beýleki summalaryň tölegleri üçin çykdajylaryň, duýduryş çärelerine, ätiýaçlyk rezerwlerine, iş ýöretmäge goýberilýän otçisleniýeleriň arasyndaky tapawutdyr¸.şeýle hem inwestision we dellalçylyk işinden alnan peýdadyr.

Strahowaniýe guramasynyň býujetiň hasabyna geçirýän salgytlary we beýleki hökmany tölegleri töländen soňra alýan peýdasy onuň öz ygtyýarynda galýar.

28-nji madda. Strahowaniýe guramalarynyň operasiýalarynyň maliýe taýdan durnuklylygynyň üpjünçiligi

Strahowaniýe guramasynyň maliýe taýdan durnuklylygynyň esasy onda tölenen ustaw fondunyň we strahowaniýe rezerwlerinin, şeýle hem täzeden strahowaniýe etmek sistemasynyň barlygy bolup durýar.

Strahowaniýe tölegleriniň serişdelerinden we strahowaniýe guramasynyň beýleki kanuny çeşmelerinden strahowaniýe rezerwleri döredilýär, olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

şikaýat müddetiniň möhletlerini göz önünde tutmak bilen gutarylmadyk strahowaniýe borçnamalary boýunça. strahowaniýe tölegleriniň rezerwi;

mälim edilen, ýöne tölenmedik borçnamalar;

ömruň uzak möhletli strahowaniýesi we pensiýa strahowaniýesi;

jogapkärçilikli strahowaniýe we emläk strahowaniýesi;

strahowaniýäniň meýletin görnüşini ösdürmäge ýardam edýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerine zähmet hakyny tölemek üçin;

strahowaniýäniň anyk görnüşleriniň aýratynlyklaryndan gelip çykýan beýleki rezerwler.

Şeýle hem strahowaniýe guramasynyň operasiýalarynyň maliýe taýdan durnuklylygynyň üpjün edilmegine strahowaniýe halatlarynyň gelmeginiň ähtimallygyny azaltmak baradaky duýduryş çäreleriniň geçirilmegine hyzmat edýär. Görkezilen çäreleri strahowaniýe guramasynyň özi hem geçirip biler, onuň çäreleri beýleki adamlar tarapyndan tutuşlygyna maliýeleşdirmegi arkaly hem geçirilip bilner.

Strahowaniýe rezerwlerini we duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin bölünip berilýän serişdeler strahowaniýe guramasynyň çykdajylarynyň düzümine girýär.

Ömür strahowaniýesini we pensiýa strahowaniýesini strahowa-niýäniň beýleki görnüşleri bilen, hususan-da emläk, jogapkärçilik, maliýe töwekgelçiligi strahowaniýesi bilen bir wagtda amala aşyrýan strahowaniýe guramalary şeýle operasiýalaryň we balansyň aýry-aýry hasabyny alyp barmaga borçludyr.

Strahowaniýe guramalary öz tölege ukyplylygyny üpjün etmek aktiwler bilen özleri tarapyndan alnan strahowaniýe borçnamalarynyň normatiw gatnaşyklaryny berjaý etmäge borçludyrlar. Şol gatnaşyklary hasaplap çykarmagyň metodikasy we olaryň normatiw möçberleri döwlet strahowaniýe gözegçiligi organlary tarapyndan bellenilýär.

Strahowaniýe rezerwlerini ýerleşdirmeklik strahowaniýe guramalary tarapyndan diwersifikasiýa, yzyna gaýtarmak, peýda almak we likwidlik şertlerinde amala aşyrylmalydyr.

Strahowaniýe guramalarynyň strahowaniýe rezerwleri býujete geçirilmäge we salgyt salynmaga degişli däldir.

29-njy madda. Merkezleşdirilen strahowaniýe fondy

Strahowaniýe guramalary strahowaniýe töleglerinden serişdelerin bir bölegini tutup galmak ýoly bilen merkezleşdirilen strahowaniýe fonduny döredýärler.

Merkezleşdirilen strahowaniýe fondunyň serişdeleri köpçülikleýin häsiýete eýe bolan adatdan daşary wakalaryň bolan halatlarynda, strahowaniýe etdirýänleriň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin, şeýle hem duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin olaryň bar bolan pul serişdeleri we aktiwleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda maliýe kömegini bermäge niýetlenilendir.

Merkezleşdirilen strahowaniýe fonduny döretmegiň we ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti bilen ylalaşylyp, strahowaniýe işi üçin döwlet gözegçiligi organy tarapyndan kesgitlenilýär.

IV bölüm

STRAHOWANIÝE IŞINE DÖWLET GÖZEGÇILIGI

30 - njy madda. Strahowaniýe guramalarynyň işi üçin döwlet strahowaniýe gözegçiligi

Strahowaniýe işine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Strahowaniýe işine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň strahowaniýe baradaky kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek, strahowaniýe hyzmatlaryny netijeli ösdürmek, strahowaniýe etdirýänleriň, strahowaniýe guramalarynyň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak maksady bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň strahowaniýe işine gözegçiligi boýunça esasy funksiýalary şu aşakdakylardyr:

strahowaniýe guramalaryna, strahowaniýe dellallaryna strahowaniýe işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar bermek;

strahowaniýe guramalarynyň we strahowaniýe dellallarynyň (döwlet reýestrini alyp barmak;

öz hususy strahowaniýe rezerwleriň babatynda kabul edilýän jogapkärçiligiň aňryçäk möçberini kesgitlemek;

strahowaniýe tarifleriniň esaslydygyna we strahowaniýe guramalarynyň tölege ukyplydygynyň üpjün edilmegine göezegçilik etmek;

strahowaniýe guramalarynda strahowaniýe rezerwlerini, strahowaniýe tariflerini girdejileri döretmegiň we ýerleşdirmegiň kadalaryny bellemek;

hasaba alşy ýöretmegiň, hasabaty düzmegiň birmeňzeşligini üpjünetmek;

strahowaniýe guramalarynyň işini düzgünleşdiriji normatiw we metodik dokumentleri işläp taýýarlamak;

strahowaniýe etdirijileriň we strahowaniýe guramalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak baradaky çäreleri amala aşyrmak;

strahowaniýe guramalary tarapyndan strahowaniýe hakyndaky şu Kanunyň we strahowaniýe hakyndaky kanunçylyk aktlarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek;

strahowaniýe işiniň praktikasyny umumylaşdyrmak, strahowaniýe hakyndaky kanunçylygy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça teklipleri bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we bermek;

strahowaniýäniň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna ýardam etmek we strahowaniýe işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak.

Ykdysadyýet we maliýe ministrligi öz funksiýalarynyň çäklerinde strahowaniýe işine gözegçilik etmek boýunça şu aşakdykalara haklydyr:

strahowaniýe guramalaryndan we strahowaniýe dellallaryndan strahowaniýe işi hakyndaky bellenilen hasabaty¸ olaryň maliýe ýagdaýy hakyndaky habary almaga;

strahowaniýe guramalary we strahowaniýe dellallary tarapyndan Türkmenistanyň strahowaniýe hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilşine we olar tarapyndan berilýän hasabatyň dogrulygyna barlaglary geçirmäge;

strahowaniýe guramalary we strahowaniýe dellallary tarapyndan şu Kanunyň talaplarynyň bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda¸ olary düzetmek boýunça kesgitnama bermek¸ kesgitnama ýerine ýetirilmedik halatynda ýüze çykarylan düzgün bolzumalar düzedilýänçe olara berlen ygtyýarnamalaryň hereketini togtatmak ýa-da çäklendirmek ýa-da ygtyýarnamalary yzyna almak hakynda karar kabul etmäge;

hereket edýän kanuny bozýan strahowaniýe guramalary¸ strahowaniýe dellallary hakda köpçülige habar beriş serişdeleri arkaly habar bermek.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň strahowaniýe bazarynda monopolistik işiň we ynsapsyz bäsdeşligiň duýdurylmagyny çäklendirilmegini we öňüniň alynmagyny üpjün edýär.

31-nji madda. Strahowaniýe guramalarynyň işine ygtyýarnama bermek

Strahowaniýe boýunça strahowaniýe¸ gaýtadan strahowaniýe we dellallçylyk işine ygtyýarnama berilmegini Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi amala aşyrýar.

Strahowaniýe guramalary (strahowaniýe edijiler¸ gaýtadan strahowaniýe edijiler) we strahowaniýe dellallary ygtyýarnama alan pursatyndan başlap¸ strahowaniýe işini amala aşyrmaga bolan hukuga eýe bolýarlar.

Ygtyýarnama ähli zerur dokumentleriň alnan gününden başlap 30 günüň içinde berilýär. Şu möhletiň içinde ygtyýarnama bermekden boýun gaçyrylan halatynda¸ strahowaniýe guramasyna ýüz öwürmegiň sebäpleri hakda ýazmaça formada habar berilýär.

Strahowaniýe işini amala aşyrmaga bolan ygtyýarnamany almak üçin ýuridiki tarap aşakdaky dokumentleri berýär:

ygtyýarnamanyň berilmegi hakdaky arza ( haýyş haty);

esaslandyryş dokumentleriniň we döwlet bellige alnyşy hakdaky şahadatnamalaryň nusgalarynyň kopiýasy;

ustaw fondunyň tölenenligini tassyklaýan dokumentler;

strahowaniýe operasiýalaryny ösdürmegiň plany (planlaşdyrylýan strahowaniýe operasiýalarynyň görnüşleri we möçberleri¸ indiwidual töwekgellikler boýunça ýokary jogapkärçilik¸ gaýtadan strahowaniýe goragyny guramak);

operasiýalaryň görnüşleri boýunça strahowaniýäniň kadasy ýa-da şertleri;

strahowaniýe tarifleriniň hasaplaşyklary;

esaslandyryjylar tarapyndan hödürlenýän strahowaniýe guramasynyň ýolbaşçylarynyň professional taýdan laýyklygy hakynda maglumatlar.

Esaslandyryş dokumentlerinde gaýtadan strahowaniýe edilmegi nazarda tutulan ýuridiki taraplar «a»¸«b»¸ «w»¸ «j» kiçi punklarynda görkezilen dokumentleri berýärler.

Ygtyýarnama hökmany we (ýa-da) meýletin şahsy strahowaniýäniň anyk görnüşlerini¸ emläk strahowaniýesini we jogapkärçilik strahowaniýesini¸ şeýle hem eger onuň iş predmeti diňe gaýtadan strahowaniýe bolup dursa¸ onda gaýtadan strahowaniýäni amala aşyrmak üçin strahowaniýe guramasyna berilýär.

Strahowaniýe guramasy strahowaniýäniň onda göz öňünde tutulmadyk beýleki görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama goşmaça almak üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine arza bilen ýüz tutup biler¸ onuň ýanyna görnüşler boýunça strahowaniýäniň kadalary we şertleri hem strahowaniýäniň bu görnüşleri boýunça tarifleriň hasaplaşyklary goşulýar.

Strahowaniýe işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama we oňa goşmaça olaryň hereket ediş möhletlerini çäklendirmezden strahowaniýe guramasyna berilýär.

Strahowaniýe boýunça dellallçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama esalandyryjy dokumentleriň we bellige almak hakyndaky dokumentleriň nusgalaryny¸ şeýle hem dellallçylyk guramasynyň ýolbaşçylary hakyndaky maglumatlary goşmak bilen dellallaryň arzasynyň esasynda berilýär.

Ygtyýarnama almak üçin dokumentlerini berýän ýuridiki tarap ygtyýarnama berlenligi üçin Türkmenistanyň Merkezi býujetine birwagtlaýyn ýygym töleýär:

strahowaniýe işini amala aşyrmak üçin minimal iş hakynyň 50 essesine alýyk gelýän summa möçberinde;

gaýtadan strahowaniýe işini amala aşyrmak üçin minimal iş hakynyň 100 essesine laýyk gelýän möçberinde;

dellallçylyk işini amal aşyrmak üçin minimal iş hakynyň 25 essesine laýyk gelýän möçberinde.

Strahowaniýe guramalary olary bellige alyjy organa we ygtyýarnama beriji organa berilýän maglumatlaryň dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

Ygytýarnama bermek bilen baglanyşykly esaslandyryş dokumentlerine girizilen üýtgetmeleriň ählisi hakynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine habar berilýär.

Eger strahowaniýe guramalary we strahowaniýe dellallary bir ýylyň içinde strahowaniýe¸ gaýtadan strahowaniýe we dellallçylyk işini amala aşyrmasalar¸ onda olara berilen ygtyýarnama güýçsüz hasap edilýär.

32-nji madda. Strahowaniýe guramalarynda hasaba alyş we hasabatlylyk

Strahowaniýe guramalarynda hasaba alyş we hasabatlylyk bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň strahowaniýe guramalary ýylyň jemleri boýunça hökmany auditor barlagyna sezewar edilýär.

Strahowaniýe guramalary bellenilen adreslere we möhlet1erde döwlet statistik hasabatlylygyny berýärler.

Strahowaniýe guramalary we olaryň wezipeli adamlary hasabatdaky habaryň dogrulygy we onuň öz wagtynda berilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler,

33-nji madda. Strahowaniýe kanunçylygynyň bozulandygy üçin sanksiýalary ulanmak

Strahowaniýe hakyndaky şu Kanunyň we beýleki kanunçylyk aktlarynyň bozulandygy üçin aşakdaky sanksiýalar göz öňünde tutulýar:

ýazmaça duýduryş;

jerime ;

ygtyýarnamanyň güýjüni togtatmak ;

ygtýarnamany yzyna almak.

Şu maddada göz öňünde tutulan sanksiýalar Türkmenistanyň Ykdyksadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň strahowaniýe kanunçylygyny bozýan ähli ýuridik taraplar üçin ulanylýar.

Jerimeleriň möçberi we olary töletmegin tertibi Türkmenistanyň ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

V. bölüm

ŞU KANUNY ULANMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

34-nji madda. Türkmenistanyň ýuridik we fiziki taraplarynyň bähbitleriniň strahowaniýäsi

Türkmenistanyň ýuridik we fiziki taraplary diňe Türkmenistianyň strahowaniýe guramalary bilen strahowaniýe şertnamalaryny baglaşýarlar.

Türkmenistanyň ýuridik we fiziki taraplarynyň daşary ýurt strahowaniýe kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşyp biljek strahowaniýe görnüşleriniň sanawy Türkmenistanň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

35-nji madda. Daşary ýurtly maýa goýujylarň gatnaşmagy bilen strahowaniýe guramalarynyň işi

Daşary ýurtly maýa goýujylar (daşary ýurtly strahowaniýe guramalary) bilelikdäki strahowaniýe guramalaryny esaslandyrmak arkaly strahowaniýe we gaýtadan strahowaniýe işini amala aşyryp bilerler.

Bilelikdäki strahowaniýe guramalarynda daşary ýurt maýasynyň (maýa goýujynyň) gatnaşyk paýy ustaw fondunyň möçberiniň 49 prosentinden geçmeli däldir.

Daşary ýurduň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki strahowaniýe guramalarynyň ustaw fondunyň minimal möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

36-njy madda. Türkmenistanda bolýan daşary ýurt ýuridik we fiziki taraplaryň strahowaniýesi

Daşary ýurt ýuridik we fiziki taraplaryň Türkmenistanyň fiziki we ýuridik taraplary bilen deň hatarda strahowaniýe goragyna bolan hukukdan peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň territoriýasyndaky daşary ýurt ýuridiki taraplarynyň emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň territoriýasynda strahowaniýe işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan strahowaniýe guramalarynda strahowaniýe edilmäge degişlidir.

37-nji madda. Jedellere garamak

Strahowaniýe we strahowaniýe işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça gatnaşyklardan gelip çykýan jedeller sud tertibinde çözülýär.

Gaýdymlaýyn hak isleglerine garalan mahalynda Türkmenistanyň strahowaniýe guramalary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýär.

38-nji madda. Strahowaniýe guramalarynyň halkara birleşiklerine gatnaşmagy

Strahowaniýe guramalyrynyň halkara birleşiklerine Türkmenistanyň strahowaniýe guramalarynyň gatnaşmaga hukugy bardyr.

39-njy madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalyrynda şu Kanundaka garanda başga düzgünler bellenilen bolsa¸ onda halkara şertnamalarynyň normalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 24-nji noýabry

№ 89-1

Ссылается на

На этот материал ссылаются