Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipeden boşatmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipeden boşatmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipeden boşatmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 12, 508-nji madda)

"Türkmenistanda kazyýet gurluşy we kazylaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunynyň 66-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Ygtyýarlyklarynyň konstitusion möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly:

Ata Rahmanowy Ahal welaýatynyň Abadan şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden;

Durdymyrat Hojamyradowiç Gurbanowy Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 24-nji dekabry

№ PP-4187