Türkmenistanyň ussat seýslerine "Türkmenistanyň at gazanan atşynasy" diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň ussat seýslerine "Türkmenistanyň at gazanan atşynasy" diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 4, 138-nji madda)
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen halkynyň genji-hazynasy bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmekde, olaryň gadymy ugurlaryny dikeltmekde, dünýä meşhurlygyny we şan-şöhratyny has-da belende götermekde, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmakda bitiren hyzmatlary, ýokary netijeli halal zähmeti we hünär ussatlygy üçin, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahalteke atçylyk toplumynyň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowa;
"Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň Aşgabatdaky merkezi aýlawynyň baş seýsi Amanguly Gazakowa;
"Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň S. A. Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk athanasynyň seýsi Suwhandurdy Amandurdyýewiç Guljanowa "Türkmenistanyň at gazanan atşynasy" diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2005-nji ýylyň 20-nji apreli
№ PP-4254