Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

O.Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

O.Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

O.Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 11, 438-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, eziz diýarymyzyň demir ýol ulgamynyň pajarlap ösmegine we kämilieşmegine goşan şahsy goşandy, türkmen halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, çekýän halal zähmeti üçin Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Orazberdi Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 10-njy noýabry

№ PP-3957