B. Nökerowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
B. Nökerowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 383-nji madda)
Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we türkmen halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatyny, ýurdumyzyň medeniýetini hem-de sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny, ýaş nesle ata-babalarymyzdan miras galan jadylaýjy aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde çeken halal zähmetini, şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan Diýarym» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky Gazojagyň Medeniýet köşgüniň direktory Bäşimnazar Nökerowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 2-nji awgusty
№ PP-3683