Balkan oblastynyň şäher tipli Gumdag posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň hataryna geçirmek hakynda
TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Balkan oblastynyň şäher tipli Gumdag posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň hataryna geçirmek hakynda
(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 182 mad.)
Türkmenistanyň Ýokary Soweti karar edýär:
Halk deputatlarynyň Balkan oblast Nebitdag şäher Sowetiniň şäher tipli Gumdag posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň hataryna geçirip, onuň öňki adyny saklap galdyrmaly.
Gumdag şäherinde Gumdag posýolok Sowetiniň deputatlaryndan ybarat halk deputatlarynyň şäher Sowetini döretmeli.
Halk deputatlarynyň Gumdag şäher Sowetiniň bellenen iň pes normadan az sanda işlemegine kadadan çykma hökmünde ygtyýar bermeli.
Türkmenistan Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1991-nji ýyl, 13-nji noýabr
№ 609- XII