Çetin Ýalçyny «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çetin Ýalçyny «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 8, 305-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, eziz diýarymyzyň ykdysadyýetini we türkmen binagärçilik sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini, türkmen-türk doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, Türkiýe Respublikasynyň «Assist Inşaat we Taahhüt A.Ş.» firmasynyň ýolbaşçysy Çetin Ýalçyny «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 12-nji awgusty
№ PP-3894