A.Jumabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
A.Jumabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana
bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 12, 493-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen doganlyk Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Jumabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beyik söýgüsi üçin» diyen ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 26-njy dekabry
№ PP-4003