"Türkmendemirýollary" uprawleniýesiniň işgärlerini "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
"Türkmendemirýollary" uprawleniýesiniň işgärlerini "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 9, 460-njy madda)
Türkmenabat-Kerki aralygyndaky täze demir ýolunyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin şulary "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenabat stansiýasynyň gurluşyk-gurnaýyş otlusynyň buldozerçisi Seýilhan Astanowy;
Türkmenabat stansiýasynyň gurluşyk-gurnaýyş otlusynyň ekskowatorçysy Açyl Babalyýewi;
Gyzylarbat ýol-maşyn stansiýasynyň baş mehanigi Rejep Nurakowy;
Daşoguz ýol-maşyn stansiýasynyň ýol montýory Meretgeldi Orazdurdyýewi;
Mary ýol-maşyn stansiýasynyň ýol montýory Ýazmyrat Tahyrowy;
Türkmenabat stansiýasynyň lokomotiw deposynyň maşinisti Amandurdy Saryýewi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 27-nji sentýabry
№ PP-2962