Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

G. Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

G. Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 2, 2139-njy madda)

Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünliklerde, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hem uly paýy bardyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň çagalar bölüminiň diş lukmany-terapewti Gurbannazar Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2022 ý. fewral aýynyň 11-si.

№ PP-927