Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 11.08.2026

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň teswiriniň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda

Official text as of 11.08.2026

Updated on the portal · 12.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

1 madda. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň teswiriniň täze redaksiýasyny tassyklamaly.

2 madda. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň «Türkmenistanyň» «Türkmenbaşy» ordenini döretmek hakynda» 1994 ýylyň 23 sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan teswiri güýjüni ýitirýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1998-nji ýylyň 17-nji iýuny

№ 292-1

«Türkmenistanyň «Türkmenbaşy»

ordeniniň teswiriniň täze

redaksiýasyny tassyklamak hakynda»

Türkmenistanyň Kanuny bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Türkmenbaşy» ordeni sekizburçly galkan görnüşinde bolup, umumy diametri 45 mm, onuň her burçunyň arasy aýlaw bilen birikdirilendir.

Ordeniň merkezinde ak reňkli emal bilen syrçalanan, diametri 20 mm bolan tegelegiň içinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çep tarapa bakyp duran altyndan güberçek görnüşili şekili ýerleşdirilen. Ordeniň merkezindäki tegelegiň daşyndan ini 3,5 mm ölçegdäki gyzyl reňkde syrçalanan tegelek halkanyň içinde onuň ýokary böleginde «TÜRKMENBAŞY» diýen ýazgy, aşaky böleginde 15 sany göwher daşjagazlary ýerleşdirilen. Daşky tegelekde ordeniň her burçuna sekiz sany bäş burçly ak reňk bilen syrçalanan zolak uzap gidýär we olaryň hersinde üç sany göwher daşy goýlan.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy, açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Türkmenbaşy» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.