Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan ätiýaçlyk düzüme boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan ätiýaçlyk düzüme
boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 9, 456-njy madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça gullugy geçýän, kanunda bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2005-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan ätiýaçlyk düzüme boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary, şeýle hem 17 ýaşy dolan raýatlary harby gullugy meýletin geçmek hakynda öz şahsy arzalary boýunça 2005-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2005-nji ýylyň 18-nji sentýabry
№ PP-4345