KanunTM — примечание редакции
Примечание редакции KanunTM: в официальном источнике отсутствуют 12 изображений, относящихся в том числе к формулам. Пропуски отмечены в тексте. До получения полного исходника не полагайтесь на неполные формулы для расчётов. Текст уже содержит поправки №51-Ö; повторно они не применялись.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 6-Ö belgili
B U Ý R U G Y
«Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary döretmek boýunça statistik usulyýeti tassyklamak hakynda»
«Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, buýurýaryn:
1. Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary döretmek boýunça statistik usulyýetini tassyklamaly (goşulýar).
2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirliginiň başlygy hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň sebitleýin statistika müdürlikleriniň başlyklary gözegçilik etmeli.
Başlyk D.Amanmuhammedow[Примечание редакции KanunTM: изображение 1 отсутствует в источнике]
Türkmenistanyň Statistika baradaky
döwlet komitetiniň başlygynyň
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda
çykaran 6-Ö belgili buýrugy bilen
tassyklanyldy
Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet statistik gözegçilikleri
we degişli statistik habary döretmek boýunça statistik
USULYÝETI
(Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 51-Ö belgili buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 14-nji awgustynda 1964 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan)
I bap. Umumy düzgünler
1. Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary döretmek boýunça statistik usulyýeti (mundan beýläk - Usulyýet) «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň üçünji bölegine esaslanyp, dürli maglumatlar çeşmelerini, iş tertiplerini birleşdirip, harytlar we hyzmatlar üçin sarp edijileriň söwda kärhanalarynda we hyzmatlar ýaýrawynda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) gözegçilik etmegiň, Türkmenistanyň çäginde ortaça sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) we sarp ediş görkezijileriniň bahalaryny (nyrhlaryny) emele getirmegiň we olar babatynda statistik habary döretmegiň usullaryny kesgitleýär.
2. Dürli çeşmeleri birleşdirmek diýip, bahalaryň (nyrhlaryň) gözegçiliginiň gerimini ep-esli ýokarlandyrmaga, maglumatlary gaýtadan işlemegi optimizleşdirmäge we awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) görkezijilerini (indekslerini) baha (nyrh) maglumatlarynyň bar bolan başga (alternatiw) çeşmelerinden maglumatlary ulanmak arkaly hasaplamak maksady bilen bahalaryň (nyrhlaryň) statistik tejribesini baýlaşdyrmaklyk bolup durýar.
3. Usulyýet ilatyň önümçilik däl maksatlary bilen satyn alýan harytlarynyň we tölegli hyzmatlarynyň sarp ediş bahalaryna (nyrhlaryna) statistik gözegçiligi amala aşyrmaklygy kämilleşdirmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, zähmet statistikleriniň 17-nji Halkara konferensiýasyna gatnaşan halkara guramalary: Halkara Pul Gaznasy, Ýewropa Bileleşmesiniň Statistika bölümi we Halkara zähmet guramasy tarapyndan kabul edilen «Sarp ediş nyrhlarynyň indeksi barada rezolýusiýanyň» maslahatlaryny göz öňünde tutmak bilen işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem, Usulyýet Türkmenistanyň statistikanyň halkara standartlaryna geçmegi bilen baglylykda, sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň çykdajylarynyň COICOP-SBG («Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan 22.04.1997 ý. 16 belgi bilen tassyklanan Uýgunlaşdyrylan niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatory) halkara klassifikatorynda bellenilenleri göz öňünde tutmak bilen işlenilip taýýarlandy.
4. Harytlar (işler, hyzmatlar) üçin sarp ediş nyrhlarynyň görkezijisi (mundan beýläk - nyrh görkezijisi (indeks) giň gerime eýe bolan we ilkinji nobatda ulanylýan puluň hümmetiniň gaçmagynyň barşyny häsiýetlendirýän ýurduň iň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar.
5. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp edijileriniň bahalaryna (nyrhlaryna) döwlet statistik gözegçiligi we olar babatynda statistik habaryň döredilmegi ýurduň maliýe we pul syýasatyny durmuşa geçirmek, ykdysadyýetdäki baha (nyrh) barşyny seljermek, durmuşyň ykdysady ösüşiniň barşyny öwrenmek, ilat üçin iň az durmuş taýdan kepillikleri täzeden gözden geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (mundan beýläk – Komitet) statistik işleriniň ýyllyk meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
6. Sarp ediş bahalar (nyrhlar) baradaky statistiki maglumatlaryň esasynda döredilýän, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) görkezijileri aşakdakylar bolup durýar:
1) baha (nyrh) görkezijisi (indeks) - ilatyň önüm öndürmek maksady bilen sarp etmek üçin däl-de, satyn alýan harytlarynyň (işleriniň, hyzmatlarynyň) wagtyň geçmegi bilen bahalarynyň we nyrhlarynyň umumy derejede üýtgemegini häsiýetlendirýär. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kesgitlenen sanawynyň indeksini häzirki döwrüň indeksiniň öňki döwrüň indeksine bolan gatnaşygy ölçeýär;
2) esasy sarp ediş bahasynyň (nyrhynyň) görkezijisi baha (nyrh) görkezijisinden (indeksinden) tapawutlylykda, administratiw ýa-da möwsümleýin häsiýetli aýry-aýry faktorlaryň täsiri astynda gysga möhletli we deň däl nyrhlaryň üýtgemegini aradan aýyrýan görkezijidir;
3) belli bir harytlaryň ýa-da hyzmatyň görnüşi üçin ortaça sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) üýtgemegi - harydyň ýa-da hyzmatyň häzirki wagtdaky we öňki döwürdäki bahalarynyň gatnaşygy hökmünde hasaplanýar we ykdysady mazmuny boýunça belli bir harydyň ýa-da hyzmatyň baha (nyrh) görkezijisinden (indeksinden) tapawutlanýar. Çünki diňe bir baha faktoryny däl-de, eýsem gurluşyny hem-de harytlary we hyzmatlary satmakda toplumlaýyn görnüşleriň çalşyklaryny hem göz öňünde tutýar;
4) baha (nyrh) görkezijiniň (indeksiniň) çaklamasy - sarp edijiniň baha (nyrh) görkezijisiniň (indeksiniň) takmynan bahasy Türkmenistan üçin harytlaryň we hyzmatlaryň kesgitlenen sanawy üçin hasaba alnan bahalaryň üýtgemegi esasynda hasaplanýar;
5) aýratyn önüm (hyzmat) üçin ortaça sarp ediş bahasy (nyrhy) - dürli söwda obýektlerinde harytlaryň (hyzmatlaryň) bahasynyň ortaça bahasy dürli toplumlaýyn görnüşleriň, hem-de sebitleriň üýtgemegi, möwsümleriň üýtgemegi we beýleki gurluş faktorlarynyň täsiri bilen, şeýle hem, öň bar harytlaryň ýitmegi we olaryň ýerine täzeleriň döremegi, satuwda aýry-aýry harytlaryň paýynyň üýtgemegi, söwda obýektiniň açylmagy (ýapylmagy) ýa-da olaryň ugurlarynyň üýtgemegi bilen emele gelýär;
6) azyk önümleriniň şertli (iň az) toplumynyň bahasy - «bir terezi» birmeňzeş agramlar (görnüşi boýunça azyk önümleriniň mukdary) we Türkmenistanda hakykat ýüzünde hereket edýän olar üçin ortaça sarp ediş bahalary esasynda kesgitlenýär.
7. Şu Usulyýetiň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler we adalgalar:
1) sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) binýatlaýyn indeksi (binýatlaýyn puluň hümmetiniň gaçmagy) - sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) görkezijisiniň (indeksiniň) (mundan beýläk - SBI) düzüjileriniň biri bolmak bilen, administratiw, wakalaýyn, şeýle hem möwsümleýin häsiýetli haýsydyr bir aýratyn faktorlaryň täsiri astynda nyrhlaryň gysga wagtlaýyn endigan däl üýtgeşmelerini aradan aýyrýar;
2) baha beriji (asessor) - maglumat belligini ýerine ýetirýän statistika işgäri;
3) indeksiň binýatlaýyn döwri - indeksiň derejesiniň 1,0 ýa-da 100 göterime kesgitlenýän döwri;
4) binýatlaýyn gurama - gözegçilik etmek üçin reprezentatiw (wekilçilikli) saýlanyp alnan obýekt. Saýlanyp alnan binýatlaýyn guramalaryň toplumy, şolaryň reprezentatiwliligine gabat gelip, Türkmenistan we sebitler boýunça ykdysady ýagdaýy görkezmelidir. Sarp ediş pudagynda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) wekilleriniň emele gelen toplumy boýunça sarp ediş nyrhlarynyň we tarifleriň bellige alynýan eýeçiligiň ähli görnüşindäki söwda guramalary we tölegli hyzmatlar gurşawy;
5) agramlar - nyrhlaryň jemleýji indeksiniň çäginde harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) otnositel ähmiýetliliginiň ölçegi;
6) web sahypasy arkaly alnan maglumatlar - tehnologiýalar arkaly harytlar we hyzmatlar, şol sanda olaryň bahalary baradaky maglumatlary internet çeşmeleriniň sahypalaryndan, «Internet» telekommunikasiýa ulgamy (mundan beýläk - «Internet» tory) arkaly gözlemek;
7) bahany hasaplamak - ýiten bahalary şertli bahalar bilen kesgitlemek üçin dürli usullary ulanmak;
8) birleşdirilen maglumatlar - hasaplamalarda ulanylýan dürli çeşmelerden alnan maglumatlar;
9) azyk önümleri - iýmek-içmek üçin tebigy önümler ýa-da olaryň gaýtadan işlenen görnüşleri;
10) azyk däl önümler - iýmek-içmek üçin tebigy önümler ýa-da olaryň gaýtadan işlenen görnüşleri bolup durmaýan, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin satylýan başga önümler, mysal üçin, egin-eşikler, aýakgaplar, mebeller, awtoulaglar, gurluşyk materiallary, durmuş enjamlary we beýlekiler;
11) bahalary (nyrhlary) bellige almak - sarp ediş bahalara (nyrhlara) gözegçilik etmek üçin saýlanan obýektlerde dürli maglumat çeşmelerine esaslanýan wekilçilikli harytlaryň (hyzmatlaryň) emele gelen toplumyna goşulan harytlaryň (hyzmatlaryň) bahalary (nyrhlary) barada maglumat ýygnamak;
12) bazar bahasy - bazar şertlerinde haryda (işe, hyzmata) bolan islegiň we teklibiň täsiri bilen emele gelýän baha;
13) birleşdirilen baha görkezijisi - hemmesiniň ortaça agramy aýratyn bahalaryň görkezijileri, ýagny möwsümleýin - pasyllaryň üýtgemegi, däneleriň, gök önümleriň, miweleriň ýetişmegi we olaryň gaýtadan işlenilmegi, käbir eserleriň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem däp-dessurlar, baýramçylyklar we beýleki wakalar bilen ýüze çykýan üýtgeşmeleri yzygiderli gaýtalamak;
14) bölek satuw bazar bahalarynyň (nyrhlarynyň) statistika görkezijisi - harytlaryň (hyzmatlaryň) aýratyn görnüşi üçin ortaça bölek satuw bazar bahalarynyň (nyrhlarynyň) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) dürli bölek satuw söwda we hyzmat obýektleriniň, bellige alnan bahalarynyň (nyrhlarynyň) derejelerinden hasaplanyp çykarylýan ortaça ululyk;
15) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) - ortaça bahalaryň (nyrhlaryň) köp dürli görnüş sanawlary, şonuň ýaly-da çäkler boýunça tapawutlanmalaryň, möwsümleýin üýtgemeleriň we beýleki dürli faktorlaryň täsiri astynda emele gelýän bahalar (nyrhlar);
16) aýratyn ýüz tutmalar - býujetden maliýeleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň ýüz tutmalary boýunça ortaça bölek satuw bazar nyrhlaryny bellige almak zerurlygy ýüze çykan aýratyn halatlardaky resmi ýüz tutmalary;
17) seçip almak (seçimleýin toplum) - hökmany reprezentatiw, ýagny esasy toplumyň alamatlaryny we deň ölçegliligini doly we dogry görkezýän gözegçilikleriň çäklendirilen sanynyň toplumy;
18) öý hojalyklarynyň pul çykdajylary - öý hojalyklarynyň agzalary tarapyndan gözegçiligiň hasabat döwründäki hakyky harajatlarynyň jemi bolup durýar hem-de sarp ediş çykdajylaryny we sarp ediş bilen bagly bolmadyk çykdajylary öz içine alýar. Sarp ediş bilen bagly bolmadyk çykdajylar hökmany tölegleri we dürli geçirmeleri (salgytlary, ätiýaçlandyryş töleglerini, agzalyk töleglerini), kärende hakyny, önümçilik serişdeleriniň, mallaryň we guşlaryň satyn alynmagyny, pul ibermelerini, öý hojalygy ýa-da onuň aýry-aýry agzalary tarapyndan edilen kömegi öz içine alýar. Bilim, lukmançylyk boýunça we beýleki mugt alnan hyzmatlar sarp ediş çykdajylaryna goşulmaýar. Pul çykdajylarynyň düzümine maýa toplaýyş serişdeleri hökmünde süýşürintgileriň we olaryň üstüniň ýetirilmegi, daşary ýurt pullaryny, gymmatly kagyzlary satyn almak üçin edilen harajatlar, beýleki şahslara karzyna berlen pul serişdeleri, karzlaryň üzülmegi girmeýär. Pul çykdajylary seçimleýin gözegçiligiň maglumatlary boýunça ortaça aýda bir öý hojalygyna hasaplanylýar;
19) öý hojalygy - özlerini azyk ýa-da ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün edýän iki ýa-da birnäçe bile ýaşaýan adamlaryň toparyny aňladýar. Toparyň düzümine girýän adamlar özleriniň girdejilerini birleşdirip bilerler we olaryň haýsy hem bolsa bir derejede umumy býujeti bolup biler; olar garyndaş ýa-da garyndaş däl, ýa-da bularyň utgaşmasy bolup biler. Eger-de adamlar topary bir ýaşaýyş birliginde ýaşaýan, ýöne býujetini aýratyn alyp barýan we aýratyn naharlanýan bolsalar, onda her topar aýratyn öý hojalygy hökmünde seredilmelidir. Öý hojalygy özbaşdak ýaşaýan bir adamdan hem ybarat bolup biler;
20) sarp ediş nyrhlaryň indeksi (SNI) - ilatyň önümçilik däl maksatlar bilen sarp etmek üçin alýan harytlarynyň we hyzmatlarynyň nyrhlarynyň umumy derejesiniň wagta görä üýtgeýşini häsiýetlendirýär. Ol harytlaryň we hyzmatlaryň bellenen ýygyndysynyň häzirki döwürdäki gymmatynyň onuň öňki döwürdäki gymmatyndan tapawudyny ölçeýär;
21) nyrhlaryň indeksi - wagtdaky üýtgeşmelerini häsiýetlendirýän, koeffisiýentlerde ýa-da göterimlerde aňladylan otnositel görkeziji;
22) binýatlaýyn nyrhlaryň indeksi - häzirki döwürdäki nyrhlaryň deňeşdirme binýady hökmünde alnan döwrüne gatnaşygy hökmünde hasaplanýar;
23) nyrhlaryň zynjyrlaýyn indeksi - häzirki döwrüň nyrhlaryny öňki döwrüň nyrhlaryna gatnaşdyrmak usuly bilen guralýar. Hemişelik agramlar ulananda, hereket edýän düzgüne görä, zynjyrlaýyn indeksleriň köpeldilmeginiň netijesi binýatlaýyn indeksine deňdir;
24) nyrhlaryň indiwidual indeksi - kesgitli döwürdäki belli bir harydyň (hyzmatyň) nyrhynyň şol bir harydyň (hyzmatyň) binýatlaýyn döwürdäki nyrhyna gatnaşygyny aňladýar;
25) puluň hümmetiniň gaçmagy - ýurduň pul-karz we maliýe ulgamynyň işindäki näsazlyklar (tölegleriň geçirilmezligi, döwletiň öndürijiliksiz çykdajylary, karz we salgyt ulgamynyň netijesizligi we ş.m.), düzümleýin deňsizliginiň, aýratyn harytlaryň, hyzmatlaryň nyrhlarynyň gatnaşygynyň bozulmagy, şeýle hem beýleki käbir faktorlar bilen baglanyşykly, ykdysadyýetde harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda nagt pullaryň we nagt däl pullaryň hümmetiniň pese gaçmagy. Depginleri boýunça senagat taýdan ösen ýurtlara mahsus bolan süýrenýän puluň hümmetiniň gaçmagy (dürli bahalandyrmalara görä ösüş depgini ýylda 3-den 10% çenli); öňürdýän puluň hümmetiniň gaçmagy, ösüp barýan ýurtlar we ykdysady geçiş ýurtlary üçin (10–50% den 200–300% çenli); puluň hümmetiniň uly derejede gaçmagy (aýda 50%-den ýokary depginli, eger-de olar ykdysadyýetde ýarym ýyl we ondan ýokary saklanýan bolsa) ýaly görnüşlere bölünýär. Statistika puluň hümmetiniň gaçmagynyň derejesini nyrhlaryň indeks ulgamyny ulanmak bilen ölçeýär, olaryň wajyp komponenti jemi içerki önümiň indeks-deflýatory we sarp ediş bahalarynyň görkezijisi (indeksi) bolup durýar. Döwrebap şertlerde sarp ediş bahalarynyň ýokarlanmagy sarp ediş pudagynda puluň hümmetiniň gaçmagy hökmünde düşündirilýär;
26) haryt (hyzmat) toplumynyň wekilleri - ilat tarapyndan ýygy sarp edilýän harytlaryň (kiçi haryt toparlarynyň) we tölegli hyzmatlaryň Türkmenistanyň ähli sebitleri üçin reprezentatiw saýlanyp alnan ýeke-täk sanawy;
27) satyn alyjylyk ukyby - ilatyň harytlary (işleri, hyzmatlary) satyn almak boýunça hakyky mümkinçilikleriniň görkezijisi;
28) öý hojalyklarynyň harytlara we hyzmatlara edýän çykdajylary - harytlara we hyzmatlara edilen pul çykdajylarynyň bölegi hasaplanylýar. Öý hojalygynyň çykdajylary azyk (öýden başga ýerde naharlanmak hem goşulanda), azyk däl harytlara we hyzmatlara bolan çykdajylardan ybaratdyr;
29) sarp ediş (bölek satuw) nyrhy (tarifi) - stasionar söwda edaralarynda we göçme söwdada (kiosklar, palatkalar we ş.m.), şeýle hem bazarlarda erkin söwdada, hyzmat gurşawynda ýerlenilýän harydyň ýa-da hyzmatyň hakyky nyrhy (tarifi). Sarp ediş nyrhy sarp etmekligiň ahyrky nyrhy bolup, goşulan baha üçin salgydy, aksizleri, satuw salgydyny we beýleki gytaklaýyn salgytlary, şeýle hem harydy geçiriji ulgamyň guramalarynyň çykdajylaryny we girdejilerini öz içine alýar;
30) sarp ediş harytlary (hyzmatlary) - ilat tarapyndan şahsy we umumy maşgala sarp etmeleri üçin ulanylýan harytlar (hyzmatlar). Sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň umumy möçberi hereket edýän nyrhlarda hem, deňeşdirilýän nyrhlarda hem bahalandyrylyp bilner;
31) nyrhlary (tarifleri) bellige almaklyk - sarp ediş nyrhlaryna gözegçilik etmek üçin guramalarda saýlanyp alnan haryt (hyzmat) nusgalarynyň emele getirilen sanawyna girizilen harytlar (hyzmatlar) wekilleriniň nyrhlary barada maglumat ýygnamaklygyň usuly;
32) nyrhlaryň jemleýji indeksi - ähli aýratyn nyrh indeksleriniň ölçenilen ortaça derejesi;
33) möwsümleýinlik - hadysalaryň gaýtalanýan üýtgeşmelerini ösüşiň barşynda häsiýetlendirýän düşünje. Bu üýtgeşmeler dürli sebäplere görä bolup biler, şol sanda ýylyň pasyllarynyň çalyşmagy bilen, tebigy hadysalar bilen, däne, gök ekin we miweleriň ýetişmek we olary gaýtadan işlemek döwri bilen, kesgitli işleriň ýerine ýetirilmegi bilen, şeýle hem baýramçylyklar, däp-dessurlar bilen baglanyşykly bolup bilerler;
34) deňeşdirilýän nyrh (tarif) - anyk sarp ediş alamaty bolan (nyrh kotirowkasy) harydyň (hyzmatyň) baha, hasabat we bazis döwründe şol bir söwda guramasynda (hyzmatlar gurşawynda) şol bir harydyň bellige alnan nyrhy;
35) isleg - sarp edijiniň belli bir harydy (işi, hyzmaty) belli bir ýerde edinmäge bolan gyzyklanmasy;
36) wekiliniň nyrhy - nyrhlaryndan hasaplanýan binýatlaýyn we hasabat döwründäki haryt (hyzmat);
37) ortaça sarp ediş nyrhy (tarifi) - söwda we hyzmatlar ýaýrawynyň dürli guramalarynda haryt (hyzmat) wekiliniň bellige alnan nyrh derejeleriniň ortaça ululygy. Harydyň (hyzmatyň) ortaça nyrhy (tarifi) dürli toplumlaýyn görnüşli, şeýle hem sebitleýin we möwsümleýin üýtgeşmeleriň we beýleki faktorlaryň täsiri astynda emele gelýär;
38) haryt - zähmetiň satylmagy ýa-da alyş-çalyş üçin niýetlenilen, dolanyşykdan aýrylmadyk islendik önümi;
Iş - öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) netijeleri maddy görnüşe eýe bolan we fiziki hem-de ýuridik şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýerlenip biljek önümi (hereketi);
39) hyzmat - netijeleri amala aşyrylmagynyň barşynda ýerlenýän we sarp edilýän işler;
40) nyrh - harydyň san birligi üçin bahasynyň kesgitli pul birliginde (milli ýa-da daşary ýurt) pul görnüşindäki görkezijisi;
41) binýatlaýyn döwründäki nyrh - nyrhlaryň indeksiniň hasaplamasynda deňeşdirme binýady hökmünde alnan nyrh;
42) nyrh (baha) kotirowkasy - anyk sarp ediş alamatlary (ady, öndürijisi, häsiýet aýratynlyklary) bolan, kesgitlenen dükanda bellige alnan harydyň nyrhy (bahasy);
43) ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň nyrhlarynyň (tarifleriniň) indeksi - ilata edilýän hyzmatlaryň bellenen toplumy boýunça nyrhlaryň (tarifleriň) umumy derejesiniň wagta görä üýtgemegi. Şol hyzmatlaryň bellenen toplumynyň häzirki döwürdäki gymmatynyň, onuň öňki döwürdäki gymmatyndan tapawudy deňeşdirmek arkaly ölçenýär;
44) gözegçiligiň predmeti - ýerli önümçiligiň we daşary ýurt harytlary, işleri, hyzmatlary bolup durýar.
II bap. Baha maglumatlarynyň çeşmeleri we gözegçilik obýektleri
8. Baha görkezijisi (indeksi) hasaplamasynda we bölek satuw bazar bahalarynyň (nyrhlarynyň) statistika görkezijisinde gözegçilik birliklerini, görnüşiniň beýanyny, adyny, öndürijisini, markasyny, hilini we beýleki aýratynlyklaryny öz içine alýan harytlar, işler we hyzmatlar baha maglumatlarynyň çeşmeleri bolup durýarlar.
9. Gözegçiligiň obýektleri Türkmenistanyň islendik çäklerinde ýerleşýän söwda we hyzmat, şol sanda harytlary uzak aralykdan (distansion usul bilen) satmak bilen meşgullanýan obýektler bolup durýarlar.
10. Sarp edijileriň bahalary baradaky maglumatlaryň çeşmeleri:
1) Türkmenistanyň salgyt edaralarynyň elektron gözegçilik-pulhana abzallarynyň we bank töleg kartlary arkaly nagt däl tölegleri kabul edýän abzallaryň ulanylmagy esasynda alynýan maglumatlar;
2) söwda obýektleriniň web sahypalaryny we/ýa-da web saýtlaryny öwrenmek arkaly alnan maglumatlar;
3) onlaýn agregatorlaryň maglumatlary (howa we demir ýol petekleri barada, syýahatçylyk operatorlary barada we ş.m.);
4) söwda obýektlerinde gönüden-göni amala aşyrylan satuwlar boýunça bahalary hasaba almak arkaly alnan maglumatlar;
5) daşary ýurtlardan getirilen harytlaryň gümrük beýannamasyndaky (deklarasiýasyndaky) maglumatlar;
6) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba alnan bahalar (nyrhlar) barada maglumatlar.
11. Elektron gözegçilik-pulhana abzallarynyň we bank töleg kartlary arkaly nagt däl tölegleri kabul edýän abzallaryň ulanylmagy arkaly alnan maglumatlar - satylan harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary barada pulhana çeklerinden (töleg hatlaryndan) alnan maglumatlar bolup durýar.
Şu maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alynýar.
12. Söwda obýektleriniň web sahypalaryny we/ýa-da web saýtlaryny öwrenmek arkaly alnan maglumatlar - söwda obýektleriniň web sahypalaryndaky ýa-da saýtlaryndaky bahalar boýunça teklipler baradaky maglumatlar bolup durýar.
13. Onlaýn agregatlardan alnan maglumatlar - guramalaryň resmi web sahypalaryndan alnan maglumatlar bolup durýar. Bu, esasan, ulaglaryň, aragatnaşygyň, ýaşaýyş jaýlaryň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň, syýahatçylygyň, myhmanhanalaryň we ş.m. nyrhlary baradaky maglumatlardyr.
14. Söwda obýektlerinde gönüden-göni amala aşyrylan satuwlar boýunça maglumatlar - bu söwda we hyzmat obýektlerine statistika işgäri tarapyndan göni baryp, bahalar barada ýygnanylan maglumatlaryň jemi bolup durýar.
III bap. Harytlar we hyzmatlar üçin nyrhlary ýygnamagyň tertibi
15. Sarp edijileriň bahalarynyň we nyrhlarynyň bellige alynmagy, Harytlar we hyzmatlar üçin sarp ediş bahalaryny we nyrhlaryny (tariflerini) hasaba alyş formasynyň görnüşi (1-nji görnüş) (mundan beýläk - 1-nji görnüş, şu Usulyýete 6-njy goşundy) esasynda amala aşyrylýar.
16. Söwda nokatlarynda satylýan harytlaryň (hyzmatlaryň) bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) statistik gözegçiligi döwlet statistika edaralarynyň bellige alyjylary tarapyndan aýda 2 gezek amala aşyrylýar.
Şeýle hem, hemme söwda nokatlarynda ähli harytlara we hyzmatlara uçdantutma statistik gözegçiligi amala aşyrmagyň mümkin däldigini göz öňünde tutup, anyk kesgitlenen harytlar satyn alynjak mahalynda satyn alyjy kadalaşdyryjy namalara laýyklykda bäsleşik (tender) geçirilip bilner ýa-da satyn alyjynyň ýüz tutmasy esasynda bellenilen tertipde degişli düzümleriň hünärmenlerinden (jogapkär işgärlerinden) topar döredilip bilner. Topar tarapyndan harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň has giňişleýin öwrenilmegi we maglumat berilmegi amala aşyrylmalydyr.
17. Bahalar baradaky maglumatlary ýygnamakda şu Usulyýetiň on birinji böleginde göz öňünde tutulan sarp edijileriň bahalary baradaky maglumatlaryň çeşmeleri bahalary deňeşdirmek üçin ulanylýar.
Usulyýetiň onunjy böleginiň 5-6-njy bentlerinde görkezilen çeşmeler käbir harytlaryň, hyzmatlaryň bahalary barada maglumatlaryň içerki bazarlarda tapylmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, şeýle hem edara-kärhanalaryň ýokary guramalarynyň resmi ýüz tutmalarynyň esasynda olaryň önümçiligi bilen baglanyşykly harytlaryň, hyzmatlaryň ortaça bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almak zerurlygynyň ýüze çykan aýratyn halatlarynda ulanylýar.
18. Bellige almaklyk amala aşyrylanda sarp ediş bazarynda nagt ýa-da nagt däl görnüşde tölenýän harydyň (hyzmatyň) hakyky bahasyndan (nyrhy) ugur alynmalydyr. Sarp ediş bahasyna gözegçilik etmegiň bir bölegi hökmünde lomaý we ownuk lomaý bahalar hasaba alynmaýar.
Gözegçilige içerki we daşary ýurt (import edilýän) harytlary hem degişlidir. Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary (nyrhlary) Türkmenistanyň milli pulunda görkezilýär.
IV bap. Sarp ediş nyrhlaryna gözegçilik etmek we görkezijileri hasaplamagyň tapgyrlary
19. Sarp ediş bazaryndaky harytlar we hyzmatlar üçin bahalara we nyrhlara gözegçilik etmek we sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indeksini) hasaplamak aşakdaky iş tapgyrlaryny öz içine alýar:
1) her ýyllyk bölümi boýunça:
a) ilatly ýerleri saýlap almak;
b) obýektleri saýlamaklyk:
harytlar (hyzmatlar) toplumlary (söwda kärhanalaryny, bazarlary we hyzmatlar ýaýrawyny saýlap almak);
esasy söwda we hyzmat obýektlerini;
ç) Türkmenistanyň her bir düzüm böleginde her harydyň (hyzmatyň) görnüşi üçin bahalar (nyrhlar) we olary birleşdirmegiň tertibi barada maglumat çeşmelerini kesgitlemek;
d) ortaça bahalary (nyrhlary) we sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) görkezijilerini hasaplamak üçin agramlary kesgitlemek;
2) adaty (regulýar) bölümi boýunça:
a) bahalar we nyrhlar barada maglumatlary ýygnamak;
b) harytlaryň we hyzmatlaryň belli bir görnüşleri we toparlary üçin sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indekslerini) hasaplamak, şeýle hem jemlenen sarp ediş baha görkezijisine (indekslerine) hem-de ähli harytlar we hyzmatlar üçin sarp ediş baha görkezijisine (indekslerine) baha bermek;
ç) harytlar we hyzmatlar üçin ortaça bahalary (nyrhlary) hasaplamak;
d) ilatyň satyn alyş ukybyny sebitara deňeşdirmek üçin dürli sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň toplumynyň bahasyny hasaplamak;
e) sarp edijileriň bahalarynyň derejesi baradaky maglumatlaryň ygtybarlylygyny barlamak.
20. Esasy obýektlerde hasabat döwri üçin bahalary (nyrhlary) hasaba almagyň tertibi şulary öz içine alýar:
1) jikme-jik aýratynlyklaryna laýyklykda aýratyn sarp edijisi bolan önümi (hyzmaty) gözlemek we barabarlamak;
2) önümiň (hyzmatyň) jikme-jik aýratynlyklarynyň üýtgemegini barlamak;
3) görkezilen ölçegler bilen deňeşdirmek we hakyky bolup biläýjek kadadan çykmalary öwrenmek;
4) sarp ediş indeksiň hasaplanylmagy üçin bahalara gözegçilik etmegiň usulyýet ýörelgelerine laýyk gelmeýän, görkezilen ölçeglere laýyk däl önüme (hyzmata) aşa köp nädogry bahalaryň (kotirowkalaryň) kesilmegi;
5) wekilçilikli önümiň (hyzmatyň) bahasynyň (nyrhynyň) binýatlaýyn döwürde hasaba alnan önüme (hyzmata) meňzeşligini kesgitlemek;
6) syn edilýän önümiň (hyzmatyň) aýratyn sarp ediji aýratynlyklaryna degişli önümleriň (harytlaryň) bahasy barada maglumatyň ýa-da olaryň özleriniň bazarda ýok mahaly, birmeňzeş sarp ediş aýratynlykly toplumlaýyn görnüşi toparyndan başga bir önümiň (hyzmatyň) bahasyna (nyrhyna) çalyşmak;
7) täze önümiň (hyzmatyň) wekilçiligini we oňa bolan islegi seljermek;
8) hasabat we deňeşdirip boljak aýlar üçin täze saýlanan önümiň (hyzmatyň) bahasyny (nyrhyny) hasaba almak.
21. Sarp ediş harytlarynyň we ilata tölegli hyzmatlaryň nyrhlary barada maglumatlary ýygnamaklyk Türkmenistanyň ýerlerdäki döwlet statistika edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan belli bir sarp ediş harytlarynyň nyrhyny we ilata edilen tölegli hyzmatlaryň nyrhlaryny bellige almak ýoly bilen amala aşyrylýar.
V bap. Hasaba alnan bahalaryň görnüşleri hem-de bahalaryň deňeşdirilmegini üpjün etmegiň ýörelgeleri
22. Maglumat çeşmesine baglylykda hasaba alnan bahalar teklip ýa-da satuw bahalarydyr.
1) teklibiň bahasy şu aşakdaky ýagdaýlarda kesgitlenilýär:
a) statistika edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan baha bellige alnyş wagtynda baha belliginden (bellik);
b) statistika edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýan bahalary hasaba almaklyk web sahypalaryndan ýa-da web skreýping usuly bilen geçirilende. Şol bir wagtyň bahalarynyň deňeşdirilmegini üpjün etmek (nyrhlar) üçin eltip bermek hyzmatynyň bahasy hasaba alynmaýar;
ç) käbir ýagdaýlarda, bahalar barada maglumat telefon arkaly (mysal üçin, hukuk hyzmatlary, ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin nyrhlar) alnyp bilner. Telefon arkaly alnan baha maglumatlary söwda obýektine göni azyndan her alty aýda bir gezek barmak arkaly barlanylmalydyr;
d) Gözegçilik-pulhana abzallarynda bellige alnan baha çeklerinden (töleg hatlaryndan) satyş bahasy boýunça.
Bahalaryň deňeşdirilmegi önümleriň toplumy boýunça amala aşyrylanda (mysal üçin, ýorgan-düşek toplumy) we diňe toplumyň içine girýän aýratyn zatlar satylsa, toplumyň bahasy aýry-aýry zatlaryň bahalarynyň jemi hökmünde kesgitlenýär.
23. Bahalar barada maglumat ýygnalanda, hasabat ýylynda nyrh görkezijilerinde (indekslerde) hasaba alnan wekilçilikli önüm (hyzmat) üçin bahalaryň yzygiderli mukdary üpjün edilmelidir.
24. Gözegçilik üçin saýlanan aýratyn sarp ediji aýratynlyklary bolan önümi (hyzmaty) kesgitlemek üçin anyk we düşnükli beýanyny öz içine alýan iň jikme-jik maglumat kesgitlenmelidir.
25. Önümiň beýanynda onuň ady, gelip çykan ýurdy, markanyň ýa-da öndürijiniň ady, artikul belgisi, modeliň belgisi ýa-da bolmaly ady, çig malyň düzümi, gaplama (agram), derejesi, ululygy, gaplamanyň görnüşi, belli bir hil (mysal üçin, ýagyň göterimi) we bu önümi beýlekilerden tapawutlandyrýan beýleki aýratynlyklar görkezilmelidir. Mundan başga-da, önümiň beýleki aýratynlyklary görkezilip bilner, mysal üçin, çörek dilimlenen, möhürlenen gaplamalarda gaplanan we ş.m.
26. Önümiň beýanynyň aýratynlyklary bahalaryň soňraky hasaba alynmagynda, söwdany guramakda aç-açanlygy kesgitlemek mümkinçiligini üpjün etmelidir.
VI bap. Nyrhlar barada ilkinji maglumat
27. Nyrhlar barada ilkinji maglumat ähli görkeziji (indeks) hasaplamalary üçin esas bolup durýar. Onuň esasynda bölek satuw nyrhlarynyň aýratyn indeksleriniň başlangyç görkezijileriniň emele gelmegi bolup geçýär. Maglumatyň ýygnalmagy - sarp ediş harytlarynyň we ilata tölegli hyzmatlaryň nyrhlarynyň bellige alynmagy dükanlarda, bazarlarda we hyzmat ediş kärhanalarynda, ýagny harytlaryň we hyzmatlaryň ýerlenýän ýerlerinde amala aşyrylýar.
28. Her bir ilatly nokatda, her bir söwda nokadynda harytlaryň we hyzmatlaryň köp görnüşiniň nyrhlaryny bellige almak mümkin däl we bu maksada laýyk däldir. Şonuň üçin ilatly ýerleri, söwda obýektleri, harytlary (hyzmatlary) reprezentatiw saýlap almaklyk geçirilýär. Seçip almak ýygnalýan we üstünde işlenýän statistik maglumatyň möçberini kemeltmäge, ilatly ýerler boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň üýtgemeginiň kanunylygyny ýüze çykarmaga we olary nyrhlaryň köp görnüşliligine ýaýratmaga mümkinçilik berýär.
29. Statistika edaralarynyň bellige alyjylaryna, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli söwda obýektlerinde nyrhlaryň derejesi barada zerur maglumaty almaga hukuk berilýär.
Statistika edaralary tarapyndan nyrhlara yzygiderli gözegçilik guraljak söwda obýektlerine aýda azyndan 2 gezek söwda nokadyndaky harytlaryň (hyzmatlaryň) bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) statistik gözegçilik ediljekdigi barada ýazmaça habar bermelidir.
Haryt (hyzmat) wekilleriniň nyrhlaryna gözegçilik etmeklik söwda we hyzmat ediş kärhanalarynda, eýeçiligiň ähli görnüşleri boýunça: döwlet, hususy we gaýry bazarlarda geçirilýär.
VII bap. Sarp ediş nyrhlarynyň indeksleriniň hasaplamasy
30. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň, haryt we hyzmat-wekilleriniň toplumy boýunça nyrhlaryň we tarifleriň her aýlyk bellige alnyşy esasynda hasaplanan bölek-satuw nyrhlarynyň aýratyn indeksleri sarp ediş bahalarynyň görkezijileriniň (indeksleriniň) hasaplamasy üçin esas bolup hyzmat edýär.
31. Anyk haryt (hyzmat) - wekilleriniň nyrhlarynyň görkezijisi (indeksi) ilatyň harytlary satyn almak we hyzmatlaryň tölegi üçin gelýän serişdeleriniň ähli ugurlary boýunça pul çykdajylarynyň düzümi babatda haryt pozisiýalaryna we hyzmatlaryň görnüşlerine agregirlenýär.
32. Öý hojalyklarynyň býujetleriniň gözegçiliginiň esasynda kesgitlenen, ilatyň binýatlaýyn döwürdäki hakyky sarp ediş çykdajylarynyň düzümi sarp ediş nyrhlarynyň görkezijilerini (indeksini) düzmekde agramlar bolup hyzmat edýär.
33. Hasaplama häzirki döwrüň nyrhlarynyň indeksleriniň aşakdaky döwürlere nyrhlaryň indekslerine gatnaşygy arkaly amala aşyrylýar:
1) geçen aýa;
2) geçen ýylyň dekabr aýyna;
3) şu ýylyň we öňki ýylyň degişli aýyna ýa-da döwrüne;
4) zynjyrlaýyn indeksleriň esasynda garalýan islendik döwür üçin indeksi hasaby çykarylyp bilner.
VIII bap. Sarp ediş nyrhlaryna statistik gözegçiligi guramaklygyň esasy tapgyrlary
34. Sarp ediş nyrhlaryna we tariflerine statistik gözegçilik seçimleýin esasda guralýar. Sarp ediş bazarynda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryna hem-de tariflerine gözegçilik etmeklik we sarp ediş nyrhlarynyň görkezijilerini (indeksini) hasaplamaklyk işi aşakdaky tapgyrlary öz içine alýar:
1) harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş nyrhlaryna gözegçilik guralýan ilatly nokatlary saýlap almak;
2) harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny bellige almaklyk amala aşyrylýan binýatlaýyn söwda guramalaryny we hyzmatlar gurşawyny saýlap almak;
3) haryt (hyzmat)-wekillerini saýlap almak;
4) bahalary (nyrhlary) we tarifleri bellige almak;
5) harytlaryň we hyzmatlaryň ortaça nyrhlaryny hasaplamak;
6) sarp ediş baha görkezijilerini (indekslerini) hasaplamak üçin çeküwler ulgamyny emele getirmek;
7) sarp ediş baha görkezijilerini (nyrhlarynyň indeksini) hasaplamak;
8) baha görkezijini (indeksini) SBI hasaplamak iki sany çeşmeden alnan maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar:
a) her bir hasabat döwri üçin bellige almagyň netijesinde hasaplanan sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň üýtgeşmeleri baradaky maglumatlar;
b) baha görkezijisi (indeksleri) hasaplananda SBI hasaplananda çeküwleri emele getirmek üçin esasy maglumat çeşmesi bolup durýan ilatyň geçen ýyldaky hakyky sarp ediş çykdajylarynyň düzümi baradaky maglumatlar.
IX bap. Ilatly ýerleri, binýatlaýyn söwda (hyzmatlar gurşawynyň) guramalaryny we haryt (hyzmat)-wekillerini saýlap almagyň esaslary
35. Halkara tejribesi gözegçilik etmek üçin söwda nokatlaryny we harytlary (hyzmatlary) saýlap almakda belli ähtimallygy bolan tötänleýin saýlap almak usulyndan peýdalanmaklygy maslahat berýär. Bu usul harytlaryň we hyzmatlaryň subýektiw faktorlar bilen ýoýulmadyk seçimini almaklygy üpjün edýär we seçim ýalňyşlyklaryny hasaplamaga mümkinçilik berýär.
Tötänleýin ýa-da maksada gönükdirilen netijeli saýlama hemmetaraplaýyn we soňky talaplara laýyk gelýän seçimiň esaslanylmagyny talap edýär. Baha görkezijisini (indekslerini) düzmek üçin iki görnüşli seçimiň esaslary zerur bolup durýar, olaryň biri söwda nokatlarynyň toplumyny, beýlekisi bolsa harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumyny öz içine alýar. Seçimiň esasynda bar bolan maglumatlara baglylykda söwda nokatlary ýerleşýän ýerlerine we satuwyň möçberi ýa-da işgärleriniň sany boýunça kesgitlenilýän ölçeglere esaslanmak bilen, (sebitler, oba-şäher boýunça) stratalar boýunça toparlara bölünýär. Möçber barada maglumat bolan ýagdaýynda, netijeliligi söwda nokatlaryny möçbere proporsional ähtimallyk bilen tötänleýin saýlap almak ýoly bilen ýokarlandyrmak bolar. Emma tejribede maksada gönükdirilen saýlap almaklyk giňden ýaýrandyr.
36. Muňa garamazdan, köp ýurtlar köplenç söwda nokatlaryny we harytlary (hyzmatlary) saýlap almaklygyň maksada gönükdirilen usulyny saýlap alýarlar, sebäbi tötänleýin saýlap almaklyk örän çylşyrymly we elýeterli bolmaýar. Maksada gönükdirilen saýlap almak çykdajylar nukdaýnazaryndan, esasan, haçan-da saýlamagyň bar bolan esaslary hemmetaraplaýyn bolmadyk we olar baha görkezijiniň (indeksleriniň) maksatlaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda has netijeli hasaplanýar. Şeýle hem harajatlar nukdaýnazaryndan, maglumatlary «toparlaýyn» ýygnamak, ýagny köpsanly söwda nokatlarynyň her biri boýunça nyrhlar barada maglumatlaryň uly bolmadyk möçberini ýygnamaklygyň ýerine, şol bir söwda nokadynda dürli harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmeklik has-da netijeli bolup biler.
37. Seçimleýin gözegçiligiň nazaryýetinde esasy toplum j=1, N bilen belgilenýän gözegçilik edilýän birlikleriň ahyrky (N) sanyndan ybarat bolan köplük hökmünde seredilýär. Şeýlelikde, ähtimallykly saýlap almak her birlige рj seçime goşulmak ähtimallygyny bermek arkaly N birliklerden n-i saýlap almaklygy göz öňünde tutýar.
Ilatly ýerleri, söwda obýektleri saýlap almakda HZG, HPG, YHÖG, Ýewrostat, BMG, Bütindünýä banky tarapyndan 2007-nji ýylda çykarylan «Sarp ediş nyrhlarynyň indeksleri boýunça gollanma (nazaryýet we iş tejribesi)» diýen gollanma esaslanýar.
Seçimleri emele getirmek üçin möçbere deňölçegli ähtimallyk (MDÄ) esasynda saýlap almagyň birnäçe, ýagny maksada gönükdirilen, ulgamlaýyn, tertipleşdirilen, ähtimallykly usullary bar. Halkara tejribesinde köplenç seçimiň maksada gönükdirilen usulyny saýlap alýarlar. Maksada gönükdirilen saýlap alyş harajatlar nukdaýnazardan has netijeli diýlip hasaplanylýar.
38. Harytlaryň (hyzmatlaryň) bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) gözegçiligi her bir ilatly ýerde, her bir söwda obýektinde geçirmek mümkin däl. Sebäbi, ol aşa ýokary maliýe we zähmet harajatlaryna getirer. Şonuň üçin, statistika edaralary tarapyndan ilatly ýerleriň, söwda kärhanalarynyň, bazarlaryň, harytlaryň (hyzmatlaryň) seçimi maksada gönükdirilen usul arkaly amala aşyrylýar, ýagny:
1) söwda kärhanalaryny saýlap almak üçin Hojalyk subýektleriniň statistiki sanawyndan (HSSS) peýdalanylýar;
2) harytlary (hyzmatlary) saýlap almak üçin sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň halkara klassifikatorynyň (COICOP) binýadynda işlenip düzülen Sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin niýetlenişi boýunça çykdajylaryň döwlet klassifikatoryna laýyklykda saýlanyp alnan söwda obýektlerindäki harytlar (hyzmatlar) peýdalanylýar.
X bap. Ilatly ýerleri saýlap almak
39. Sarp ediş we bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) gözegçilik etmeklik welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde amala aşyrylýar. Nyrh maglumatlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde we seçimleýin - etrap merkezlerinde (şäherlerde, şäherçelerde) we oba ýerlerinde ýygnalýar, olar sebitleriň durmuş-ykdysady we geografik ýagdaýy babatda olaryň wekilçiligi we bazaryň harytlar hem-de hyzmatlar bilen dolulygy göz öňünde tutulyp saýlanyp alynýar.
Her welaýatda, etrapda (şäherlerde we oba ýerlerinde), Aşgabat we Arkadag şäherlerinde her hepdede islendik wagtda bir günüň dowamynda azyklyk topara degişli harytlaryň bahalary ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň degişli hünärmenlerinden düzülen ýörite iş topary bilen bellige alynýar we bellige alnan bahalar (nyrhlar) baradaky maglumat statistiki ýygyndyda berilýär. Şunda ýörite iş toparynyň gözegçiliginiň maglumatlary aýratyn görkezilýär ýa-da bu babatda bellik edilýär.
40. Türkmenistanyň sebitlerinde şäher we oba ýerleriniň ilatly nokatlaryny nyrhlara gözegçilik etmek üçin saýlap almak şu görkezijilere laýyklykda amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň her bir welaýatynda gözegçilik geçirilýän ilatly ýerleriň umumy sany, düzgün bolşy ýaly, azyndan 2 şäher we oba ýeriniň 2 ilatly nokadyndan az bolmaly däl;
2) nyrhlara gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan şäher we oba ilatly ýerler sarp ediş bazarynyň her aýda gözegçilik etmek üçin düzülen sanawa girýän harytlar we hyzmatlar bilen durnukly doldurylmagy bilen häsiýetlendirilmelidir;
3) hepdelik maglumatlary taýýarlamak üçin döwlet edaralarynyň teklipleri nazara alnyp ilatly ýerler hem saýlanyp alnyp bilner. Şunda saýlanyp alnan ilatly ýerleriň sanawy ýylda iki gezek gaýtadan seljerilip we degişli edaralar bilen ylalaşylyp, sebitleýin statistika müdirlikleriniň başlygy tarapyndan tassyklanylmalydyr. Işlenip taýýarlanan görkezijiler esasynda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlary hem-de nyrhlarynyň derejesi barada maglumatlaryň ýygnalmagy ýola goýlan ilatly nokatlaryň sanawy emele getirilýär.
XI bap. Binýatlaýyn söwda guramalaryny we hyzmatlar ýaýrawlaryny saýlap almak
41. Nyrhlaryň derejesi we olaryň ösüşiniň barşy barada obýektiw maglumat almak maksady bilen nyrhlary bellige almak üçin niýetlenen söwda obýektlerini, söwda we hyzmatlar ulgamynyň bir aýlyk aýratynlygyny mümkin boldugyça takyk görkezer ýaly saýlap almak zerur.
Aýratyn hem şäheriň etraplarynda ýerleşýän dürli göwrümli, şeýle hem eýeçiligiň dürli görnüşindäki söwda nokatlaryny almak zerur.
42. Eger-de, eýeçiligiň haýsydyr bir görnüşi söwda obýektleriniň köp bölegini öz içine alýan bolsa, onda saýlanyp alnan söwda obýektleriniň içinde hökman dükan, market, gipermarket, söwda öýi, şeýle hem ýöriteleşdirilen dükanlar: kitap, şaý-sep, gurluşyk harytlary dükanlary, dermanhanalar we ş.m. görkezilmelidir. Şeýle hem bahalara (nyrhlara) gözegçilik etmeklik dürli zatlar satylýan bazarlarda, gatyşyk we azyk harytlary bazarynda, stasionar söwda edaralarynda we göçme söwda nokatlarynda (kiosklar we ş.m.) amala aşyrylýar. Häzirki wagtda resmi däl bazaryň (köçe söwdasy) giň gerim alandygyny göz önünde tutup, olarda haryt-wekilleriniň toplumyna girýän harytlaryň nyrhynyň bellige alynmagy zerurdyr.
43. Söwda obýektleri saýlap almak aşakdaky talaplardan ugur alnyp amala aşyrylýar:
1) harytlaryň (hyzmatlaryň) bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) gözegçiligi guramak üçin her ilatly ýeriň merkezinde, onuň çäklerinde söwdanyň iri, orta hem-de kiçi kärhanalary we hyzmatlar ýaýrawyna degişli kärhanalar saýlanyp alynýar;
2) harytlaryň bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) statistik gözegçiligi guramak üçin azyk, azyk däl, garyşyk dükanlar, bazarlar gurşalyp alynmalydyr;
3) hyzmat ediş ýaýrawynyň kärhanalary saýlanyp alnanda, olaryň ilata hyzmatlaryň görnüşleriniň has uly toplumyny ýerine ýetirýänleri (meselem, lukmançylyk hyzmatlary, durmuş hyzmatlary: dellekhanalar, egin-eşik tikinçilik ussahanalary, egin-eşikleri himiki usulda arassalamak, kir ýuwulýan ýerler, abatlaýyş ussahanalary we başgalar) göz öňünde tutulmalydyr;
4) hepdelik maglumatlary taýýarlamak üçin söwda nokady ýapylan ýa-da harytlaryň görnüşleri doly üýtgän ýa-da täze iri söwda nokady açylan ýagdaýynda ýa-da başga sebäplere görä, saýlanyp alnan söwda we hyzmat ediş ýaýrawynyň kärhanalarynyň çalşyrylmagyny ýa-da olaryň üstüniň ýetirilmegini amala aşyrmak üçin nyrhlara gözegçilik etmäge goşulan söwda kärhanalarynda we hyzmatlar gurşawynda nyrhlaryň derejesi we harytlary (hyzmatlary) ýerleşdirmegiň şertleri birmeňzeş bolan orun tutujy söwda kärhanalarynyň we hyzmat ediş ýaýrawynyň kärhanalarynyň seçilip alynmagy ýa-da goşmaça söwda kärhanalarynyň sanawa goşulmagy ýylda iki gezek (1-nji ýarym ýyllykda we 2-nji ýarym ýyllykda) amala aşyrylýar.
Bu talaplary berjaý etmegiň çäklerinde, söwda we hyzmat obýektlerini sanawa goşmak üçin saýlanyp alnanda ýerli häkimiýet edaralarynyň, şonuň ýaly-da beýleki döwlet edaralarynyň teklipleri nazara alnyp bilner. Şonda saýlanyp alnan söwda we hyzmat obýektleriniň sanawy sebitleýin statistika müdirliginiň başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli sebitleýin edaralary bilen ylalaşyp tassyklanýar.
44. Nyrhlara gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan şäher we oba ilatly ýerlerde Komitetiň derejesinde kabul edilen haryt (hyzmat)-wekilleriniň sanawy boýunça nyrhlaryň we tarifleriň has doly bellige alynmagyny üpjün etmek zerurdyr.
45. Söwda we hyzmat edaralarynyň seçimleýin toplumyny emele getirmekde şu talaplardan ugur almak zerur:
1) binýatlaýyn guramalarda gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň ýerlenişiniň yzygiderliligi;
2) nyrhlara (tariflere) gözegçilik etmek eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki bölek satuw, jemgyýetçilik iýmiti guramalarynda we hyzmatlar ulgamynda (döwlet, ýerli, hususy, gatyşyk) ýerine ýetirilýär - nyrhlara her bir şäherde-obada gözegçiligi guramak üçin gözegçilige söwda şertleri dürli bolan guramalar düşer ýaly şäheriň/obanyň merkezinde, şeýle hem töwereginde ýerleşýän iri, orta we ownuk söwda guramalar saýlanyp alynýar;
3) şeýle hem nyrhlary bellige almaklyk şäherleriň, düzgün bolşy ýaly, söwdanyň (hyzmatyň) fiziki taraplar, hususanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan, azyk, azyk däl we gatyşyk bazarlarynda, ownuk we bölek-satuw söwda bazarlarynda, hyzmatlaryň edilýän ýerlerinde amala aşyrylýar;
4) ýerlenýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) nyrhlarynyň ortaça nyrhdan az-kem ýokary bolýan firma dükanlary, supermarketler, dükan-salonlar gözegçilik etmeklige diňe olaryň haryt dolanyşygy ýokary bolan ýagdaýynda we olarda özleriniň sarp ediş häsiýetleri we nyrhlarynyň derejesi boýunça giň sarp edijiler köpçüligi üçin niýetlenen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) satylýan şertlerinde goşulýarlar;
5) söwda (hyzmat) guramalarynda we gözegçilik etmekligiň seçimleýin toplumyna goşulýan beýleki gözegçilik edilýän obýektlerde ýerlenýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) nyrhlarynyň (tarifleriniň) derejeleri giň sarp edijiler köpçüligine elýeterli bolmalydyr;
6) gözegçilik obýektleriň sanyna şol birmeňzeş harytlara durnuklaşan ortaça nyrh bilen deňeşdirilende, birnäçe esse ýokarlanan nyrhdan satylýan söwda guramalary girizilmeýär;
Mysal üçin, geýimleriň özboluşly modellerini ýa-da has döwrebap aýakgaplary satýan dükan-salonyň (butigiň) nyrhlaryny bellige almaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi bu dükanlarda nyrhlaryň ýokary bolmagyndan hem başga, düzgün bolşy ýaly bu hilli dükanlara harytlar uly bolmadyk toparlary bilen, toplumlaýyn görnüşini hemişelik täzelemek ýoly bilen getirilýär, bu bolsa öz gezeginde ýerlenýän harytlaryň deňeşdirilýän topary boýunça nyrhlara gözegçilik etmekde kynçylyk döredýär.
46. Sebitleýin statistika edaralarynyň hünärmenleriniň sarp ediş nyrhlary baradaky maglumatlary soňra işläp taýýarlamaklyk üçin söwda we hyzmat edaralarynyň binýatlaýyn guramalarynyň maglumatnamasyny düzmekleri zerurdyr. Bu maglumatnama düzülende geljekde guramalaryň barabarlygyny ýeňilleşdirmek maksady bilen, olaryň doly adyny (ýuridik şahslary döretmek telekeçiler üçin - telekeçileriň familiýalaryny), ýerleşýän ýerini (salgysyny) girizmek maslahat berilýär.
Mysal üçin, ownuk-lomaý we bölek-satuw ýarmarkalarynda (bazarlarda) gözegçilik etmeklik amala aşyrylanda gözegçilik desgalarynyň maglumatnamasyna gözegçilik edilýän ähli söwda nokatlary baradaky maglumaty, olaryň ýerleşýän ýerini we ýerlenýän harytlaryň söwda toparyny görkezmek bilen girizmek maslahat berilýär.
47. Söwdanyň döwlet eýeçiligine degişli däl pudagynda nyrhlary bellige almak üçin özbaşdak söwda nokatlary (dükanlar, çadyrlar) hem, ýerli dükanlardaky bölümçeler hem saýlanyp alnyp bilner.
48. Bellige alyjy söwda işgärleri bilen öz aragatnaşygyny özara hormat esasynda we sypaýyçylykly guramalydyr.
49. Statistika edaralarynyň bellige alyjylaryna haýsy pudaga tabynlygyna, eýeçiligiň we hojalyk işiniň görnüşlerine garamazdan söwda kärhanalarynyň ählisinden nyrhlaryň derejesi baradaky zerur maglumaty almak hukugy berilýär.
50. Nyrhlara yzygiderli gözegçilik edilende, ilata harytlary we hyzmatlary ýerleýän söwda kärhanalarynyň ýolbaşçylary döwlet statistika edaralarynyň işgärlerine nyrhlar bellige alnanda olar barada anyk maglumatlaryň berilmegine jogapkärçilik çekýärler.
51. Zerur ýagdaýlarda, binýatlaýyn kärhanalary obýektiw çalyşmaklyk amala aşyrylanda, saýlanyp alynýan söwda guramalarynda harytlaryň toplumlaýyn görnüşini, nyrhlaryň derejesi, harytlary (hyzmatlary) ýerlemekligiň şertleri nyrhlara esasy gözegçilik etmek üçin goşulan guramalardaka meňzeş bolan ýerine çalşyryp boljak söwda (hyzmat gurşawynyň) guramalaryny saýlap almaklyk maslahat berilýär.
XII bap. Harytlary (hyzmatlary), wekilleri saýlap almak
52. Harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş toplumy ilat tarapyndan has ýygy sarp edilýän harytlaryň we tölegli hyzmatlaryň Türkmenistanyň ähli sebitleri üçin ýeke-täk reprezentatiw seçimini aňladýar. Şonuň esasynda nyrhlara gözegçilik edilýär we baha görkezijisi (indekslerini) SBI hasaplanýar. Bu toplum Komitet tarapyndan ýerlerdäki döwlet statistika edaralarynyň tekliplerini hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylýar we belli bir döwrüň dowamynda (bir ýyldan az bolmadyk) üýtgewsiz galýar.
53. Komitet tarapyndan sarp ediş häsiýetleriniň ýeterlik umumy beýany bolan haryt we hyzmat - wekilleriniň sanawy merkezleşdirilen görnüşde bellenilýär we şonuň bilen birlikde, nyrhlar baradaky maglumatlaryň ylalaşylan sanawy esasynda söwda nokatlary we döwrüň dowamy boýunça seçimleýin tertipde ýygnalýar we umumylaşdyrylyp ortaça çykarylýar hem-de wagtyň anyk pursatdaky söwda geleşikleri babatynda takyk delil däl-de, ugur almak üçin ulanylýar.
54. Aýratyn ýüz tutmalaryň esasynda ortaça bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almak zerurlygy ýüze çyksa, söwda kärhanalarynda, bazarlarda we hyzmatlar ýaýrawynda bahalaryň (nyrhlaryň) bellige alynmagy Komitetiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň sebitlerdäki bölüm birlikleriniň hünärmenleriniň hem-de ýüz tutujy tarapyň jogapkär wekiliniň gatnaşmagynda ýörite iş toparynyň döredilmegi arkaly amala aşyrylýar. Şunda gözegçilige iň azyndan iki söwda nokady degişli bolmalydyr. Harytlaryň we hyzmatlaryň bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) gözegçilige gatnaşýan hünärmenler tarapyndan 5 nusgada düzülen we gol çekilen delilnama bilen tassyklanýar.
55. Bahalara (nyrhlara) gözegçilik etmek üçin işlenip taýýarlanan harytlaryň we hyzmatlaryň toplumyna köpçülikleýin sarp ediş harytlary we hyzmatlary, şeýle hem hökmany peýdalanylmaýan, emma isleg artýan käbir harytlar we hyzmatlar (ýeňil awtoulaglar, altyn şaý-sepler, delikates önümler we ş.m.) reprezentatiw goşulýar. Saýlap almaklyk ilatyň sarp etmegi üçin wajyplygyny, birmeňzeş harytlara nyrhlaryň ösüşini görkezmek zerurlygy nukdaýnazaryndan, olaryň satuwda bolmagynyň durnuklylygyny hasaba almak şu görkezilen talaplardan ugur almak bilen amala aşyrylýar:
1) ýurduň özünde öndürilen we import edilen täze harytlar saýlanyp alynýar;
2) bahasynyň ýazgysy bar bolan harytlar saýlanyp alynýar;
3) eger saýlanyp alnan söwda nokatlarynda harytlaryň bahasynyň ýazgysy ýok bolsa, haryt gözegçilik etmek üçin saýlanyp alynmaýar (Saýlanyp alnan bazarlarda harytlaryň bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almak satyjylardan soraşmak boýunça amala aşyrylýar. Bazarlarda baha görkezilen kagyzlaryň bazaryň ýolbaşçylary tarapyndan berilýän ýagdaýy muňa degişli däldir);
4) ölçeg birligi, markasy, modeli, öndürilen ýurdy görkezilen harytlar saýlanyp alynýar, gurluşyk harytlary babatda tehniki häsiýetnamalardan başga-da ölçegi (diametri, galyňlygy, beýikligi, uzynlygy) görkezilýär.
Täze harytlaryň we hyzmatlaryň bu toplumyna goşmak üçin ilatyň umumy sarp ediş çykdajylarynda olaryň artýan paýy görkeziji bolup durýar.
56. Toplum üç sany iri topardan düzülýär: azyk harytlary, azyk däl harytlar we ilata edilýän tölegli hyzmatlar.
57. Sanalan toparlaryň her biri özünde birnäçe haryt (hyzmat)-wekillerini jemleýän harytlaryň we hyzmatlaryň kiçi toparyndan ybaratdyr.
Mysal üçin, «Tüwi» kiçi topary üç sany haryt-wekilinden ybarat: «Uzyn däneli tüwi», «Orta däneli tüwi», «Tüwi ýarmasy» we ş.m.
Eger haryt (hyzmat) şol ilatly nokadyň saýlanyp alnan söwda kärhanalarynyň diňe birisinde satylýan bolsa, onda ol haryda (hyzmata) gözegçilik edilmeýär.
58. Haryt-wekili diýip, harydyň belli bir görnüşiniň biri-birinden hiline we esasy sarp ediş häsiýetlerine täsir etmeýän ujypsyz aýratynlyklary (detallary) bilen tapawutlanýan, emma öz sarp ediş maksatlary boýunça birmeňzeş bolmaly kysymlaryň, modelleriň, artikullaryň we ş.m. umumy jemine düşünilýär.
59. Nyrhlaryň derejesine we ösüşine gözegçilik etmeklik anyk sarp ediş alamatlary bolan harytlaryň we hyzmatlaryň aýratyn görnüşleri boýunça amala aşyrylýar.
60. Ýerlerdäki statistika edaralarynyň hünärmenleri sarp ediş baha görkezijilerini (indeksini) hasaplamak üçin sarp ediş nyrhlarynyň gözegçiligine gatnaşýan her bir ilatly nokatda, bu harytlara ilatyň köpçülikleýin islegini we binýatlaýyn guramada bu harytlaryň satuwda yzygiderli bolmagyny göz öňünde tutmak bilen, görkezilen harydyň satuwda bar bolan toplumlaýyn görnüşinden anyk harytlary saýlap alýarlar.
61. Her bir haryt (hyzmat)-wekili ikiden az bolmadyk nyrh boýunça bellige alynmalydyr. Hyzmatlaryň aýratyn görnüşleri (elektro-energiýa, aragatnaşyk hyzmatlary, ýerli täjirçilik şäher ulaglary we ş.m.) muňa girmeýär, sebäbi bular üçin şäherde/obada ýeke-täk nyrhlar hereket edýär. Hasabat ýylynda bellige almaklyk gözegçilik etmeklik üçin saýlanan haryt (hyzmat)-wekilleriniň her bir ugry boýunça gözegçilik etmeklik hasabat ýylynyň bütin dowamynda amala aşyrylmalydyr. Gözegçilik etmeklik üçin harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny bellige almaklygy hasabat ýylynyň aýratyn döwürlerinde bellige almazdan geçirmeklige ýol berilmeýär.
62. Eger-de harytlaryň (hyzmatlaryň) umumy häsiýetnamasyna laýyk gelýän birnäçe görnüşi bar bolsa, onda olardan has köp isleg bildirilýän haryt (hyzmat) saýlanyp alynýar. Islegiň aýratynlyklaryny dükanyň haryt öwrenijisi ýa-da satyjysy bilen maslahatlaşmak arkaly anyklamak bolar.
63. Sarp ediş baha görkezijilerine (indekslerine) uýgunlaşdyrylan aýratyn sarp ediş Klassifikatoryna (COICOP) laýyklykda harydyň ýöriteleşdirmesi (spesifikasiýasy) görkezilendir, olar boýunça nyrhlara gözegçilikler amala aşyrylmaly haryt (hyzmat)-wekilleriniň sarp ediş toplumy «COICOP halkara klassifikatory boýunça sarp ediş nyrhlarynyň indeksini hasaplamak üçin harytlaryň-wekilleriň düzümi» atly şu Usulyýete 2-nji goşundyda (mundan beýläk - 2-nji goşundy) görkezilen görnüşde Komitet tarapyndan tassyklanylýar.
XIII bap. Nyrhlary we tarifleri bellige almagyň tertibi
64. Bellige almaklyga sarp ediş bazarynda erkin ýerlemekde bar bolan (raýatlaryň aýratyn toparlary üçin ýeňillikli şertlerde ýerlenýän harytlary hasaba almazdan) we eltilendigi üçin islendik tölegi goşmazdan nagt ýa-da nagt däl pul bilen tölenýän harydyň hakyky bahasy (nyrhy) degişlidir.
65. Sarp etmekligiň ahyrky nyrhy bolup durýan sarp ediş bahasy (nyrhy) GBüS-i, aksizi, satuw salgydyny we beýleki göni we goşmaça salgytlary, şeýle hem harydy geçirýän ulgamyň çykdajylaryny we girdejilerini öz içine alýar.
66. Arzanladylan harytlaryň nyrhlary, ýagny harytlaryň önelmegi, ilki başdaky hiliniň ýitirilmegi netijesinde goýlan arzanladylan bahalar (nyrhlar) bellige alynmaly däldir (arzanladylan harytlar). Haryt üçin başynda soralýan nyrh däl-de, harydyň hakyky ýerlenen nyrhy, ýagny iň soňky hödürlenen baha (nyrh) bellige alynýar.
67. Hyzmatlar boýunça ilata ýerlemek üçin hödürlenýän tölegli hyzmatyň aýratyn görnüşiniň hakyky bahasy (tarifi) bellige alynmaklyga degişlidir.
68. Bazarlarda, şol sanda dürli harytlar (hyzmatlar) satylýan bazarlarda haryt-wekilleriniň nyrhlaryny bellige almaklyk satyjylardan soraşma geçirmek arkaly amala aşyrylýar. Nyrhlary bellige almaklygyň has obýektiwligini gazanmak üçin satyjynyň ýanynda haýsydyr bir ýazgy etmeklik maslahat berilmeýär.
69. Sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indeksini) hasaplamak üçin ulanylýan iň takyk we dogry maglumatyň alynmagynyň esasy şertleriniň biri hem hasabat we binýatlaýyn döwürdäki nyrhlary deňeşdirmeklik bolup durýar.
70. Şol bir binýatlaýyn kärhanada şol bir harydyň (hyzmatyň) bellige alnan nyrhy deňeşdirilip hasaplanylýar.
71. Hasabat döwrüniň dowamynda her bir haryt (hyzmat) üçin bellige alynýan nyrh kotirowkasynyň birmeňzeş sany nyrhlary deňeşdirmekligiň zerur şerti bolup durýar. Bu düzgün berjaý edilmedik ýagdaýynda nyrhlaryň hasaplanan indeksiniň takyklygy ýeterlik bolmaz.
72. Nyrh bellenme diýlip, belli bir dükanda bellige alnan, anyk sarp ediş häsiýetleri (ady, öndürijisi, häsiýetli aýratynlyklary) bolan harydyň nyrhyna düşünilýär.
Şeýlelikde, mysal üçin, haýsydyr bir haryt-wekili üçin binýatlaýyn döwürde 4 nyrh bellige alnyp, hasabat döwründe 3 nyrh bellige alnan bolsa, ortaça nyrhlaryň we üýtgeşmeleriň nyrhlary her bir döwürde bellige alnan nyrh bellenme esasynda hasaplanan bolsa, onda ähli nyrhlaryň üýtgewsiz galandygyna we satuwdan bu harydyň diňe anyk bir görnüşiniň (binýatlaýyn döwürde nyrhy bellige alnan) ýitendigine garamazdan, ortaça nyrhynyň üýtgeşmesi ýüze çykar.
73. Eger-de bellige almaly gününde kärhanada (söwda nokadynda) saýlanyp alnan haryt bolmadyk ýagdaýynda, bu kärhana (söwda nokadyna) gaýtadan ýene-de barylmagy zerur. Eger-de bu haryt gaýtadan gelnende hem ýok bolsa, onda onuň bahasy beýleki golaýda ýerleşýän eýeçiligiň şol görnüşindäki we söwda kärhanasynda (söwda nokadynda) bellige alnyp bilner.
74. Nyrhlara gözegçilik etmeklik üçin egin-eşigiň we aýakgaplaryň aýratyn görnüşleri saýlanylanda, has döwrebap ýoň bolan harytlaryň däl-de, adaty modeller ileri tutulmalydyr, olaryň nyrhyna gözegçiligi uzak döwrüň dowamynda geçirip bolýar, könelişen modellere gözegçilikden gaça durmak üçin, zerur bolan ýagdaýlarda olary çalşyryp bolýar.
75. Sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indeksini) hasaplamak üçin haltalap satylýan şekeriň ýa-da bugdaý ununyň nyrhlaryny, ýa-da gysga möwsümleýin arzanlatmalarda satylýan azyk däl harytlaryň aýratyn görnüşleriniň (geýim, aýakgap, durmuşda ulanylýan çylşyrymly tehnikanyň) bahalaryny (nyrhlaryny), şeýle hem ilatyň aýratyn toparlaryna harytlary ýerlemek amala aşyrylýan ýeňillikli nyrhlary bellige almak maslahat berilmeýär.
76. Ýakyn döwürlerde nyrh maglumatlarynyň deňeşdirmesini we sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indeksini) hasaplamakda onuň üznüksizligini üpjün etmek üçin haryt (hyzmat)-wekillerini çalşyrmak usulyndan peýdalanmak maslahat berilýär.
77. Her ýylyň dekabr aýynda täze ýyl arçalarynyň, täze ýyl arçalary üçin harytlaryň (hyzmatlaryň), täze ýyl arçalary üçin oýnawaçlaryň we çagalar üçin täze ýyl sowgatlarynyň (süýji-köke önümleri) bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almaga rugsat berilýär.
78. Harytlaryň we hyzmatlaryň bellige alnan bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) her bir haryt görnüşi üçin aýratynlykdaky bahalaryň (nyrhlaryň) elektron maglumatlar binýadyna girizilýär. Ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) kesgitlenilende, şu aşakdaky resminamalardan peýdalanylýar:
1) döwlete degişli we döwlete dahylsyz söwdada nyrhlary bellige almak üçin «Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň № 1 sanawy - Şäher/Oba», ol iki sany bölümden ybarat:
a) 1-nji bölüm – esasy harytlar;
b) 2-nji bölüm – goşmaça harytlar;
2) döwlet we döwlete dahylsyz söwdada nyrhlary bellige almak üçin «Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň № 2 sanawy - Welaýat», ol hem iki bölümden ybarat:
a) 1-nji bölüm – esasy harytlar;
b) 2-nji bölüm – goşmaça harytlar;
3) Döwlet we döwlete dahylsyz söwdada nyrhlary bellige almak üçin «Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň № 3 sanawy - Türkmenistan».
Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň № 1, 2 esasy sanawlarynyň 1-nji bölüminde sebitleýin statistika edaralary tarapyndan her bir haryt boýunça sanawyň, ölçeg birliginiň we anyk modelleriň beýleki häsiýetnamalarynyň üýtgedilmegine ýol berilmeýär. Eger şol harytlar agramy, öndürilen ýurdy, modeli haýsydyr bir tapawutlara eýe bolsalar hem-de harytlaryň (hyzmatlaryň) 1-nji we 2-nji esasy sanawlarynyň 1-nji bölüminde ýok bolsalar, olary 2-nji bölüme, ýagny harytlaryň we hyzmatlaryň goşmaça sanawyna girizmeli.
Eger saýlanyp alnan söwda nokatlarynda harytlaryň (hyzmatlaryň) ozal olaryň sanawyna goşulmadyk görnüşi peýda bolsa, bu harydy (hyzmaty) esasy sanawa girizmek üçin bellige alyjy täze haryda (hyzmata) 1 aýdan az bolmadyk döwürde gözegçilik etmelidir we geljek aýda (2-nji aýda) olar harytlaryň (hyzmatyň) esasy sanawyna goşulýar. Haryt (hyzmat) saýlanyp alnan söwda nokatlarynda (bir söwda nokadyndan köpüsinde) şol wagtyň bütin dowamynda satylýan bolmalydyr, söwda nokatlary her aýda baha barada maglumaty bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary)
hakynda maglumat (şu Usulyýete 3-nji goşundy), hem-de bu harydyň (hyzmatyň) soňky bir aýda satylan mukdary we ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) hakynda her aý üçin kepilnama (şu Usulyýete 4-nji goşundy) bermelidir. Eger şol haryt (hyzmat) iki aýyň birinde satylmadyk bolsa ýa-da söwda nokady kepilnama bermekden ýüz dönderse, onda bu haryt (hyzmat) sanawa girizilmeýär.
Harytlaryň sanaw görnüşleri, söwda kärhanalaryň we hyzmat ediş ýaýrawynyň saýlanyp alynmagy, amala aşyrylýan haryt görnüşleriniň sanawy şu Usulyýete 5-nji goşunda laýyklykda amala aşyrylýar.
XIV bap. Bellige almaklygyň döwürleýinligi we aýratynlyklary
79. Sarp ediş harytlarynyň we ilata tölegli hyzmatlaryň bahalary (nyrhlary) barada maglumatlary ýygnamaklyk Türkmenistanyň ýerlerdäki döwlet statistika edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan belli bir sarp ediş harytlarynyň bahasyny (nyrhyny) we ilata edilen tölegli hyzmatlaryň bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almak ýoly bilen amala aşyrylýar.
80. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilen tölegli hyzmatlaryň bahalaryny (nyrhlaryny) we tarifleri bellige almaklyk her aýyň 1-inden 27-sine çenli aralykda amala aşyrylýar hem-de nyrhlaryň we tarifleriň ýörite bellige alyş depderlerinde bellik edilýär.
81. Bellige alyş depderinde harytlaryň (hyzmatlaryň) atlary, olaryň kodlary, ölçeg birligi goýulýar, söwda kärhanalarynyň (ýerleme kanallarynyň) kodlary we bellige alynmanyň amala aşyrylýan döwri ýazylýar.
82. Bellige alyş depderinde eýeçilik görnüşine garamazdan, geçen döwrüň nyrhlary bilen deňeşdirip bolýan häzirki döwrüň ikiden az bolmadyk nyrhlary bellige alynmalydyr.
83. Nyrhlaryň bellige alynmagy baradaky maglumatlaryň ýygnalmagynda şol bir kärhanada şol bir harydyň nyrhynyň bellige alynmagyny, iki sany bellige almalaryň aralygynyň bir aý bolmagyny üpjün etmek bilen geçirmelidir.
84. Nyrhlaryň bellige alynmagy bellenen döwrüň dowamynda deň kadaly geçirilmelidir. Şunda nyrhlaryň bellige alnyşy şol bir kärhanada (söwda nokadynda) şol bir harydyň nyrhynyň bellige alynmagy, takmynan, geçen aýdaky şol bir günlerde geçirilmelidir.
85. Bellenen seneden çykmagyň 2-3 günden köp bolmagyna ýol berilmeýär. Häzirki aýda geçen aýda nyrhy bellige alnan haryt bilen deňeşdirip bolýan harydyň görnüşiniň nyrhy, hili, sarp ediş aýratynlyklary we sarp ediş maksady boýunça meňzeş bolan haryt üçin we şol bir kärhanada (söwda nokadynda) bellige alynýar.
Mysal üçin, «Merdan» dükanynda 51-54 diagonally LJ modelli reňkli telewizor 9-njy we 18-nji ýanwarda bellige alnan bolsa, onda fewral aýynda bellige alnyşyny ýene-de 9-njy we 18-nji günleri ýagdaýa görä bellige almak maslahat berilýär ýa-da bellige almaklyk bellenilen wagtdan 1-2 gün öň ýa-da soň ýerine ýetirilip bilner.
«Bellikler» sütüninde harydyň satuw birligi görkezilýär we doly deňeşdirilýän häsiýetlendirmesi ýazylýar. Harydyň sypatlandyrmasynda onuň kysymy, modeli, önümiň reňki, ölçegi, hili, agramy, öndüriji-kärhana, öndüriji-ýurt we harydy beýleki harytlardan tapawutlandyrýan beýleki sypatlary görkezilen bolmalydyr.
86. Bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almaklyk harytlaryň we hyzmatlaryň anyk sarp ediş häsiýetleri bar bolan aýry-aýry görnüşleri boýunça alnyp barylýar. Haryt beýan edilende ölçeg birligi, markasy, modeli, öndürilen ýurdy görkezilmeli, gurluşyk harytlary boýunça tehniki häsiýetnamalardan başga-da ölçegi (diametri, galyňlygy, beýikligi, uzynlygy) görkezilýär. Harytlar satylýan ölçeg birliginde, gabynda bellige alynmaly. Harydyň satuwda hödürlenýän ulaldylan ýa-da kiçeldilen dozalaýyn ölçegi onuň ýazmaça beýanynda görkezilen dozalaýyn ölçege hasaplanyp geçirilmeli däldir, çünki munuň özi hakyky nyrhyň ýoýulmagyna getirip biler.
Mysal üçin: Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň 1-nji sanawynda “«Eklin» şiresi - 250 gram” diýlip bellenen, bellige alyjy bolsa “«Eklin» şiresi - 500 gram, 5,50 manatdan” diýip bellige alýar. Eger şol at bilen görkezilen haryt hakykatda satuwda ýok bolsa, onda bellige alyjy “«Eklin» şiresi - 250 gram” diýen setirde kese çyzyk goýmaly. Şonda bellige alnan “«Eklin» şiresi - 500 gram, 5,50 manatdan” harydyny 2 bölüme, harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň 1-nji sanawyndaky harytlaryň (hyzmatlaryň) goşmaça sanawyna goşmaly.
87. Harydyň sypatlandyrmasynyň anyklygy bu harydyň nyrhyny uzak wagtyň dowamynda bellige almak mümkin bolar ýaly, şeýle hem indiki bellige alnyşykda ony satuwdan ýalňyşsyz tapmaklyk diňe bir bu barada şu aýda ýazgy eden hünärmene däl-de, eýsem bu işe gaýtadan çekilenler üçin hem ýeňil bolar ýaly edilip görkezilmelidir.
88. Harytlaryň anyk häsiýetnamalarynyň bolmazlygy anyk modeller boýunça nyrhlaryň üýtgemegini bahalandyrmak mümkinçiligini aradan aýyrýar, sebäbi nyrhlaryň galmagy, täze möwsümde gözegçilik etmek üçin girizilen harytlaryň sarp ediş sypatlarynyň gowulandyrylmagy netijesinde hem ýüze çykyp biler.
89. Eger harydyň bellige alnan satuw görnüşi depderde görkezilen ölçeg birligine laýyk gelmeýän bolsa (kilogram, şertli guty, on, jübüt, sany we ş.m.), onda bellige alnan harydyň nyrhyny degişli harydyň standart ölçeg birligine hasaplap geçirmeli (kilograma, spirtli we spirtsiz içgileri - 1 litre, et konserwlerini - şertli guty 500 g, balyk konserwleri - 250 g.) we hasaplanyp çykarylan nyrh degişli harydyň setirinde ýazylýar.
90. Gaýtadan hasaplamaklyk, esasan bankalarda, çüýşelerde, gutularda, paýlarda we ş.m. ýerlenýän harytlara degişli bolup biler.
Mysal üçin: 1) Diýeliň, 0,330 l çüýşä guýlan içginiň (alkogolsyz) nyrhy 1.00 manat, onuň bolsa 1 litr üçin nyrhyny görkezmek zerur. Gaýtadan hasaplamaklyk aşakda görkezilen proporsiýadan ugur alnyp geçirilýär:
0,330 l - 1,0 manat
1,000 l - х
Diýmek, 1 litriň nyrhy:
1,0 *1,000/0,330=3,03 manat;
2) Biziň hasabymyzda et konserwiniň nyrhy 500 g şertli bankada görkezilen, satuwda bolsa 600 g agramly bankalardaky konserwler bar, nyrhy 2.00 manat.
Diýmek, şertli bankanyň nyrhy:
600 g - 2,0 manat
500 g - х
2,0 *500/600 = 1,67 manat;
3) «Günebakar ýagy» pozisiýasy boýunça bir litr üçin bellige alnan nyrhy gaýtadan hasaplamakda 1 kg üçin nyrhda gaýtadan hasaplamaklygyň 0,93 koeffisiýenti ulanylýar, sebäbi 1 litr günebakar ýagy 0,93 kg deňdir.
Mysal üçin, günebakar ýagynyň 1 litri üçin 5.00 manat nyrh bellige alnan, gaýtadan hasaplamaklygyň netijesinde 1 kilogramyň nyrhy:
5,0 manat : 0,93=5,38 manat.
Hasaby ýeňilleşdirmek maksady bilen çüýşe gapda ýerleşýän harytlaryň nyrhyny gabyň nyrhyny goşmak bilen, ýagny harydyň nyrhnamasynda görkezilen hakyky nyrhynda görkezmek maksada laýykdyr.
91. Harytlaryň (hyzmatlaryň) bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) baradaky maglumatlaryň esasynda her bir harydyň ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) hasaplanylyp çykarylýar. Şäher/oba, welaýat we Türkmenistan derejelerinde ortaça bölek satuw bazar baha (nyrh) (P) ýönekeý orta arifmetiki ululygyň formulasy boýunça (hasabat döwründäki ortaça nyrh nyrhlaryň jemini bellige alnan nyrhlaryň sanyna bölmekden alnan netije hökmünde) hasaplanylýar:
P = ΣP / n,
bu ýerde ΣP – nyrhlaryň jemi;
n – şäheriň/obanyň bölek satuw söwda guramalarynda bellige alnan nyrhlaryň sany.
92. Şu Usulyýete 6-njy goşundyda şäher/oba (1-nji görnüş), welaýat (2-nji görnüş) we Türkmenistan (3-nji görnüş) boýunça aýlyk, ortaça bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) hasaplamagyň usuly getirilýär.
XV bap. Azyk däl harytlaryň aýratyn görnüşleri boýunça nyrhlar barada maglumatlary ýygnamaklygyň aýratynlyklary
93. Azyk däl harytlaryň aýratyn görnüşleriniň, geýimleriň, aýakgaplaryň nyrhlaryny bellige almakda olaryň anyk görnüşleriniň ýeterlik giňişleýin häsiýetnamalaryny bermek zerur, şeýle hem olaryň reňkini, modeliň artikulyny ýa-da belgisini, harydy öndüriji-firmanyň adyny, harydyň gelip çykan ýurduny görkezmek maslahat berilýär.
94. Geýimleriň we aýakgaplaryň anyk görnüşiniň nyrhlaryna gözegçilik etmek üçin nusgaly modelli adaty aýakgaplara üns bermek maslahat berilýär.
95. Harytlaryň görnüşleriniň ýygy-ýygydan çalşyrylýan şertlerinde gözegçilik edilýän bölümleriň sanawyna egin-eşikleriň we aýakgaplaryň hil häsiýetnamasy biraz tapawutlanýan, emma gözegçilik etmek üçin bellenilen haryt wekilleri-toplumyna ýakyn bolan aýratyn görnüşlerini goşmaklyga ýol berilýär. Toplumlaýyn görnüşde («Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny) bu hili çalyşmaklyk diňe çalşylýan önümiň nyrhynyň toplumda göz öňünde tutulan önümiň nyrhyndan sähelçe tapawudy bolan ýagdaýynda mümkindir.
96. Gözegçilik etmek üçin anyk harytlary saýlap almak, şeýle hem toplumlaýyn görnüşiniň çalyşmagyna gözegçilik etmek we bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) bellige almak satyjylardan soraşmak arkaly hem-de başga anyk modelleriň häsiýetnamasyny özünde jemleýän dürli mahabatlandyrma önümlerini, ýagny kataloglary we nyrhnamalary, baha barada maglumatlary we beýlekileri ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Şunda kataloglary we nyrhnamalary, baha barada maglumatlary we beýlekiler söwdä obýektleriň ýolbaşçylary tarapyndan, söwda nokadynda bellige alyş geçirilen günündäki gözegçilik edilen harytlaryň tutuş sanawy we olaryň bahalary satyjynyň hem-de söwda obýektiniň, bazaryň, hyzmat kärhanasynyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanyp berilýär.
97. «Öýjükli aragatnaşyk telefon enjamy, toplumda» tutýan orny boýunça - öýjükli aragatnaşygyň sarp ediş bazarynda has giň ýaýran firmalaryň (Samsung) ortaça nyrh klasyna degişli bolan telefon enjamlarynyň toplumy (trubka, akkumulýator batareýasy we topluma girýän beýleki aksessuarlary) aýratyn modelleriniň we kysymlarynyň nyrhlary bellige alynýar.
98. Telefon enjamynyň nyrhy nyrh meýilnamasynyň mobil aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmäniň nyrhyny hasaba almazdan bellige alynýar.
Kesilen ter gülleriň (bägül) nyrhyny olary ýerlemekligi hemişelik esasda ýerine ýetirýän söwda guramalarynda, şeýle hem guralan bazarlarda bellige almak maslahat berilýär.
Derman serişdeleriniň nyrhlaryny bellige alnanda, derman serişdelerini deňeşdirmekligiň şertlerini has takyk ýerine ýetirmek zerurdyr (dermanyň görnüşi, dozasy, öndüriji, üpjün ediji we ş.m.).
99. Sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indeksini) hasaplamak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sanawyna derman serişdeleri özleriniň patentleşdirilmedik halkara atlary boýunça girizilýär (mundan beýläk - PHA). Şunda nyrh maglumatlaryny ýygnamaklyk hereket edýän söwda ady (anyk derman serişdesi) boýunça amala aşyrylýar.
Mysal üçin:
«Аsetilsalisil kislotasy» - PHA, «Aspirin» - dermanyň söwda ady.
«Аmpisillin trigidraty» - PHA, «Аmpisillin» - dermanyň söwda ady.
100. Haryt-wekiliniň sypatlandyrmasynda dermanyň has ýaýran we köp isleg bildirilýän söwda ady görkezilýär. Eger-de maslahat berilýän derman serişdelerine olaryň ýoklugy sebäpli, şäher dermanhanalarynda gözegçilik etmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, bu derman serişdesiniň degişli sypatlandyrmasy, derman görnüşi we dozasy bolan başga söwda adyndaky görnüşine gözegçilik etmek bolar.
101. Satuwda bar bolan derman serişdesiniň uly ýa-da kiçi atym möçberi sypatlandyrmada getirilen doza getirmek üçin gaýtadan hasaplamaklygyň hakyky nyrhynyň ýoýulmagyna getirjekdiginiň göz öňünde tutulmasy zerurdyr. Şonuň üçin zerur bolan dozaly derman serişdesiniň satuwda bolmadyk wagtynda harydy çalyşmak düzgüninden ugur almak gerek, bu ýagdaýda zerurlyga görä zerur bolan dozaly söwda adyny saýlap almaly.
XVI bap. Deňeşdirijiligiň ölçegi
102. Ýokarda görkezilen mysallardan görnüşi ýaly, nyrhlary bellige alyjylar we olaryň ýolbaşçylary köp ýagdaýlarda bir harydyň onuň ýerini tutmak we nyrhyny bellige almak üçin saýlanan haryt bilen deňeşdirijiligini kesgitlemelidir.
103. Ony kesgitlemek üçin aşakdaky esasy ölçegleri ulanmaly:
1) düzgün bolşy ýaly, dürli ýurtlarda öndürilen harytlary deňeşdirmeli däl;
2) bir ýurtda öndürilen harytlary eger olaryň hili takmynan deň bolsa deňeşdirmek bolýar. Hususan-da, geýim barada aýdylanda, dürli kärhanalar, firmalar tarapyndan öndürilen harytlaryň deňeşdirilmegi mümkin. Emma, bu diňe şol bir öndürijiniň harydyny saýlap almak mümkin bolmadyk ýagdaýynda edilýär;
3) diňe göwrümi we agramy bilen tapawutlanýan bir önümiň görnüşleriniň hasaplanyp çykarylan nyrhlaryny deňeşdirmek maslahat berilýär, meselem, 550 gramlyk we 350 gramlyk şertli gutulardaky konserwler.
104. Diňe ölçegi bilen tapawutlanýan geýimiň meňzeş görnüşleriniň nyrhlaryny deňeşdirmek mümkin bolýar. Emma dürli ölçegli harydyň nyrhynda tapawut bar bolsa, bu nyrhlary deňeşdirmeli däldir.
105. Harytlaryň deňeşdirijiliginiň bolmagynyň mümkin ýa-da mümkin däldigini kesgitleýän umumy ýörelgesi - olaryň tapawudynyň nyrhlara täsir edýändigini bilmekdir. Eger olaryň hilinde nyrhyny kesgitleýän uly tapawut ýok bolsa, adatça harytlar deňeşdirerli hasaplanylýar. Oýlanyşykly pikirlenme deňeşdirijiligiň ölçegleriniň näderejede berk bolmalydygyny kesgitlemäge ýardam eder. Eger olar juda berk bolsalar, onda indeks diňe nyrhlaryň çäklendirilen mukdarynyň esasynda hasaplanar we olaryň hakyky üýtgeýşini bermezligi mümkin. Eger olar juda takyk däl bolsalar, onda indeks hiliň üýtgemesini nyrhynyň üýtgemesi ýaly edip görkezer. Häzirki wagtda bazardaky hakyky ýagdaýy nazara alyp, harytlaryň ýeterlik derejede köp görnüşleriniň we deňeşdirmäniň berk kesgitlenmedik ölçegleriniň bolmagy zerurdyr.
XVII bap. Haryt (hyzmat)-wekillerini hem-de binýatlyk söwda we hyzmat edýän guramalary çalyşmak
106. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň nyrhlaryna gözegçilik edilýän mahalynda, geçen döwürde şol bir binýatlaýyn kärhanalarda bellige alnan şol bir haryt (hyzmat)-wekilleriniň görnüşlerini saýlap almakda kynçylyklar ýüze çykyp biler.
107. Bazardan ýiten harytlaryň (hyzmatlaryň) çalşyrylmagy, hem-de olaryň bazarda wagtlaýyn bolmazlygy nyrhlaryň indeksleriniň hasaplamasynda kynçylyklar ýüze çykýar.
108. Sarp ediş bazarynda nyrh maglumatlaryny ýygnamakda haryt-wekillerini çalşyrmak usulynyň ulanylmagy harytlaryň toplumlaýyn görnüşiniň ýygy-ýygydan çalşyrylmagy, sarp ediş bazaryndaky durnuksyzlyk bilen baglanyşykly mejbury ýagdaý bolup durýar.
109. Harydy çalşyrmagyň zerurlygynyň birnäçe sebäpleri bar:
1) bu haryt (hyzmat)-wekiliniň satuwda asla bolmazlygy;
2) nyrhlaryň derejesine gös-göni gözegçilik amala aşyrylýan anyk söwda kärhanasynda satuwda onuň bolmazlygy we başgalar.
XVIII bap. Gözegçilik edilýän obýekti-binýatlaýyn söwda guramasyny we hyzmat ýaýrawlaryny çalşyrmagyň usuly
110. Bu usul hasabat döwründe gözegçilik edilýän söwda guramasyndan ýa-da tölegli hyzmat edarasyndan (binýatlaýyn söwda guramasyndan) ýiten belli bir harydyň nyrhyny edil şolar ýaly ýa-da öz sarp ediş häsiýetleri boýunça şoňa meňzeş bolan beýleki bir binýatlaýyn guramanyň belli bir harydynyň ýa-da hyzmatynyň nyrhyna çalşyrmaklygy aňladýar.
111. Çalşyrmaklygyň bu usuly bellige alyş döwründe binýatlaýyn söwda guramasynda öňki gezekki bellige alnyşykda bellige alnan harydy tapmak mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda ulanylýar.
112. Gözegçilik obýektiniň arasynda binýatlaýyn söwda guramasyny saklamak bilen çalşyrylan obýektde gözegçiligi gysga döwrüň içinde (2-3 aý) geçirmeklik maslahat berilýär. Gözegçilik edilýän harydyň binýatlaýyn söwda guramasynda uzak wagtyň dowamynda bolmadyk ýagdaýynda bu binýatlaýyn söwda guramasy geljekde gözegçilik etmekden aýrylýar we başga bir obýektde hemişelik gözegçiligiň alyp barylmagy hökmandyr.
113. Möwsümleýin harytlar boýunça gözegçilik edilýän harydyň bolmadyk ýagdaýynda binýatlaýyn guramany wagtyň has dowamly döwründe (6 aýa çenli) saklamak mümkindir.
114. Gözegçilik obýektiniň çalşyrylmagy binýatlaýyn guramanyň uzak wagtlaýyn ýapylan ýa-da hemişelik ýapylan wagtynda hem amala aşyrmak mümkindir.
115. Täze obýektiň onuň öňki gözegçilik edilýän binýatlaýyn söwda guramasy bilen bir görnüşliligi, bu guramalarda söwdanyň (hyzmatyň) guralyşynyň meňzeşligi, şeýle hem bu guramalarda şol harydyň (hyzmatyň) nyrhlarynyň laýyklygy we deňeşdirmek mümkinçiligi täze obýektde gözegçiligi guramaklygyň hökmany şerti bolup durýar.
XIX bap. Haryt (hyzmat) wekillerini çalyşmagyň usuly
116. Harydy çalşyrmagyň usullary saýlanyp alnanda harydyň bolmazlygynyň sebäplerini anyklamak zerur:
1) wagtlaýyn;
2) hemişelik.
117. Eger-de bazarda harydyň täzeden ýüze çykmak mümkinçiligi bar bolsa, nyrh maglumatynyň bolmazlygyna wagtlaýyn hökmünde seretmek bolar.
Nyrhlara gözegçilik etmek işine gatnaşýan haryt (hyzmat)-wekilleriniň çig mal üpjünçiligindäki näsazlyklar bilen baglanyşykda öndürilişiniň togtadylmagy, önüme islegiň bolmazlygy, ulag bilen baglylykda kynçylyklar we ş.m. sebäpli, satuwda wagtlaýyn bolmazlygy mümkin. Bu ýagdaýlarda hasabat döwründe görkezilen harytlaryň nyrhlary baradaky maglumatlaryň hem bolmazlygy mümkin, emma bu harytlaryň ýerlenilişi geljekde täzeden ýola goýlup bilinjekdigi barada maglumat bolýar.
118. Öndürmekligiň we ýerlemegiň möwsümleýin häsiýetleri bolan harytlar wagtlaýyn ýok bolup bilerler. Bu hili harytlar her ýylda şol bir wagtda satuwdan ýitýär, şol sebäpli olaryň bolmajak wagtyny öňünden aýtmak mümkin. Muňa mysal edip, gök önümleriň we miweleriň, geýimleriň we aýakgaplaryň, sport enjamlarynyň we ş.m. käbir görnüşlerini görkezmek bolar.
119. Eger-de sarp ediş bazarynda haryt uzak wagtyň dowamynda ýerlenilmeýän bolsa we onuň geljekde öňki görnüşinde täzeden ýüze çykmak mümkinçiligi ýok bolsa, onda haryt hemişelik ýok diýip hasap edilýär.
Şeýlelikde, bu harytlar olaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek üçin hemişe elýeterli bolmaýar. Bu ýagdaýlarda harytlaryň umumy jemine öň nyrhlaryna gözegçilik edilen harytlary çalyşýan täze harytlar goşulýar. Bir görnüşleriň (kysym, artikul we ş.m.) sarp ediş häsiýetleri boýunça bir meňzeş başga bir görnüşlerine çalşyrmaklyga diňe gözegçilik edilýän harydyň (kysym, artikul we ş.m.) geljekde täzeden ýüze çykmagy mümkin bolmadyk ýagdaýynda ýol berilýär.
120. Harydyň nyrhlary baradaky wagtlaýyn maglumat hatarynyň (kysym, artikul we ş.m.) deňeşdirilmegini üpjün etmek üçin aýrylan harydyň deregine sanawa täze goşulýan harydyň nyrhy baradaky maglumat mümkin boldugyça has dowamly geçen döwür üçin alynmalydyr. Şonda önümiň toplumynyň, onuň hil häsiýetnamalarynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan aratapawutlara aýratyn üns berilmegi zerurdyr. «Köne» we «täze» harytlaryň arasynda uly hil aratapawutlarynyň ýüze çykan ýagdaýynda, şeýle aratapawudyň gymmatlyk ähmiýetini anyklamaklyga çalyşmaly.
121. Käbir harytlar satuwdan yzygiderli ýitýär, şeýle ýagdaýlarda binýatlaýyn söwda nokatlarynda nyrhlary bellige almak üçin laýyk deňeşdirip boljak harydy tapmak mümkin bolmaýar. Azyk däl harytlar boýunça artikullaryň çalyşmagy bolup geçýär we kesgitlenen artikul ýa-da beýan boýunça saýlanyp alnan harydyň ýerine öňküden sähelçe tapawutlanýan täze haryt peýda bolýar. Bu ýagdaýlarda harydy (hyzmaty) we binýatlaýyn kärhanany (söwda nokadyny) çalşyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
122. Çalşyrmaklygyň şu aşakda görkezilen görnüşleri mümkin:
1) binýatlaýyn kärhanada (söwda nokadynda) hili we sarp ediş häsiýetleri boýunça has ýakyn harydy saýlap almak;
2) binýatlaýyn kärhanany (söwda nokadyny) çalyşmak, ýagny, öňki aýda şol ýa-da hili we sarp ediş häsiýetleri boýunça şoňa meňzeş harydyň nyrhy bellige alynmadyk kärhanada (söwda nokadynda) bellige almaklyk amala aşyrylýar, munda kärhananyň (söwda nokadynyň) eýeçiliginiň görnüşi öňki bilen birmeňzeş bolmalydyr;
3) degişli haryt toparynyň bir görnüşli harydy üçin nyrhyň ösüşiniň barşynyň (dinamikasynyň) ulanylmagy.
Bir ýüz ýigrimi üçünji bölegi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 51-Ö belgili buýrugy esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 14-nji awgustynda 1964 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.
XX bap. Nyrhlaryň derejesiniň üstüni ýetiriş hasaplamasynyň esasy ýörelgeleri
124. Käbir harytlar sarp ediş bazarynda belli bir wagtyň dowamynda satylýar (sarp ediş isleginiň we teklibiň çäkli şertlerinde möwsüm däl döwründe az sanda). Olaryň nyrhlaryny bellige almaklyk diňe birnäçe şäherlerde we söwda nokatlarynda elýeterli, bu bolsa öz gezeginde nyrh maglumatlaryny ýygnamakda we bu görnüşler boýunça sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indeksini) hasaplamakda uly kynçylyklary döredýär.
125. Bazara wagtal-wagtal gaýtalanyp düşýän harytlar boýunça möwsüm däl döwründe olaryň nyrhlaryny bellige almaklyk mümkin bolmadyk ýagdaýynda, hasaplaşyk nyrhlary usuly ulanylyp bilner, şonda ol nyrhlaryň derejeleri degişli bolan haryt toparynyň satuwda bütin ýylyň dowamynda bolan meňzeş ýa-da deň derejedäki harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) nyrhlarynyň ösüşini hasaba almak bilen kesgitlenip bilner.
126. Aýratyn harytlaryň ýylyň möwsüm däl döwründe köpçülikleýin satuwda bolmazlygynda, mysal üçin, gyşda gök önümleriň görnüşleri boýunça, geýimleriň we aýakgaplaryň gyş-tomus görnüşleri boýunça, nyrhlaryň indeksiniň üznüksiz zynjyryny düzmek üçin, kesgitli wagtyň dowamynda (tä görkezilen harydyň bazarda ýeterlik mukdarda we toplumlaýyn görnüşde ýüze çykmagyna çenli) harydyň hasaplanan nyrhynyň goýulmagyna ýol berilýär.
127. Hasaplaşyk nyrhy bu harydyň köpçülikleýin satuw möwsüminde iň soňky bellige alnan nyrhyndan, ýagny harydyň möwsümleýin bazardan ýitmeginiň öň ýanynda bellige alnan nyrhyndan ugur alnyp kesgitlenilýär, soň onuň alamaty şu görnüşde kesgitlenip bilner:
1) haryt (hyzmat)-wekilini gaýtalamak;
2) haryt (hyzmat)-wekili boýunça nyrhy gaýtalamak (indiki möwsümiň başyna çenli haýsydyr bir üýtgewsiz);
3) nyrhlaryň indeksini hasaba almak bilen:
a) ýok bolan pozisiýanyň degişli bolan haryt toparynyň beýleki bir kesgitli harydy boýunça, soň bu harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sarp ediş häsiýetleri deňeşdirerli bolmalydyr;
b) ýok bolan görnüşiniň degişli bolan haryt topary boýunça ortaça;
ç) harytlaryň meňzeş topary boýunça ortaça.
128. Nyrh hatarynyň yzygiderliligini üpjün etmek maksady bilen ulanmak üçin hödürlenen teklip edilen görnüşleri hökmany we ýeke-täk mümkin görnüşi däldir. Ol ýa-da beýleki görnüşiň ulanylmagynyň ýagdaýy üns bilen seljermekden gelip çykmalydyr, çözgüdiň kabul edilmegi bolsa her bir ýagdaýda aýratyn çemeleşmekligi talap edýär. Şonda sebitde aýratyn haryt (hyzmat)-wekilleriniň we haryt toparlarynyň nyrhlarynyň hereketiniň we derejesiniň dogry görkezilmegi esasy ölçeg bolup durýar.
129. I-nji usul haryt (hyzmat)-wekiliniň meňzeş alynmagy:
Durnuksyzlyk ýa-da harytlaryň gytçylygy şertlerinde gözegçilik üçin saýlanyp alnan bir harydy gaýtalamaklyk nyrhlar hatarynyň üznüksizligini saklamagy goldamagyň usullarynyň biri bolup durýar. Harytlaryň durnuksyzlygy ýa-da gytçylygy ýagdaýynda bir toparyň çäklerinde diňe bir saýlanyp alnan haryt-wekile däl-de, eýsem nyrhlar hatarynyň üznüksizligini üpjün etmek maksady bilen, gözegçilik etmek, nyrhlaryň derejesiniň hereketi meňzeş bolan haryt-wekile ugurdaş gözegçiligi gurnamak teklip edilýär.
Bu usul, esasan pes depginli hümmetsizlenme şertlerinde, dowamly däl wagtyň çäklerinde (yzygiderli 2-3 aýdan köp däl) ulanylýar.
130. II-nji usul haryt (hyzmat)-wekiliniň nyrhynyň meňzeş alynmagy:
Ýerlenilmegi möwsümleýin häsiýete eýe bolan harytlar boýunça hümmetsizlenme derejesi ujypsyz bolan şertlerde we nyrh hatarlarynyň üznüksizligini üpjün etmek maksady bilen harydyň bolmadyk tutuş döwri üçin nyrhlaryň gaýtalanmagyna rugsat berilýär. Ol döwrüň dowamlylygy 6 aýa çenli we ondan gowrak hem bolup bilýär. Meselem, aşakdaky harytlar topary boýunça:
1) azyk harytlary (gök-önümler, miweler, süýt önümleri);
2) azyk däl harytlar (sütük önümleri ýa-da egin-eşigiň we aýakgabyň gyş-tomus görnüşleri boýunça).
Haryt (hyzmat)-wekiliniň nyrhyny gaýtalamak usuly - bu haýsydyr bir döwrüň dowamynda haryt (hyzmat)-wekiliniň hakyky nyrhynyň bolmadyk ýagdaýynda möwsümleýin döwürde haryt (hyzmat)-wekiliniň bellige alnan soňky bahasynyň gaýtalanmagyna ýol berilmegidir.
131. III-nji usul nyrhlaryň indeksini hasaba almak bilen:
Wagtlaýyn ýok bolan harydyň hasabat döwründäki nyrhyny bu haryt-wekiliniň bazardan ýitmeginiň öň ýanynda bellige alnan nyrhyndan ugur alyp, hasaplamak usuly bilen kesgitlemek bolar, şeýle hem öň ýok bolan harydyň binýatlaýyn döwürdäki nyrhyny meňzeş harytlaryň tutuş topary boýunça nyrhlary indekslere korrektirlemek ýoly bilen kesgitlemek bolýar:
1) ýok bolan pozisiýanyň degişli bolan haryt toparynyň beýleki bir kesgitli harydy boýunça, soň bu harytlaryň sarp ediş häsiýetleri deňeşdirerli bolmalydyr;
2) ýok bolan pozisiýanyň degişli bolan haryt topary boýunça ortaça;
3) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) meňzeş topary boýunça ortaça.
Soň täze möwsümiň başlanmagy bilen hasaplanan binýatlaýyn nyrhynyň köp wagt bolman soňra bazarda ýüze çykan harydyň hakyky nyrhyndan ýokary bolup çykmak meselesi ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda üstümizdäki aýdaky nyrhyň indeksini hasaplamakda onuň hasaplaşyk manysyny hasabat nyrhynyň manysyna deň nyrh bilen çalyşmak maksada laýyk, ýagny bu harydyň bu aýdaky indeksi 100%-e deň bolup biler.
XXI bap. Elektrik energiýasynyň, gazyň we ýangyjyň beýleki görnüşleriniň nyrhyny bellige almak
132. Elektrik energiýasynyň, gazyň we ýangyjyň beýleki görnüşleriniň nyrhynyň bellige alynmagy üçin statistika edarasynyň işgäriniň ýaşaýyş-jaý ulanyş jemagat kärhanasyna aýda bir gezek barmaklygy zerur bolup durýar.
133. Aşakdaky görnüşleri gözegçilik edilmäge degişli:
1) elektrik energiýasyna töleg;
2) merkezi ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçiligi üçin töleg;
3) gaz üçin töleg.
«Elektrik energiýasyna töleg» hyzmatlar topary boýunça tarifleriň üýtgemegine gözegçilik Döwlet energogözegçilik kärhanasynda amala aşyrylýar.
«Merkezi ýyladyş töleg we gyzgyn suw üpjünçiligine töleg» Ýaşaýyş jaý gorunyň merkezi ýyladyşy üçin tariflere gözegçilik ýaşaýyş-jaý ulanyş guramalarynyň maglumatlary boýunça amala aşyrylýar.
«Gaz üçin tölegler» hyzmatlar topary boýunça ulgamlaýyn gaz üçin tariflere gözegçilik Türkmenistanyň merkezlerinde gaz hojalygy edaralarynda, etrap merkezlerinde bolsa, eger töleg şolaryň üsti bilen amala aşyrylýan bolsa, ýaşaýyş-jaý ulanyş guramalarynda geçirilýär.
XXII bap. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary tarapyndan ýerlenilýän önümleriň nyrhlaryny bellige almagyň aýratynlyklary
134. Iýmit kärhanalary ýeterlik derejede çylşyrymly hojalyk pudagy bolup durýanlygy sebäpli, restoranlarda, naharhanalarda, barlarda, garbanyşhanalarda ýerlenýän önümleriň nyrhlaryny bellige almagyň öz aýratynlygy bar. Bir tarapdan, ol bölek söwda satuwyň düzüm bölegi bolup durýar, beýleki tarapdan bolsa ony hyzmat ediş ulgamyna degişli etmek bolýar.
135. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda nyrhlaryň ösüşiniň barşyna gözegçilik etmek üçin uly şäherleriň dürli böleklerinde restoranlary, şol sanda demir ýol menzillerinde ýerleşen restoranlary, naharhanalary saýlap almak gerek. Saýlanyp alnan kärhanalaryň (naharhanalaryň) arasynda hökman umumy elýeterli kärhanalar göz öňünde tutulan bolmalydyr.
136. Her saýlanyp alnan naharhanada naharyň şertli düzümini kesgitlemek zerurdyr.
137. Naharyň düzümini dürli kärhanalar boýunça üýtgetmek maslahat berilýär we mümkinçilige görä, nyrhlaryň bellige alynýan döwrüniň tutuş dowamynda ony saklamaly.
138. Nyrh tutuşlaýyn naharyň doly düzümi üçin bellige alynmalydyr, ýagny işgärleriň we okaýanlaryň iýmiti üçin berilýän ýeňillikleri (naharyň nyrhyny kemeltmek ýa-da ýeňillikli iýmit üçin talon) nazara almazdan, naharyň sanawynda göz öňünde tutulan nyrhlara görä, depderde naharyň bir umumy nyrhy goýulýar.
139. «Naharhanada, kafede, garbanyşhanada naharlanmak» tutýan orny boýunça (guramalardaky naharhanalardan başga) gözegçilik etmek üçin bu naharhanada, kafede, garbanyşhanada has köp isleg bildirilýän we olaryň nyrhlaryna bu naharhanada, kafede, garbanyşhanada uzak wagtyň dowamynda gözegçilik etmek mümkin bolan adaty naharlardan toplum emele getirmeklik maslahat berilýär. Bulardan başga-da, bu topluma nyrhlary ortaça derejede bolan naharlary girizmek maslahat berilýär, ýagny nyrhlary gaty ýokary ýa-da gaty aşak bolan naharlary bellige almak maslahat berilmeýär.
140. Adaty naharlaryň sanawy tagamnamanyň (toplum) emele getirilmeginde bir adam hasabyna aşakda sanalan düzüjilerden bir adama niýetlenen möçberi goşmaklyk maslahat berilýär. Bu ugur boýunça şu aşakdaky mysaly naharlaryň sanawy boýunça düzülen naharyň nyrhyny bellige almaklyk maslahat berilýär:
1) garbanma: gök önüm işdäaçary, winegret;
2) birinji nahar: lagman, gök önümli çorba we ş.m.;
3) ikinji nahar: kotlet, şnisel, bifşteks, balyk, buglanan et we ş.m. garnir bilen (kartoşka, greçka, tüwi we ş.m.);
4) üçünji nahar: kompot, miwe-iýmiş içgisi;
5) Çörek: ak we gara - 2 bölek.
141. «Kafeteride kofe içmek» tutýan orny boýunça, 200 gr bir käse kofeniň nyrhyny bellige almaklyk maslahat berilýär. Şonda nyrhlary bellige almak üçin kofe, miwe suwuny, alkogolsyz içgileri ýerleýän daşky bufetleri saýlap almak mümkindir. Ikiden az bolmadyk nyrhlar bellige alynmalydyr.
XXIII bap. Ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň nyrhlaryna gözegçilik etmegiň aýratynlyklary
142. Ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň nyrhlaryna we tariflerine gözegçilik etmekligiň öz aýratynlyklary bar, şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň nyrhlary bellige alnanda, bu aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.
143. Hyzmatlar üçin hakyky nyrhlaryň bellige alynmagy hyzmatyň doly nyrhy boýunça, ýagny sargytçy tarapyndan sarp edilen we goşmaça tölenen materiallaryň we ätiýaçlyk şaýlarynyň nyrhynyň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar.
144. Döwletde hereket edýän kanunçylyk boýunça goşmaça nyrh üçin we ýygymlar üçin (aksizler, eger olar töleg hatlarynda ýa-da başga töleg resminamalarynda aýratyn görkezilýän bolsa) salgyt alynmagy göz öňünde tutulan hyzmatlaryň nyrhy bellige alnanda, olaryň nyrhy bu salgyt göz öňünde tutulyp bellige alynmalydyr.
145. Hyzmatlar üçin nyrhlaryň bellige alynmagy, sargyt edilýän mahalynda doldurylan töleg hatlarynyň we bellenilen nyrhlaryň, tarifleriň hem-de ş.m. esasynda amala aşyrylýar. Töleg hatsyz hyzmat edilende bellige alyjy müşderileri ýa-da sargydy kabul edijini soramak esasynda ýerine ýetirilen sargytlar boýunça nyrhlary bellige alyp bilýär. Nyrhlar barada açyk maglumatyň ýok bolan ýagdaýlarynda (sargyt boýunça öndürilýän önümlerde nyrhlaryň görkezilmegi, nyrhlar we nyrhlar barada bildirişler we ş.m.), hyzmatlar üçin nyrhlaryň bellige alynmagy edil şu tertipde amala aşyrylyp bilner.
146. Durmuş hyzmaty kärhanalarynda ilat üçin gyssagly hyzmat ediş görnüşiniň ýaýrandygyny göz öňünde tutup, egin-eşigiň, aýakgabyň bejergisi, önümleriň himiki arassalaýyşy, geýim ýuwulmagy üçin nyrhlar we hyzmatlaryň beýleki nyrhlary sargydyň ýerine ýetiriliş tizligi üçin goşmaça töleg bilen we esasy nyrhynyň üstüne tölenmeli goşmaça hyzmatlaryň tölegi bilen bilelikde bellige alynýar. (Meselem, goşlaryň güýä garşy we antistatiki arassalanmagy, himiki arassalaýyş bölüminde önümleriň appretirlemesi, geýim ýuwulýan bölüminde geýime hoşboý ys bermek we başgalar boýunça goşmaça hyzmatlar üpjün edilende). Hyzmat edilende ulanylan materiallaryň nyrhlary, kwitansiýada görkezilen bahalandyrma boýunça hasaba alynýar.
147. Tölegli hyzmatlar boýunça bellige alnan bir we şol bir guramalar ýa-da meňzeş guramalar (birmeňzeş derejeli, eýeçilik görnüşindäki we ş.m.) tarapyndan edilýän bir we şol bir işleriň görnüşleri (ýa-da hyzmat birligine hasaplananda işleriň toplumy) üçin nyrhlar (tarifler) deňeşdirerli hasaplanylýar.
Aýry hyzmatlar üçin nyrhlar (tarifler) barada maglumatlary ýygnamagyň tertibine resminamanyň indiki bölüminde serediler.
148. Durmuş hyzmatlarynyň nyrhlarynyň bellige alynmagynda ilata edilýän durmuş hyzmatlary üçin nyrhlara gözegçilik edilende, hyzmatlaryň aýratyn görnüşleri boýunça olaryň kesgitlenilmegini nazara almak gerek, ýagny egin-eşigiň aýratyn öndürilmegi boýunça nyrhlaryň bellige alynmagyny birmeňzeş materiallardan, deň ölçegli we çylşyrymlylyk topary meňzeş şol bir model boýunça amala aşyrmalydyr. Munuň sebäbi hyzmatyň doly nyrhynyň üýtgemegi önümiň modeliniň üýtgemegi zerarly (meselem, kynlaşdyrýan elementleriniň köpelmegi bilen), hem-de has gymmat (ýa-da arzan) materiallaryň ulanylmagy netijesinde bolup bilýär.
Bellik:
«Erkek jalbarlaryny tikmek» we «Milli köýnekleri tikmek» hyzmat toparlary boýunça nyrhlary bellige almakda önümi tikmekligiň nyrhy esasy materialyň nyrhyny goşmazdan bellige alynýar.
«Erkek jalbarlaryny tikmek» üçin nyrh bellige alnanda, ýarymýüň we garyşyk matalardan tikimiň orta çylşyrymlygy bolan önümi taýýarlamaklygyň nyrhy bellige alynýar.
«Milli köýnekleri tikmek» üçin nyrh bellige alnanda, ortaça çylşyrymly önümler saýlanyp alynýar.
149. Hyzmatyň nyrhy çylşyrymlylygy has az bolan önümiň nyrhy bilen 8-10 sany çylşyrymlaşdyryjy elementleriň nyrhynyň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Käbir tikinçilik öýlerinde çylşyrymlylygyň başga ölçeginiň ulanylýandygy, ýagny 8-10 çylşyrymlaşdyryjy elementli önümler diýlip has çylşyrymly tikin elementleri bolan önümlere, mysal üçin toý köýneklerine aýdylýandygy bilen baglylykda bu görnüşli tikinçilik öýlerinde tikimiň orta derejeli çylşyrymlylygy bolan önümleriň tikiminiň nyrhyny bellige almaklyk maslahat berilýär.
150. Nyrhlary bellige almaklyk dürli derejedäki tikinçilik öýlerinde amala aşyrylýar. Emma nyrhlary bellige almaklygy Modalar öýünde we ş.m. geýimiň tikimi üçin nyrhynyň ortadan has ýokary bolan beýleki tikinçilik öýlerinde geçirmek maslahat berilmeýär.
151. Nyrhlary bellige almaklyk, işläp taýýarlamak derejesi deňeşdirerlikli bolan materiallardan öndürilen önümleriň nyrhlary boýunça alnyp barylýar. Işläp taýýarlamaklygyň has köp zähmeti talap edýän materiallaryň topary boýunça maglumat nyrhnamalarda bar. «Milli köýnekleri tikmek» boýunça nyrhlary bellige almakda ştapel matadan orta çylşyrymlylygy bolan köýnegiň tikiminiň nyrhy alynýar.
Mysal üçin: eger-de bellige alyjy bir aýda ştapelden tikilen 10 sany çylşyrymly elementi bolan önümi bellige alan bolsa, onda indiki aýda ştapelden sargydyň bolmadyk ýagdaýynda zähmeti sarp etmeklik boýunça deňeşdirerli materialdan şol sandaky çylşyrymly elementi bolan önümiň nyrhyny bellige almalydyr .
«Geýimleri abatlamak» hyzmatlar topary boýunça nyrhlary bellige almakda - jalbary gysgaltmak hyzmatynyň nyrhyny goşmaça materiallaryň nyrhyny goşmak bilen bellige almak maslahat berilýär.
«Himiki usul bilen arassalamak» hyzmatlar topary boýunça nyrhy bellige almakda bir sany erkek kostýumyny himiki usul bilen arassalamaklygyň nyrhyny bellige almak maslahat berilýär.
«Aýakgaplary abatlamak hyzmatlar topary» boýunça nyrhy bellige almakda - aýakgaba ökje oturtmak üçin (jübüt) - hyzmaty boýunça materialyň nyrhyny (rezin, rezinit, poliuretan we ş.m.) göz öňünde tutmak bilen bellige alynýar. Bu hyzmatyň nyrhyna gözegçilik etmek üçin bir ýa-da birnäçe giň ýaýran materiallar we ökjesiniň (ädigiň, botinkanyň, köwşüň ökjesiniň ýogynlygyna baglylykda) ortaça ölçegi alynýar.
152. Hyzmatlar toparynyň «Ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak» pozisiýasy boýunça nyrhy bellige almakda - suwag işleriniň nyrhyna gözegçilik edilýär (materialyň nyrhyny hasaba almazdan) - 1 m2 hasabyndan potology ýa-da diwary suw emulsiýa bilen reňklemek, agartmak. Şeýle hyzmatlar gurluşyk-abatlaýyş firmalary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Eger-de bu hyzmatlary ýaşaýyş jaý ulanyş guramalarynyň ussalary ýerine ýetirýän bolsalar, onda olaryň hyzmatlarynyň nyrhy beýleki firmalaryň hünärmenleri tarapyndan berilýän hyzmatlar bilen deňeşdirerlikli, işleriň bu görnüşleriniň nyrhlaryna ýaşaýyş jaý ulanyş guramalarynda hem gözegçilik etmek mümkin.
153. Ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary üçin tarifleri bellige almakda ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň nyrhlarynyň bellige alynmagy üçin döwlet statistika edaralarynyň işgäriniň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň bir kärhanasyna aýda bir gezek barmaklygy zerur bolup durýar.
154. Ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň aşakdaky görnüşleri gözegçilik edilmäge degişli hem-de her hyzmat birligi üçin her aýdaky töleg bellige alynýar:
1) ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary;
2) ýerli häkimiýete degişli edara we döwlet eýeçiligine degişli däl ýaşaýyş jaý gorunyň tölegi.
155. Ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary ýaşaýyş jaý gorunyň degişli edara ýa-da ilata degişliligine baglylykda, ol aşakdakylara bölünýär:
1) döwlet (şol sanda pudaklaýyn), ýagny etrabyň, şäheriň häkimlikleriniň eýeçiliginde durýan ýaşaýyş jaýy. Pudaklaýyn ýaşaýyş jaý gory Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginde durýar;
2) döwlete degişli bolmadyk - aýry gor, raýatlaryň eýeçiligindäki aýratyn ýaşaýyş jaýlary (hususylaşdyrylan, gurlan we satyn alnan otaglar we jaýlar) we ýaşaýyş hem-de ýaşaýyş jaý gurluşyk kooperatiwleriň gory (paý gatanjynyň doly tölenmegi bilen ipoteka karz bilen alnan jaýlar hem-de hususy görnüşdäki ýuridik şahslaryň eýeçiligindäki).
156. Eýeçiligiň görnüşine laýyklykda jaýlara edilýän hyzmatlaryň nyrhlaryna gözegçilik ýaşaýyş jaý ulanyş guramalary tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň 1 m² ýaşaýyş meýdany üçin 1 aýdaky jaý tölegine gözegçilik edilýär. Ýaşaýyş-jaý jemagat hyzmatlaryny ýeňillikli şertlerde tölemäge hukuklary bar bolan aýry raýatlar üçin arzanlatmany hasaba almazdan, ýaşaýyş-jaý jemagat hyzmatlarynyň nyrhlaryna gözegçilik edilýär.
157. «Hususy eýeçilikdäki jaýlary kärendesine almak» toparynda ähli amatlyklary bolan, zerur goşlar we hojalyk tehnikasy bilen üpjün edilen, şäheriň gyra-çetki etrabyndaky tipli jaýdan 1 otagly öýi kärendesine almaklygyň nyrhlary bellige alynýar, dowamly wagtda uzak möhletleýin (3 aýdan ýokary) kärendä berilýän jaýlary saýlap almaklyk maslahat berilýär.
158. Bellige almaklyga kärende tölegi (kärendeçi tarapyndan aýratyn tölenýän hyzmatlaryň nyrhyndan başga) degişlidir. Mysal üçin, elektroenergiýanyň, şäherara telefon gepleşikleriniň tölegi we ş.m. hasaba alynmaýar.
159. Ähli amatlyklary bolan bir otagly öýi kärendesine almaklygyň nyrhy salgyt gullugynda amala aşyrylýar, sebäbi bu gurama gozgalmaýan emläk bilen amallary baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrýar.
160. Kärendä berilýän öýleriň nyrhlarynyň şertli birlikde ýa-da ABŞ dollarynda kesgitlenendigini hasaba almak bilen, olary manada öwürmeklik nyrhyň bellige alynýan gününde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň yglan eden hümmetine laýyklykda amala aşyrylýar.
161. Kärende tölegini salgyt gullugynda bellige almak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilýän, käbir ýagdaýlarda bolsa kärendeçilerden we kärendä berijilerden soramak boýunça alnan maglumatlardan peýdalanmak maslahat berilýär.
162. Hojalyk enjamlaryna hyzmat etmek we abatlamak boýunça tarifleri bellige almakda radiotelewizion enjamlary, hojalyk tehnikasyny abatlamak üçin nyrhlary bellige almakda bellige alyjy tarapyndan abatlaýyş ussahananyň kabul ediji-ussasy bilen ylalaşykda saýlap alan çalşylýan şaýlaryň toparyna esaslanmalydyr.
163. «Sowadyjylary abatlamak» hyzmat topary boýunça, abatlamaklygyň we kompression görnüşli sowadyjynyň termostatyny, termoregulýatoryny öý şertlerinde çalyşmaklygyň nyrhyna gözegçilik edilýär. Şaýlaryň nyrhlary goşulmaýar.
164. «Kir ýuwujy maşyn-awtomatlary abatlamak» hyzmat topary boýunça, abatlamaklygyň we termostatyny, termoregulýatoryny çalyşmaklygyň nyrhyna gözegçilik edilýär. Şaýlaryň nyrhlary goşulmaýar.
165. «Reňkli telewizorlary abatlamak» hyzmat topary boýunça, abatlamaklygyň we iýmit blogyny (kuwwatlylyk blogynyň) çalyşmaklygyň nyrhyna, şaýlaryň nyrhyny goşmazdan gözegçilik edilýär.
166. «Sagatlary abatlamak» hyzmat topary boýunça, goşar elektron sagatlary abatlamaklygyň we energiýa elementini çalyşmaklygyň nyrhyna energiýa elementiniň nyrhyny goşmak bilen, gözegçilik edilýär.
167. Saglygy goraýyş (lukmançylyk) hyzmatlary üçin tarifleri bellige almakda saglyk hyzmatlary boýunça gözegçilik etmeklik bir profilli (narkologik, stomatologik we ş.m.) we köp ugurly Saglyk öýlerinde we hassahanalarda, şeýle hem eýeçiligiň beýleki görnüşlerindäki sagaldyş edaralarynda amala aşyrylýar.
168. Nyrhlara gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan sagaldyş edaralary bütin ýylyň dowamynda hereket edýän, durnukly şol bir hyzmatlary ýerine ýetirýän we öz ýöriteleşdirilen ugruny üýtgetmeýän bolmalydyr. Gözegçilik edilýän lukmançylyk edaralary ýatyrylan halatynda, olary hereketdäki meňzeşlerine çalyşmaklyk amala aşyrmalydyr.
169. Uly adama hyzmat etmek üçin onuň nagt pul bilen ýa-da öz şahsy hasabyndan geçirme ýoly bilen tölän hakyky nyrhy bellige alynýar (çagalara hyzmat etmekligiň nyrhy gözegçilige alynmaýar, sebäbi düzgün bolşy ýaly olara ýa ýeňillikli ýa-da mugt hyzmat edilýär. Nyrhlaryň bellige alynmagynda olaryň gyssaglylygy üçin goşmaça töleg hasaba alynmaýar, mysal üçin stomatologyň hyzmatlary).
170. Kärhanalaryň we guramalaryň işgärlerine edilýän lukmançylyk hyzmatlary üçin bu kärhanalar tarapyndan nagt däl görnüşinde tölenen bahalar (şertnama boýunça) bellige alynmaklyga degişli däldir.
171. Stomatologik we dişi protezlemek hyzmatlary üçin nyrhlary bellige almakda, bellige almaklyga hyzmatyň nyrhyna sagaltmak, dikeltmek ýa-da taýýarlamak üçin zerur bolan materiallaryň nyrhlaryny goşmak bilen hasaba alynýar (altyn we beýleki gymmat bahaly metallardan başga). Nyrhnamalarda materiallaryň nyrhy göz öňünde tutulmaýar we goşmaça tölenilýär.
172. «Stomatologik hyzmatlar» hyzmatlar topary boýunça, kariesi bejermekligiň, kompozit materialdan plombanyň nyrhlaryna gözegçilik edilýär. Işleri ýerine ýetirmekligiň gyssaglygy göz öňünde tutulmaýar.
173. «Dişleri protezlemek» hyzmatlar topary boýunça plastmassadan ýasalan 14 dişli aýrylýan protezi taýýarlamaklygyň nyrhyna gözegçilik edilýär, altyndan (kümüş-palladiden we beýleki garyndylardan gymmat bahaly metallardan başga). Işleri ýerine ýetirmekligiň gyssaglygy göz öňünde tutulmaýar.
174. «Rentgen» hyzmatlar topary boýunça, öýkeniň rentgeniniň nyrhyna gözegçilik edilýär.
175. «Laboratoriýa seljerişleri» hyzmat topary boýunça, ganyň umumy derňewiniň nyrhyna gözegçilik edilýär.
176. «Ultrases barlagy» hyzmat topary boýunça, garyn boşlugynyň ultrases barlagynyň, bagyryň, ödüň, aşgazan asty mäziň, dalagyň toplumlaýyn barlagynyň nyrhlaryna gözegçilik edilýär.
177. «Massaž» hyzmat topary boýunça, boýun-kükregiň sagaldyş massažynyň bir gezeklik bejergisi üçin nyrhyna gözegçilik edilýär.
178. «Fizioterapiýa» hyzmat topary boýunça, fizioterapewtik sagaldyşyň, UÝÇ bejergi tertibiniň, elektroforeziň nyrhlaryna gözegçilik edilýär.
179. Ulaglar üçin hyzmat we abatlamak işleriniň tariflerini bellige almakda «Ýag çalyşmak» hyzmat topary boýunça, awtoabatlaýyş ussahanasynda TOYOTA kysymly awtoulagyň ýagyny çalyşmak hyzmatynyň nyrhyna gözegçilik edilýär.
180. «Ýeňil awtoulagy sürmekligi öwretmegiň başlangyç okuwy» hyzmat topary boýunça, nazaryýet okuwyny we awtoulagy sürmekligiň tejribesini öz içine alýan ýeňil awtoulagy sürmekligi öwretmegiň başlangyç okuwyň (B kategoriýa), şeýle hem okuw gollanmalarynyň we benziniň (aýratyn töleg girizilen ýagdaýynda) bahalaryna gözegçilik edilýär.
181. Ulag hyzmatlary üçin nyrhlary bellige almakda, demir ýol ulagynda ýol geçmekligiň nyrhyny bellige almaklyk, demir ýol stansiýalarynda amala aşyrylýar.
182. Demir ýol ulagynda gözegçilige ýol peteginiň nyrhyny bellige almaklyga plaskart wagonlarda ýol geçmekligiň nyrhy goşulýar, gözegçilige almaklyga kupe wagonlarda ýol geçmekligiň nyrhy goşulmaýar.
183. «Tiz otlynyň plaskart wagonynda ýol geçmek, ýoluň 100 km uzynlygy üçin hasabynda» hyzmatlar topary boýunça, çäk merkezinden Aşgabada çenli geçilen ýol, ýoluň 100 km ýol hasabynda bellige alynýar. Petegiň nyrhynda ähli hökmany ýygymlar: ätiýaçlandyryş we komission ýygymlar göz öňünde tutulýar. Goşmaça hyzmatlar: düşek örtükleriniň toplumy, çaý we ş.m. göz öňünde tutulmaýar.
Mysal üçin, tiz otlynyň plaskart wagonynda Marydan Aşgabada çenli ýol geçmekligiň nyrhy 33,00 manat, Mary bilen Aşgabadyň aralygy - 360 km.
Diýmek, hasaplaşyk geçirmek zerur:
360 km - 35.00 manat
100 km - Х
33,00 * 100 / 360 = 9.20 manat.
Awtoýol ýolagçy ulagy üçin ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirýän bir ýa-da birnäçe guramalaryň has giň ýaýran şäher içindäki gatnawy (ugry) boýunça (eger-de nyrhlar deň bolsa) nyrhlary alynýar .
184. «Ýerli şäher awtobusynda ýol geçmek», «Şäher täjirçilik awtobusynda ýol geçmek», «Gatnaw taksisinde ýol geçmek» hyzmat toparlary boýunça bellige almaklyk, diňe şäher içinde gatnaýan ugur boýunça amala aşyrylýar. Bir tarapa bir ýol geçmeklik bellige alynýar. Şähere ýanaşyk ugurlar we aýlyk gatnaw petekleri bilen geçilen ýol hasaba alynmaýar.
185. «Şäherara hususy takside ýol geçmek, ýoluň 100 km uzynlygy üçin hasabynda» hyzmat topary boýunça, 1 adamyň çäk merkezinden Aşgabada çenli geçen ýolunyň nyrhy, 100 km ýol hasabyndan bellige alynýar, (hasabyny çykarmagyň mysaly ýokarda berlen).
186. Howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň nyrhlaryna we tariflerine gözegçilik etmek üçin «Içerki howa gatnawlaryndaky 1 awiagatnaw» hyzmat topary boýunça, Türkmenistanyň içindäki gatnawlaryň ýol petekleriniň nyrhy bellige alynýar. «Moskwa çenli awiagatnaw» hyzmat topary boýunça, Türkmenistanyň awiakompaniýalary tarapyndan ýerine ýetirilýän ýolagçy gatnawynyň ekonom klasyndaky salonynda uçuş üçin ýol peteginiň nyrhy bellige alynýar.
187. Sebitde demir ýol ýa-da howa ýol ulaglary guramalarynyň bolmadyk ýagdaýynda, golaýda ýerleşýän şäherden ýa-da Türkmenistanyň beýleki sebitlerinden ugratmak üçin petekleri satmak boýunça kassalar bar bolanda, şu petekleriň nyrhlaryny bellige almak mümkindir.
188. Aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlary bellige almakda «Aragatnaşyk hyzmatlary» hyzmat toparlary boýunça bellige almaklyk, aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirýän bir guramada amala aşyrylyp bilner. Aragatnaşyk hyzmaty boýunça «Türkmenistanyň içinde ýönekeý haty» hat bukjasynyň nyrhyny goşmak bilen, agramy 20g çenli bolan, sanly ýönekeý haty ugratmaklygyň nyrhy bellige alynýar.
189. Telefon we resmi aragatnaşygyň hyzmatlarynyň tariflerini bellige almak «Ýerli telefon aragatnaşygynyň bir minudy üçin töleg» hyzmat topary boýunça, Türkmenistanyň içinde awtomat usulda birikdirmek bilen şäherara gepleşigi hyzmatynyň nyrhyna gözegçilik edilýär. Iş günlerinde gündizki wagtdaky gepleşikler bellige almaklyga degişlidir (sag. 9-dan 18 çenli).
190. «Telefon üçin abonent tölegi» hyzmat topary boýunça, aýratyn öýde şahsy (parallel, goşmaça birikdirilmedik) öý telefonyny ulanmak üçin her aýda tölenýän abonent tölegi bellige alynýar, raýatlaryň aýratyn toparlaryna berilýän ýeňillikler hasaba alynmaýar.
191. «Şäherara telefon aragatnaşygynyň bir minudy üçin töleg (Moskwa bilen)» hyzmat topary boýunça, awtomat usulda birikdirmek bilen şäherara (Moskwa bilen) gepleşigi hyzmatynyň nyrhyna gözegçilik edilýär. Iş günlerinde gündizki wagtdaky gepleşikler bellige almaklyga degişlidir (sag. 9-dan 18 çenli).
192. «Öýjükli telefon aragatnaşygy hyzmatlary üçin töleg» hyzmat topary boýunça, gündizki öýjükli aragatnaşyk ulgamy boýunça gepleşigiň bir minudy üçin nyrhy bellige alynýar. Şäherara birikdirmelerini goşmazdan, giriş we çykyş birikdirmeleri hasaba alynýar.
Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhyna gözegçilik etmek üçin ýerli kompaniýalar saýlanyp alynýar - «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory.
193. «Internete kommutirlenen girmek» hyzmat topary boýunça, telefon ulgamy boýunça gündizki wagtda öý kompýuterinden Internete birikdirmek hyzmaty, girmekligiň bir sagady üçin tölegler bellige alynýar.
194. Öý haýwanlary üçin weterinar we beýleki hyzmatlaryň tariflerini bellige almakda «Weterinar hyzmatlar» hyzmatlar topary boýunça, haýwana ýyrtyjylyk mergisi keseline garşy ýa-da toplumlaýyn sanjymyň nyrhy bellige alynýar (waksinanyň nyrhyny goşmak bilen).
195. Medeni çäreleri guramak boýunça hyzmatlaryň tariflerini bellige almak «Ýüzüş howdanlarynda türgenleşik» hyzmatlar topary boýunça, tälimçisiz türgenleşik, bir aýdaky türgenleşikler üçin abonementiň nyrhy bellige alynýar.
«Suratçynyň hyzmatlary» hyzmatlar topary boýunça, 3х4 santimetr ölçegdäki reňkli fotosuratlaryň 6 sanysyny taýýarlamaklygyň nyrhy bellige alynýar.
«Teatra petek» hyzmatlar topary boýunça, drama ýa-da sazly-drama teatrlary. Agşamky oýna parteriň 10 hataryndaky ýer üçin petegiň nyrhy bellige alynýar. Ilkinji görkeziliş we göçme saparlar (gastrol) hasaba alynmaýar.
«Muzeý üçin petek» hyzmatlar topary boýunça Ülkäni öwreniş ýa-da çeperçilik muzeýi, hususy fonduň sergilerine (stasionar ekspozisiýa, ýöriteleşdirilen sergi) petegiň nyrhy bellige alynýar. Ekskursiýa hyzmatlarynyň tölegi hasaba alynmaýar.
196. Toplumlaýyn dynç alşy guramak üçin hyzmatlaryň tariflerini bellige almakda ilata edilýän syýahatçylyk hyzmatlarynyň aýratyn görnüşleri üçin nyrhlaryň we tarifleriň üýtgeşmelerine gözegçilik etmek hemişelik esasda hereket edýän syýahatçylyk guramalarynda, merkezi wekilhanalary beýleki sebitlerde ýerleşýän syýahatçylyk gulluklarynda, firmalarynda amala aşyrylýar.
Iri şäherlerde iki-üç sany syýahatçylyk guramasyny, beýleki şäherlerde - bir-iki guramany saýlap almaklyk maslahat berilýär.
197. Nyrhlara gözegçilik etmek üçin syýahatçylyk ugurlary üçin ýollama saýlanyp alnanda, olaryň gysgaça häsiýetnamalaryna gözegçilik etmekligiň dynç almak ýa-da gezelenç üçin saýlanyp alnan ugurlaryna laýyk gelýänligine ýa-da ýakynlygyna üns berilmelidir.
198. Nyrhlara gözegçilik etmekligi guramak üçin ýollamalaryň saýlanyp alynmagynda saýlap almaklygyň şu aşakdaky tertibini berjaý etmekligi maslahat berilýär:
1) Amatlylygyň dürli derejesindäki otaglary, deňizden dürli daşlykda ýerleşen, degişlilikde ýollamalaryň nyrhlary dürli bolan, aýratyn myhmanhanalara ýokardaky hyzmatlar boýunça teklipleriň köp bolan ýagdaýynda ortaça şertleri we degişlilikde ortaça nyrhlary bolan myhmanhanalara ýollamalary saýlap almak maslahat berilýär.
2) Şol bir myhmanhanada otaglaryň nyrhynda uly aratapawutlaryň bolan ýagdaýynda, gözegçilik etmek üçin ortaça şertli, ýaşamaklygyň nyrhlary ortaça bolan otaglara ýollamalary saýlap almaklyk maslahat berilýär.
199. Syýahatçylyk gezelençleri, dynç almak üçin Türkiýäniň kurortlaryna gitmeklik, hususan-da, möwsümleýin häsiýete eýedir (esasan, maý aýyndan oktýabr aýyna çenli). Munuň bilen baglylykda, gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan gezelençleriň nyrhlarynyň indeksiniň yzygiderli hasaplamasyny ýylyň dowamynda amala aşyrmak maksady bilen, ýollamalary hakyky ýerlemekligiň ýok bolan möwsüminde çalyşmak usulyny ulanmak maslahat berilýär, ýagny syýahatçylyk guramasynda kabul edilen daşary ýurt puluna manadyň gatnaşygynyň üýtgeýän hümmetini kesgitlemek bilen şertli hasaplaşyk nyrhy goýulmalydyr.
200. Sebit merkezinde şol ýerden bellenilen nokada çenli göni gatnaw bilen uçara ýa-da otla petegiň nyrhyny ýollamanyň nyrhyna goşmak bilen, saýlanyp alnan ugruň bellenilen nokadyna çenli ýollamanyň satylan ýagdaýynda, ugruň başlanýan ýeri sebit merkezinden bolan syýahatçylyk gezelenjiň ýollamasynyň nyrhyna gözegçilik guralýar.
201. Şuňa meňzeş görnüşde ugruň başlanýan ýeri sebit merkezinden başga, bellenilen nokada çenli göni gatnawy bolan şäherden başlanýan syýahatçylyk gezelenjiň ýollamasynyň nyrhyna hem gözegçilik etmek bolar.
Şol bir wagtyň özünde ýollamanyň nyrhyna (bellenilen nokada çenli göni gatnawy bolmadyk) sebit merkezinden Aşgabada ýa-da syýahatçylyk ugruň göni gatnawy başlanýan beýleki şähere çenli ýoluň nyrhy, ýollamanyň gözegçilik edilýän nyrhyna goşulmaýar.
202. «Syýahatçylyk-gezelenç hyzmatlary» hyzmat topary boýunça dynç almak üçin Türkiýä ýa-da Birleşen Arap Emirliklerine gitmek üçin ýollamalaryň nyrhyna gözegçilik edilýär. (10 günlük (9 gijelik), bir adama hasaplanan gidiş). Ýollamanyň nyrhyna Aşgabatdan Antaliýa çenli, ýa-da Birleşen Arap Emirliklerine çenli we yzyna uçaryň peteginiň nyrhy, transfer (gelýäni garşylamak, myhmanhana we yzyňa çenli ugratmak), 3 ýyldyzly myhmanhananyň iki adamlyk otagynda ýaşamak, ýarympansion (ertirlik we agşamlyk nahar) we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy girýär. Ýollamanyň nyrhyna sebit merkezinden Aşgabada çenli ýoluň nyrhy, serhetden daşary pasporty resmileşdirmeklik we wiza çykdajylary goşulmaýar.
203. «Dynç alyş öýi, şypahana» hyzmatlar topary boýunça, Türkmenistanyň çäklerinde dynç alyş öýünde (şypahanada), esasy şypahana-sagaldyş görnüşli «Şypahana», «Dynç alyş öýi», «Pansionat» üçin ýollamanyň nyrhyna gözegçilik edilýär. Gözegçilik etmek üçin ýylyň bütin dowamynda hereket edýän iri edaralaryň 1-2 desgasy saýlanyp alynýar.
204. Ýollamalaryň nyrhyny bellige almaklyk hasabat döwründe aýratyn sagaldyş öýleri boýunça ýollamalaryň nyrhlary we satuw nyrhlary barada maglumatlary özünde jemleýän çäkleýin şypahana-kurort birleşmelerinde, şeýle hem ýollamalary ýerleýän beýleki guramalarda amala aşyrylyp bilner.
Ondan başga-da, ýollamanyň nyrhyna gözegçilik etmeklik gönüden-göni şypahanalarda, dynç alyş öýlerinde we pansionatlarda geçirilip bilner.
205. Dynç almaklygyň we sagaldyşyň ähli görnüşleri boýunça gözegçilik etmeklik durmuş ösüş, durmuş ätiýaçlandyrma we beýleki şoňa meňzeş gaznalardan berilýän üstüni ýetirme pul kömegini hasaba almak bilen, ýollamanyň doly nyrhynda ýerine ýetirilýär. Dynç almaklygyň we sagaldyşyň geçýän ýerine çenli ýol tölegi hasaba alynmaýar.
206. Dynç alyş öýünde (şypahanada) adaty ýa-da ýokary toparda, ähli amatlyklary bolan iki ýa-da üç orunlyk otagda ýaşamaklygyň, şypahana-sagaldyş alýan 1 adam üçin 10 günlük hasabyndan nyrhy bellige alynýar. Bu ululyk hasaplamak ýoly bilen: ýollanmada görkezilen nyrhy şypahanada bolýan günleriniň sanyna bölmek we 10 günüň nyrhyny gaýtadan hasaplamak arkaly geçirilýär. Hasaplamak üçin ýollamanyň doly nyrhy alynýar.
Eger-de gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan şypahanada maslahat berilýän otaglara laýyk gelýän otaglar ýok bolsa, onda gözegçilik etmek üçin bellenilen şertlere ýakyn bolan otagda ýaşamak üçin niýetlenen ýollamanyň nyrhyna gözegçilik edilýär.
207. Şypahanada ähli amatlyklary bolan iki adamlyk otaglaryň bolmadyk ýagdaýynda ýollamanyň nyrhyna gözegçilik etmek üçin ýaşaýyş şertleri meňzeşligi has köp bolan ýollama saýlanyp alynýar. Mysal üçin, 300 adamlyk şypahananyň bir adam üçin ähli amatlyklary bolan 220 sany otagy bar bolsa we bu şypahanadaky galan ýerler üç orunlyk otaglarda ýa-da «Lýuks» otaglarda ýerleşýän bolsa, bu ýagdaýda bir ýerli otagda ýaşamak üçin ýollamanyň nyrhy gözegçilik etmeklige degişlidir.
Ýylyň dürli pasyllarynda aýratyn şypahanalarda möwsüme baglylykda, ýollamalar üçin dürli nyrhlaryň kesgitlenýändigini göz öňünde tutmak zerurdyr.
208. Eger-de şypahana maşgalanyň saglygyny dikeltmek ýa-da dynç almagy üçin niýetlenen bolsa (mysal üçin, ene we çaga üçin, 20 günlük bolsa), onda ýollamanyň nyrhyny ikä bölmek we soňra bir dynç alýan üçin 10 günüň bahasyny hasaplamak zerurdyr.
209. Ýollamanyň bahasyna girmeýän we dynç alýan tarapyndan dynç alyş we sagaldyş ýerlerinde ýollamanyň nyrhyndan daşary tölenen hyzmatlar, 10 günüň hasabyny çykarmakda göz öňünde tutulmaýar (mysal üçin, sport enjamlaryny, gap-gaçlary, telewizory wagtlaýyn almak, dellekhana hyzmatlary, goşmaça tölegli lukmançylyk hyzmatlary, gezelençler we ş.m.).
210. Bilim üçin tarifleri bellige almakda «Bilim hyzmatlarynyň» ählisi üçin şu okuw ýylyndaky tölegiň möçberi bellige alynýar:
1) «Hünärmenlik mekdebinde okamak üçin töleg» hyzmatlar topary boýunça, bir okuwçy üçin bir aýlyk tölegiň möçberi bellige alynýar. Gözegçilik etmek üçin anyk hünärleri saýlap almaklyk maslahat berilýär (mysal üçin, buhgalteriýa hasabaty we audit ýa-da menejment). Gözegçilik etmek üçin bar bolan okuwlar anyk hünärlere proporsional saýlanyp alynýar. Tölegiň nyrhyna iýmitiň, ulagyň, goşmaça okuw sagatlarynyň nyrhy goşulmaýar.
2) «Ýokary okuw mekdebinde okamak üçin töleg» hyzmatlar topary boýunça, uniwersitetiň, akademiýanyň, institutyň we beýleki okuw mekdepleriniň gündizki bölüminiň 1-nji okuw ýylynda 1 adamyň okamagy üçin töleg bellige alynýar. Gözegçilige almak üçin ýokary bilim berýän okuw mekdepleriniň diňe okuw işi üçin tölegleri goşulýar (iýmitiň, ulagyň, goşmaça okuw sagatlarynyň nyrhy goşulmaýar).
3) «Okuwlar üçin töleg» hyzmatlar topary boýunça, okuw merkezinde iňlis ýa-da türk dilini öwrenmek üçin okuwlaryň nyrhy bellige alynýar. Okuwyň bir tapgyry üçin tölegiň bellenen ýagdaýynda bir aýlyk tölegiň hasaby çykarylýar.
211. Myhmanhana hyzmatlary üçin tarifleri bellige almakda gözegçilik eýeçiligiň ähli görnüşindäki myhmanhanalarda geçirilýär. 1-nji derejeli myhmanhananyň 1-nji hilli iki orunlyk otagynyň bir ýeri üçin tölege gözegçilik edilýär. Otaglarynyň derejeliligi we hili bolmadyk hususy myhmanhanalarda gözegçilik üçin öz hili bilen maslahat berilýän hile laýyk bolan otaglar saýlanyp alynýar.
212. Dellekhana salonlary we beýleki gözellik merkezleri üçin nyrhlary bellige almakda «Erkekleriň saçyny bejermek» we «Aýallaryň saçyny bejermek» hyzmatlar topary boýunça, bir adam üçin adaty görnüşli dellekhanalarda modelli saç bejermegiň döwrebap görnüşleri, «Lýuks» görnüşli dellekhanalardan we salonlardan başgasyna gözegçilik edilýär. Saç ýuwmagyň, guratmagyň, serenjam bermegiň we ş.m. nyrhlary hasaba alynmaýar.
213. Durmuş gorag üçin tarifleri bellige almakda «Çagalar baglary üçin töleg» hyzmatlar topary boýunça, eýeçiligiň ähli görnüşindäki mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary gözegçilige alynýar. Ata-eneler tarapyndan çaganyň çagalar edarasyna bir aý gatnawynyň dotasiýasyz tölenmegi tölegiň hili hökmünde kabul edilýär.
214. Ätiýaçlandyrma üçin tarifleri bellige almakda «Ulag serişdelerini ätiýaçlandyrmak» hyzmatlar topary boýunça, ýeňil awtoulagyň adaty howplardan (ogurlanmagy, ýol-ulag hadysalary, ýangyn, tebigy hadysalar, üçünji adamlaryň gatnaşmagynyň netijesinde zeper ýetmeler) meýletin ätiýaçlandyrmagyň ýyllyk nyrhy gözegçilige alynýar.
215. Maliýe hyzmatlary üçin tarifleri bellige almakda «Hukuk häsiýetli hyzmatlar» hyzmatlar topary boýunça, notarial edarasynda wesýetnamanyň berkidilmegi bellige alynýar. Goşmaça hyzmatlar: öýe barmak bilen resminamanyň düzülmegi we resmileşdirilmegi hasaba alynmaýar.
XXIV bap. Harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bahalarynyň görkezijisi (indeksi) hasaplananda ulanylýan klassifikator
216. Sarp ediş bahalarynyň görkezijisini (indeksini) emele getirmeklik klassifikatorlar ulgamyndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar:
1) «Türkmenistanyň edara ediş ýerli birlikleriniň döwlet klassifikatory»;
2) «Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatory»;
3) «Türkmenistanyň önümleriniň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatory».
217. Niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryny (COICOP-BG) işläp taýýarlamak üçin aşakdakylar esas bolup hyzmat edýär:
1) Öý hojalyklarynyň statistikasy we seljerişi müdirliginden niýetlenişi boýunça sarp ediş harytlary we hyzmatlary üçin çykdajylaryň döwlet klassifikatoryna (COICOP-ÖH) geçmek.
2) Dürli klassifikasiýalarda sarp ediş harytlarynyň indeksini işläp taýýarlamak, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalary baradaky şol bir binýatda amala aşyrylýar we şoňa baglylykda hasaplaşygyň netijesi görkezijileriň jeminiň meňzeş manysy bolýar.
XXV bap. COICOP-BG-de ulanylýan esasy adalgalar we düşünjeler
218. Sarp ediş harytlary - ilat tarapyndan önümçilik däl maksatly satyn alynýan harytlar. Sarp ediş harytlary şu aşakdakylara bölünýärler:
1) dowamly ulanylýan harytlar (D) (mebel, telewizorlar, holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar we beýlekiler);
2) ortaça dowamly ulanylýan harytlar (OD) (geýimler, aýakgaplar, gap-gaçlar we beýlekiler);
3) dowamly däl ulanylýan harytlar (DD) (azyk önümleri, alkogolly içgiler, temmäki önümleri, parfýumeriýa-kosmetiki harytlar we beýlekiler).
219. Dowamly däl we dowamly ulanylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) arasyndaky tapawut harytlaryň bir ýa-da bir ýyldan köp bolan döwrüň içinde birnäçe sapar ulanylyp bilinjekdigine esaslanýar. Dowamly ulanylýan harytlaryň nyrhy otnositel ýokary bolýar. Ortaça dowamly ulanylýan harytlar dowamly ulanylýan harytlardan ulanyşynyň dowamlylygy bir ýyldan geçýän hem bolsa, hakykatda ol ep-esli gysga bolýanlygy we olaryň nyrhlary ep-esli aşakdygy bilen tapawutlanýar.
1) Sarp ediş hyzmatlary - bu ilatyň şahsy islegini kanagatlandyrýan, emma azyk önümleri ýa-da harytlar görnüşinde bolmadyk, hyzmatlary aňladýar. Sarp ediş hyzmatlary maddy we maddy däl görnüşde bolup biler.
2) COICOP - SBI işläp taýýarlamaklygyň maksady Halkara Pul gaznasynyň we Ýewropa statistika komitetiniň (Ýewrostat) maslahatlaryna we milli hasaplar ulgamynyň usulyýetine laýyklykda statistik maglumatlaryň ýygnalmagy, işlenmegi we berilmegi üçin standart serişdeleri döretmekden ybarat.
3) COICOP - SBI işläp taýýarlamaklygyň esasy meseleleri:
a) sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň nyrhlaryny we tariflerini bellige almak, ýygnamak we işläp taýýarlamaklygy standartlaşdyrmaklygy ösdürmek we kämilleşdirmek;
b) awtomatlaşdyrylan ulgamdaky we maglumatlar binýadyndaky maglumatlary kodlaşdyrmak;
ç) statistik maglumatlaryň milli we halkara derejesinde deňeşdirilmegi;
d) täze durmuş-ykdysady şertlerde sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň nyrhlary we tarifleri baradaky maglumaty ýygnamaklygyň ugurlaryny işjeňleşdirmek.
220. Bu klassifikator sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň we tarifleriniň döwlet statistik gözegçiligini geçirmekde peýdalanmak üçin hökmandyr.
Harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazary klassifikasiýanyň obýekti hökmünde çykyş edýär.
221. Klassifikatorda esasy ugurlar (bölümler) yzygiderli toparlara, klaslara, kategoriýalara bölünen we olaryň düzümine laýyklykda ilatyň önümçilik däl maksatly sarp edýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň görnüşleri girizilendir. COICOP - SBI klaslary şeýle hem önümiň görnüşleri boýunça klassifisirlenýär we şu görnüşde belgilenýär: «DD» (dowamly däl), «OD» (orta dowamly ulanylýan), «D» (dowamly ulanylýan). Hyzmatlary özünde jemleýän klaslar «H» diýip belgilenen. Eger-de klas birwagtlaýyn hem harytlary we hyzmatlary, dowamly däl we orta dowamly ulanylýan harytlary ýa-da orta dowamly we dowamly ulanylýan harytlary özünde jemleýän bolsa, onda bu görnüşli klas onuň içinde dominirleýän harydyň görnüşine laýyklykda belgilenýär.
222. COICOP - SBI sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň nyrhlary we tarifleri baradaky maglumatlary ilkinji ýygnamak we gaýtadan işlemek üçin ulanylýan identifikasiýa (lokal) kodlary öz içine alýar.
Klassifikasiýa desgasynyň kod belgilenmesi 7 sanly onluk belgilerden durýar.
XXVI bap. Sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indeksini) hasaplamagyň tertibi
223. Sebit we milli derejelerde sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indeksini) hasaplamak SBI ýeke-täk usulyýet boýunça ýerine ýetirilýär we birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar:
1) SBI hasaplamak üçin agramlary emele getirmek;
2) şäher we oba ýerleri derejesinde haryt (hyzmat) wekiliniň nyrhynyň indeksiniň indiwidual hasaplamasy;
3) welaýat derejesinde we tutuş Türkmenistan boýunça haryt (hyzmat) - wekiliniň nyrhynyň indeksiniň agregat hasaplamasy;
4) welaýat derejesinde we tutuş Türkmenistan boýunça haryt (hyzmat) - wekiliniň nyrhynyň toparlaýyn we jemleýji indeksiniň hasaplamasy;
5) Sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indeksini) hasaplamak esasy iki sany maglumat çeşmesiniň esasynda amala aşyrylýar:
a) aýratyn haryt (hyzmat) - wekilleriniň ortaça deňeşdirme nyrhlary;
b) haryt (hyzmat) - wekilleriniň nyrhlarynyň agregat indeksini hasaplamak üçin agramlar, şeýle hem nyrhlaryň toparlaýyn we jemleýji indeksi.
224. Haryt (hyzmat) - wekilleriniň hasabat we geçen döwürdäki ortaça deňeşdirme nyrhlaryny bellige almak maglumatlar esasynda kesgitlenýär. Nyrhlaryň deňeşdirmesini üpjün etmeklik, düzüm we toplumlaýyn görnüş üýtgetmelerini aradan aýyrmaklyga ýardam bermek bilen, sarp ediş nyrhlarynyň indeksini hasaplamak üçin aýrylmasyz şert bolup durýar.
225. Anyk sarp ediş häsiýetleri bolan Harydyň (hyzmatyň) deňeşdirme nyrhy (nyrh kotirowkasy) diýip, hasabat döwründäki nyrhynyň binýatlaýyn döwri bilen deňeşdirilip bir we şol bir söwda (hyzmat) guramasynda bir we şol bir harydyň bellige alnan nyrhyna aýdylýar. Nyrh maglumatlarynyň deňeşdirmesini üpjün etmek üçin (mysal üçin, kesgitli söwda guramasynda ýa-da bütin sebitde harytlaryň satuwda bolmadyk mahalynda) çalşyrmak usuly ulanylýar.
226. Haryt (hyzmat) - wekiliniň hasabat we binýatlaýyn döwründäki Ortaça deňeşdirme nyrhy diýlip, anyk sarp ediş häsiýetleri bolan (nyrh kotirowkalary) harytlaryň deňeşdirme nyrhlarynyň birmeňzeş sanyndan hasaplanan nyrhlara aýdylýar.
227. Nyrhlaryň aýratyn indekslerini hasaplamak üçin ortaça deňeşdirme nyrhlaryny hasaplamakda tutuş hasabat ýylynyň dowamynda şäherde/obada haryt (hyzmat) - wekili boýunça nyrhlaryň birmeňzeş sanyna gözegçilik etmek şerti berjaý edilmelidir.
Şu düzgüniň berjaý edilmezliginde nyrhlaryň indeksini hasaplamaklygyň takyklygy ýeterlik bolmaýar.
XXVII bap. Harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bahalarynyň görkezjilerini (indeksini) (sbg) hasaplamak üçin agramlary emele getirmek
228. Üstümizdäki ýylda sarp ediş bahalarynyň jemleýji görkezijisini (indeksini) hasaplamak üçin niýetlenen ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzümini emele getirmek üçin esasy maglumat binýady bolup, geçen ýyl üçin «Ähli öý hojalyklary» toparynyň Türkmenistanyň çäklerindäki 1850 sany öý hojalyklarynyň býujetiniň seçimleýin gözegçiliginiň netijeleri («Öý hojalyklarynyň azyk harytlaryny, azyk däl harytlary we hyzmatlary satyn almak üçin çykdajylary») boýunça alnan öý hojalyklarynyň sarp ediş çykdajylary baradaky maglumatlar çykyş edýär.
229. Sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indeksini) düzmekde ulanylýan agramlar ulgamy her ýylda gaýtadan seretmekligi talap edýär.
230. Öý hojalyklarynyň sarp ediş çykdajylary sarp ediş harytlaryny hem-de hyzmatlary satyn almaklyga gönükdirilen pul çykdajylarynyň bölegi bolup durýar.
231. Öý hojalyklarynyň pul çykdajylary - gözegçilik etmekligiň hasaba alnan bütin dowamynda öý hojalyklarynyň agzalary tarapyndan amala aşyrylan hakyky çykdajylaryň jemi bolup durýar we sarp ediş çykdajylaryny we sarp etmek bilen bagly bolmadyk beýleki çykdajylary öz içine alýar.
232. Öý hojalyklarynyň sarp ediş çykdajylaryna maýa goýumlary, ýygnamak üçin çykdajy edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhy, şeýle hem hakyky nyrh gymmatlygy bolmadyk (şahsy kömekçi hojalyklarda öndürilen we hususy sarp edilen oba hojalyk önümleri) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) nyrhlary goşulmaýar. Ilatyň sarp ediş çykdajylaryna şeýle hem girdeji salgydy, goýumlar, pensiýa gaznasyna geçirmeler girmeýär.
233. Tutuş Türkmenistan boýunça SBI hasaplamak üçin agramlary emele getirmeklik şu aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:
1) sebit derejesinde agramlary işläp taýýarlamak;
2) milli derejede agramlary işläp taýýarlamak.
234. Ilat tarapyndan harytlary we hyzmatlary sarp etmekligiň uly çäk tapawudy bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň her bir welaýaty boýunça sarp ediş bahalarynyň jemleýji görkezijisini (indeksini) hasaplamak (SBI) (SNI), şol welaýat üçin niýetlenen ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň binýadynda amala aşyrylýar.
235. Milli derejede tutuş Türkmenistan boýunça sarp ediş bahalarynyň jemleýji görkezijisini (indeksini) hasaplamak (SBI) (SNI), welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň sarp ediş çykdajylarynyň düzümini agregirlemek netijesinde alnan sarp ediş çykdajy düzümi esasynda amala aşyrylýar.
236. Milli derejede sarp ediş bahalarynyň jemleýji görkezijisini (indeksini) hasaplamaklygyň dowamynda (SBI) (SNI), nyrhlaryň (tarifleriň) derejesine we ösüşine gözegçilik etmek üçin saýlanyp alnan haryt (hyzmat) - wekilleriniň toplumy bilen öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň käbir maddalary boýunça görkezijileriň deňeşdirmesi amala aşyrylýar.
237. Öý hojalyklarynyň sarp ediş çykdajylarynyň käbir maddalary boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň agregirlenen maglumatlarynyň berlendigi, (SBI) hasaplamak üçin bolsa her bir harydyň (hyzmatyň) öz agramynyň bolmagynyň hökmandygy bilen baglanyşykly öý hojalyklarynyň çykdajylaryny bir topara birleşdirmek we gaýtadan paýlamak geçirilýär - ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzüminde her bir harydyň (hyzmatyň) agramy emele getirilýär.
SBI hasaplamak üçin agramlar emele getirilende otnositel görkezijiler - göterimde ulanylýar.
238. Sebitleriň aýratynlyklaryny hasaba almak maksady bilen, ilatyň sarp ediş çykdajylary düzüminiň binýadynda agramlary emele getirmeklik üçin maglumatlar binýadyny taýýarlamaklygyň esasy tapgyry şulardan ybarat:
1) SBI hasaplamak üçin öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň maddalaryny haryt (hyzmat) - wekilleriniň toplumynyň aýratyn görnüşleri boýunça paýlamaklygyň algoritmini işläp taýýarlamak;
2) öý hojalyklarynyň çykdajylaryny paýlamaklygyň algoritmlerde ulanylýan koeffisiýentlerini kesgitlemek;
3) öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň aýratyn maddalarynyň agramlaryna korrektirlemek koeffisiýentlerini hasaplamak.
XXVIII bap. SBI (SNI) hasaplamak üçin haryt (hyzmat) - wekilleriniň toplumynyň käbir toparlary boýunça öý hojalyklarynyň çykdajylaryny paýlamaklygyň algoritmlerini we koeffisiýentlerini işläp taýýarlamak
239. Haryt (hyzmat) - wekilleriniň toplumynyň käbir görnüşleri boýunça öý hojalyklarynyň çykdajylary paýlananda paýlamaklygyň algoritmleri ulanylýar.
240. Algoritmleriň kömegi bilen ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzüminiň emele getirilmeginde başlangyç maglumatdan paýlamak COICOP - ÖH we COICOP - SBI ulanmak bilen ýerine ýetirilýär.
241. Algoritmleriň we koeffisiýentleriň kömegi bilen ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzümi emele getirilende öý hojalyklarynyň çykdajylaryny paýlamak, esasan, degişli harytlaryň klaslarynyň, toparlarynyň, görnüşleriniň içinde geçirilýär.
242. Ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň käbir görnüşleri boýunça öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň paýlanyş usulyna baglylykda, algoritmleri emele getirmekligiň usullaryny şertli üç topar görnüşinde bölüp bolýar:
1) Haryt (hyzmat) - wekilleriniň toplumynda meňzeş görnüşleri bolan maddalar boýunça öý hojalyklarynyň çykdajylaryny göni goşmak usuly, ýagny, mysal üçin, öý hojalyklarynyň «Tüwi» maddasynda hasaba alnan çykdajylary üç pozisiýada berlen - «Uzyn däneli tüwi», «Orta däneli tüwi», «Tüwi ýarmasy», olar SBG hasaplamak üçin haryt-hyzmat toplumynyň meňzeş bolan «Uzyn däneli tüwi», «Orta däneli tüwi», «Tüwi ýarmasy» anyk pozisiýalaryna goşulýarlar, olaryň mysaly hasaplanylmagy 1-nji tablisada getirilýär.
1-nji tablisa
«Tüwi» maddasy boýunça çykdajylaryň bölünişi
Ortaça adam başyna düşýän bar bolan çeşmelerden azyk harytlaryny, azyk däl harytlary we hojalyk hyzmatlaryny satyn almak üçin tölegler boýunça çykdajylar («Ähli öý hojalyklary» topary) COICOP – ÖH |
Haryt (hyzmat) – wekilleriň ady COICOP- SNI |
||||
Tablisa-nyň setir belgisi |
Çykdajy maddalary |
Ähli öý hojalyk çykdajyla-ryndaky paýy, % |
Setiriň kody |
Haryt (hyzmat) – wekilleriniň ady |
SBG (SNI) hasaplamak üçin ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzüminde pozisiýanyň agramy |
001 |
Uzyn däneli tüwi |
0,265 |
111
|
Çörek-bulka önümleri we däneliler |
|
A |
Orta däneli tüwi |
2,117 |
1111 |
Tüwi |
|
003 |
Tüwi ownugy |
0,205 |
1111001 |
Uzyn däneli üwi |
0,265 |
|
|
|
1111002 |
Uzyn däneli tüwi |
2,117 |
|
|
|
1111003 |
Tüwi ownugy |
0,205 |
2) Öý hojalyklarynyň çykdajy maddalarynyň haryt (hyzmat)-wekilleriniň toplumynyň birmeňzeş iki ýa-da birnäçe pozisiýalary boýunça paýlamaklygyň paýly usuly, ýagny mysal üçin, öý hojalyklarynyň «Awtoulaglar» maddasynda hasaba alnan çykdajylary koeffisiýentleriň kömegi bilen kesgitli paýlarda haryt-hyzmat wekilleriniň toplumynyň «GDA ýurtlarynyň ýeňil awtoulagy» we «Daşary ýurt ýeňil awtoulaglary» pozisiýalaryna bölünýär, olary 2-nji tablisada getirilen mysaly hasaplamada görüp bolýar;
2-nji tablisa
«Awtoulaglar» maddasy boýunça çykdajylaryň paýlanyşy
Ortaça adam başyna düşýän bar bolan çeşmelerden azyk harytlaryny, azyk däl harytlary we hojalyk hyzmatlaryny satyn almak üçin tölegler boýunça çykdajylar («Ähli öý hojalyklary» topary) COICOP – ÖH |
COICOP-SBI Haryt (hyzmat) – wekilleriniň ady |
||||
Tablisa-nyň setir belgisi |
Çykdajy maddalary |
Ähli öý hojalyk çykdajyla-ryndaky paýy, % |
Setiriň kody |
Haryt (hyzmat) – wekilleriniň ady |
SBI hasaplamak üçin ilatyň sarp ediş çykdajylary-nyň düzüminde pozisiýanyň agramy |
|
Awtoulaglar (jemi) |
0,360 |
71 |
Ulag serişdelerini satyn almak |
|
258 |
Ýeňil awtoulaglar |
0,245 |
7110001 |
GDA ýurtlarynyň ýeňil awtoulagy |
0,180 |
259 |
Ýük awtoulagy |
0,100 |
7110002
|
Daşary ýurt awtoulagy |
0,180 |
260 |
Mikroawtobuslar |
0,010 |
|
|
|
261 |
Beýleki awtoulaglar |
0,005 |
|
|
|
3) Haryt (hyzmat) wekilleriniň toplumynyň birmeňzeş pozisiýalary bolmadyk aýratyn maddalarynda görkezilen öý hojalyklarynyň çykdajylary boýunça (koeffisiýentiň kömegi bilen) paýlamak ýa-da şertli goşmak usuly, ýagny mysal üçin, öý hojalyklarynyň «Suhari önümleri», «Baranka önümleri», «Içi goşundyly süýji wafli», «Beýleki çörek-bulka we süýji-köke önümleri» pozisiýasynda hasaba alnan, haryt (hyzmat) - wekilleriniň toplumynda birmeňzeş pozisiýalary bolmadyk önümler, şu aşakdaky haryt wekilleriniň biriniň agramyna goşulyp bilner: «Ýumşak bulka önümleri», «Kökeler», «Prýanikler», «Tortlar» ýa-da iki ýa-da ähli dört önümiň (sebäbi, bu önümleriň ählisi klassifikatoryň bir bölümine girýär) agramlaryna goşulyp bilner, olar 3-nji tablisada mysaly hasaplama görnüşinde görkezilen:
3-nji tablisa
«Beýleki çörek-bulka we undan süýji-köke önümleri» maddasy boýunça çykdajylaryň paýlanyşy Ortaça adam başyna düşýän bar bolan çeşmelerden azyk harytlaryny, azyk däl harytlary we hojalyk hyzmatlaryny satyn almak üçin tölegler boýunça çykdajylar («Ähli öý hojalyklary» topary) COICOP – ÖH |
Çykdajylary paýla-magyň koeffisiýenti (paýlanan çykdajy-lardaky düşýän paýy) |
||
Tablisanyň setir belgisi |
Çykdajy maddalary |
Ähli öý hojalyk çykdajylaryndaky paýy, % |
|
1 |
2 |
3 |
4 |
018 |
Ýumşak önümler |
0,350 |
К18=0,350 /1,350 = 0,260 |
021 |
Kökeler |
0,250 |
К21=0,250 /1,350 = 0,185 |
022 |
Prýanikler |
0,300 |
К22=0,300 /1,350 = 0,222 |
023 |
Tortlar |
0,450 |
К23=0,450 /1,350 = 0,333 |
|
Hasaba alnan harytlar boýunça çykdajylaryň jemi |
1,350 |
1,000 |
019 |
Suhari önümleri |
0,005 |
|
020 |
Baranka önümleri |
0,003 |
|
024 |
Içi goşundyly süýji wafliler |
0,150 |
|
025 |
Beýleki çörek-bulka we konditer önümleri |
0,003 |
|
|
Hasaba alynmadyk harytlar boýunça çykdajylaryň jemi |
0,161 |
|
|
Jemi |
1,511 |
|
3) Öý hojalyklarynyň haryt (hyzmat) wekilleriniň aýratyn görnüşleri boýunça çykdajylaryny paýly ýa-da şertli paýlamak usullaryny ulanmak üçin algoritmlere laýyklykda paýlamaklygyň koeffisiýentini işläp taýýarlamaklygy amala aşyrmak zerurdyr. Alnan koeffisiýentler SBG SNI hasaplamak üçin işlenip taýýarlanan algoritmlere laýyklykda öý hojalyklarynyň «Beýleki çörek-bulka we unly süýji-köke önümleri» klasyna girýän haryt toplumynyň pozisiýalary boýunça «Beýleki çörek-bulka we süýji-köke önümleri» maddasy boýunça çykdajylary paýlamakda peýdalanylýar, olar mysal hökmünde 4-nji tablisada görkezilen:
4-nji tablisa
SNI hasaplamak üçin ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzüminde pozisiýanyň gutarnykly agramynyň hasaplamasy
Haryt (hyzmat) – wekilleriniň ady |
Lokal kody |
Algoritmler1 |
SBI hasaplamak üçin ilatyň sarp ediş çykdajylarynyň düzüminde pozisiýanyň gutarnykly agramynyň hasaplamasy |
Ýumşak bulka önümler |
1114101 |
(19+20+24+25)
|
0,350 + 0,260 х 0,161 =0,392 |
Kökeler |
1114401 |
21+K21 х (19+20+24+25) |
0,250 + 0,185 х 0,161 =0,280 |
Prýanikler |
1114500 |
22+K22 х (19+20+24+25) |
0,300 +0,222 х 0,161 =0,336 |
Tortlar |
1114601 |
23+K23 х (19+20+24+25) |
0,450 + 0,333 х 0,161 =0,5030 |
|
|
1,511 |
|
243. COICOP - ÖH-da köp toparlaryň içinde öý hojalyklarynyň çykdajy maddalarynyň, «Beýleki...» atlandyrylýan aýratyn görnüşleri bar, olaryň SBG hasaplamak üçin haryt (hyzmat)-wekilleriniň toplumynda birmeňzeş pozisiýalary ýok.
244. Öý hojalyklarynyň çykdajylaryny «Beýleki...» maddasy boýunça paýlamak, her bir aýratyn ýagdaýda dürli usullar bilen ýerine ýetirilip bilner.
Öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň bir maddasyny SBG SNI hasaplamak üçin haryt (hyzmat)-wekilleriniň toplumynyň birnäçe pozisiýalary boýunça paýlamak mümkinçiligi üçin esas bolýan statistik maglumatyň bolmadyk ýagdaýynda, ortaça arifmetik ululyklary tapmak ýoly bilen koeffisiýentleriň hasabyny çykarmak maslahat berilýär.
245. Haryt (hyzmat)-wekilleriniň toplumynyň aýratyn pozisiýalary boýunça koeffisiýentler kesgitlenende, ortaça arifmetik ululykda seljerme bahalandyrmasyny göz öňünde tutmak bilen düzediş girizilip bilner, seljermäniň dowamynda aýratyn harytlaryň nyrhlarynyň derejelerini we satuwyň göwrüminiň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.
246. SNI hasaplamak üçin haryt (hyzmat)-wekilleriniň toplumynyň birnäçe pozisiýalary boýunça hyzmatlaryň tölegleri üçin öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň birnäçe görnüşlerini paýlamaklyk köp ýagdaýlarda seljerme ýoly bilen amala aşyrylýar.
247. SNI hasaplamak üçin haryt (hyzmat)-wekilleriniň toplumynyň birnäçe pozisiýalary boýunça öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň gaýtadan paýlanmagy tamamlanandan soňra, alnan toparlaýyn jemi COICOP - ÖH «Ähli öý hojalyklar» kategoriýasynyň tablisalarynyň maglumatlary boýunça hasaplanan öý hojalyklarynyň meňzeş çykdajylary baradaky maglumatlar bilen deňeşdirmek zerurdyr.
XXIX bap. Harytlaryň we hyzmatlaryň ortaça sarp ediş nyrhlarynyň we aýratyn indeksleriniň hasaplamasy (şäher/oba)
248. Nyrhlaryň bellige alynmagy her aýyň 2-sinden 27-sine çenli geçirilýär. Harytlaryň we hyzmatlaryň bellenilen sanawynda göz öňünde tutulan her bir haryt (hyzmat) boýunça nyrhyň bellige alynmagy tamamlanandan soňra, depderde statistika döwrüniň ortaça nyrhlary döwlet hem-de hususy eýeçilik üçin aýry hasaplanylýar.
Ortaça nyrhyň (P) hasaplanmagy ýönekeý ortaça arifmetika formula boýunça amala aşyrylýar (hasabat döwründe ortaça nyrh bellige alnan nyrhlaryň möçberine nyrhyň jemini bölmekden alnan netije hökmünde hasaplanylýar):
Р = ΣР / K, bu ýerde
ΣP – nyrhlaryň jemi,
K – bellige alnan nyrhlaryň mukdary
1 mysal
Mary welaýatynyň 1 şäheri boýunça ortaça nyrhy kesgitlemek 1 şäherde haryt-wekiliň goýun etiniň nyrhyna gözegçilik etmek 3 sany söwda nokadynda ýola goýuldy.
Mary welaýatynyň 1 şäheri boýunça ortaça nyrhy kesgitlemek
Şäher 1, haryt-wekili - goýun eti
kg üçin manat.
| Hasabat döwründäki nyrhlar |
||
|---|---|---|---|
| Ýanwar | fewral | mart |
Dükan 1 |
12,00 |
12,50 |
12,50 |
Bazar № 1 (palatka 1) |
11,70 |
12,00 |
12,50 |
Bazar № 2 (palatka 2) |
12,50 |
12,00 |
12,00 |
Ortaça nyrh (ortaça arifmetik) |
12,00+11,70+ 12,50/3 = 12,07 |
12,50+12,00+ 12,00/3 = 12,17 |
12,50+12,50+ 12,00/3 = 12,33 |
Nyrhlaryň indiwidual indeksi, (%) |
|
ip fewral ýanwara görä 12,17:12,07 х 100 = 100,83 |
ip mart fewrala görä 12,33:12,17 х 100 = 101,31 |
Alnan ortaça nyrhlar (döwlet we hususy söwda boýunça) sarp ediş bahalarynyň görkezijileri (indeksleri) hasaplananda başlangyç maglumat bolup durýar.
249. Haryt (hyzmat)-wekiliniň sarp ediş nyrhlarynyň aýratyn indeksini hasaplamaklyk sarp ediş bahalaryna gözegçilik ýola goýlan şäher/oba derejesinde amala aşyrylýar. Aýratyn harytlar we hyzmatlar boýunça nyrhlaryň aýratyn indeksleri şäher/oba boýunça deňeşdirilýän ortaça nyrhlary bölmekden gelip çykan hökmünde kesgitlenilýär.
250. Her sebit boýunça (şu ýerde şäher, oba, etrap sebit hökmünde bellige alynmanyň amala aşyrylýan ýeri bolup durýar) ortaça bölek satuw nyrhlary barada alnan maglumatlar her aýda bellenilen döwrüň içinde hasabat döwrüniň 28-inden gijä galman welaýat statistika edarasyna berilýär.
manat
№ |
Ady |
Ölçeg birligi |
Aşgabat ş. |
Welaýatlar: |
Türkme- nistan |
||||
Ahal |
Balkan |
Daşoguz |
Lebap |
Mary |
|||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
10 |
1 |
Sygyr eti, Türkmenistanda öndürilen |
1 kg |
|
|
|
|
|
|
|
2 |
Towuk eti, Türkmenistanda öndürilen |
1 kg |
|
|
|
|
|
|
|
3 |
Goýun eti, Türkmenistanda öndürilen |
1 kg |
|
|
|
|
|
|
|
XXX bap. Sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň ortaça nyrhlarynyň we sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň nyrhlarynyň aýratyn we jemleýji indeksleriniň hasaplamasy (Türkmenistan, sebitler)
251. Sebitleýin statistika edaralary (5 welaýat, Aşgabat we Arkadag ş.) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) barada her aýda alnan maglumatlaryň esasynda şulary hasaplaýarlar:
1) ortaça bölek satuw bazar nyrhlary we azyk harytlarynyň topary boýunça sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indekslerini);
2) ortaça bölek satuw nyrhlary we azyk däl harytlarynyň topary boýunça sarp ediş bahalarynyň görkezijilerini (indekslerini);
3) hyzmatlaryň görnüşleri boýunça ortaça tarifleri;
4) sebit boýunça bölek satuw bazar bahalarynyň (nyrhlarynyň) ortaça toparlaýyn indekslerini.
252. Türkmenistanyň we sebitleriň derejesinde harytlar we hyzmatlar üçin ortaça sarp ediş bahalary (tarifleri) nyrhlaryň bellige alnyş maglumatlarynyň esasynda geometrik ýönekeý ululygyň formulasy boýunça hasaplanylýar.
[Примечание редакции KanunTM: изображение 2 отсутствует в источнике],
bu ýerde:
[Примечание редакции KanunTM: изображение 3 отсутствует в источнике] |
- sebitde haryt (hyzmat)-wekiliň ortaça sarp ediş bahasy (tarifi); |
p1, p2,…pn |
- şäher-oba ýerlerinde dürli harytlar we hyzmatlar gurşawlarynda anyk sarp ediş aýratynlygy bolan harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlary (nyrh kotirowkalary). |
253. Ýygnalan nyrh maglumatlarynyň binýadynda Türkmenistan boýunça we sebitler boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň aýry görnüşleriniň ortaça nyrhlary hasaplanylýar.
2 mysal:
Mary welaýaty boýunça goýun etiniň ortaça nyrhyny kesgitlemek
| Hasabat döwründäki nyrhlar |
||
|---|---|---|---|
| ýanwar | fewral | mart |
|
1 |
2 |
3 |
Şäher 1 |
12,07 |
12,17 |
12,33 |
Şäher 2 |
12,00 |
12,50 |
12,60 |
Şäher 3 |
12,40 |
12,20 |
12,25 |
Oba ilatly nokady 1 |
12,00 |
12,00 |
12,20 |
Oba ilatly nokady 2 |
12,30 |
12,10 |
12,15 |
Oba ilatly nokady 3 |
12,50 |
12,50 |
12,70 |
Ortaça nyrh (ortaça geometrik) |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 4 отсутствует в источнике] 12,07*12,00*12,40* 12,00*12,30*12,50 =12,21 |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 5 отсутствует в источнике] 12,17*12,50*12,20*12,00*12,10*12,50 =12,24 |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 6 отсутствует в источнике]12,33*12,60*12,25*12,20*12,15*12,70=12,37 |
3 Mysal:
Türkmenistan boýunça goýun etiniň ortaça nyrhyny kesgitlemek
| Hasabat döwründäki nyrhlar |
||
|---|---|---|---|
| ýanwar | fewral | mart |
|
1 |
2 |
3 |
Aşgabat ş |
12,70 |
12,77 |
13,00 |
Ahal welaýaty |
12,35 |
12,50 |
12,50 |
Balkan welaýaty |
12,80 |
12,85 |
13,00 |
Daşoguz welaýaty |
12,50 |
12,55 |
12,60 |
Lebap welaýaty |
12,35 |
12,33 |
12,50 |
Mary welaýaty |
12,21 |
12,24 |
12,37 |
Türkmenistan boýunça ortaça nyrh (ortaça geometrik) |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 7 отсутствует в источнике]12,70*12,35*12,80*12,50*12,35* 12,21=12,48 |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 8 отсутствует в источнике] 12,77*12,50* 12,85*12,55*12,33*12,24=12,54 |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 9 отсутствует в источнике]13,00*12,50*13,00*12,60*12,50* 12,37=12,66 |
254. Türkmenistan boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň aýratyn görnüşleri üçin bölek-satuw bazar nyrhlaryny we olary satyn almak üçin öý hojalyklarynyň umumy sarp ediş çykdajylarynyň bölegini göz öňünde tutup, aýratyn harytlar we hyzmatlar boýunça hem-de ulaldylan toparlar boýunça (meselem, azyk we azyk däl harytlar hem-de ilata tölegli hyzmatlar) nyrhlaryň jemleýji indeksleri hem-de sebitler boýunça sarp ediş bahalarynyň görkezijisi (indeksi) (SBG) kesgitlenilýär.
255. Türkmenistan we sebitler boýunça sarp ediş bahalarynyň görkezijileriniň (indeksleriniň); (SBI) hasaplanylyşy Laspeýresiň formulasy boýunça amala aşyrylýar:
geçen aýa görä:
P1 * q0
I t/t-1 = -------
P 0 * q 0
bu ýerde:
[Примечание редакции KanunTM: изображение 10 отсутствует в источнике] |
- harytlaryň (hyzmatlaryň) topary boýunça sarp ediş bahalarynyň (nyrhlarynyň) we tarifleriň jemleýji görkezijisi (indeksi); |
q0 |
- harydyň (hyzmatyň) satyn alynmagy üçin öý hojalyklarynyň çykdajylarynyň bölegi (binýatlaýyn döwrüň ölçegi); |
p1 |
- hasabat aýynda haryt (hyzmat) - wekili boýunça nyrh; |
p0 |
- geçen aýyň haryt (hyzmat) - wekili boýunça nyrh; |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 11 отсутствует в источнике] |
- häzirki döwür; |
[Примечание редакции KanunTM: изображение 12 отсутствует в источнике] |
- geçen döwür. |
256. Şu Usulyýet sarp ediş ulgamynda her aýdaky hümmetsizlenmäni häsiýetlendirýän sarp ediş bahalarynyň jemleýji görkezijisiniň (indeksiniň) hasaplamasyndan gelip çykýar. Sarp ediş bahalarynyň jemleýji görkezijisiniň (indeksiniň) hasaplanmagynda, ýokarda aýdylyşy ýaly, ilatyň satyn alýan harytlarynyň we hyzmatlarynyň tutuş göwrümini öz içine alýan ilatyň geçen ýylky pul çykdajylary kabul edilýär.
XXXI bap. Çäkler boýunça nyrhlaryň binýatlaýyn we zynjyrlaýyn görkezijileriniň (indeksleriniň) hasaplamasy
257. Her aýda sarp ediş bahalarynyň görkezijileri (indeksleri) şu aşakdakylara görä hasaplanyp çykarylýar:
1) geçen aýa görä;
2) geçen ýylyň dekabr aýyna görä;
3) geçen ýylyň degişli aýyna görä.
258. Birnäçe yzygiderli döwürler üçin (meselem, bir ýylyň dowamynda birnäçe aý üçin) bahalaryň görkezijileriniň (indeksleriniň) hasaplanylyp çykarylmagy bahalaryň görkezijileriniň (indeksleriniň) hatarlaryny döredýär.
259. Binýatlaýyn ulgamda her döwrüň bahalarynyň görkezijileri (indeksleri) binýat hökmünde alnan haýsy bolsa-da bir döwrüň bahalarynyň görkezijileri (indeksleri) bilen deňeşdirilýär.
260. Zynjyrly ulgamda her döwrüň bahalarynyň görkezijileri (indeksleri) geçen döwrüň nyrhlarynyň indeksleri bilen deňeşdirilýär. Şeýlelikde, bahalaryň görkezijileriniň (indeksiniň) binýady hemişe üýtgeýär.
261. Bahalaryň aýry görkezjileriniň (indeksleriniň), ýagny harydyň tutuş sanawy boýunça hem-de ulaldylan görnüşleri boýunça: azyk, azyk däl harytlar, hyzmatlar, islendik binýat üçin hyzmatlar zynjyrly (yzygiderli) indeksleriň köpeldilmegi arkaly alnyp bolýandygyny göz öňünde tutmak gerek.
XXXII bap. Komitete maglumatlaryň çäkler boýunça berilmegi, maglumatyň neşir edilmegi we ýaýradylmagynyň tertibi
262. Hasaplanan otnositel görkezijiler Komitete optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy boýunça elektron görnüşinde berilýär.
Sarp edijileriň bahalaryna gözegçilik etmek üçin saýlanan wekilçilikli harytlar (hyzmatlar) barada maglumat, sarp ediş çykdajylarynyň gurluşy Türkmenistanyň şäherleri we subýektleri boýunça, şeýle hem sarp ediş bahalaryny (indekslerini) döretmek üçin ulanylýar. Sarp ediş bahalarynyň görkezijileri we syn edilýän harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça sarp ediş bahalary ýurduň welaýatlarynyň, etraplaryň subýektleri üçin sarp ediş bahalaryna (indeksine) baha bermek barada maglumat hökmünde Türkmenistanyň statistika baradaky iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan möhletlerde Komitetiň resmi web sahypasynda ýerleşdirilýär.
263. Bölek satuw bazar bahalaryna (nyrhlaryna) statistik gözegçiligi geçirýän etrap we şäher statistika bölümleri saýlanyp alnan ilatly ýerlerde söwda kärhanalary boýunça ýygnalan maglumatlary her aýda № 1 - şäher/oba «Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň sanawy (döwlete degişli we oňa dahylsyz söwdada nyrhlaryň bellige alnyşy)» elektron maglumatlar binýadyna girizýärler. Şol aý tamamlananda (her aýyň 28-ine) gözegçilik edilýän ilatly ýer (şäher, oba) boýunça harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) şu Usulyýetiň iki ýüz elli bäşinji bölegindäki formula boýunça hasaplanylýar we Komitete optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy boýunça elektron görnüşinde berilýär.
264. Welaýatlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirlikleri şäher we etrap statistika bölümlerinden alnan maglumatlary her aýda № 2 - welaýat (Aşgabat, Arkadag şäherleri) «Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň sanawy (döwlete degişli we oňa dahylsyz söwdada nyrhlaryň bellige alnyşy)» elektron maglumatlar binýadyna girizýärler hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýatlar boýunça harytlaryň, hyzmatlaryň ortaça bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) ýokarda görkezilen formula boýunça hasaplaýarlar we Komitete optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy boýunça elektron görnüşinde berilýär
265. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirliklerinden alnan maglumatlar Komitetiň Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi tarapyndan «Harytlaryň (hyzmatlaryň) toplumynyň sanawy № 3 - Türkmenistan (döwlete degişli we oňa dahylsyz söwdada nyrhlaryň bellige alnyşy)» elektron maglumatlar binýadyna girizilýär. Müdirlik maglumatlaryň arifmetiki, logiki barlagyny geçirýär we olary jemleýär hem-de şu Usulyýetiň iki ýüz ýetmiş ikinji bölegindäki formula boýunça Türkmenistan boýunça harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça bölek satuw bazar bahalaryny (nyrhlaryny) hasaplaýar. Şonda, eger haýsydyr bir haryt (hyzmat) atlary boýunça bölek satuw bazar bahalarynyň (nyrhlarynyň) gözegçiliginiň netijesinde diňe bir sebitde (Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýa-da welaýatlaryň birinde) görkezilen bolsa, onda bu harydyň (hyzmatyň) ady, Usulyýetiň bir ýüz ýetmişinji böleginden görkezilen başga ýagdaýlarda, sanawa goşulmaýar. Eger haýsydyr bir haryt atlary boýunça bölek satuw bazar bahalarynyň (nyrhlarynyň) gözegçiliginiň netijesinde üç ýa-da has köp sanly sebitde görkezilen bolsa, onda şol haryt (hyzmat) ady boýunça ortaça ululyk Türkmenistan boýunça hasaplanyp çykarylanda, şol harytlar (hyzmatlar) boýunça nyrhlar bellige alynmadyk galan sebitler üçin şertli ýagdaýda üç we has köp sanly sebitde görkezilen iň pes nyrh alynýar. Bu sebitler boýunça şertli alnan nyrhlar bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) baradaky ýygyndyda görkezilmeýär, eýsem diňe Türkmenistan boýunça bu haryt (hyzmat) ady babatda ortaça ululygyň hasaplamasynda peýdalanylýar.
266. Etrap we şäher statistika bölümleri gözegçilik edilýän ilatly ýerdäki haryt toparlary boýunça ortaça aýlyk bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) baradaky jemleýji maglumaty welaýat, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirliklerine hasabat aýynyň 30-na resmi kagyz görnüşinde hem-de elektron poçta arkaly ýa-da elektron göterijilerde iberilýär.
267. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirlikleriniň Nyrhlaryň statistikasy bölümleri tarapyndan gözegçilik edilýän harytlar (hyzmatlar) boýunça aýlyk jemleýji maglumatlaryň esasynda her aýda harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary) boýunça maglumat taýýarlanylýar we şol hasabat aýyndan soň 4-nji güni Komitetiň Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirligine elektron poçta arkaly ýa-da elektron göterijilerde iberilýär.
268. Aşgabat, Arkadag şäher we welaýatlaryň statistika müdirlikleri hasabat döwründen soň 9-njy gün faks boýunça aýlyk tassyknamany ýollaýarlar. Komitetiň Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirliklerinden ýygnalan aýlyk maglumatlar esasynda «Türkmenistan we sebitler boýunça harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary)» atly aýlyk statistiki ýygyndyny taýýarlaýar. Komitetiň Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirligi hasabat döwründen on gün soňra welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň statistika müdirliklerine «Türkmenistan we sebitler boýunça harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary)» atly aýlyk statistiki ýygyndyny elektron poçta arkaly ýa-da magnit göterijilerde iberýär.
269. Komitet peýdalanyjylaryň resmi soramaklary esasynda, «Türkmenistan we sebitler boýunça harytlaryň (hyzmatlaryň) ortaça bölek satuw bazar bahalary (nyrhlary)» atly aýlyk statistik ýygyndydan ugur alyp, 3 (üç) iş gününiň dowamynda, elektron görnüşinde, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şol maglumatlary berýär.
1-nji goşundy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 51-Ö belgili buýrugy esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 14-nji awgustynda 1964 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.
Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet
statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary
döretmek boýunça statistik usulyýetine
2-nji goşundy
COICOP halkara klassifikatory boýunça sarp ediş nyrhlarynyň indeksini hasaplamak üçin harytlaryň – wekilleriň düzümi
Klassifikasiýa kody |
Harytlaryň we hyzmatlaryň ady |
Ölçeg birligi |
Harytlaryň we hyzmatlaryň häsiýetnamalary |
1 |
2 |
3 |
4 |
|
|
|
|
|
|
|
|
Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet
statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary
döretmek boýunça statistik usulyýetine
3-nji goşundy
BÖLEK SATUW BAZAR BAHALARY (NYRHLARY) HAKYNDA
MAGLUMAT
”______” ______________ 20____ ý.
SÖWDA KÄRHANASYNYŇ ADY ÝA-DA SAN BELGISI ____________
________________________________________________________________
SÖWDA KÄRHANASYNYŇ SALGYSY ____________________________
________________________________________________________________
№ |
Harydyň ady (markasyny, modelini, ölçegini görkezmeli) |
Ölçeg birligi |
Öndürilen ýurdy |
Nyrhy, manat |
|
Senesi - |
|||||
|
|
||||
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
3 |
|
|
|
|
|
4 |
|
|
|
|
|
Senesi
Satyjy ____________________________ ______________
(familiýasy, ady, atasynyň ady) (goly)
Söwda kärhanasynyň ýolbaşçysy _______________________ ____________
(familiýasy, ady, atasynyň ady) (goly)
Senesi
Satyjy ____________________________ ____________
(familiýasy, ady, atasynyň ady) (goly)
Söwda kärhanasynyň ýolbaşçysy _______________________ ___________
(familiýasy, ady, atasynyň ady) (goly)
Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet
statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary
döretmek boýunça statistik usulyýetine
4-nji goşundy
KEPILNAMA
BÖLEK SATUW BAZAR BAHALARY (NYRHLARY) HAKYNDA
HABAR
20___-nj___ ýylyň ___________aýy üçin
SÖWDA KÄRHANASYNYŇ ADY ÝA-DA SAN BELGISI ____________
_________________________________________________________________
SÖWDA KÄRHANASYNYŇ SALGYSY ___________________________
________________________________________________________________
№ |
Harydyň ady (markasyny, modelini, artikulyny, ölçegini görkezmeli) |
Ölçeg birligi |
Öndürilen ýurdy |
Satylan harytlaryň sany |
Bir aýdaky ortaça satuw nyrhy, manatda |
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
3 |
|
|
|
|
|
4 |
|
|
|
|
|
5 |
|
|
|
|
|
Satyjy ____________________________ ______________
(familiýasy, ady, atasynyň ady) (goly)
Söwda kärhanasynyň ýolbaşçysy ________________________ __________
(familiýasy, ady, atasynyň ady) (goly)
Senesi__________________
Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet
statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary
döretmek boýunça statistik usulyýetine
5-nji goşundy
Harytlaryň sanaw görnüşleri, söwda kärhanalaryň we hyzmat ediş ýaýrawynyň saýlanyp alynmagy amala aşyrylýan haryt görnüşleriniň sanawy
№ |
Harytlaryň görnüşleri |
Söwda kärhanalarynyň san möçberi (azyndan) |
1 |
Çörek we bugdaý önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
2 |
Et |
2-3 sany söwda kärhanasy |
3 |
Balyk we deňiz önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
4 |
Süýt önümleri, peýnir we ýumurtga |
2-3 sany söwda kärhanasy |
5 |
Ýag we mal ýaglary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
6 |
Miweler |
2-3 sany söwda kärhanasy |
7 |
Gök önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
8 |
Gant, jem, ary baly, şokolad we süýjiler |
2-3 sany söwda kärhanasy |
9 |
Beýleki toparlara degişli edilmedik azyk önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
10 |
Alkogolly içgiler |
2-3 sany söwda kärhanasy |
11 |
Temmäki önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
12 |
Egin-eşik |
2-3 sany söwda kärhanasy |
13 |
Aýakgap |
2-3 sany söwda kärhanasy |
14 |
Gurluşyk harytlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
15 |
Mebel |
2-3 sany söwda kärhanasy |
16 |
Halylar |
2-3 sany söwda kärhanasy |
17 |
Öý üçin dokma önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
18 |
Durmuşda ulanylýan enjamlar |
2-3 sany söwda kärhanasy |
19 |
Aýna önümleri, naharhana gap-gaçlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
20 |
Ýuwujy we arassalaýjy serişdeler |
2-3 sany söwda kärhanasy |
21 |
Lukmançylyk harytlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
22 |
Awtoulag serişdeler üçin ätiýaçlyk şaýlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
23 |
Audiwizual, surat çykarmak üçin enjamlar we maglumatlary gaýtadan işleýiş enjamlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
24 |
Oýunjaklar |
2-3 sany söwda kärhanasy |
25 |
Güller |
2-3 sany söwda kärhanasy |
26 |
Kanselýariýa harytlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
27 |
Galantereýa harytlary |
2-3 sany söwda kärhanasy |
28 |
Zergärçilik önümleri |
2-3 sany söwda kärhanasy |
29 |
Durmuş tehnikasynyň abatlanmagy |
Hyzmat ýaýrawynyň 2-3 sany kärhanasy |
30 |
Audiwizual, surat çykaryş enjamlarynyň we maglumatlary gaýtadan işlemek üçin enjamlaryň abatlanmagy |
Hyzmat ýaýrawynyň 2-3 sany kärhanasy |
31 |
Dellekhana hyzmatlary |
Hyzmat ýaýrawynyň 2-3 sany kärhanasy |
32 |
Egin-eşik tikinçilik hyzmatlary |
Hyzmat ýaýrawynyň 2-3 sany kärhanasy |
33 |
Lukmançylyk hyzmatlary |
Hyzmat ýaýrawynyň 2-3 sany kärhanasy |
Harytlaryň sarp edijileriniň bahalaryna döwlet
statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary
döretmek boýunça statistik usulyýetine
6-njy goşundy
1-nji görnüş
Şäherler/obalar boýunça HARYTLARYŇ (HYZMATLARYŇ) TOPLUMYNYŇ SANAWY
(DÖWLETE DEGIŞLI WE OŇA DAHYLSYZ SÖWDADA
NYRHLARYŇ BELLIGE ALNYŞY)
20..... ÝYLYŇ ................................. AÝY ÜÇIN ORTAÇA NYRHY
................................. ŞÄHERI/OBASY BOÝUNÇA
manat
№ |
Ady |
Ölçeg birligi |
20..... nj… ýylyň …………… aýy |
||
Dükan №1 |
Dükan №2 |
Ortaça nyrhy |
|||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
1-nji BÖLÜM - HARYTLARYŇ WE HYZMATLARYŇ TOPLUMYNYŇ ESASY SANAWY |
||||
1 |
Sygyr eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
2 |
Towuk eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
3 |
Goýun eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
4 |
………….. |
|
|
|
|
|
we ş.m.____Türkmenistan boýunça soňky döwürde çap edilen aýlyk ýygynda laýyklykda harytlaryň sanawy |
|
|
|
|
|
2-nji BÖLÜM - HARYTLARYŇ WE HYZMATLARYŇ TOPLUMYNYŇ GOŞMAÇA SANAWY |
||||
1 |
………….. |
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
2-nji görnüş
Welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça
HARYTLARYŇ (HYZMATLARYŇ) TOPLUMYNYŇ SANAWY
(DÖWLETE DEGIŞLI WE OŇA DAHYLSYZ SÖWDADA NYRHLARYŇ BELLIGE ALNYŞY)
20......ÝYLYŇ AÝY ÜÇIN ORTAÇA NYRHY
_______________ ŞÄHERI/WELAÝATY BOÝUNÇA
manat
№ |
Ady |
Ölçeg birligi |
20..... nj…. ýylyň ………… aýy |
|||||||||||||||||
şäher |
şäher |
şäher |
oba |
oba |
...... |
Ortaça nyrhy |
||||||||||||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
10 |
|||||||||||
1-nji BÖLÜM - HARYTLARYŇ WE HYZMATLARYŇ TOPLUMYNYŇ ESASY SANAWY |
||||||||||||||||||||
1 |
Sygyr eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
2 |
Towuk eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
3 |
Goýun eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
4 |
………….. |
|
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
|
we ş.m.____Türkmenistan boýunça soňky döwürde çap edilen aýlyk ýygynda laýyklykda harytlaryň sanawy |
|
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
2-nji BÖLÜM - HARYTLARYŇ WE HYZMATLARYŇ TOPLUMYNYŇ GOŞMAÇA SANAWY |
||||||||||||||||||||
1 |
………….. |
|
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
2 |
………….. |
|
|
|
|
|
|
|
|
|||||||||||
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
3-nji görnüş
Türkmenistan boýunça
HARYTLARYŇ (HYZMATLARYŇ) TOPLUMYNYŇ SANAWY
(DÖWLETE DEGIŞLI WE OŇA DAHYLSYZ SÖWDADA NYRHLARYŇ BELLIGE ALNYŞY)
20......ÝYLYŇ ................................. AÝY ÜÇIN ORTAÇA NYRHY
manat
№ |
Ady |
Ölçeg birligi |
Aşga-bat ş. |
Welaýatlar: |
Türkme- nistan |
||||
Ahal |
Balkan |
Daşoguz |
Lebap |
Mary |
|||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
10 |
1 |
Sygyr eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
|
|
|
|
2 |
Towuk eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
|
|
|
|
3 |
Goýun eti, Türkmenistanda öndürilen |
kg |
|
|
|
|
|
|
|
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2025-nji ýylyň 20-nji martynda 1869 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.