Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmen milli konserwatoriýasyna

Maýa Kulyýewanyň we

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine

Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň

atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 16-njy madda)

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde dürli döwürde öz döredijilikli we ak ýürekli zähmeti bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaşlary ata Watanymyza söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde köp hyzmatlary bitiren adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge uly goşant goşan, halkymyzyň söýgüsine, il içinde uly abraýa hem-de hormata mynasyp bolan şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek barada ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlaryndan, talyplaryndan gelip gowşan haýyşnamalary nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

1. Türkmen milli konserwatoriýasyna Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk artisti merhum Maýa Kulyýewanyň adyny dakmaly we ony mundan beýläk «Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy» diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri merhum Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň adyny dakmaly we ony mundan beýläk «Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 2-nji marty.

№ 133-VI.