Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny wezipeden boşatmak barada

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny wezipeden boşatmak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny wezipeden boşatmak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 8, 5883-nji madda)

«Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 66 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Şulary:

Agaýusup Rahmanowiç Allakowy, öz islegi boýunça, Mary welaýatynyň Mary şäher sudunyň başlygy wezipesinden,

Maksatbaý Tuwakbaýewi, öz islegi boýunça, Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz şäher sudunyň sudýasy wezipesinden,

Süleýman Poladowiç Hallyýewi, öz islegi boýunça, Lebap welaýatynyň Çärjew şäher sudunyň sudýasy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 27-nji awgusty

№ PP-2361