Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen

hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 8, 304-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we agzybir türkmen halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ata Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, ýurdumyzyň gulläp ösmeginiň hatyrasyna köp ýyllap çeken halal zähmetlerini, gazanan ajaýyp üstünliklerini, Altyn asyrymyzyň ýaş nesillerini mukaddes Ruhnamamyzyň mysalynda Watana, halkymyza beýik söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren asylly işlerini nazara alyp, karar edýärin:

Ahal welaýatynyň baş ymamy Gurbanmyrat Aýmedowa,

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň Änew nebitgazgözleg ekspedisiýasynyň başlygy Ilmyrat Muhammetmyradowa,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgaz» ylmy institutynyň direktory Mars Aşyrmämmedowa,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdagnebit» nebit we gaz çykaryjy dolandyryş edarasynyň nebit we gaz çykaryjy operatory Annamuhammet Çarlyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky Aşyk Aýdyň metjidiniň ymamy Muhammet Durdyýewe,

Daşoguz şäheriniň hormatly dynç alyşdaky ýasaýjysy Kaka Ýoldaşowa,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň ymamy Röwşen Ödäýewe,

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň başlygy Tagaýmyrat Mämmedowa,

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy Amandurdy Babaýewe,

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy Gandym Myradowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýys we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory Gulmyrat Nummaýewe,

Aşgabat säheriniň Prezident S.A.Nyýazow adyndaky etrap ýaşulular geňeşiniň başlygy Begençmyrat Muhammedowa,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary Onjyk Musaýewe,

Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýeti birleşiginiň müdiriýetiniň Başlygy Gurbangeldi Melekeýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 12-nji awgusty

№ PP-3893