Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

B.A.Babanyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

B.A.Babanyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIPENTINIŇ

P E R M A N Y

B.A.Babanyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 1, 6-njy madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, ýaş nesillerde halkymyzyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatyna söýgini terbiýelemekde, milli sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Berdinyýaz Atabaýewiç Babanyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 23-nji ýanwary

№ PP-4011