KanunTM — примечание редакции
Примечание редакции KanunTM: этот текст источника ещё не включает поправки приказа №116-iş от 23.07.2026. Он опубликован как более ранний снимок, а не как актуальная сводная редакция.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 39-iş belgili
B U Ý R U G Y
«Internet web-saýtynyň döredilmeginde we işe girizilmeginde berjaý edilmäge degişli bir bitewi tehniki talaplary tassyklamak hakynda»
«Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1687-nji kararynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, buýurýaryn:
1. Internet web-saýtyny döretmegiň we işe girizmegiň bir bitewi tehniki talaplary tassyklamaly (goşulýar).
2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy gözegçilik etmeli.
Baş director M.Çakyýew
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktorynyň
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda
çykaran 39-iş belgili buýrugy bilen
tassyklanyldy
Internet web-saýtynyň döredilmeginde we işe girizilmeginde berjaý edilmäge degişli bir bitewi tehniki talaplary
I bap. Umumy düzgünler
1. Şu Internet web-saýtyny döretmegiň we işe girizmegiň bir bitewi tehniki talaplary (mundan beýläk - Talaplar) 2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda kabul edilen “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen “Maglumat we ony goramak hakynda”, 2017-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda”, 2014-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna şeýle hem, “Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran 135-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda Düzgünnama we “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1687-nji kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de internet web-saýtynyň döredilmeginde we işe girizilmeginde berjaý edilmäge degişli bir bitewi tehniki talaplaryny kesgitleýär.
2. Şu Talaplar ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleri, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.
3. Şu Talaplarda ulanylýan esasy düşünjeler:
1) HTTPS (Transport Layer Security) protokoly - web-saýty bilen ulanyjynyň enjamynyň (öýjükli telefonlar we kompýuterler) arasyndaky aragatnaşygyň gizlinligini üpjün edýän protokol;
2) maglumatlar - ony saklamak, işläp taýýarlamak we bermek mümkinçiligini üpjün edýän ýörite görnüşde berlen habar;
3) SSL (Secure Sockets Layer) protokoly - gizlinlemek we tassyklamak arkaly, internet ulgamyndaky ähli amallaryň goragyny üpjün edýän protokol;
4) SSH (Secure Shell ) protokoly - serwer enjamyny we onuň ulgamlaryny uzak aralykdan howpsuz dolandyrmaga mümkinçilik berýän protokol;
5) TLS (Transport Layer Security) protokoly - SSL protokolynyň kämilleşdirilen täze nesli;
6) web-saýt - ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary.
II bap. Internet web-saýtyna bildirilýän umumy talaplar
4. Internet web-saýtyň grafiki şekillendirmesine (dizaýnyna) bildirilýän talaplar:
1) dizaýny döwrebap bolup, eýesiniň korporatiw dizaýnyna gabat gelmelidir we esasan hem, ýagty reňklerden düzülmelidir;
2) saýlanan reňkler we şriftler web-saýtda ýerleşdirilen maglumatyň ýeňil okalmagyny üpjün etmelidir;
3) dizaýn elementlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän ýa-da gadagan edilen nyşanlary, şekilleri ulanmak gadagandyr;
4) internet web-saýta birigýän mobil telefonlarda, planşetlerde we beýleki enjamlarda sahypanyň dogry görkezilmegini üpjün edýän we brauzerleriň penjireleriniň ölçeglerini dinamiki taýdan uýgunlaşmagyny üpjün edýän “uýgunlaşdyrylan web dizaýny” (Adaptive-responsive design) bolmalydyr.
5. Internet web-saýtda maglumatlary ýerleşdirmek boýunça bildirilýän talaplar:
1) işe girizilmegi meýilleşdirilýän internet web-saýtyň serwer enjamynyň ýurduň çäginde ýerleşdirilmegini we onuň ätiýaçlandyrylan tertipde gurnalmagyny üpjün etmelidir;
2) internet web-saýtda täzelikleriň wagtal-wagtal täzelenip durulmagy üpjün edilmelidir we täzelikleri ýerleşdirilen ýagdaýynda, diňe hakykylygy tassyklanan ygtybarly çeşmelerden alnan täzelikler ýerleşdirilmelidir. Daşky çeşmelerden täzelikler alnan ýagdaýynda, maglumatyň çeşmesi görkezilmelidir;
3) awtorlyk hukugy bilen goralan maglumatlar diňe awtoryň razylygy esasynda we awtor barada maglumaty görkezmek bilen ýerleşdirilmelidir;
4) internet web-saýta maglumatlary ýerleşdirmek ýörite admin paneli göz öňünde tutulmalydyr. Statik internet web-saýtlaryna maglumatlar admin panelsiz, goragly protokollaryň (HTTPS, SFTP we şuňa meňzeş) üsti bilen ýerleşdirilip bilner. Admin panel internet web-saýtyň administratoryna internet web-saýtda ýerleşdirilen maglumaty üýtgetmäge, täze maglumat girizmäge, maglumaty internet web-saýtdan wagtlaýyn aýyrmaga ýa-da doly pozmaga mümkinçilik berilmelidir;
5) internet web-saýty ulanyjylar tarapyndan maglumat girizmäge mümkinçilik bolan ýagdaýynda (teswirler, umumy çat we ş.m.) ulanyjynyň girizen maglumaty diňe barlagdan (moderasiýa) geçirilenden soňra we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän ýagdaýynda internet web-saýtyň sahypalarynda görkezilmäge degişli edilmelidir;
6) internet web-saýtyň dolandyryş ulgamynyň awtorizasiýa parollarynyň maglumat binýady häzirki zaman kriptoalgoritmleri ulanylyp şifrlenen ýagdaýda saklanýandygyna göz ýetirilmelidir. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan kriptoalgoritmler ulanylmalydyr;
7) ulanyjylaryň we administratorlaryň ulgama girmekde, ýatdan çykarylan açar sözi (paroly) dikeltmekde we açar sözi üýtgetmekde halkara standartlaryna laýyk gelýän, howpsuzlyk tarapdan ygtybarly usullary we serişdeleri ulanmalydyr;
8) internet web-saýtyň her iş sahypalarynyň dolandyrylyşy we gözegçiligi garaşsyz esasda alnyp barylmalydyr;
9) internet web-saýtlaryň maglumat binýadynda ýerleşdirilen şahsy maglumatlar hökmany ýagdaýda şifrlenen görnüşinde saklanylmalydyr.
6. Şahsy maglumatlar bilen işlemek boýunça talaplar:
1) internet web-saýt ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny (ady, familiýasy, elektron poçta salgysy, telefon belgisi, ýaşaýan salgysy we ş.m.) ulgamda saklanan ýagdaýynda olaryň goragyna we üçünji taraplara aýan edilmezligine çäre görülmelidir;
2) ulanyjynyň elektron poçtasy ulgamda saklanan ýagdaýynda, ony ulanyjydan birugsat üçünji taraplar bilen paýlaşmak, aýan etmek, poçta salgysyna mahabatlandyryjy, spam görnüşli hatlary ugratmak gadagan edilmelidir;
3) internet web-saýtyň şahsy maglumatlaryň peýdalanyşyny düşündirýän resminamasy (privacy policy) bolmalydyr we ulanyja elýeter görnüşde web sahypada tanyşmak üçin ýerleşdirilmelidir.
7. Internet web-saýt arkaly töleg geçirmek boýunça talaplar:
1) internet web-saýt tarapyndan ulanyjynyň bank kartynyň CVC kody ýatda saklanmaly däldir;
2) internet web-saýtyň internet arkaly töleg geçirmek mümkinçilikleri, töleg maglumatlarynyň ýazylýan görnüşi (formasy) we töleg sahypasy Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir;
3) töleg rekwizitleri, elektron poçta salgylary ýa-da gizlin maglumatlar (meselem: tokenleriň ygtyýarlylygy), şeýle-de ulanyjylaryň identifikatorlaryny özünde saklaýan maglumatlar hökmany ýagdaýda şifrlenmelidir.
8. Internet web-saýtyň serweriniň programma üpjünçiligine bildirilýän talaplar:
1) peýdalanylýan operasion ulgamy we programma üpjünçiligi häzirki wagtda aktual we öz içinde ýokary derejeli gowşaklyklary bolmadyk wersiýalarda işlemelidir;
2) ulanyjynyň serwer bilen birikmesi hem-de ýerleşdirýän maglumatlar HTTPS protokolynyň üsti bilen amala aşyrylmalydyr;
3) kiberhüjümçileriň ulanyjylara ugradyp biljek “Сlickjacking” hüjümlerine garşy gorag çäreleri göz öňünde tutulan bolmalydyr;
4) internet web-saýtlarynyň sahypalaryna galp ýüzlenme arkaly hüjümleriniň (CSRF- Сross-site Request Forgery) öňüni almaklyk üçin “SameSite” kuki-faýl usullary (atributlary) ulanylmalydyr.
III bap. Internet web-saýtyň kiberhowpsuzlygyna bildirilýän talaplar
9. Internet web-saýtyň kiberhowplara garşy goragyny üpjün etmek boýunça talaplar:
1) ulgamyň «log» ýazgylarynyň «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda 12 aý möhletinde saklanylmalydyr;
2) «Log» ýazgylary serwerde we programma üpjünçiliginde bolup geçýän ähli hadysalary, üýtgeşmeleri we ulanyjylaryň hereketleri barada maglumatlary öz içinde jemlemelidir;
3) internet web-saýtyň faýllarynyň we maglumatlar binýadynyň wagtly-wagtynda “baсkup” görnüşde ätiýaçlyk nusgalary alynmalydyr we zerur bolan ýagdaýynda gysga wagtyň içinde işe girizmäge taýýar görnüşde saklanylmalydyr;
4) internet web-saýtyň administratorlarynyň kompýuterleri arkaly internet web- saýtyň dolandyryş sahypasyna (admin panel) birugsat aralaşmagyň öňüni almak boýunça çäreler göz öňünde tutulan bolmalydyr;
5) internet web-saýtyň dolandyryş sahypasyna (admin panel) elýeterlilik we faýl dolandyryş ulgamyna giriş administratoryň belli bir IP salgylary bilen çäklendirilen bolmalydyr;
6) internet web-saýta ýüklenilýän faýllar we resminamalar antiwirus barlagyndan geçirilmelidir we barlagdan doly geçen ýagdaýynda internet web-saýta ýüklenilmelidir. Internet web-saýta näbelli, gaýry çeşmelerden alnan zyýanly programma koduny öz içinde saklaýan faýllaryny (plugin, module) ýüklemek gadagan edilmelidir;
7) internet web-saýt bilen ulanyjynyň arasynda geçýän maglumatlaryň goragyny üpjün etmek, goragly HTTPS protokolyny we SSL/TLS sertifikatlaryny ulanmak arkaly amala aşyrylmalydyr;
8) internet web-saýtyny we onuň ýerleşdirilen serwer enjamyny dolandyrmak, goragly protokollar (SSH, HTTPS, SFTP we ş.m.) arkaly ýerine ýetirilmelidir;
9) internet web-saýtyň maglumatlar binýadyna (database) daşyndan aralaşmak gadagan edilmelidir. Maglumatlar binýadyna aralaşmak mümkinçiligi diňe internet web-saýtyň özünden amala aşyrylmalydyr;
10) internet web-saýty işe girizmezden öň onuň howpsuzlygynyň garaşsyz barlagyny (auditini) geçirmelidir;
11) internet web-saýtyň işjeňligine jogapkär işgär içerki buýruk bilen bellenilmelidir;
12) API-de ýerleşýän maglumatlary yzygiderli barlamak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr;
13) API-ni ulanmazdan öň ulanyjy, dogry we doly derejede autentifikasiýalaşdyrylan bolmalydyr;
14) ähli hyzmatlaryň “log” ýazgylary merkezleşdirilen tertipde alynmalydyr;
15) dolandyryjy sahypasynyň (admin panel) agza ady (login) we açar sözi (parol) her aýda çalşylmalydyr, maglumatlar elektron bukjada ýa-da tekst faýllarda saklanylman, aýratyn ýatda saklaýjy enjamlarda saklanmalydyr;
16) dolandyryjy sahypasynyň (admin panel) her sahypasy açylanda hökmany ýagdaýda dolandyryjynyň aktiw ýagdaýdadygy barlanmalydyr;
17) internet web-saýtyň dolandyryjy sahypasyna (admin panel) girmek üçin agza ady (login), açar sözi (parol) we ygtyýarlylygyň şekilli barlagy (captcha*) ulanylmalydyr. (СAPTСHA: Adam we kompýuteri bir-birinden tapawutlandyrmak maksady bilen ulanylýan awtomatiki şekilli ygtyýarlandyrma barlagy (Turing Test). Açar sözi (parol) diňe bir harp ýa-da san bolman, hökmany ýagdaýda uly-kiçi harplardan, sanlardan we şekillerden (simwollardan, meselem:(!@#$%...) düzülen bolmalydyr;
18) açar sözi (parol) brauzeriň ýadynda saklanylmaly däldir;
19) internet web-saýtyň wajyp papkalarynyň we sazlaýjy (konfigurasion) faýllarynyň ýazylmaga, okalmaga, ýerine ýetirilmäge hukuklary (permission) barlanylmalydyr we diňe wajyp topara rugsat edilmelidir;
20) internet web-saýta bir surat ýa-da wideo ýerleşdirmek (upload) üçin, ilki olaryň düzüm maglumaty (metadatasy) barlanylmalydyr;
21) internet web-saýtyň FORM flood, Bruteforce, SQL Injection, Object injection, Сross Site Scripting (XSS), Unrestrieted File Upload hüjümlerine garşy goraglylygy hökmany ýagdaýda göz öňünde tutulan bolmalydyr;
22) internet web-saýtda ýüze çykan ýalňyşlyklaryň ählisi ýüze çykarylmalydyr we ýazgy görnüşinde saklanmalydyr;
23) internet web-saýtyň daşky we içki kiber hüjümlere garşy goraglylygyny güýçlendirmek üçin awtomatiki usulda barlaýan programma üpjünçilikleri ulanmalydyr;
24) internet web-saýty dolandyryjy administratoryň kompýuterinde ygtyýarnamaly (liсense) antiwirus programma üpjünçiligi ulanylmalydyr we internet web-saýtyň serwerinde gorag programma üpjünçiligi we enjamy (firewall) gurnalan bolmalydyr;
25) internet web-saýtyň dolandyryjy sahypasyna (admin panel) girmek azyndan 3 sany derejeli dolandyryjydan ybarat bolmalydyr: (Meselem: administrator, super administrator, root ygtyýarly dolandyryjy);
26) internet web-saýtyň enjamlarynda ygtyýarnamasyz näbelli programma üpjünçiliklerini gurnamak we zyýan ýetiriji skriptlary ulanmak gadagan edilmelidir;
27) internet web-sahypalaryň CMS ulgamynyň, plaginlarynyň hem-de modullarynyň täze görnüşleriniň çykan ýagdaýynda 36 sagadyň içinde täzelenmelidir update);
28) internet web-saýtyň howpsuzlyk barlagy (audity) ýygy-ýygydan geçirilip durulmalydyr we barlagyň netijesinde ýüze çykarylan gorag gowşaklylary tiz wagtda düzedilmelidir;
29) internet web-saýtyň giriş (access) loglary hemişe gözegçilikde bolmalydyr we kiberhüjüm synanşyklary ýüze çykarylan halatynda olaryň öňüni almak boýunça degişli çäreleri geçirilmelidir;
30) internet web-saýtyň API-lerine DDoS hüjümleri arkaly ugradylýan ýüzlenmeleri çäklendirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulan bolmalydyr;
31) ulanyjylar tarapyndan internet web-saýtyň ulgamyna ugradyljak maglumatlaryň we ýüzlenmeleriň göwrümini, düzümini çäklendirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulan bolmalydyr;
32) DDoS hüjümleriň täsirini peseltmäge ukyby bolan ulgamyň göz öňünde tutulmagy zerurdyr (load balancer).
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 1540 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.