Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Myratberdi Sopyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Myratberdi Sopyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Myratberdi Sopyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 12, 510-njy madda)

Baky bitarap Türkmenistan Watanymyzyň we onuň agzybir halkynyň bitiren aýratyn hyzmatlaryny, bereketli toprakdan ýokary hasyl almakda görkezen guramaçylyk ussatlygyny we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna uzak ýyllaryň dowamynda janaýamazakly çeken halal zähmetini hem-de gazanan ýokary üstünliklerini, ýaş neslimizi türkmen halkynyň gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlaryna eýermek, ata Watana wepalylyk, ene topraga söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren asylly işlerini nazara alyp, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň M. Sopyýew adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söygüsi üçin" ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 31-nji dekabry

№ PP-4190