Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ý. A. Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ý. A. Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ý. A. Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 3, 1858-nji madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de halkara ýaryşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygyny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2021 ý., mart aýynyň 10-y.

№ PP-815