Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

O. Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

O. Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

O. Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 386-njy madda)

Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we türkmen halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatyny, ýurdumyzyň medeniýetini hem-de sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny, ýaş nesle ata-babalarymyzdan miras galan jadylaýjy aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde çeken halal zähmetini, şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan Diýarym» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň Medeniýet öýüniň direktory Ogulsoltan Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 2-nji awgusty

№ PP-3686