Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin jezalandyrmak hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin
jezalandyrmak hakynda Konwensiýa
goşulmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 118-nji madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
1948-nji ýylyň 9-njy dekabrynda kabul edilen Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin jezalandyrmak hakynda Konwensiýa goşulmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.
№ 112-VI.