B. G. Mätiýewi Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
B. G. Mätiýewi Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 3, 1860-njy madda)
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, halkara abraýyny pugtalandyrmakda, aýratyn netijeli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýewi Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2021 ý., mart aýynyň 10-y.
№ PP-817