Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Kaka raýonynda Onbegi oba Sowetini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Kaka raýonynda Onbegi oba Sowetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Kaka raýonynda Onbegi oba Sowetini döretmek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 15-16, 161 - madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Kaka raýonynda merkezi Onbegi posýologynda bolan Onbeg oba Sowetini döredip, şol raýonyň Kirow adyndaky oba Sowetiniň Onbegi posýologyny onuň sostawyna bermeli.

2. Täze döredilýän oba Sowetiniň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglaryndan saýlanan deputatlardan ybarat halk deputatlarynyň, Onbegi oba Sowetini döretmeli.

3. Halk deputatlarynyň Kirow adyndaky we Onbegi oba Sowetiniň bellenen pes normadan az sanly sostawda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat bermeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 23-nji awgusty

№ 258- XII