E.Hezretgulyýewa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
E.Hezretgulyýewa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 11, 436-njy madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, eziz diýarymyzyň demir ýol ulgamynda halk hojalygy ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün etmekde görkezýän şahsy göreldesi, türkmen halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, çekýän halal we tejribeli zähmeti üçin Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Gypjak stansiýasynyň hünärmeni Ereşgül Hezretgulyýewa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 10-njy noýabry
№ PP-3955