Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini «Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hukuk goraýjy we
harby edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini «Edermenlik»
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 11, 503-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary, hukuk goraýjy edaralarda çeken köpýyllyk halal zähmeti, mertligi we edermenligi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 10 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri taýýarlamaga we jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmäge işeňňir gatnaşandyklary üçin, Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň şu işgärlerini «Edermenlik» medaly bilen sylaglamaly:
Aşgabat şäher Polisiýa departamentiniň başlygy, polisiýanyň polkownigi Aşyr Ataýewiç Ataýewi;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ykdysady jenaýatçylyga garşy göreş müdirliginiň bölüm başlygy, polisiýanyň maýory Myrat Aşyrbaýewi;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş müdirliginiň uly inspektory, polisiýanyň maýory Batyr Ýalkabowy;
Aşgabat şäher Polisiýa departamentiniň ilaty pasportlandyryş we hasaba alyş bölüminiň başlygy, polisiýanyň maýory Meret Öwezowiç Meredowy;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirliginiň inspektory, polisiýanyň kapitany Meretmuhammet Baýlyýewiç Ataýewi;
Aşgabat şäher Polisiýa departamentiniň Köpetdag etrap bölüminiň ülüş inspektory, polisiýanyň uly leýtenanty Didarguly Meretgulyýewiç Ataýewi;
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň sud kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň prokurory Begençmyrat Baýryýewiç Jumagylyjowy;
Mary welaýatynyň Oguzhan etrap prokurorynyň kömekçisi Annaberdi Ýalkabowiç Pudakowy;
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrap prokurorynyň kömekçisi Serdar Orazbaýewiç Artykowy;
Lebap welaýatynyň Darganata etrap prokurorynyň kömekçisi Oraz Rozyýewi;
Balkan welaýat prokuraturasynyň kanunlaryň ýerine ýetirilişine we hukuk namalarynyň kanunylygyna gözegçilik etmek bölüminiň prokurory Araztagan Meredowiç Derýaýewi;
Aşgabat garnizonynyň harby komendaturasynyň başlygynyň orunbasary, maýor Möwlamguly Hezretowy;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş emirgähiniň uly ofiseri, maýor Nurnyýaz Safarowiç Hojaýewi;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş emirgähiniň uly ofiseri, maýor Akmyrat Annaýewiç Berdiýewi;
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Medisina müdirliginiň uly ofiseri, medisina gullugynyň maýory Myratgeldi Muhyýewiç Muhyýewi;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň işgäri, podpolkownik Geldimyrat Aganyýazowiç Gullyýewi;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň Köpetdag etrap bölüminiň işgäri, podpolkownik Çaryýarguly Gurbangulyýewi;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň Azatlyk etrap bölüminiň işgäri, maýor Muhammet Hallyýewiç Orazowy;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň işgäri, maýor Öwez Muhammettagyýewiç Rejebowy;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň merkezi edarasynyň işgäri, kapitan Orazgeldi Amanmyradowy;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň merkezi edarasynyň işgäri, kapitan Annamämmet Annameredowiç Durdymämmedowy;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň merkezi edarasynyň işgäri, kapitan Baýramgeldi Gurbanmyradowiç Amanowy.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 5-nji noýabry
№ PP-3488