Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Baky bitarap Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Baky bitarap Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky bitarap Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 389-njy madda)

Baky bitarap Türkmenistanyň onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, bereketli toprakdan ýokary galla hasylyny almakda görkezen guramaçylyk ussatlyklaryny we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna janaýamazakly çeken halal zähmetlerini hem-de ýokary üstünliklerini ýaş neslimizi ene topraga söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren asylly işlerini nazara alyp, şulary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

«Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen:

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň «Daýhan» birleşiginiň başlygy Tagaýmyrat Wepaýewiç Mämmedowy;

«Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň häkimi Muhammetnazar Seýitnazarowiç Gurbanowy¸

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkimi Bazargeldi Çaryýewi;

«Galkynyş» ordeni bilen:

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Hezretguly Baltaýewiç Myradowy¸

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi Kemal Permanowiç Hemragulyýewi¸

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň başlygy Şaýym Kadyrowy.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 9-njy awgusty

№ PP-3689