Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

J. Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

J. Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

J. Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 384-madda)

Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we türkmen halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatyny, ýurdumyzyň medeniýetini hem-de sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny, ýaş nesle ata-babalarymyzdan miras galan jadylaýjy aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde çeken halal zähmetini, şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan Diýarym» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çagalar sazçylyk mekdebiniň mugallymy Jumamyrat Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 2-nji awgusty

№ PP-3684