Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň
arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda
Şertnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 44-nji madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.
№ 161-VI.