A. Ödäýewe ''Türkmenistanyň halk artisti'' diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
A. Ödäýewe ''Türkmenistanyň halk artisti''
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 2, 56-njy madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, teatr sahnasynda ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp etmekde görkezen ýokary ussatlygy üçin, artist Aman Ödäýewe "Türkmenistanyň halk artisti" diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2005-nji ýylyň 4-nji fewraly
№ PP-4212