Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistan SSR–niň «Dil hakyndaky» Kanunyny güýje girizmegiň tertibi barada

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistan SSR–niň «Dil hakyndaky» Kanunyny güýje girizmegiň tertibi barada

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Türkmenistan SSR-–niň «Dil hakyndaky» Kanunyny güýje girizmegiň tertibi barada

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 10, 110- madda)

Türkmenistan SSR-niň «Dil hakyndaky» Kanunynyň kabul edilmegi mynasybetli, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Türkmenistan SSR-niň «Dil hakyndaky» Kanunynyň düzgünlerini jemgyýetçilik durmuşynyň ähli sferalaryna kem-kemden ornaşdyrmak maksady bilen, 5, 6, 7, 10, 12, 17, 20, 21, 23-nji maddalar Kanunyň tekstinde görkezilen möhletleriň dowamynda güýje girizilýär diýip bellemeli. Beýleki maddalar şu Kanunyň kabul edilen gününden güýje girýär.

2. «Türkmen dilini ösdürmegiň we onuň ulanylyş sferasyny giňeltmegiň, rus diliniň hem-de beýleki dilleriň öwrenilişini gowulandyrmagyň Döwlet programmasyny» tassyklamaly.

3. Türkmenistan SSR Ministrler Sowetine:

- işlemek üçin Türkmenistan SSR-niň, döwlet dilini bilmek talap edilýän wezipeleriň sanawyny taýýarlamagy we ony 1991-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tassyklamaly, şeýle hem şol wezipede işlemek üçin dil bilmegiň kwalifikasion talaplaryny işläp taýýarlamagy;

- «Türkmen dilini ösdürmegiň we onuň ulanylyş sferasyny giňeltmegiň, rus diliniň hem-de beýleki dilleriň öwrenilişini gowulandyrmagyň Döwlet programmasyny» Türkmenistan SSR-niň kabul edilen «Dil hakyndaky» Kanunyna laýyk getirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 24-nji maýy

№ 202a- XII