Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ç.T.Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Ç.T.Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ç.T.Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 9, 2034-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-i.

№ PP-879