Ýoldaş S.Rahmanowa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş S.Rahmanowa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 12, 577-nji madda)
Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde geçirilýän özgertmeleri ilerletmekde, döwletimiziň ulaglar ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri, «10 ýyl abadançylyk» Maksatnamamyzyň doly durmuşa geçirilmegine goşan şahsy gosandy üçin:
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministri ýoldaş Senaguly Rahmanowa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 7-nji dekabry
№ PP-2988