Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 3, 90-njy madda)

Türkmenistanyň Konstitustýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2004-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmaly.

2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary, şeýle hem 17 ýaşa ýeten raýatlary harby gullugy meýletin geçmek hakynda öz şahsy arzalary boýunça 2004-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güyje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 16-njy marty

№ PP-4033