S. K. Abduline «Türmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
S. K. Abduline «Türmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 10, 514-nji madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, beýik garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gazanan ajaýyp üstünliklerini, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny, ýaş nesli ata-babalarymyzyň genji-hazynasy bolan aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde bitiren uly işlerini göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk» tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Salawat Kamalowiç Abduline «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 27-nji oktýabry
№ PP-3732