Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 10, 530-njy madda)

Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli, göreldeli zähmeti bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň pajarlap ösmegine goşan mynasyp goşandyny nazara alyp, röwşen geljegimiziň ýol görkezijisi bolan Mukaddes Ruhnamanyň taglymatlaryndan ylham alyp, öz şahsy göreldesi, öwüt-ündewleri bilen ýaş nesli ata Watanymyza, mähriban, agzybir halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, karar edýärin:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinin ýanyndaky Taryh institutynyň direktory Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti Muhammet Aýdogdyýewe,

Aşgabat şäheriniň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Çary Annamuhammedowiç Hajyýewe,

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy Begenç Wepalyýewe,

Abadan şäheriniň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Suhan Akmyradowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy Hojagylyç Nazarowa,

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Çagalar we ýetginjekler öýüniň müdiri Şatlyk Halmyradowa,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň B. Öwezow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hally Nazarowa,

Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Berdimuhammet Amanowa,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Kömek Öwezowa,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Akmyrat Halowa,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri Hydyr Aşyrowa,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimliginiň bölüm müdiri Annageldi Ýazmyradowa,

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 24-nji oktýabry

№ PP-4393