B.Seýdyllaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
B.Seýdyllaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 12, 567-madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, türkmen halkynyň genji-hazynasy bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini, köpýyllyk çeken halal zähmetini, Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 10 ýyllyk toýuny dabaraly geçirmekde görkezen gaýratly zähmetini nazara alyp, Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň režissýory Baýram Seýdyllaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 11-nji dekabry
№ PP-3526