Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Çärjew oblastynyň Halaç raýonynda Surh oba Sowetini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Çärjew oblastynyň Halaç raýonynda Surh oba Sowetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Çärjew oblastynyň Halaç raýonynda Surh oba Sowetini döretmek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 6, 63-madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Çärjew oblastynyň Halaç raýonynda merkezi Surh posýologynda bolan Surh oba Sowetini döredip, Surh, Güneşlik, Omar-gyzylja, Täzemaksat posýoloklaryny we şol raýonyň Halaç oba sowetiniň territoriýasynda indiwidual ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin bölünip berlen 25 gektar meýdanyň territoriýasyny onuň sostawyna bermeli.

2. Täze döredilen oba Sowetiniň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlaryň sanyndan halk deputatlaryň Surh oba Sowetini döretmeli.

3. Halk deputatlarynyň Surh oba Sowetiniň bellenen pes normadan az sostawda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat bermeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 25-nji marty

№ 451 - XII