Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 11.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran Permany bilen ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga girizilen moratorini ulanmagyň tertibi hakynda

Official text as of 11.08.2026

Updated on the portal · 12.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran Permany bilen ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga girizilen moratorini ulanmagyň tertibi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran Permany bilen ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga girizilen moratorini ulanmagyň tertibi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 1¸ 2- madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran Permanyna laýyklykda ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga moratoriniň girizilmegi bilen:

1. Türkmenistanyň sudlary 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap hökümleri çykaran mahaly jenaýat jeza çäresi hökmünde ölüm jezasyny bellemeli däl.

2. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 6-njy maddasyny goldanyp, ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga girizilen moratorini şu Kanun güýje girizilýänçä ölüm jezasyna höküm edilen adamlara degişli etmeli.

3. 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ölüm jezasyna iş kesilen adamlar aýratyn düzgünli koloniýalarda jezasyny çekýän adamlar üçin göz öňünde tutulan şertlerde saklamak üçin düzediş koloniýalaryna iberilýär.

4. Şu Kanun gol çekilen pursatdan başlap güýje girýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1999-njy ýylyň 6-njy ýanwary

№ 339 – 1

References