Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Aşgabat şäherinde gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 11-nji madda)

Ata Watana, türkmen halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejäniň adynyň şu gün türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň öňünde gahrymançylygyň, wepalylygyň, belent adamkärçilikli sypatlarynyň nusga öwrülendigini belläp, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje ýyly bolan 2003-nji ýylda onuň mukaddes ruhuny, röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky orta mekdep» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew

Aşgabat şäheri

2003-nji ýylyň Oguz aýynyň 14-i.

№ 183-II.